19:24 Emir Teýmirleñiñ gargyşy | |
EMIR TEÝMIRLEÑIÑ GARGYŞY
Geň-taňsy wakalar
Teýmirleñ 1405-nji ýylyñ 18-nji fewralynda Hytaýa ýörişe barýarka, ýolda Otrar şäherine ýetende, altmyş dokuz ýaşynda aradan çykdy. Onuñ ölümine fibrositis keseli sebäp boldy. Hökümdaryñ meýdi agtygy Halyl Soltan tarapyndan dessine Samarkanda getirilip, özünden öñ aradan çykan başga bir agtygy Muhammet Soltanyñ Ruhabada golaý medresesiniñ howlusynda jaýlandy. Teýmirleñ tagtygy agtygy Muhammet Soltana miras goýmak isleýärdi. Emma Muhammet Soltanyñ 1404-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykmagy sebäpli, hökümdar söýgüli agtygynyñ hormatyna Samarkandyñ iñ görnükli depesinde mawzoleý bina etdirdi. Muhammet Soltanyñ gubury şol mawzoleýdedi. Bu ýerde mawzoleý bilen birlikde metjit we medrese hem bardy. Teýmirleñ bakyýete göç edensoñ, onuñ özem agtygynyñ ýanyna jaýlandy. Şol wagtdan başlap Gur Emir teýmiridler hanedanlygynyñ wekilleriniñ jaýlanýan ýerine öwrüldi. Teýmirleñden soñ onuñ ogullary Şahruh, Miranşa, agtygy Ulugbek dagylar şu ýerde jaýlandy. 1941-nji ýylda Stalin Teýmirleñiñ mazarynyñ açylyp görülmegi we öwrenilmegi barada görkezme berdi. 1941-nji ýylyñ 19-njy iýunynda sowet antropology Mihail Gerasimow we onuñ topary Samarkantda Teýmirleñiñ mazaryny açmakçydygyny mälim etdi. Musulman ruhanylary muña garşy çykdy. Ýönekeý halk hem närazylygyny bildirdi. Mollalar rus antropologlaryna "Teýmirleñ göründe bimaza edilse, üç günüñ içinde görlüp-eşdilmedik betbagtçylygyñ üstünden baryljagyny" duýdurdylar. Halk hem öz gezeginde, kim bolsa bolsun, tapawudy ýok - Teýmirleñiñ mazaryny açmaga het edeniñ ýurduny al-arwahlardyr şeýtanlaryñ gaplap aljakdygy barada gadymy ýazgynyñ bardygyny aýdýardy. Bu zatlaryñ barsyny köneden galan biderek ynanç hasap eden Mihail Gerasimow 1941-nji ýylyñ 19-njy iýunynda mazary açyp, Teýmirleñiñ süñklerini daşyna çykarypdyr. Hökümdaryñ tabytynyñ daş ýüzüne ýazlan "Men ölümden oýananymda bütin dünýä titrär" diýen ýazga üns beren bolmandyr. Teýmirleñiñ jesedini öwrenmek üçin Leningrada äkidipdurler... Aýdylyşy ýalam bolupdyr: Üç günüñ içinde - 1941-nji ýylyñ 22-nji iýunynda Faşistik Germaniýa (ähdiýalanlyk bilen) SSSR-e garşy uruş yglan edip, sowet ýurduna çozdy. Antropolog Gerasimow kelleçanagy öwrenip, Teýmirleñiñ býustyny ýasady. Teýmirleñiñ bedeninde geçirilen barlaglar onuñ 1,73 metr boýly, gapak ýaly giñ döşli, iri süñkli adam bolandygyny görkezdi. Şeýle-de onuñ aýagynyñ keýtikligi baradaky maglumatyñ hem dogrudygy anyklandy. Barlaglar doly geçirilip bolnansoñ, 1942-nji ýylyñ noýabrynda Teýmirleñ jesedi yslam dessurlaryna laýyklykda Gur Emir türbesine gaýtadan jaýlandy. Diñe şundan soñ SSSR goranyş pozisiýasyndan hüjüm ediş pozisiýasyna geçip, 1943-nji ýylyñ 2-nji fewralynda nemes goşunlaryna garşy Stalingrad ýeñşini gazandy. SSSR-iñ Ikinji jahan urşunda (Beýik Watançylyk urşunda -t.b.) diñe goşundan ýitiren ýitgisi 9 milliondan gowrakdyr. Ýogsa-da, hökümdaryñ gargyşynyñ soñy gelmedimikä?.. Ýylmaz KARAHAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |