14:07 Azat Rahmanow | |
AZAT RAHMANOW (1946)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Azat Rahmanow türkmen çagalar şygryýetinde özüniň özboluşly edebi dünýäsi bilen tapawutlanýan şahyrlaryň biridir. Ol 1946-njy ýylyň 17-nji aprelinde Abadan şäherinde dogulýar. Orta mekdebi gu¬tarandan soň şahyr Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwer¬sitetini tamamlaýar. Şahyryň «Kemal bilen Güljan» atly ilkinji goşgular ýygyndysy türkmen çagalar edebiýatyna täze bir zehiniň gelendigini buşlady. Şondan soňky döwürde şahyryň «Akpamygyň kökesi», «Doktor gün», «Mekir tozga», «Saýawanly bag», «Atamyň medaly», «Şadyýan söz¬lem», «Ýetginjeklik haçan başlanýar?» ýaly kitaplary öz muşdaklaryny tapdy. Şahyr dünýä halklarynyň çagalar şygryýetinden edilen iň gowy terjimelerini hem ýaşajyk okyjylaryna ýetirdi. Azat Rahmanow öz goşgularynyň üsti bilen çaga dünýäsine aralaşmagy we çaganyň dilini tapmagy başarýar. Şahyryň goşgulary sada, akgynly hem çaganyň logikasyna ýakynlygy bilen tapawut¬lanýar. Iň gyzykly ýeri-de A.Rahmanow çagalarda döreýän «Näme üçin?» diýen sowallaryň köpüsine öz goşgularynyň üsti bilen jogap tapmagy başarýar. Şahyr diňe munuň bilenem çäklenmän, çaga psiho¬logiýasyny juda beletlik bilen açyp görkezmegiňem hötdesinden gelýär. Mysal üçin, şahyryň «Gowy gün» goşgusynda hemişe garagolluk etmäge ymtylýan çaganyň garaýyşlary, psihologiýasy açylýar: Gezýän aýakýalaň men-ä, – Gezme! – diýip çagyrýan ýok. Hat ýazýaryn çyzyp ýere, – Çyzma! – diýip, gygyrýan ýok. Golaý bardym horaza-da, – Çokar! – diýip saklaýan ýok. – Işleýärsiň näme? – diýip, Penjireden jyklaýan ýok. Bökjekleýän owlak bile, – Süser! – diýip, igenýän ýok. Kowalaşýan güjük bile, – Basar! – diýip, igenýän ýok. Men kakamyň ýanna bardym, – Bar, git! – diýip, kowýanam ýok. Elläp gördüm ruçkasyny, – Goý ýerinde! – diýýänem ýok. Edäýsem-de şakyr-şukur, – Şakyrdatma! – diýýänem ýok. Ylgasam-da dükür-dükür, – Dükürdeme! – diýýänem ýok. Asla hiç kim käýinmeýär, Ýersiz-ýere igenmeýär. Ynjamaýar häzir göwnüm, Sebäp bu gün DOGLAN GÜNÜM! Hakykatdan-da çaga erkin bolmagy, göwnüniň islänini etme¬gi, hokga görkezmegi gowy görýär. Mydama gözegçilikde bolmagy halamaýar. Etmeli we etmeli däl zatlar, talaplar, düzgünler, «kanun¬lar» çaga üçin o diýen bir ýakymly däl. Çaga dünýäsiniň täsinligine laýyklykda çaga hemişe etmeli däl zatlaryň tarapynda durýar. A.Rahmanow çagalarda duşýan, düzedilmegi zerur bolan häsiýet¬leri açyp görkezende bir taraplaýyn öz adyndan gürlemeýär. Ol çaga¬daky şol häsiýetleriň üstüni çaganyň öz dili bilen açmagy ussatlyk bilen başarýar. Hut şu häsiýetli «Ýetişerin ähli ýere» atly goşgusynyň gahrymany ýaltaja oglanjyk. Ol ähli ýere ýetişmek üçin özünde 10 sany eliň bolmagyny arzuwlaýar. Ýetişerin ähli ýere, Bolsa sekiz elim ýene. Meň bir elim mysal çözer. Meň bir elim çyzgy çyzar. Bir elimde küşdem dikjek, Bir elimde surat çekjek. Bir elimem kitaply bor. Bir elimem gutaply bor. Asyl şeýdip, men birbada, Ýetişerin ähli zada... Oglanjyk şeýdip göwün ýüwürdip, gidip barýar. Ýöne birdenem onuň aňynda bir sorag peýda bolýar: Ýöne duruň, duruň, ýeri! Nädip ýuwjak sekiz eli?! Öňem iki eli zordan, Howul-hara ýuwýan irden! Öz gahrymanyna şeýle diýdirmek bilen şahyr oglanjygyň ýet¬mezçiligini özüne aýtdyrýar, öz ýaltalygyna onuň özüniň akyl ýetir¬megini isleýär. Şahyr goşgularynda çaganyň psihologiýasynda bolup geçýän is¬legleri inçelik bilen beýan edýär, oňa ulular tarapyndan düşünilmegini isleýär. Şahyryň «Kim güýçli?» atly şygry hem çaganyň psihologik aýratynlyklaryny yzarlaýar: Eger ursaň güjügi, El galdyrsaň pişige. Eger ursaň taýhary, Ýa gygyrsaň köşege, Ýa-da kakyp goýberseň, Sen özüňden kiçini, Ýa-da çekseň ýüp edip, Gyzjagazlaň saçyny... Güýçlüdirin öýdýänsiň, Ýöne ejiz görünýäň. Sen olaryň üstüne, Ýersiz-ýere sürünýäň. Mähir bile eý görüp, Hemmeleri gora sen! Ine, şonda bolarsyň, Güýçlüleriň biri sen! Her bir çaganyň söýlesi, gowy görlesi gelýär. Bu häsiýet ähli ýaşdaky çagalara-da mahsus. Ýöne gowy görülmek üçin nämeler ge¬rekkä? Şahyryň liriki gahrymany bu barada çynlakaý pikir öwürýär. Ol eý görülýän zatlaryň ählisini aňynda aýlaýar, sadaja çaga dünýäsi bilen yzarlaýar, öz pikiriniň yzyna düşýär. Bu ýagdaýy biz onuň «Eý görýärler» diýen şygrynda açyk-aýdyň görüp bileris: Gülleri eý görýärler Saçýan ysyna görä. Bilbili eý görýärler Şirin sesine görä. Güneşi eý görýärler Mähir-çoguna görä. Säheri eý görýärler Täsin çygyna görä. Gyşy-da eý görýärler Akja garyna görä. Bahary eý görýärler Ýyljak nuruna görä. Adamy eý görýärler Edýän işine görä. Meni-de eý görýärler Gowja bolşuma görä... Diýmek, netije düşnükli: eý görülmek üçin özüň gowuja, akylly¬ja, edeplije bolmaly. Şeýle häsiýetde teswirlenýän pikiriň çaganyň dünýäsine bada-bat täsir etjekdigi görnüp dur. Umuman alnanda A.Rahmanowyň liriki gahrymany çagalaryň şahyrana ýürekli, ýakyn hem ýürekdeş dosty. Şahyryň poeziýasynyň özboluşlylygy, özüne çekijiliginiň düýp manysy hem şunda jemlenýär. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 121-125 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |