ARTYK BABALYNYÑ EJE SAÝLAÝŞY
Türkmen kinosyny äleme ýaýan "Aýgytly ädim" filmi barada, ony döredenler barada kän ýazyldy. Aýdylmadyk zat galmady diýen ýaly. Menem üýtgeşik pikir pyşgyraryn öýdemok. Film aram-aram ýadyma düşüp dur. Ilki bilen göz önüme Artyk Babaly gelýär. Nämedenkä? Filmiñ baş gahrymanylygyndanmyka? Obrazyñ ajaýyplygyndanmyka? Baş gahrymanyñ roluny ýerine ýetirýäniñ öz obadaşymlygyndanmyka?
Babamyñ "Aýgytly ädimi-de", "Kärizgenleri-de", maña ýadygärlik ýazyp beren "Kärizgenler" kitaby-da ýüregime ýakyn, olardan türkmeniñ hakyky durmuşynyñ ysy gelip dur.
Baba Annan barada düýpli eserlerem kän ýazyldy. Wagty gelip meniñem tutumlyrak ýatlama ýazaýmagym mümkin. Ikimiz obadaşdyk. "Edebiýat we sungatda" işleýärkäm gazetde gidýän hekaýalaryny ilki okaýan mendim. Diýjek bolýan zadym ~ mende ýatlara zat ýeterlik. Häzirki ýazgym gysgajyk. Onuñ döremegine-de makalajygymyñ sözbaşysy sebäp boldy.
Geliñ, ilki bilen, "Aýgytly ädim" filmini göz öñüne getireliñ. Naýbaşy eser. Režissurasy-da, dramaturgiýasy-da, aýdym-sazy-da, operatoryñ işi-de, artistleriñ oýnaýşy-da biri-biri bilen sazlaşyp gidýär. Materialyñ özeni-de belli ýazyjynuñ meşhur eseri. Elbetde, filmde öz döwrüniñ ideologiýasyna ýaranmak meýli duýulýar. Ýöne onsuz mümkin däl. O döwürde islän zadyñy etdirenokdylar. Film XX asyryñ başlaryndaky türkmen durmuşynyñ ullakan bir epopeýasyny ýatladýar. "Artygyñ harmanyna dönderdiñ", "Hany Artyk Babalynyñ ejesi ýaly eje barmy?", "It itdir-dä, ursanam bor, aldasañam"... ýaly sözleriñ il içinde ýörgünli bolup gitmegi bolsa filmiñ näderejediginden habar berýär.
Indi Artygyñ ejesiniñ obrazyny ýatlalyñ. Onda ýasamalykdan nam-nyşan ýok. Onuñ Artygyñ öñünden çykyp: "Eger gitseň, beren süýdümden razy dädirin" diýşini, şondan soñam Artygyñ hereketini synlanyñda depe saçyñ düýrügip gidýär. Iki sany artist tomaşaçynyñ añyny kalbyna düýrläp, filmiñ arasyna alyp gidýär.
Islendik epizody jüpüne düşürmek ussatlykdan habar berýär. Umuman filmiñ režissýory Alty Garlyýew "Aýgytly ädimde" artistler kökenini düzüp bilipdir. Laýyk obrazar hemişe başa barybam duraýanok. Tomaşaçynyñ filmdäki rollara artist saýlanyp-saýlanyp kösenilýäninden, munuñ üçin režissýoryñ ýüregini agyrdýanyndan habary ýok. Oña gowy film gerek. Galan zat bilen işi ýok. Galan zady filmiñ awtorlary oñarmaly.
Ýadyñyzda bolsa, "Aýgytly ädimde" ýene bir täsin epizod bardyr. Şonda Artyk bilen Aýnanyñ yzyny çalyp barýan Pökgi wala yzyñ üstünden düşüp, nakys gülküsini edip, naskädisini agzyna kakanda filme tomaşa edip oturan bir gartaşan rus zenany durup bilmän: "Вот байская собака!" diýip, içki tolgunjyny daşyna çykarypdy.
Filmdäki aýry-aýry pursatlary ýöne ýere nekirtlämok. Režissýor gerekli artisti saýlap bilende film kämilligiñ çür depesine ýetmek bilen.
Tomaşaçylaryñam, biziñem filmiñ surata düşürilýän, artist saýlanylýan ýagdaýlaryna beletçiligimiz ýok. Ýöne bu işleriñ iññe bilen guýy gazan ýalydygyna welin gözümiz ýetip dur.
■ Artyk Babaly özüne nädip eje saýlady?
Ýogsa-da, Artyk Babaly özüne nädip eje saýlady? Aslynda näme üçin Alty Garlynyñ özi Artyk Babalynyñ ejesiniñ rolunda oýnajak artisti özi saýlaman, öñürti Baba Annana geñeşdikä? Bu syrlygyna galýar. Belki, režissýor şol wagtlar ýaş Babanyñ duýgurlygyny barlamak isländir? Iki pikiriñ bir pikirden gowulygy üçin şeýdendir? Belki-de, keýpi tutup şeýdendir? Muny biz hiç haçan takyklap bilmeris. Sebäbi indi aramyzda Alty Garlam ýok, Baba Annanam, Artygyñ ejesinin roluna dalaş eden aktrisalaram.
Alty Garly bilen Baba Annan "ejelerini" elekden geçirilensoñlar ikiçäk galýar. Üç aktrsiadan birini saýlamalydy. Olaryñ üçüsi-dd meşhur aktrisady.
- Pylany señ ejeñ bolup bilermi? - diýip, Alty Garly Babadan sorapdyr.
Baba biraz böwrüni diñläp:
- Aý, ýok, onuñ gözleri ogryñky ýaly oýnaklap dur - diýip, artist aýdypdyr.
- Onda pylany nähili?
- Olam däl... Oña lolynyñ roluny oýnatsañ.
Şeýdip, Baba Annan üçünji aktrisany ~ Ogulgurban Durdyýewany saýlapdyr. Şonda režissýor Babanyñ arkasyna kakyp:
- Bolsa-da eje-hä saýlap bildiñ! - diýipdir.
Baba Annanyñ "Aýgytly ädimde" eje saýlaýşynyñ taryhy, ine, şeýleräk. Elbetde, şu wakanyñ gahrymanlary aýatda diri gezip ýörenliginse muny aýdyp oturmak gelşiksizräk bolardy. Muny gürrüñ beren Baba pahyram, näme üçindir, gazetde ýazmak hökman däl diýipdi.
Bu gyzykly pursaty ýatlamak bilen okyjylara belli bir rol üçin artist ýa-da aktrisa saýlamagyñ nähili hupbatlydygyny düşündirmek isledim. Alty Garly hem öz duýgusyna kepil geçmek üçin şu meselede Baba Annana sala salan bolmaly. Nähili bolanlygynda-da onuñ ullakan ähmiýeti ýok. Iñ esasy filmde enäniñ ajaýyp obrazy döredildi. Ol kän gürläbem baranok. Diñe hereketleri, içki dünýäsiniñ çuññurlygy bilen tomaşaçynyñ kalbynyñ näzik tarlaryny oýandyrmagy başarýar.
Başda aýdyşym ýaly, "Aýgytly ädimdäki" rollaryñ galapyny şeýleräk. Diñe Artygyñ obrazy nämä degenok! Belki, şonuñ üçindir, üstünden nijeme ýyl geçse-de, "Aýgytly ädimi" görüp-görüp ýadamzok.
Baba Annanyñ bir mahalky beren şujagaz gürrüñi meni şeýleräk ýatlamalara atardy. Hernä atlary agzalan-u-agzalmadyk bendeleriñ ruhy ynjalyk tapawersin.
Çary GELDIMYRADOW.
Teatr we kino sungaty