20:40 Alaeddin Keýkubat I | |
ALAEDDIN KEÝKUBAT I
Taryhy şahslar
Alaeddin Keýkubat I 49 ýaşap (1188 — 1237 ý.), şonuň 17 ýylyny Seljuk türkmenleriniň Anadolydaky (Rumdaky) döwletiniň soltany bolýar (hökümdarlyk ýyllary 1220 — 1237 ý.). Diýmek, ol 32 ýaşynda tagta geçýär. 35 ýaşynda (1223 ý.) Ortaýer deňziniň kenarlaryndaky Kalanoros galasyny eýeläp, türkmen deňizçiligine goşant goşan soltandyr. Bu gala Alaeddiniň hormatyna Alaiýe diýlip atlandyrylyp başlanypdyr. Ol Türkiýäniň häzirki Alanyýa şäheridir. Kakasy Izzeddin Keýhysrow I, agasy Izzeddin Keýkowus Ortaýer deňzindäki Antalýa gämigüzerini ele geçiren bolsa, Alaeddin Keýkubat I şol deňziň kenarynda beýleki bir möhüm güzeri — Alanyýany (Kalanoros) deňizden we gury ýerden iki aýlap gabawda saklap, boýun egdiren türkmen soltanydyr. T.Raýs seljuklaryň taryhyna bagyşlanan işinde onuň 36 ýaşynda bu ýerde 1224-nji ýylda öz ady bilen Alaiýe gämi ussahanasyny gurmaga perman berendigini ýazýar. Alaeddin Keýkubat I «Iki deňziň soltany» diýlip at berlipdir. Çünki ol birbada arasy ýüzlerçe kilometr uzaklykda bolan Ortaýer we Gara deňizlerinde işjeň hereketleri alyp barmagy başarypdyr. Sinopda (Gara deňiz) gurduran gämi ussahanasynda taýýarladan gämileri bilen 39 ýaşynda Krym (1227 ý.) we 40 ýaşynda Trabzon (1228 ý.) ýörişlerini gurapdyr. Türk alymy Ý.Öztuna Gyýaseddin Keýhysrow I döwründe dünýäniň iň güýçli goşunynyň we deňiz flotunyň Anadolyda bolandygyny ýazýar. Gyýaseddin Keýhysrow I soňraky soltanlaryň döwründe Anadoly seljuklarynyň döwletinde deňizçilikde işjeň hereketler alnyp barylmandyr. Alaeddin Keýkubat I 32 ýaşynda (1220 ý.) ozal kakasy Keýhysrow I tarapyndan gol çekilen «Adriatikanyň şasy» Wenesiýa bilen söwda şertnamasyny güýje girizipdir. Seljuklar wenesiýaly täjirlere şahsy we emläk howpsuzlygyny kepillendiripdirler. Şertnama laýyklykda, gymmatbaha daşlar, dür, altyn we kümüş (teňňe we guýlan görnüşde), galla salgytdan boşadylyp, galan harytlara iň az möçberde (2 göterim) salgyt salnypdyr. Keýkubat I nika diplomatiýasy arkaly goňşy döwletler bilen dostana gatnaşyklary saklamaga synanyşypdyr. Eýýubylar bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açyp, 1227-nji ýylda Mälik’ul-Eşrebiň gyzy Gazyýa hatyna öýlenipdir. Alaeddin Keýkubadyň ilkibada Horezmşalaryň şadöwletiniň iň soňky hökümdary Jelaleddin Meňburun bilen dostana gatnaşyklarda bolandygy mälim. Jelaleddin 1225-nji ýylda 37 ýaşly Alaeddiniň ýanyna ilçi ýollapdyr. Ol şeýle mazmundaky haty soltana gowşurypdyr: «Dinimiz, milletimiz bir, jihad ýolunda ýarandyrys. Günbatardaky hökümdarlaryň arasynda yslamyň araçäklerini goraýan we kapyrlaryň köküni gazaýan sizsiňiz. Gündogarda bolsa müşrikleriň pitne ataşyny gylyç bilen söndürýän bizdiris. Bu ýakynlygyň barlygynda habarlaşmagyň gapysyny açyp, birlik ýoluny tutmasak, kimi özümize dost tutunarys, haýsy ýoldan ýöräris?!» Alaeddin Keýkubat I Jelaleddiniň ýanyna jogap ilçisini ýollap, dostluk esaslaryna we milli ýakynlyga sarpa goýup, iş tutjakdygyny aýdypdyr. Alaeddin Keýkubat I haçparazlara garşy göreşip, olary seljuklaryň eýelän ýerlerinden el çekdiripdir. Olar Alaeddin Keýkubada harby kömek bermäge, ýylda 40 müň dinar salgyt tölemäge, hutbany soltanyň adyna okatmaga borçlanypdyrlar. Jelaleddiniň Ahlat şäherini gabamagy bilen onuň Keýkubat bilen arasy bozulýar. 1230-njy ýylyň awgustynda Erzinjanyň golaýynda, Ýassy Çemen obasynda ikisiniň arasynda söweş bolupdyr. Bu söweşde Jelaleddiniň goşuny ýeňlipdir. Alaeddin Keýkubat I döwründe Anadolynyň ykdysadyýeti janlanypdyr. Söwda ösüpdir. Alaeddin öz döwletiniň üstünden geçýän kerwen ýollarynyň ugrunda goragçy toparlar döredip, kerwenleriň ýetmeli menziline howpsuz barmagyna hemaýat edipdir. Ýolda talanyp, zyýana galan kerwenleriň harajaty döwlet tarapyndan tölenipdir. Alaeddin Keýkubat I kerwen ýollarynyň howpsuzlygyny bozan döwletlere garşy birnäçe ýörişleri gurapdyr. Alanyýanyň eýelenmegi, haçparazlara garşy ýöriş, Sudak sapary şol maksat bilen guralan ýörişlerdir. Alaeddin Keýkubat I 1237-nji ýylyň 1-nji iýunynda Kaýseride gurnan ýokary derejeli kabul edişligi mahalynda iýmitden zäherlenip wepat bolýar. Bu dildüwşigiň wezir Sadeddin Köpek tarapyndan guralandygy çaklanylýar. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |