20:37 Alýaska gyrgynçylygy | |
ALÝASKA GYRGYNÇYLYGY
Publisistika
Alýaskanyñ ýerli halklary alymlaryñ tassyklamagyna görä, mundan 15 müñ ýyl ozal we ondanam öñki döwürlerde Aziýadan üstüni galyñ buzlar örten Bering bogazyndan geçip gelipdirler. Ýerli halkyñ ene dili ural-altaý dil maşgalasynyñ ýeniseý dillerinden "dene" we "atabaşkan" dilleridir. Sibirde-de bular bilen dili we ynanjy bir türki taýpalar duş gelýär. Apaçiler we gyzylhamlylar (indeýler) hem bu topara degişli bolup, Demirgazyk Amerikadan Günorta tarap göç edipdirler. Alýaskanyñ ýewropalylar tarapyndan bilinmegi XVII asyryñ ahyrlarynda rus deñizçileriniñ aralaşmagy bilen başlanypdyr. Bering bogazynyñ ady rus deñizçisi Witus Beringden galypdyr. Alýaska XVIII asyryñ başlaryndan başlap sütükli derili haýwanlary awlaýan rus awçylarynyñ talañyna uçrapdyr. Awyñ gerimi kenarýaka sebitlerden yklymyñ jümmüşine tarap ýaýradygysaýy ruslar baran ýerlerinde posýoloklary gurupdyr. Ýerli ýaşaýjylaryñ esasy hurşy bolup hyzmat edýän balyklary we sütükli haýwanlaryñ neslini ýalmap-ýuwdup ýok edip barýan ýalmawuz ruslar bilen ýerli aleut halkynyñ arasynda çaknyşyklar ýüze çykypdyr. Şol döwrüñ iñ kämil ýaraglary bilen ykjam ýaraglanan ruslar ýerli halky rehimsizlik bilen gyrypdyrlar. Tussag astyna alnan ýerli ýaşaýjylar ruslaryñ garamagyndaky lagerlerde işledilipdir, ruslaryñ hasabyna awçylyk etmäge mejbur edilipdir. Ruslar tebigat we adam gyrgynçylygyny amala aşyrmak bilen birlikde ýerli halkyñ arasynda dini missionerligi we medeni assimilizasiýany hem ýaýmaga çalyşypdyr. Gyrgynçylyklar we Russiýadan gelen epidemiki keseller zerarly ýüz ýylyñ içinde ýerli halk 80% azalypdyr. Ruslar eden gyrgynçylyklaryna tutaryk edip, ýerli ýaşaýjylary siwilizasiýadan we adamzat gymmatlyklaryndan millet hökmünde görkezmäge çalyşdylar. Hatda käbir rus hudožnikleri çeken suratlarynda aleutlary ýarym-ýalañaç we aýakýalañaç halda şekillendirdiler. Rus suratkeşleriniñ bärde ýatdan çykaran bir zady bar. Dünýäniñ iñ sowuk, iñ şatylama aýazly künjeginde ýaşaýan alýaskalylaryñ aýakgapsyz we ýarym-ýalañaç ýaşamasy mümkin zatmy beri? Ýerli halkyñ egin-eşigi Sibirde nähili bolsa, Alýaskada hem şolar ýalydyr. XIX asyrda iñlisleriñ we amerikanlaryñ deñiz söwdasynda barha rowaçlanmagy rus şereketlerini kyn ýagdaýa düşürdi. Ruslar mejbury ýagdaýda iñlis we amerikan şereketlerine degişli gämilerde söwda etmäge başladylar. 1860-njy ýyldan soñ rus patyşalygy Amerikadaky koloniýasyndan dynmagyñ alajyny gözläp başlady. Gereginden artyk awçylyk gymmatly sütükli haýwanlaryñ soñuna çykypdy, sebitde iñlis we amerikan söwdagärleriniñ barlygy rus söwdasyny ymykly batyrypdy. Bu problemalaryñ üstesine alys ýurtlardaky koloniýasyny saklamak we goramak meselesi hem bardy. Ruslar 1867-nji ýylda Alýaslany ABŞ-na 7,2 million dollara ýüz ýyllyk kärendesine bermek bilen bu meseleleriñ barsynyñ üstünden bir gezekde atanak çekdi. Alýaskadaky rus şereketleri-de işini bes etdi. ABŞ bolsa Alýaskada geçiren barlaglary netijesinde bu ýerde tükeniksiz altyn we energiýa çeşmelerini tapdy. Alýaskanyñ hak eýesi bolan halklar hak-hukuklaryny diñe 1971-nji ýyla gelende alybildiler. Alýaska ABŞ-nyñ meýdany boýunça iñ uly ştatydyr. Ýylmaz KARAHAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |