10:11 Arçynyñ sözi | |
ARÇYNYÑ SÖZI
Goşgular
Il-halk bilen işleýänsiň, Bal dek bolgun –diýýäň, çykan. Bu sözüňe asla ýalan, Diýmez hiç kimem, hiç haçan! Süýji söze düşünýänler, Aýdanyň inkär etmezmiş. Ýöne söz täsir etmese, Taýak dagam eýgertmezmiş. Onsoň bal bolup ýöräýseň, Döküp-saçyp iýjegem bar. Boşadyp öz tabagyňy, Başyňa geýdirjegem bar. Garaz, köpçülik diýlen bi, Agy-da kän, garasam bar. Synasy sag, köpleriniň, Käsiniň tyg ýarasam bar. Herhal, bil-ä guşalandyr, Köpçülige ýaramaly. Öňüne düşen iliňi, Otdan, suwdan goramaly. 2021 ý. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |