10:21 Anomal hadysalar: Olar näçe? | |
ANOMAL HADYSALAR: OLAR NÄÇE?
Geň-taňsy wakalar
Anomal hadysalar olar tebigatda bolup geçýän hadysalaryñ uly toparydyr. Kada bolşy ýaly, oña uçýan näbelli obýektleri (NLO), ''polyergeýst'' hadysasy (meselem, zatlaryñ öz-özünden ýanmagy, hereketlenmegi, Moskwa şäherinde şowhun döreden Barabaşkanyñ diwary kakmagy ýaly we ş.m. hadysalar), Ýeriñ üstündäki anomal zonalar, ýeri gelende aýtsak, şol ýerlerde Kowy derýajygynyñ golaýyndaky, ''şeýtan gonamçylygy'' zonasyndaky ýaly ähli jandarlar ejir çekýär, psihofiziki hadysalar (olaryñ käbirini ekstrasensler bolgariýaly Wanga mamanyñ ukybyny hem goşmak gerek. Ol hakdaky makala ''Nedelýanyñ'' şu ýyldaky birinji nomerinde çap edildi. Ol aýal adamlara olaryñ durmuşynda bolup geçen we geljekde boljak zatlar hakda aýdyp bilýär. Şu wagta çenli biziñ ýurdumyzda anomal hadysalar hakda dil ýardygyñ gülki astyna alýardylar, ol ugurdan ylmy barlag alyp barýanlara her hili at dakýardylar. Köp hadysalar dünýädäki kada öwrülen zatlara laýyk gelmeýärdi, umumy sazlaşygy bozýardy. Şonuñ üçin-de, soñky döwürde gazanylan uly üstünligiñ biri hem şol hadysalaryñ hakykat ýüzende bardygynyñ ykrar edilmegidir. Öñler, has dogrusy, häli-häzire çenli olary toslanyp tapylan zatlaryñ hataryna goşýardylar. Iñ bolmanda ony ''her hili galýusinasiýanyñ netijesi'' hasaplaýardylar. Meseläniñ şeýle goýulmagy, olary ylmy taýdan barlamak işini bökdeýärdi. Şolary barlamaga mümkinçiligi bolan köp alymlar, ''tebigatda ýok zady öwrenmegi'' öz mertebesine laýyk hasap etmeýärler. ... Söweşjeñ ateizmiñ baýdagyny galgadyp, bolup geçýän hadysalary dini-mistiki zatlaryñ hataryna goşmak we olary öwrenmegi biderek hasaplamak añsat zat. Emma ony düşündirmek welin, örän kyn. Şonuñ üçin-de, ähli kynçylyklara garamazdan anomal hadysalary öwrenýänleriñ görkezýän tutanýerliligini we güýç-gaýratyny aýratyn bellemelidiris. Netijede, biziñ ýurdumyzda SNIO-nyñ (Ylmy we injenerçilik jemgyýetiniñ soýuzy) ýanynda anomal hadysalar boýunça komissiýa döredildi. Onlarça şäherde şeýle hadysalary öwrenýän toparlar döredildi. Ol toparlara ylymlaryñ kandidatlaryndan başlap, akademiklere çenli görnükli alymlar bar. Anomal hadysalaryñ bolup geçýän ýerlerine ýörite ekspedisiýalar guralyp başlandy''... ''Turkmenskaýa iskra'' 23.07.1989. ''Ýaş kommunist'' 15.08.1989. Materiallary çapa taýýarlan: Arazbaý ÖRÄÝEW. Elektron görnüşe geçiren: Afrasyýap TURANLY | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |