22:31 Ara | |
ARA
Goşgular
Perde çekdim men, «men» bilen öz aramda, käte ýapýan, käte serpýän, özüm bilen gürleşýän. Uzaklyk döretdim men, «men» bilen öz aramda, kä daşlaşýan, käte birleşýän. Ýukajyk bulut, ÿüpekden örülen suw ýaly öýme, çalaja ýaşyp günüň rugsaryn, käte daşlaşdyrýar “meni” özümden käte birikdirÿär “meni” özüme. Bulutlar galňap ýaşaýsa güni, uzalan ara, oýlanmaga ÿere berilen pursatdyr. Açaýsa ýaşmagyn asmanly gelin, zemin günüň, gün zeminiň, güneş ýürek, ene toprak gursakdyr. Şeýdip birleşýändir bütin tebigat, durkum ýaýraýandyr uly jahana, dolup göwrümi giň, soňsuz zamana, siňip her bir gülüň näzik damarna. Käte gonýan ýekeligme, käte uçýan, çümýän köpçüligiň agras aňyna, kälerem silkinip adam silinden, bir bulagyň başynda, özüm bilen duşuşýan. «men» bilen öz aramda, asylyp dur bir perde, käte ýapýan, jäte serpýän, perdäni. Ybraýym BADAHŞAN. | |
|
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |