14:19 Gurban Çöliýew | |
GURBAN ÇÖLIÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1937-2002) Gurban Çöliýew 1937-nji ýylyň 10-njy fewralynda Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda doguldy. Orta mekdebi tamamlandan soň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Şahyr çagalar edebiýatyna 60-njy ýyllaryň ahyrlarynda geldi. Onuň «Harplaryň maslahaty», «Kitaply gyz» «Jeren bilen Bahar», «Boýçy», «Uzakdaky ýyldyzlar», «Bagt näme?», «Aý çagalary», «Garagumly oglan» we başga birnäçe ýygyndylary çagalar ede¬biýatynda özboluşly orny eýeleýär. Şahyryň döredijiliginde Watan gözelligi, tebigat täsinlikle¬ri, güneşli diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky goşgular uly orny eýeleýär. Ilkinji gezek açylan güli görende, gök gürläp, ýagyş ýaganda, gyşyň ak gary sepelände, dürli jandarlara, mör möjeklere nazary düşende çaga kalbynyň begenişini, tolgunyşyny hiç zat bilen deňär ýaly däl. Bu ajaýyp pursatlara diňe çaganyň gözi bilen seredip, çaga gözi bilen beýan etmek mümkin. Onuň her bir goşgynyň gyzykly bolmagyna täsiri bar. Ine, bahar gelende alaňlarda dürterip çykan göm-gök ýylaklara, depe-düzleri ýapan gök otlara na¬zary düşen şahyryň liriki gahrymany şeýle seslenýär: Bilýärmiň näme, Bu göm-gök nagyş. Ýerden ot bolup, Çykdy ak ýagyş... Ýa-da ir bilen turan çagajyk garaňkynyň entek öýüne gaýt¬mandygyny, Gün çykyp, daňyň atmandygyny görüp, Günüň gyşda köp ýatýanlygyna geňirgenip, birdenem onuň ýatyp, täze nur toplaýandygy hakynda özüçe pikir ýöredýär: Ýaz gelen wagty, Ir dogar parlap. Nuruny saçar, Asmany durlap... Şahyryň «Bilbil», «Hüýpüpik», «Guşlaryň owazy», «Totular», «Durnalar», «Bagyň ukusy», «Çeşme», «Bulutlar» ýaly goşgularyny okasaň-da, tebigat täsinliklerine, haýwanat dünýäsine çagalara mahsus bolan oý-pikir arkaly göz ýetirýärsiň. Çagany guşlaryň diňe bir şirin owazy däl-de, hereketleri-de geň galdyrýar. Guşlar mydama hemmelerden ir turup, saýrap başlaýar. Olar hiç haçan ýatagan ýaltajyk ýaly uklap, gijä galanok. Şonuň üçin çagajyk «Tebigatdan hem öwrenmek gerek» diýip seslenenini duýman galýar. Sebäbi tebigat – uly mekdep. Şahyryň goşgularynda körpeler ekine suw tutýan suwçy daýysy¬na, çopan taýagyna söýenip duran Atabaý babasyna, derýada tolkun¬lary ýeňip, kürekläp barýan gämiçi daýysyna sataşýar, olaryň edýän işleri bilen gyzyklanýar. Balalar bilen ulularyň biri-birlerine düşünişi, birek-birege buýsanyp, birek-birege gadyr gymmaty, mähir-muhab¬beti, birek-birege jebisligi şahyryň şygryýetine özüniň çeper beýa¬nyny tapýar. Şeýle hem «Ejeme gulak asýan» diýen çaganyň keşbinde mähriban käbesine bolan buýsanç juda inçelik bilen açylyp görke¬zilýär. Bazarda gawundyr garpyza, almadyr keleme, injirdir üzüme na¬zary düşen çaga: Hasylyndan el çekip, Boşasa-da meýdanlar. Bazarda tomus paslyn Saklap otyr daýhanlar... – diýip, şatlyk bilen begenjini daşyna çykarýar. Umuman, şahyryň köp goşgularynda şatlyk, ýylgyryş älemgoşar ýaly öwşün atyp dur. Sebäbi çaga ähli zatda ilki bilen şatlygy görýär. Çaga: Suw gelýär ýapdan, Gar eräp akýar. Sebäbi gökden Gün gülüp bakýar... -diýip bökjekleýär. Ýa-da: Buşluk! Asmanda Ýazlar göründi. Gök geýip gelýär Ýazy gör, indi! -diýip, şatlygyny daşyna çykarýar. Bägülleriň gunçalajakdygyna, alma bagynyň gül açjakdygyna, traktorlaryň tarryldap işlejekdigine, ýyldyrym çakyp, gök gürlejekdigine liriki gahryman çyny bilen be¬genýär. Şahyryň döredijiligi Watan, tebigat, oba çagalarynyň durmuşy, olaryň gylyk-häsiýeti, çaga aladalary bilen utgaşýar. Şahyryň liriki gahrymany öz halkymyzyň milli gymmatlyklaryny jany-teni bilen söýýär. Bu ýagdaýy onuň «Dutar» goşgusynda hasam aýdyň görmek bolýar: Düşün dutar diline, Dutar ýeser gürrüňçi. Gadymy hekaýadan Doludyr onuň içi. Gorkudyň sargytlary, Göroglynyň namasy, Saýathanyň gazaby, Şasenemiň agysy... Iki taryň üstünden Ýetipdir biziň döwre. Diňle dutary, diňle Öwren dutardan, öwren... Parasat bar dutarda, Dutarda bar gurp-gujur. Diňle dutary, diňle, Göwün guşuňy uçur... Liriki gahrymanyň dutara bolan şeýle uly buýsanjy ýöne ýerden däl. Türkmen dutary şatlygyň, abatlygyň, parasatlylygyň, parahatçylygyň dutary. Türkmen dutary – Gorkut atanyň dutary. Ol ýowy ok-ýarag bilen däl-de, saz bilen ýeňen Şükür bagşynyň dutary. Bu setirler çaga kalbyna aýratyn bir gozgalaň salýar. Olarda mylaýym, milli sungatymyza bolan buýsanç duýgulary oýanýar. Şahyr «Nesihat» şygrynda: Kitap bolsun baş dostuň Mydama diýgin rastyň... -diýip, körpe nesillere Watany söýmegi, özüňden ula hormat goýmagy, kitaby özüňe dost tutunmagy, mydama dogry sözli bol¬magy juda ýakynlyk bilen maslahat berýär. Gurban Çöliýewiň balalara bolan söýgi-mähri bilen kalbyndan joşup çykan şahyrana eserleri türkmen çagalar şygryýetinde aýratyn orun tutýar. Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 111-114 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |