ÄR gaýratly SARY baý
Indi ýüz ýyla golaý bäri türkmen döwletsizlikden kösenýärdi. Milleti dargap, ýitip gitmek howpundan halas etmek üçin kimdir biri hakyky Serdar bolup öňe çykmalydy. Ýöne ol kim?! Ine, şu sowal welin jogapsyzdy. Dogry, baý bolmak, beg bolmak, yzyna ýigit tirkäp, olary agzyna bakdyrmak islegine berlenler bardy. Özem bir ýa iki däldi. Emma olaryň hiç birisi tutuş türkmeni bir agza bakdyrardan ejizdi. Her kimiň öz bähbidini arap beg bolasy gelýärdi. Şonuň üçinem olaryň käbiriniň eli gelse, beýleki birini äsgermejek bolýardy. Aralaryna tow düşdüklerem elleri egri gylyjyň sapyna barmak bilen. Şeýdibem, batyr, ýürekli, agyzly, edenli ýigitler biri-birine çep bolup galýardylar. Şol sebäpli-de käbir begler tutuş milletiň agzyny birikdirmekden geçen, gaýtam, kähalatlar, onuň içki agzalalyklarynyň döremegine sebäp bolýardy. Şeýle bolanda olary ýaraşdyrmagam hyllallady. Herhal, bu jelegaýlarda Sary baýyň sözi diňlenýärdi. Ýöne haçana çenli sene-mene edişen begleriň üstüne baryp, töwella edip, olary bir agza bakdyrjak. Sary baý, indi, gör, näçe wagt bäri şu sowallaryň jogabynyň yzynda kelle döwýärdi. Hyýallary hakyda ummanyna çümüp, pederleriň şan-şöhraty äleme dolan döwletleriniň agzybirlik daýanjynyň syryny gözläp, ser-sepil bolýardy. Ençe wagtyň kelledöwmesinden soň Sary baý bir pikiriň üstünde durdy. Ýeke Hudaýlylyga uýan Oguz hanyň yzyna düşüp millet bolan türkmen owal-ahyr HUDAÝ diýip ýaşady. Hudaýyň keremli-keramatly adyny ýüreginden we dilinden düşürmän, diňe şonuň bilen meşhurlyk gazanyldy. Diýmek, halky bir zat, diňe bir zat jebisleşmäge getirip biljekdi. Olam diniň ajaýyp däp-dessurlaryny, kada-kanunlaryny bilmek we şoňa uýmak. Diňe bir kada-kanuna berk uýan millet biri-birine düşünişip biler, biri-birine arka durup büiler. Emma...
Sary baýy ünjä goýýan bu emmanyň hem özboluşly sebäbi bardy. «Yslam dininiň şerigat kanunlaryny arap dilini bilmeýän halka, ýeri, nädip öwredersiň? Öwretmeli. Öwretmegiň ýoluny tapmaly. Eger şerigatyň ýol-ýörelgesi arap dilinden türkmen üçin düşnükli dile geçiriläýse nähili bolarka?!». Kellesine gelen bu pikir Sary baýyň kalbyny heýjana saldy. Ol ýerinden nädip turanyny-da bilmän galdy. «Hökman şeýtmeli, hökman...» diýip, öz-özi bilen gürleşip barýan Sary baý kalbyna dolan pikiriň we çolaşdy hasap edilip ýören kelebiniň tapylan ujundan tutup, donuny ýelbegeý alyp, daş çykdy. Gün eýýäm öýle çagy bolupdy. Sary baý körpe ogly Mustapany çagyrdy.
— Mustapa, bäri gel!
Hä diýmän kakasynyň ýanynda peýda bolan Mustapa onuň ençe wagt bäri gam-gussasy ýetik ýüzüniň nurlanandygyny duýdy. Ogly gelen badyna Sary baý oňa ýumşuny aýtdy. «Oglum, sen Berdi baýy, Allaly mollany, Gara begi, Hanjar batyry... çagyryp gel. «Bir kiçiräk maslahat bar» diýýä» diýäý. Kakasynyň gylygyna belet Mustapa myhmanlary çagyrmazyndan öňürti dem salymda dowar soýup, gazan atarmagy ýola goýup, soň kakasynyň hyzmatyna ugrady. Agşamara Sary baýyň howlusynyň mähellesi ýetik boldy. Ýaýbaň sekiniň üstünde jaýly ýerleşip, saglyk-amanlyk soraşan kethudalar Sary baýyň maslahaty açaryna garaşýardylar. Baý bir ardynjyrady-da, Allaly molla ýüzlenip, söze başlady:
— Allaly molla, meň kelläme bir gowy pikir geläýdi öýdýän.
Allaly molla sala salynmagyň ilki özünden başlanmagyny dereje saýdy. Möhüm sypata geçip «Aýdyberiň, baý aga, belki haýyrlysy bolaýady-da» diýdi.
Sary baý il öňüne düşüp ýören kethudalara kalbyny açdy. «Milleti hatly-sowatly, bilimli-medeniýetli derejä götermesek, döwletli bolmak hukugyny gazanyp bilmeris» diýdi. Baý kän zat aýtdy. Sorady. Diňledi. Gürrüň berdi. Pikir alyşdy. Saçaga serenjam berip, nahar çekildi. Edil şol wagtam Sary baýyň körpe ogly Mustapanyň ikinji perzendiniň dünýä inendigi hakyndaky buşluk bu öýe gelenleriň şatlygyny goşalandyrdy. Nahar iýildi. Seçelenip duran ak palawdan soň ajy gök çaý içildi. Çaý başynda Hanjar batyr Sary baýa ýüzlendi:
— Baý aga, oňlasaňyz bir teklibi-mä bardyr.
— Aýt batyr, aýt!
— Aýtsam, milletimiziň ykbalyndaky sowatsyzlyk tümlüginden siziň paýhasyňyzyň güneşi bilen ýagtylyga yş tapyldy. Körpe ogluňyzdan bolan ikinji agtygyňyzyň adyna Güneş dakylaýsa — diýip-diýmänkä beýlekilerem ýerli-ýerden bu pikiri tassykladylar. Sary baý «Il oňlasa garşylygym bolmaz» diýip, ýene gürrüňi esasy meselä syrykdyrdy.
— Ýöne, Hanjar batyr, şeýle eseri döredip biljek bu jelegaýlarda ýokdur. Ony gözläp tapmaly bolarys. Çar tarapa çapar ýollamaly. Şeýle sowatly ulama bolsa bizi-de habardar ediň. Galmyk ýoly bilen gidip, Ürgenje dagy aralaşyp bolmazmyka?!
Maslahat gyzyşdy. Näletsiňmiş Çingiz hanyň gyrgynçylygyndan soň kitaphanasy-kitaby, metjit-medreseleridir piru-pirzadalaryndan jyda düşen millet ýene-de sowatsyzlyk belasyny dep edip, döwletli bolmak arzuwyna dolandy.
**********
Aradan üç aý geçeninden soň Sary baýyň howlusynda ýene-de üýşmeleň boldy. Bu gezek sowatly ulama gözläp gelen çaparlaryň getiren habarlarynyň netijesi gözden geçirildi. Galmyk ýoly bilen Ürgenje sapar eýläp gelen Gara begiň getiren habary Sary baýda ynam duýgusyny güýçlendirdi. Ol bu gezek Gara begi, Hanjar batyry ýigitleri bilen ýanyna alyp, Ürgenje sary atlanmakçydygyny kesgitli aýtdy.
Uzak ýola kemsiz taýýarlyk gören agyr kerwen Sary baýyň baştutanlygynda gadymy Horezmşalygy döwletiniň merkezi bolan Ürgenç şäherine sary ýola düşdi.
Galmyk ýoly. Bir wagt dabarasy dag aşyp, owazasy arşa dolan gadymy Horezmin (Köneürgenç) türkmenleriniň, Mawerennahryň, diňe bir olaryňam däl, eýsem dünýäniň agramly böleginiň gülläp ösýän medeniýetini ýakyp, küle öwren galmyklaryň Balkan daglaryna tarap salan ýoly. Eger näletsiňmiş Çingiz hanyň wagşyýana çozuşlary bolmadyk bolsady, onda Sary baýyň gerdenine bu agyr keşk düşmese-de düşmezdi. Ol gülläp ösen medeniýetli ýurduň bir barjamly raýaty bolup, ylma bolan teşneligini gandyrar ýörerdi. Sary baý içini hümledip gelşine ýolbelediň «Balaýşem guýusyna golaýladyk» diýen habaryny aldy. Goş ýazdyryldy. Çaý-nahar edinildi. Kerwen, düýeler dem-dynjyny alýança ol ýene-de hyýallar ummanyna çümdi...
Balaýşem guýusy. Allaly mollanyň gürrüň berýän hekaýatlaryna görä, bu guýy garry pederimiz Ugurjyk alpa degişli bolmaly. «Balaýşem guýusyny Ugurjyk alp pederimiz gazdyrypdyr» diýip, Allaly molla Ugurjyk alpyň öz goşgularyndan mysal getirip, gürrüň beripdi. Sary baý ony hakydasyna getirmäge çalyşdy. Hemme ýeri ýadyna düşmese-de, Balaýşem guýusy bilen bagly ýeri hakydasynda galypdyr:
Gürrüldeşip ardymdan ýagy ýetdi,
Gaýky başly gaty ýaýa iş buýurdym.
Ikilemäniň indiki bendiniň başky setiri Sary baýyň ýadyna düşmedi. Ol sägine-sägine ahyry ikinji setirinden başlady:
...Çalsa keser kuruk polada Tug baglatdym.
Gylyjym syryp, Bil egişemde guýy gazdym,
Ada gyşlap, gyr ýaýlap Balkan aşdym.
Sary baý heňňama haýran galdy, bir wagtlar Balaýşemde guýy gazdyryp, Balkana aşyran garry pederiň ýoly bilen ýöremek oňa nesip etdi. Peder yzlaryny görmegi, oňa togap etmegi Sary baý her hal özüne bagt saýdy. Howa salkynlyk aralaşanda kerweni ýene ýola saldy. Kerwen ýolda ýene bir düşläp, ertesi garaňky gowy gatlyşanda gadymy Ürgenjiň kerwensaraýynda goş ýazdyrdy.
********
Ady-owazasy alyslara ýaň salan Şyh Şeref Hojany tapmak Sary baý üçin kyn bolmady. Ony bu jelegaýda bilmeýän ýok eken. Sary baý Gara beg bilen Hanjar batyry ýanyna alyp Şyh Şeref Hojanyň huzuryna ugrady. Şyh Şeref alys ýoly söküp gelen myhmanlary gadyrly garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşyldy. Sary baý Şyh Şeref Hojadan habarynyň alynmagyny sorady.
— Aýdyberiň myhman, aýdyberiň.
— At-owazaňyzy eşidip, alys ýol söküp, bir hyzmat salmaga geldik pirim!
— O nä hyzmatdyr?! Siziň bilen gelen munça ýigidi sopuçylyga almaga mümkinçilig-ä ýokdur bizde. Bir-de ikisini alaýmasak.
— Pirim, bü ýigitler sizde sopy bolmak isleýänleriň ujypsyzja bir bölegidir häli.
Pir: «Anygrak aýdaýmasaňyz» diýen terzde çalarak ýylgyrdy.
— Pirim, meselän-ä aňdyňyz. Bize dini Yslamyň şerigat kada-kanunlaryny doly we anyk beýan edýän bir kitap gerek. Biziň ýigitler şol kitaby amal edip, siziň gaýybana sopyňyz bolubiýr-dä onsoň.
— Şerigat kada-kanunlary üçin agyr kerwen bolup azara galman bäş-üç atly goýberen bolsaňyzam ugradardyk biz. Ömrümizi kalbyny ylym almak isleýänleriň isleglerini kanagatlandyrmaga bagş etmegi ýüregimize düwendiris, Sary baý.
— Onyňyz-a dogrudyr welin, pirim...
— Welisi nämedir onuň?
— Welisimi, welisi ol kitaplaryň hemmesiniň arap-ajam dilinde ýazylandygynda. Biz ilde welin araby dili bilýän az. Bizem tutuş iliň sowatly bolup, bir kada-kanuna uýup, bir agza bakaryny isleýäs. Tutuş halky arap dilinden sowatly etmegem kyn. Onsoňam biziň öz dilimiziň şirinligi hem hiç bir diliňkiden kem däl ahbetin.
— O-ho-how, Sary baý, siz gepi mundan çykardyňyz-ow. Siz mamla, ýöne men size beýle kitaby nireden alyp bereýin?!
— Wah, sadagaň bolaýyn, pirim. Il-gün üçin bir ýerden bir zat alyp bolýan bolsa, biz göni şol ýere baraýmyýasmy?! Gepem, şol kitabyň hiç ýerde ýoklugynda. Biz şol kitaby siziň ýazmagyňyzy towakga etmäge geldik.
Pir bu gezek birbada jogap bermedi. Içini hümledip dymdy. Dymyşlygy ýene Sary baýyň özi bozdy:
— Harajadyndan çekinmäň, pirim! Nyýazymyz taýyndyr. Biz-de ençe wagt bäri çar ýana çapar ýollap, şu kitaby bir kişi ýazmagy başarsa, olam siz bolmaly diýen pikire doly uýanymyzdan soň geldik bosagaňyza.
— Men mundan buýana size Sary baý däl-de Ärsary baý diýmeli boljak öýdýän. «Ilimi sowatly etjek» diýip ilkinji gapymy kakan är ýigit sizsiňiz.
Hanjar batyr nädip söze goşulanyny özi-de bilmän galdy:
— Ýetginjek döwründe gylyç syryp görkezen gaýraty üçin iliň dakan «Är» lakamy Sary baýyň adynyň hemişelik hemrasydyr, pirim.
Şyh Şeref Hoja:
— Il agzy keramatdyr. Onsoňam, maňa siziň harajadyňyz-nyýazyňyz derkar däl. Ýöne bu işi gyssagara-ha bitirip bolmaz.
— Meselem, näçeräk wagt gerek bolar?!
— Tegelek bir ýyly arka atyp, indiki ýylyň Remezan aýynyň aýagynda habar alaýyň, Ärsary baý.
— Onda näme diýseňizläň pirim! Siziň kagyz-syýaňyz üçin, degerli kitaplary almagyňyz üçin, hemem iň esasy zat, halkymyzyň hasyl boljak arzuwy üçin biz kyrk düýäni niýet edip, kerwene tirkäp gaýtdyk. Almasaňyz gaty göreris. Harajadyňyzdan artan-süýşeni bolsa Hudaý ýoluna sadaka paýlaýyň.
Şyh Şeref Hoja bir ýylgyrdy-da, «Il-güni üçin ylgaýan gursagy Hudaýly, göwni açyk, eli giň, kalby jomart hakyky är işini bitirýän Ärsary baýyň towakgasyny ýerine ýetirmäge, hernä Allanyň özi gaýrat we ömür bersin-dä» diýdi. Ärsary baý pirden ak pata alyp, irden ýola düşdi.
Göni bir ýyldan soň Ärsary baýa keramatly Şyh Şeref Hojanyň türkmen dilinde ýazan «Muin ul-mürit» (Sopularyň gollanmasy) atly kitabyny gowşurdylar. Bu täzelik bolsa, Ärsary baýy täze bir arzuwa tarap ylhamlandyrdy. Ärsary baý Allaly molla we ýene-de bir näçe mollalaryň ýardam bermegi bilen keremli piriň ýazan kitabyny daşbasmadan geçirip, ile kitap görnüşinde ýaýratmagyň aladasy bilen boldy. Başlan tutumyny ahyryna ýetirmese ynjalmaýan Ärsary baý ýene-de bir är işini bitirdi. Ol bu gezek «Muin ul-müridi» daşbasmada kitap edip halka ýaýratdy.
Aşyrmät GARLY.
Taryhy proza