14:50 Alabaý - wepadar köpek | |
ALABAÝ — WEPADAR KÖPEK
Hekaýalar
Ýörite taýýarlanan itleriň batyllyga uçran bendeleri üçgöziň ýaşyl yşygyndan geçirýändigini, maldarlaryň ýakyn kömekçileridigini, olaryň maşgalasyny, mal-mülküni saýry-kesekilerden goraýandygyny eşidipdik we ençeme gezek şeýle wakalaryň janly şaýady hem bolupdyk. Ýöne häzirki beýan edýän wakamyzda düýpgöter başga wakalar beýan edilýär. Gadymy gorganlygyň golaýyndaky obamyzyň tämizhowasy bar, asmany köplenç dury bolýar. Obamyzyň ilerisindäki oýluk bahar paslynyň ýagyş suwundan dolanda kiçiräk kölçe emele gelýär. Ol tomusyna ownuk-iri mallary üçin içimlik suwuna, ýazyna bolsagöç edýän suw guşlarynyň gonalgasyna öwrülýär. Tomsuň jöwzaly, yssy günlerinde kölçede suwa düşýän çagalaryň şadyýan gülküleri uzakdan ýaňlanýar. Suwuň kenaryna könelişen agaç gaýygyny kimiň getireni bilýän ýok we ol häzirki güne deňeçobadaşlarymyz üçin tapmaça bolmagynda galýar. Ir zamanlarda gadymy gorganlykdan uzak bolmadyk ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy geçipdir. Şol ýerde Dehistandan Köneürgenç ugry boýunça barýan argyş kerwenleriniň kiçeňräk düşelgesi bolupdyr. Argyşçylar onda az wagtlyk dynç alypdyrlar, mallaryny suwa ýakypdyrlar we otlaga göýberipdirler. ... Şol gün Abdyrahym aga etrapda geçirilýän maldarlaryň maslahatyna wekil bolup gatnaşmak üçin gidipdi. Gijäniň ýarydy.Gyrmyzy gelneje Bahargüljigi gujagyna gysyp süýji uka gidipdi.Ol saraýa ot düşenden bihabardy. Pajygany ilkinji bolup Alabaý duýdy. Ol çyňsap saraýyň daşyndan birnäçe gezek aýlandy, soňra howsalaly üýrüp öý bikesini oýarmaga çalyşdy. Oduň alawyndan gorkantowuklar bolda ketekde ganatlaryny kakyşyp wakgyldaşýardylar. Ähli zat aýan bolanda kiçijik gyz gorkunjyga ejesine gysmyljyrap aglap başlady. Onuň çirkin sesine öý bikesi hemaljyraňňy hala saldy. Ot barha möwjeýärdi, öňi alynmasa ýaşaýyş jaýyny hen ýangyna bermegi mümkindi. Ala köpek üýrüp, maşgalany ýanar otdan halas edende obanyň ilaty ýangyny söndürmäge girişipdiler.Şol günki wakadan Alabaý köpegiň adyrowaýata öwrüldi. Heniz güjükkä Alabaýy Juma aga Abdyrahyma sowgat beripdir. Ol tejribeli çopandy, tohum itleri köpeldýärdi. Tutuş bedeni gara-ak reňkli bolansoň kakam güjügi Alabaý diýip atlandyrypdyr. Tohum it bolansoňgabarasy uludy, häsieti gowydy. Baga bakylan mal soýulanda etiň ýanyna pişik getirmezdi. Abdyrahym aga nirä gitse ala köpek hem dilini sallap, leňkildäp onuň yzyndan galmazdy. - Öý haýwanlarynyň içinde eýesine wepaly, ak ýürekden hyzmat edýän, iň akylly jandar, türkmen alabaýydyr- diýip, Abdyrahym aga obadaşlaryna guwanç bilen gürrüň bererdi: - Bu köpekden kimdir biri gorkan bolsa, onuň göwresinden eýmenendir. Bu jandaryň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Şol gijeki ýangynly wakada maşgalany ot belasyndan gorany üçin Abdyrahym aganyň türkmen köpegine bolan onyn garaýyşyny ymykly berkidipdi. Bir gezek obamyzyň çagalary köpege bir bölekjylka et berenlerinde Abdyrahym aganyň gazabyna duçar boldular. Şonda ol: - Eger-de Alabaýy gowy görýäniňiz hakykat bolsa oňa süňk beriň.Ol şony gazamak bilen dişlerini tämizleýär. Jylka et iýen et kesellemek bilendir - diýip, düşündirdi. Hepdeler, aýlar, ýyllar durnalaryň kerweni ýaly gurap geçip durdy. Alabaý garrapdy, gujur-gaýraty kemelipdi. Ol teläriň aşagynda kölegeläp ýatyşyna daş-töwereginesyn edip ýatanyny kem görenokdy. Janawarajy aýraçylygyň barha golaýlaýandygyndan hem bihabar däldi. Tomus paslynda obamyza Ahmet atly şäherli köpbilmiş ýigit myhmançylyga geldi.Ol bize bu ýere dynç almak we tebigatyň gözelliklerinden lezzet almak üçin gelendigini ýaňzytdy. Ol oba durmuşy barada kitapdan okapdyr, telewizor arkaly tanyş bolupdyr. Ol Alabaýy göreli bäri özünden üç müçe çemesi uly bolan Abdyrahym aga takal okapdyr we ençeme nesihatlary beripdir. Şol gürrüň dowam edýärkä ala köpek gabaraly kellesini öň aýaklarynyň üstüne atyp teläriň kölegesinden söhbetdeşlere garap ýatyr eken.Şonda Abdyrahym aga myhmanyň maslahatlarynyň ýerliksizligini çürt-kesik aýdypdyr. Bir gün Ahmet Alabaýyöz ýany bilen kölçäalyp gidipdir. Onuň näme üçin beýle karara gelendigini bilýän ýok. Köneje agaç gaýga ilki Alabaýy mündüripdir, soňra özi onuň ýanynda ornaşyp bolugsyzja kürekleri işledip başlapdyr. Kölçäniň ortasynda gaýyk bir gapdalyna agyp olaryň ikiside suwa ýykylypdyrlar. Alabaý çekeläp Ahmedikenara çykarmadyk bolsa onuň suwda gark bolmagy daşda däl eken. Şol günden başlap Ahmet halasgärini ýörite ýallap başlady. Güýz günleriniň çigregi duýulýardy. Alabaýy ir säherden bäri gören ýokdy, ol bir ýerlere ýitrim bolupdy. Öten gijeki ýagyşyň öň ýanygarry köpek aýa bakypünjüli uwwuldapdyr.Obamyzyň ilaty Alabaýdan derek tapmasalarda Abdyrahym aga köpeginiň bu gün etre geljekdigine ynanýardy. Birnäçe günden ala köpeiňmaslygyjülgedentapyldy.Şonda Abdyrahym aganyň: - “Wepadar it eýesine maslygyny görkezmez” diýenleri hakykat eken. Berdaşly janawar mertlik bilen dünýesini täzeledi - diýende, sesi sandyrap çykdy. Hawa, müňýyllyklaryň dowamynda gadymylygyny, tohum arassalygyny, gaýduwsyzlygyny, ygtrybarlylygy, eýesine çäksiz wepadarlygyny gorap saklamagy başaran Alabaý tohumly türkmen itleri şeýle häsiýetli bolýarlar. Olaryň hüý-häsiýeti, keşp-alamaty biziň döwrürimizde wepadarlygyň hakyky nyşanyna öwrüldi. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |