13:46 Türkmen çagalar edebiýatynyň öwrenilişi | |
TÜRKMEN ÇAGALAR EDEBIÝATYNYŇ ÖWRENILIŞI
Edebiýaty öwreniş
Edebiýaty öwreniş ylmy çagalar edebiýatynyň dörän döwründen başlap, onuň bilen çynlakaý gyzyklanyp ugrady. Bu ugurda ýerine ýetirilen ylmy işlerde türkmen çagalar edebiýatynyň döreýiş hem ösüş döwürleriniň bütin dowamynda ýüze çykan meseleler, ösüş aýratynlyklary, öz döredijiligini çagalar edebiýatyna bagyşlan ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çagalar edebiýatyny öwrenmeklik işine entek düýpli bolmasa-da 30 njy ýyllaryň ikinji ýarymynda girişildi. R.Alyýew bilen A.Ahundow-Gürgenliniň «Türkmen folklory we onuň hilleri», A.Kekilowyň «Folklor we ýazyjylar» atly halk döredijiliginden peýdalanyp, çagalar üçin eser ýazmagyň zerurlygy dogrusynda mesele gozgaýan makalalaryny edebiýaty öwreniş ylmynda we edebi çeper tankytda bu ugurda ilkinji synanyşyklar hasaplamak bolar. Uruşdan soňky ýyllarda R.Alyýew «Çagalar edebiýatynyň käbir meseleleri hakynda», N.Esenmyradow «Çagalara gerekli kitap», Ö.Abdyllaýew «Çagalaryň real obrazlaryny döretmäge köp üns bermeli», K.Jumaýew «Ýaş okyjylar gowy-gowy eserlere garaşýarlar» makalalaryny döredip, edebiýatyň wajyplygy hakynda düýpli meselelere ýüzlendiler. B.Şamyradowyň «Talap edijilik güýçli bolmalydyr», J.Orazowyň «Altyn hazyna», R.Durdyýewiň «Soňky ýyllaryň käbir powestleri» atly makalalary ýaş döredijiler üçin öwredijilik ähmiýetli bo¬lupdy. Çagalar edebiýatynyň meselelerini derňeýän ylmy häsiýetli işleriň aglabasy çagalar barada çeper eserleri döredýän ýazyjy şahyrlara degişlidi. B.Kerbabaýew, R.Alyýew, A.Ahundow–Gürgenli dagylar çagalar edebiýatynyň ilkinji ýyllarynda eýýäm bu işe höwesli girişipdiler. Baryp 40-njy ýyllarda ýazyjy-şahyrlar B.Kerbabaýewiň «Türkmen sowet edebiýatynyň zerur wezipeleri», A.Aborskiniň «Çagalar üçin täze kitaplar», R.Alyýewiň «Çagalar edebiýatynyň käbir meseleleri hakynda», «Türkmen çagalar edebiýatynyň käbir ösüş aýratynlyklary barada», K.Berdiýewiň «Çagalar edebiýatyny hemme çäreler arkaly ösdüreliň», G.Gurbansähedowyň «Çagalar üçin gowy kitaplar döretmeli» atly giňişleýin makalalarynda çagalar edebiýatynyň şol döwürdäki ýagdaýy, üstünlikleri, kemçilikleri barada pikir ýöredildi. Entek çagalar edebiýatynda çeperçilik gözleglerini, onuň ösüşinde çykýan ýörelgeleri, çagalar ýazyjylarynyň döredijilik özboluşlylygyny aýdyňlaşdyrýan, ösüş ädimlerini yzarlaýan düýpli işler kemterlik edýärdi. Her niçigem bolsa çagalar edebiýaty bilen has içgin meşgullanyp başlan edebiýatçylar ýüze çykyp ugrapdy. Dürli ýyllarda çagalar edebiýatynyň dürli-dürli döwürlerini öziçine alýan, olar barada pikir ýöredýän, bu edebiýaty özboluşly derňemäge çalyşýan makalalaryň ençemesi döredildi. A.Hojagulyýewiň belli çagalar ýazyjysy H.Ysmaýylowyň döredijiligini öz içine alýan monografiýasy, A.Kekilowyň, Ö.Abdyllaýewiň, A.Myradowyň, J.Allakowyň, G.Gurbansähedowyň, K.Jumaýewiň, N.Hojageldiýewiň, K.Berdiýewiň, R.Durdyýewiň, K.Ataýewiň, D.Berdiýewiň, S.Gurbanowyň, A.Bekmyradowyň, N.Baýramowyň edebi makalalary çagalar edebiýatyna umumylykda baha bermeklige bagyşlandy. Çagalar edebiýaty bilen has içgin gyzyklanan S.Gurbanow çagalar şygryýetindäki özgerişleri, kyssa gahrymanlarynyň häsiýetleriniň açylyşyndaky, çeper keşpleriniň işlenişindäki ýetmişinji ýyllaryň edebiýatyna mahsus bolan alamatlary, gözlegleri yzarlaýan makalalaryň birnäçesini döredip, bu möhüm meselä mynasyp goşandyny goşdy. Onuň «Çagalar poeziýasymy? Bir zat ýetenok», «Gar hem gar welin…» (1975), «Zamanamyzyň gahrymanlary» (1976), «Pelle hakyndaky oýlanmalar» (1977), «Täze tolkunlar» (1977), «Uzak ýyllaryň gözbaşynda» (1978), «Ýuwaş akym» (1979), «Çagalar edebiýatynyň uly ýoly» (1979), «Çagalar poeziýasy täsin bolmalydyr» (1980) makalalary awtoryň çagalar edebiýatynyň özboluşly aýratynlygyna gowy düşünýänligini, bu ugurdan jaýdar pikirleri orta atýanlygyny subut etdi. Aýratyn-da S.Gurbanowyň çagalar edebiýatyna uly güýç bolup goşulan ýaşlaryň döredijilik gözleglerini yzarlamaga yhlasly ýapyşdy. Bu bolsa ýaşlary dogry ýola gönükdirmekde-de zerurdy. Çagalar edebiýatynyň tankydy bilen ýörite gyzyklanýan şahyrlaryň orta çykmagy bolsa şu edebiýatyň örüsiniň her taraplaýyn giňelip barýandygynyň alamatydy. Şol ýyllarda doganlyk halklaryň ýazyjylary we edebiýatçy alymlary türkmen çagalar edebiýatynyň ösüş menzilleri bilen ýakyndan gyzyklanyp, birnäçe çäreleri durmuşa geçirdiler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çäklerinden daşda-da türkmen çagalar edebiýaty, türkmen çagalar ýazyjylarynyň döredijiligi baradaky makalalaryň ençemesi neşir edildi. Türkmen çagalar edebiýaty hakynda dürli-dürli hem täsirli pikir ýöredilýän bu makalalaryň umuman tutuşlaýyn bolmasa-da türkmen çagalar edebiýatynyň şu günki ýagdaýy bilen okyjylary bilen tanyşdyrmakda ähmiýeti uludyr. Makalalarda çagalar edebiýatynyň ideýa-mazmuny, tematik ugry, çeperçilik gözelligi hakynda pikir ýöredilipdir. Ýetmişinji ýyllarda türkmen çagalar edebiýatynyň meselelerini, problemalaryny düýpli derňeýän edebi makalalaryň hem birnäçesi döredildi. Saparmyrat Gurbanowyň «Çagalar edebiýatynyň meseleleri», «Çagalar edebiýatynyň uly ýoly», Baýram Sähedowyň «B.Kerbabaýew we halk döredijiligi», «B.Kerbabaýewiň çagalar poeziýasy barada» atly makalalarynda çagalar edebiýatynyň ýeten derejesi, gazanan sepgitleri, çagalar üçin eser döredýän ýazyjy şahyrlarymyzyň döredijilik ussatlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Umuman alnanda, edebiýaty öwreniş ylmy türkmen çagalar edebiýatyny ylmy taýdan öwrenmek, oňa dogry ýollary salgy bermek babatda önjeýli işleri ýerine ýetirdi. Bu günki gün – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda çagalar edebiýatynyň öňünde durýan meseleleri ylmy taýdan aýdyňlaşdyrmak, ýetilen sepgitleri derňemek we umumylaşdyrmak döwrümiziň möhüm meseleleriniň biridir. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 169-172 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||