02:25 Aramyzda "Şanamany" okan näçe kişi bar? | |
ARAMYZDA "ŞANAMANY" OKAN NÄÇE KIŞI BAR?
Edebi makalalar
Ýekeje eseriñ ýa-da ýazyjynyñ bir halkyñ dilini we medeniýetini döredip bilýändigi hakynda gabardylanragam bolsa aýdylan sözler bar. Meselem Winston Çerçil "Şekspir Angliýadan has gymmatlydyr" diýipdir. General De Golluñam "Ýoldaşlar, Sartr Fransiýa diýmekdir!" diýendigi herkese belli... Eger şular ýaly aşa öwgüli sözlere mynasyp ýene bir ýazyjy we eser bar bolsa, olam Firdöwsiniñ "Şanamasydyr". "Şanama" diñe ajam taryhy we edebiýaty babatda däl, eýsem dünýä edebiýaty üçinem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Munuñam üstesine awtory anyk belli bolan 60 müñ beýtlik poetiki epopeýadyr. Awtorynyñ kimligi belli bolansoñ "Manas", "Gilgameş", "Nibelungen", "Igoryñ polky hakynda kyssa", "Kalawela", "Ramaýana" ýaly epiki eserlerden tapawutlanýar. Daýhan maşgalada dünýä inen Abylkasym Firdöwsi X asyryñ soñky çärýeginde ýazyp başlap otuz ýylyñ dowamynda tamamlan bu eserini 300 ýyllap kese ýerli güýçleriñ tabynlygynda bolan Eýranyñ at-abraýyny dikeltmek bilen çäklenmändir, eser Eýranyñ milli buýsanjyna öwrülipdir. Şahyr eýranly we ajamly bolmagyñ aýratynlygyny biziñ eýýamymyzdan öñki asyrlardan toplap öz ýaşan döwri bilen baglanyşdyrypdyr. Häzir onda-munda "müñlerçe ýyla uzap gidýän eýran medeniýeti" diýen ýaly sözleri eşidýän bolsak, bu megerem Firdöwsiniñ "Şanamasy" saýasynda aýdylýan sözlerdir. "Şanama" üç bölümden ybarat. Birinji bölüm mifologik eýýamy öz içine alýar. Keýumersden başlap Feridunyñ orta çykan döwrüne çenli bu aralukda Eýran hökümdarlary diñe dünýäniñ hökmürowanlary bolman, şol bir wagtyñ özünde siwilizasiýany bina edijiler bolup çykyş edýär. Olar döwleri ýeñip tabynlyguna almak bilen birlikde persleri tümlükden çykaryp aýdyñlyga ýetirýär. • Taryhy çeşme bilen deñ derejede gymmatly eser Ikinji bölümde hökümdarlaryñ ornuny gahrymanlar alýar. Şonuñ üçin ikinji bölüme "Gahrymançylyk eýýamy" diýibem at berilýär. Eýran-Turan düşünjesine girişende, haýyr bilen şeriñ arasyndaky barlyşyksyz göreşiñ metaforasy hökmünde garaljak ikinji bölüm legendalardan eposlara geçiş aýratynlygyny özüne siñdiripdir. Karen, Bähram, Sam, Suhrap, Feramerz we bularyñ içinde iñ esasysy Rüstem ýaly adatdan daşary şahsyýetler ikinji bölümde çykyş edýär. Üçünji döwüre gelinende, Rüstem ölüp, taryhy döwürler başlaýar. Bähmandan, Humaýdan, Daradan, Isgenderden, eskanylardan we sasanylardan söz açylýar. Legendar hekaýatlar, adatdan daşary wakalar ortadan aýrylýar, real gahrymanlardan we real wakalardan düzülen taryhnama başlaýar. Belkäm şonuñ üçindir "Şanamany" diñe çeper eser däl, eýsem taryhy çeşme hasap edýänleriñ sany az däl. "Şanamanyñ" biziñ ýaşaýan geografiki giñişligimiziñ medeniýetine ýetiren täsiri pikir edişimizden has çuññurdyr. "Şanama" stil we mazmun taýdan özünden soñky ýazylan eserlere ýiti täsirini ýetiripdir. Epopeýa dil üsti bilenem nesilden nesile geçip gelipdir. Onda grek tragediýalaryndan tapawutly Eýrana mahsus, özboluşly milli we beýgeldiji hususyýetleriñ bolmagy dilden-dile geçip ýaýramagyna şert döredipdir. Ewliýa Çelebi Bursanyñ çaýhanalarynda "Şanamany" ýatdan okaýan şanamahanlaryñ (şanamaçylaryñ) bolandygyny ýazypdyr. Diwan şygryýetiniñ irki döwürlerinde şygyrlarda öwgüsi ýetirilýän şahslary "Şanamanyñ" gahrymanlaryna meñzetmek ýoñ bolupdyr. Bu gahrymanlaryñ we hekaýatlaryñ özboluşly aýratynlyklary taryhyñ dürli döwürlerinde jemgyýetleriñ arhetip ätiýaçlygyny üpjün edipdir. Aslynda gaty uzaga gidip oturmagyñ hajaty hem ýok. XX asyryñ Türkiýesinde-de tradision çarçuwada terbiýelenen çagalaryñ köpüsi garry eneleridir mamalaryndan diñlän gahrymançylykly hekaýatlarynyñ, Rüstemleriniñ, Keýkowuslarynyñ "Şanamadan" gelýändigine kämillik ýaşyna ýetensoñlar gowy düşünendirler. Şu makalany ilkibaşda "Şanamadan" gürrüñ berjek bolup däl-de, bu baradaky başga bir zady habar bermek üçin ýazyp başlapdym. Osmanly döwründe "Şanamanyñ" käbir nusgasy terjime edilip patyşalaryñ dykgatyna ýetirilipdi. Emma muny bilýärsiñizmi ýa bileñzok, ony bilemok welin, terjime edilmäge mynasypmy ýa dälmi diýilmän her bolar-bolmaz zadyñ türk diline geçirilen respublika döwründen bäri "Şanamanyñ" doly nusgasy ýakyn ýyllara çenli terjime edilmän gelindi. • El degmedik bölümler Hiç hili synanşyk bolmandyr diýseg-ä adalatsyzlyk bolar. Hawa, "Şanamany" terjime etmäge käbir synanşyklar bolupdyr, ýöne bularyñ hemmesi bölekleýin bolupdyr. Şonuñ üçin häzire çenli amala aşyrylmadyk işiñ hötdesinden gelendigi üçin "Kabaljy" ("Kabalcı") neşirýatyna we professor Nimet Ýyldyryma näçe minnetdarlyk bildirsegem az bolar. Olar illki ptofessor Nejaty Lugalyñ 1950-nji ýyllarda Bilim ministrligi tarapyndan 20 müñ beýtlik dört tomdan ybarat "Şanamasynyñ" üstüni doldular. Bir uly jiltde jemlenip çap edilen "Şanamanyñ" üstüni öñki neşire goşulman galan 4 müñ 483 beýtlik terjimesini hem getirip goşandygy üçin Lugalyñ maşgalasyna çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Bu ilkinji jildiñ neşir edilmeginiñ yzysüre Nimet Ýyldyrym basa oturyp heniz el degmedik 27 müñ 507 beýti terjime edipdir. Onuñ bu terjimesi "Şanama-2" ady bilen kitap dükanlarynyñ tekjesinde ýer alypdyr. Habarymyz munuñ bilenem gutaranok. Ady agzalan terjime eser Eýran Yslam respublikasy tarapyndan 2016-njy ýylda guralan we 2 müñ 500-den gowrak eseriñ gatnaşan XXIV "Ýylyñ kitaby" baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde segsen adamlyk ylmy toparyñ biragyzdan ses bermegi bilen "Ýylyñ iñ gowy on kitabyna" girdi. Ýagny pars dili we edebiýaty boýunça baş baýragy eýeledi. Nimet Ýyldyrym 2017-nji ýylyñ 8-nji fewralynda Tähranda guralan baýrak gowşuryş çäresinde bu baýragy Eýranyñ Prezidenti Hasan Ruhanynyñ hut öz elinden aldy. Nimet Ýyldyrymy we neşirýaty bu üstünligi bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Enşalla, bu gymmatly eser diñe edebiýat muşdaklarynyñ däl, hemme okyjylar köpçüliginiñ ünsüni çeker. Ibrahim ALTAÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |