14:41 Beki Seýtäkow | |
BEKI SEÝTÄKOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1914-1979) Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Beki Seýtäkow 1914-nji ýylda häzirki Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda garyp daýhan maşgalasynda ene¬den bolýar. Ýazyjynyň çagalyk döwri agyr ýagdaýlarda geçýär. Ol başlangyç bilimi internatda alyp, soňra 1931-nji ýylda Daşoguzyň mugallymçylyk mekdebini gutarýar. Bekiniň çeper söze aşyk bolmagy, halk dürdänelerinden iň gowy nusgalary içgin öwrenmegi hem döredijilikde ilkinji ädimle¬ri ädip başlamagy onuň şol ýyllardan başlap, gazetler bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagyna täsir edýär. Bu bolsa B.Seýtäkowy metbu¬gat işi bilen has-da ysnyşdyrýar we soňra ol döredijilik işine ymykly üns berip başlaýar. 1937-nji ýylda Aşgabada gelen Beki Seýtäkow ilki «Ýaş kom¬munist» gazetinde bölüm müdiri, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Ga¬ragum») žurnalynyň jogapkär kätibi, redaktory, soňra bolsa «Mydam taýýar», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaktory bolup işleýär. B.Seýtäkow 1963–1965-nji ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy ýaly abraýly hem juda jogapkärli wezipede zäh¬met çekýär. Birnäçe ýylyň dowamynda «Sowet edebiýaty» žurnalyna redaktorlyk edýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy bolýar. B.Seýtäkow 1979-njy ýylyň martynda Moskwada aradan çykdy. B.Seýtäkow döredijilik işine 1929-njy ýylda başlaýar. Emma ýazyjynyň bu şygyrlary hakyky edebiýatçynyň eserleri däl-de, ilkinji synanyşyklardy. B.Seýtäkow ýüzlerçe goşgulary hem-de «Mugallyma», «Ot içinde», «Ýesir», «Horezmin», «Ýagtylyga», «Gahryman» ýaly poemalary, «Çuwal bagşy», «Gara ýylan», «Şahyr», «Ilkinji gün» ýaly onlarça hekaýalary we taryhy temada ýazylan powestleri döredýär. Ýazyjy Beýik Watançylyk urşundan öňki ýyllarda käbir oçerkleri, çaklaňja hekaýalary ýazyp, 1939-njy ýylda onuň kyssa eserleriniň ilkinji ýygyndysy çap edilýär. Bu döwürde özüni şahyr hökmünde tanadýar. Uruş ýyllaryna çenli B.Seýtäkowyň «Ot içinde» (1940), «Aýazhan» (1940) ýaly poemalary, «Ýaşlyk» (1938), «Biziň döwrümiz» (1941) ýaly goşgular ýygyndylary neşir edilýär. Ýazyjynyň irki ýyllarda döreden şygyrlarynyň köpüsinde şol döwür üçin ähmiýetli meseleler orta atylýar. Olarda kolhoz obasynyň keşbi, türkmen daýhanlarynyň ruhy dünýäsinde ýüze çykýan ahwalat¬lar, ýer-suw özgertmeleri we kolhoz gurluşygy döwründe ýüze çykan ýagdaýlar teswirlenýär. Ýazyjy şol eserlerinde ýaş nesli bilim, mede¬niýet ugrundaky göreşe çagyrýardy. Şahyryň şol ýyllardaky goşgulary, esasan, wagyz-nesihat äheňli goşgulardy. Şahyr edebi döredijilik göz¬leglerine gümra bolup, agtarýardy, gözleýärdi, tapýardy. Beki Seýtäkow ilkinji döreden eserlerini çagalaryň durmuşyna bagyşlaýar. Onuň çagalara niýetlenip, 1937-1938-nji ýyllarda döredi¬len «Ot içinde» diýen poemasy aýratyn kitap bolup, 1940-njy ýylda neşir edilýär. Şahyryň ilkinji bütewi eseri hasaplanýan, çeperçilik taýdan kämil çykmadyk «Ot içinde» poemasy öz döwründe çagalaryň elden ele geçirip okan kitaplarynyň biri boldy. Beki Seýtäkow çagalar üçin bütewi kyssa eserlerini-de döretdi. 1947-nji ýylda ýazan «Ogul sowgady» eseri çagalar üçin yglan edilen iň gowy çeper eserleriň bäsleşiginde üçünji baýraga mynasyp boldy. Bu powestde hünär saýlamak hakyndaky pikir öňe sürülýär. Beki Seýtäkowyň ýetginjeklere niýetlenen iň gowy eserleriniň biri-de 1947-nji ýylda döreden «Başa-baş söweş» hekaýasydyr. Hekaýada köpçülik emlägini öz janyňdan-da ileri tutmak, şonuň ugrunda her hili kynçylyklara döz gelmek ideýasy öňe sürülýär. Şeýlelikde, çagalar üçin eser döretmekde ýazyjy «Ot içinde» ýaly çeperçilik taýdan onçakly şowly bolmadyk poemadan başlap, «Aýazhan» ýaly kämil ertekisini, «Başa-baş söweş» ýaly hekaýasyny ýazyp, çagalar edebiýatynda oňat yz galdyrdy. Şahyryň 1940-njy ýylda ýazan «Aýazhan» ertekisi halk döredijiliginiň däpleri bilen doly baglanyşykly ýazylan eser. Ertekide ýagşylyk-ýamanlykdan, danalyk-akylsyzlykdan üstün çykýar. Eseriň manysy, ýordumynyň gidişi çeper keşpler arkaly açylýar. Ertekiniň manysy uzak Bedirkent obasyndan gelen myhmanyň gürrüňleriniň esasynda ýordumyň ýaýbaňlanmagy, çeper keşbiň aýdyňlaşmagy bilen barha aýdyň ýüze çykyp ugraýar. Ertekiniň baş gahrymany Aýazhan garyp, ýöne welin oňa uçursyz pähim-paýhas hem danalyk berlipdir. Ol özi ýaly garyp-gasarlara, goňşy-golamlara elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Aýazhanyň ýaşan ýurdunyň hökümdary gazaply hem gysganç bolupdyr. Şanyň diňe özüniň keýpi sapasy hem-de baý bolmagy üçin garyplaryň göz dikip oturan iň soňky zadyna çenli alşy Aýazhany gahar-gazaba atlandyrýar. Körlük belasyndan ejir çekýän Aýazhan eger gözüm açylaýsa, şanyň sütem-lerinden halky azat etmegi başararyn diýen pikirde. Aýazhan halky şanyň süteminden dyndyrar diýen ynam bilen hem gedaý garry onuň gözüniň açylmagyna kömek edýär. Aýazhan şany jedelde ýeňip, halkyň kömegi bilen tagta çykýar. Şeýdip ertekide hakykat dabaralanýar. Halky baýap, oň şöhraty artypdyr, Aýazhan ilini bagta eltipdir. Bir minar saldyryp köşgüň ýanynda, Edil maňlaýynda gözüň öňünde, Köne çarygyny asyp goýupdyr, Özi bolsa zerden lybas geýipdir. Aýazhan çarygyny «Nanbaýyň ogly ýaly azmaýyn» diýip asyp goýýar. Şondan bäri halk arasynda şeýle nakyl ýaşap gelýär. Erteki türkmen dilinde üç gezek (1940–1950–1958), rus dilinde hem iki gezek (1956–1963) gaýtalanyp, neşir edildi. Ýazyjynyň öz eserlerinde öňe sürýän, hut şol döwrüň ruhuna bap gelýän pikirlerini açyk, gönümel dil bilen beýan etmegi şol eserleriň manysyny has aýdyň açyp görkezýärdi. Ýazyjynyň liriki gahrymany täzeçilligiň wepaly tarapdary bolup orta çykýar. B.Seýtäkow Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasydyr. Häzirki wagtda Daşoguzyň Mugallymçylyk mekdebi ýazyjynyň adyny göterýär. Ýazyjynyn edebi mirasyna üns bersek, awtoryň üç temany ürç edip öwrenendigini anyk aýtmak bolar. Olar taryhy-rewolýusion tema, obanyň keşbi, şu günüň ýaşlarynyň durmuşy baradaky tema¬lardyr. B.Seýtäkow taryhy temada «Doganlar» trilogiýasyny, «Be¬dirkent» romanyny we beýleki eserlerini döretdi. B.Seýtäkow ýaşlaryň uly halypasydy. Ol ýaşlary hakyky çeperçilik ugra gönükdirmäge, olara goldaw-hemaýat etmäge mydama üns berip gelipdi. Ýazyjy türkmen halkynyň we onuň edebiýatynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary bilen meşhurlyk gazandy. Ýazyjynyň yhlasly zähmeti, ajaýyp edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy dünýäsi¬ni bezeýän, ony hertaraplaýyn açyp görkezýän uly edebi belentlikdir. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 67-70 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |