14:53 Nury Baýramow | |
NURY BAÝRAMOW (1933-1993)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Nury Baýramow 1933-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri obasynda dogulýar. Ilkinji bilimi obada alýar. Şahyr Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Talyp döwürleri goşgulary bilen metbugatda çykyş edýär. Döredijilik bilen doly meşgullanyp, 60-njy ýyllaryň başlarynda özüni şahyr hökmünde tanadýar. Şahyryň «Bagt hakynda rowaýat» atly çagalar üçin döreden ilkinji kitaby 1958-nji ýylda çap edilýär. Soňky ýyllarda «Dänejigiň aýdymy» (1963), «Meret bilen Gün» (1972), «Çeşme» (1979), «Küýzejik» (1980) ýaly goşgular ýygyndylary, «Döwli guýy» (1964), «Gatlada saklanan zäher» (1970), «Sähra güli» (1977), «Ömrüň manysy» (1977) ýaly powestleri türkmen çagalar we ýaşlar edebiýatynyň ösmegine uly goşant boldy. Şahyryň dürli dillerde çap edi-len kitaplarynyň sany elliden geçdi. N.Baýramowyň döreden «Mekdebim» atly goşgusy aýdyma öwrülip, okuwçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Eý, mekdebim, jana-jan, Saňa bolan söýgim kän. Sen misli enem deýin, Bakdyň maňa mähriban... Şahyryň döredijiliginde çöl tebigaty şahyrana çeperçilik bi¬len täsin teswirlenipdir. Awtor çölüň peýzažyny döredende şeýle bir gapma garşylykdan ugur alypdyr – Garagum çölüniň klimat aýratynlygy hem ä juda ýowuz hemem has näzikligi bilen tapawutlanýar. Bu häsiýeti şahyr «Garagumda on iki aý» goşgular toplumynda ýo¬kary derejede teswirläpdir. Garagumuň jöwzasy çölüň ösümlikleri üçin howply. Çyrpynýar dört ýana epgek, Gözleýän dek bir pudagy. Onuň işi howur dökmek, Epgek bar gök zada ýagy. Şu ýerde şahyr onuň garşysyna näzik bägülleri, gülälekleri goýýar. Diýmek, epgegiň döwri gutarýar. Ol indi gözelligiň öňünde güýçsüz. Garagumyň gözelliginden şahyr hiç wagt ganyp bilenok. Ol sährany mertleriň mekany hasaplaýar. Şahyryň çagalar şygryýeti tema taýdan baý. Şol goşgularda körpelere türkmen sährasynyň, Garagumuň tebigatynyň gyşy, ýazy, tomsy, güýzi, bag-bakjasy, ir-iýmişi hakynda iňňän gyzykly söhbet açylýar. Türkmen tebigatynyň täsinlikleri, türkmen topragynyň özboluşly keşbi bütin durky bilen göz öňüňe gelýär. Ýeller meni äkitsin, Tozap ýatan ýerlere, Ol ýerleri meň özüm Bezeýän päk güllere. (Baýramow N. Çeşme. Aşgabat, 1979, 33-nji sah.). N.Baýramowyň «Çeşme» atly ýygyndysyna «Çöl uklanda», «Garagumda ýaň», «Çöldäki ýagyş», «Çopan ody», «Guýy», «Ka¬nal», türkmen sährasynyň waspyny edýän «Säher gezelenji», «Säh¬rany küýsäp», «Sährada gün ýaşýarmy?», çagalara pasyllaryň alamat¬laryny öwredýän «Gyşyň gelşi», «Baharyň alamatlary», «Älemgoşar», «Tomus», «Güýz», bag-bakja hakynda düşünje berýän «Täsin iýmiş», «Günebakar», «Ýagyşdan soň», «Çynar», türkmen topragyny jana getirýän güneş hakynda «Güneşde», «Torgaýlaryň owazy», başga-da «Watan», «Iň ajap ýer» ýaly şygyrlary girizilipdir. Türkmen topragy¬na, Garagumuň her pasylda dürli reňk alýan görnüşine aşyk bolan şahyr setirlerini şol topraga bolan söýgi bilen ýugrup, ol eserler arkaly çagalaryň watançylyk duýgularyny ösdürýär. Şahyryň «Dänejigiň aýdymy» atly çaklaňja ýygyndysy onuň çagalaryň söýgüli aýdymlaryna öwrülip giden «Mekdebim» goşgusyndan başga-da «Gök gowaçam», «Raketa», «Dänejigiň aýdymy», «Çeşmejik» ýaly dürli temadan ýazan goşgularyny öz içine alýar. N.Baýramowyň «Meret bilen Gün» poemasynda parahatçylyk hem uruş temasy aýdyň beýanyny tapypdyr. Şahyryň «Ýagyş» goşgusyndaky, çölde ygalyň peýda bolmagy bilen baglanyşykly janlandyrmasynda-da özboluşlylyk duýulýar. Düýäniň çelek, tilkidir möjegiň golçalaryny göterişip suwa tarap haýdaşyp baryşlarynda-da tebigylyk, sadalyk, çaga dünýäsine ýakynlyk bar. Çöli gülzarlyga öwren Garagum derýasynyň neneňsi gymmatynyň bardygyna şu günki çaga düşündirmek üçin şahyr gyzykly, täsirli mysallary, detallary saýlapdyr. N. Baýramow çagalar hem ýetginjekler prozasynda-da öz güýjüni synap gördi. Onuň «Döwli guýy», «Gatlada saklanan zäher» powest¬lerinde çagalaryň köpçülikleýin çeper keşpleri orta çykarylýar. Iki bölümden ybarat «Döwli guýy» powestinde gahrymanlaryň çagalykdan ýetginjeklige çenli ösüp geçen aralykdaky ýoly yzar¬lanýar. Kitapdan kitaba wakalar bilen deňlikde ösýän gahrymanlary diňe bir ýaş taýdan däl, akyl taýdan-da kämilleşýärler. Meselem, birinji kitapdaky gahrymanlaryň bilesigeljiligi, soňky kitapda akyl taýdan kämilleşen çagalaryň zähmete garaýyşlary-da çuňlaşýar. Çölde gaz baýlygynyň urgusyna sebäp bolan çopanlar hakynda ýaýran myş myşlar (Döw, jyn, arwah bilen baglanyşykly) çagalary oýlandyrýar. Şol oýlar çaga bilesigeljiligini, hyjuwy, çaga irmezekligi, höwesjeňligi, tutanýerliligi «agzyndan ot çykýan döwli guýynyň» syrlaryny anyklamaklyga sebäp bolýar. Powestiň gahrymanlary Pälwan, Kakageldi, Tawus, Rahman dagylar arzuwa, hyýala baý, ruhubelent, maksada okgunly gahrymanlar. Olar özbaşdak oýlanyp, her bir işden baş alyp çykmaga ukyply, özdiýenli gahrymanlar hökmünde göz öňüňe gelýär. Powestde gahrymanlaryň häsiýeti, köplenç, olaryň içki duýgu¬lary bilen baglanyşyklylykda açylyp görkezilýär. Zähmetsöýer, tu¬tanýerli bu gahrymanlaryň her tarapdan körpelere täsiri güýçlüdir. «Döwli guýynyň» ilkinji sahypasyndan gyzykly, özüne çekiji çaga romantikasy başlanýar. Hiç bir kynçylykdan heder etmän, Döwli guýynyň syryny açmaga giden topar çagalaryň ýa-da tebigat gözelligini, tebigat dünýäsini goramagy ýüregine düwen bir maksatly çagalaryň keşbi biziň çagalar edebiýatymyzda täzelik boldy. Ýazyjy çaga durmuşyny, arzuw-hyýallaryny, aladalaryny köpçülik bilen bagly suratlandyrmagyň, köpçülikleýin çeper keşbi deň derejede ösdürmegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Tawus asylly, edepli-ekramly, zähmetsöýer, akylly, mylaýym, ýüregi arassa, bir sözli gyz. Kakageldi öz dostlarynyň ýanynda sylaşykly, sypaýy, öz sözüniň eýesi bolup bilen ýetginjek. Kynçylykly pursatlarda ol dostlaryny ýeke goýmaýar. Pälwan çöldäki näsaglaryň ýanyna gidende hem onuň ýanynda bile gidýär. Pälwan hakykatçy, dogruçyl, ýamany ýazgarýan oglan bolup, ol Küle bilen hiç oňuşmaýar. Pälwan Küläniň ýanynda birnäçe kynçylyklara sezewar bolýar. Emma Pälwan çydamlylyk, geçirimlilik häsiýetleri bilen bu kynçylyklardan özüni alyp çykýar. Oba adamlaryň ulusy-kiçisi Pälwany gowy görýärler, oňa hormat goýýarlar. Pälwan adamlara, döwlete, jemgyýete peýdaly adam bolmagy öz öňünde maksat edip goýupdyr. Bu eserde hereket edýän gahrymanlar esasanam tebigaty, il halky, jemgyýeti söýýänligi bilen tapawutlanýar. Powest, elbetde, kemçiliklerdenem halas däl. Ilkinji kemçili¬gi hökmünde eserde milliligiň pesligini, ýazyjynyň eserini rus edebiýatynda taýýar edilen ülňi esasynda döredendigini bellemek bolar. Göze görnüp ugran türkmen gyzynyň – Tawusyň klasdaş ýoldaşlary bilen öýünden birnäçe günlük uzaklaşyp, çöle gitmegi, haýsydyr bir başga täsiriň netijesi ýaly bolup dur. Megerem bu ugurda N.Baýramow rus ýazyjysy A.Gaýdaryň täsirine düşendir. Ýene bir bellemeli zat: ol hem položitel-otrisatel gahryman meselesine ýazyjynyň köneçe çemeleşmesidir. Bu babatda ýazyjy sadaja pikir ýöredip, gahrymanlarynyň ählisini diýen ýaly birtaraplaýyn sypatlandyrýar. Mysal üçin, Külede ýekeje gowy häsiýet ýok. Ýazyjy oňa pikirlenmek, düzelmek üçin ýekeje-de çykalga goýmandyr. N.Baýramowyň döredijiligi özüniň köptaraplaýynlygy, dörediji¬lik tapyndylaryna baýlygy taýyndan türkmen edebiýatynda möhüm orny eýeleýär. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 96-100 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |