23:27 Arwah gelýän gijesi -2 / dowamy | |
*** Çarşenbäniň güni batyp, anna gününiň aň iňrigi ýaňy bir töwerege süýt reňkini çaýyp ugrundan Gülälek böwrüne dürtülen ýaly bolup, tisginip oýandy. Ol özünde ysgynsyzlyk duýdy. Ýüregi bir zat syzýan ýaly, jigläp durdy. Onda-da ünsüni başga ýana sowjak bolup, daşarynyň ol-bi işine güýmendi. Çäýnek-käseleri ýuwdy. Töwerege sübse çaldy. Gyzyň daň bilen düňküldäp ýörşi öýdäkileriň-de barynyň ýüregine dowul saldy. Hemmeler oýanyp, daşaryk çykdylar. Gapydaky tagta sekiniň üstünde ýatan Aýjahan daýza Gülälege gep goşdy: — Balam, namaz wagtyndan-da ir oýanypsyň-la sen?! Gülälek ýürek syryny ýene bukup saklady: — Ukym tutmady-da, turaýdym. Özi geplemänsoň, gyza artykmaç sowal bilen azar-da berip durmadylar. Hudaýýoly çörek kesmek üçin Güljeren çaý hem içmän, hamyr ýugurdy. Aýjahan daýza namazyny okansoň, Öweziň getiren ýüzärliklerinden gysym-gysym edip, boguşdyrdy. Soň olary Öweze berdi: — Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabsalaryndan-da as. Üzüm dalbarlaryna bagla. Aşhananyň, hammamyň-da äpişge-gapylaryna daňyp goý. Her ýüzärligiň gapdalyna-da ýüpek daň-da, sogan asyşdyr. Öwez diýlenini etdi. Güljeren bilen Aýjahan daýza bir tamdyr çörek bişirip, hudaý ýoluna çörek paýladylar. Gün ikindä sananda mazaly ýag ysyny çykaryp, tüwi atardylar. — Irgözinden molla-da çagyryp geläýsemmikäm? — diýip, Aýjahan daýza nähilidir bir abanyp gelýän howpy syzýan ýaly, gokuly gepledi. — Entek göreli. Belki, hiç zat bolmaz — diýip, Güljeren gaýynenesini köşeşdirdi. Gaýynenesine şeý diýse-de, onuň özi-de aladadan gagşaýardy. Tüwi bişensoň, Aýjahan daýza goňşy-golama nahar eltip, ys dadyryp çykdy. Soň özlerine-de guýnup, saçak başyna geçdiler. Mydama edişleri ýaly, Öweze aýratyn jama guýdular. Güljeren, Gülälek, Aýjahan daýza üçüsem bir tabagyň başyna geçdiler. Heniz jama el uzadylmandy. Günbatarda gün eňek atyp, gyzyl şöhlesini kiçeldip ugrapdy. Ertirden bäri gyzyp, adamlaryň eňkini agdyran howur birneme kiparlap başlapdy. — Alyň onda, iýiberiň. Bisimilla — diýdi-de, Aýjahan daýza öýüň ýaşulusy hökmünde nahara başlamaga rugsat berdi. Hemmeleriň eli nahara uzady. Öwez dört barmagynyň üstüne tüwi hem mündürip ýetişdi. Ýöne hiç kim agzyna duz salyp ýetişmedi. Edil şol halat guýynyň içinden gelýän ýaly bolup, Gülälelegiň gulagyna geçen annadaky tanyş ses eşidildi: — Güläle-ýek! Güläle-ýek! Gyz sese tisginip gitdi-de, jama uzan elini dessine yzyna çekip aldy. Töweregine ýaltaklady. Gygyryp, sese ses berdi: — Hä?! Öweziň eline alan tüwüsi jama gaçdy. Güljeren elini nahardan çaltlyk bilen çekip alyp, aglamjyrady: — Ana! Ýene başlandy! Aýjahan daýza tüwä ýeten elini yza-da çekip bilmedi, eline tüwi-de alyp bilmedi. Misli, doňan ýaly bolup, Gülälegiň ýüzüne tiňkesini dikdi galdy. — Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?! — Öňki gyzyl köýnegimi tikip boldum! — diýip, Gülälek oturan ýerinden sese jogap berdi. — Ertir ýene birini başlajak! — Häzir başla! Ertir başlama! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. —Bol, häzir başla! — Naharymy iýeýin-dä. Ajykdym men! — Gülälek ýalbaryjy gepledi. — Soň başlaýaýyn?! — Iýme! — diýip, ses rehimsiz gygyrdy. — Menem sen sebäpli nahar iýmän ýörün. Senem iýme. — Men sebäpli?! — Gülälek eşiden gepine haýran galyp, pikire çümdi. — Men hiç kimi nahardan goýamok. Sen meni biri bilen çalyşýan bolaýma?! Ses gaharlandy: — Gepiňi köpeltme! Maňa seniň düşündirişiň gerek däl. Ilki bilen öýüňizden asan ajy ysly zatlaryňyzy aýyr. Men olaryň ysyna çydamok. Ol yslar meniň ýoluma böwet bolýa. Soň bolsa, täze köýnegiňi tikip başla! Gülälegiň näler sesiň garşysyna gidesi gelýärdi. Onuň hiç bir diýenini etmek islänokdy. Ýöne ähli zat erksiz bolýardy. Gyz öz erkine hereket edip bilenokdy. Özi duýmazdan, sese tabyn bolup barýardy... — Bolýa! — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek saçaga elini süpürip, ýerinden turdy. Ejesi-kakasy, enesi ony doňňara daşa dönüp synlaýardylar. Oňa näme diýjeklerinem bilenokdylar. Gülälek elini krantdan sabynlap ýuwdy. Soň gapynyň eltutaryna gysdyrylyp goýlan plotensa mazaly süpürdi. Şondan soň kakasynyň asyp goýan sogandyr ýüzärlikleriniň barynyň ýüpüni üzüp, ýere zyňyp ugrady. Gülälegiň bu bolşuna Aýjahan daýza özüne gelen ýaly boldy. Ol hem saçaga elini süpürip, çalt töwirini galdyrdy. Güljeren bilen Öwezem oňa eýerdiler. Aýjahan daýza Öweze: — Çalt git-de, Pälwan mollany çagyryp gel! — diýip, tabşyrdy. Özi bolsa Gülälegiň ýanyna bardy. — Gülälek jan, aýyrma bu zatlary! Bular seni al-arwahdan goraýar-a! — Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä taşla! Gülälek geplemän, elindäki bir bogy ýüzärlik bilen Aýjahan daýzanyň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi. Aýjahan daýza iki eli bilen ýüzüni tutup, yza tesdi: — Bu gyzy hakyt al-arwah eýeläpdir. Öwez mollanyň ugruna gitdi. Güljeren saçak-suprany ýygnady. — Näzik daýzanam çagyraýynmy? — diýip, gaýynenesine sala saldy. — Çagyrasyň gelse, çagyraý! — diýip, Aýjahan daýza gamgyn gepledi. — Muňa Näzik näme eder öýdýäň?! Güljeren ylgap gidip, Näzik daýzany yzyna tirkäp geldi. Bu wagt Gülälek ähli ýüzärlikdir asylan soganlary ýygnap, olary gömmek üçin pil alyp, çukur gazýardy. Üzüm dalbarlaryndaky ýüzärlikleri eli ýetmäneligi sebäpli, oturgyja münüp alyşdyrdy. Aýjahan daýza Näzik daýzany aglap garşylady: — Näzik, bu gyz-a ýene başlandyr... Gülälegiň bolup durşuny görüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigledi. Bu wagt onuň kalbynda bir zatdan kanagatlanma duýgusyna meňzeş duýgu-da döreýärdi. Ol duýgy enäniň ýüregini ezip, agysyny tutdurýardy. Özem bir ýakyn hossara duşup, der aýdyp aglanylýan agyny. Näzik daýza öň Gülälegiň öz kakasynyň gözüne iňňe sokjak bolanyny ýatlap, «Birden elindäki pil bilen meniňem maňlaýymy ýaraýmasyn» diýen gorka gaplandy-da, gyzdan uzak aralykda badyny saklady. Oňa gep goşdy: — Gülälek jan! Ol zatlary ýere gömmesene. Gereg-ä olaryň bary. Ýokardan asylanyny halamasaňam, ýygnap, goý bir ýerde. Soganlar-a nahara atmaga gerek. Ýüzärliklerem tütetseň, derdiňe em bolar! — Piliňi taşla-da, ýanyna baryp, ol daýzanyň saçlaryny, ýüzüni sypa! — diýip, ses Gülälege buýruk bermegini dowam etdi. — Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl. Sen erbet adam! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar! Sesden eşiden bu sözleri Gülälegiň ýüregini aşak gaçyrdy. Ol iki eli bilen ýüzüni tutup, aglamjyrady: — Ölüm pelläm? — Öz ömrüniň paýawlanyny eşitmek gyza agyr degdi. Beý diýme maňa! Entek meniň ýaşasym gelýä! Ses gyzyň zarynlamasyna üns bermän, buýrugyny gaýtalady. — Ol daýzanyň ýanyna bar-da, onuň saçlaryny, ýüzüni sypa! Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar. Gülälek diýlenini edip, Näzik daýzanyň ýanyna bardy. Onuň saçlaryny, ýüzüni sypady. — Meniň derdime hiç zat em bolmaly däl, Näzik daýza! — diýip, gamgyn gepledi. — Men erbet adam. Ejesidir enesini gynandyrmajak bolup, gyz sözleriniň baryny soňuna çenli aýtman goýdy. Gyzyň öz ýüz-gözüni, saçlaryny sypaşdyrmasyny Näzik daýzanyň ýüregi höpledi. Oňa näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. — Kakasynyň gözüne iňňe sokjan bolan bolsa, ejesini uran bolsa, munuň jyny bize düşüpdir — diýip, Aýjahan daýza agtygynyň bolşundan netije çykardy. — Ýaňy ýüzärlik bilen menem urdy bi. Ýerden ýuwaş çagady. Ýerden ses çyksa-da, mundan çykmazdy. Muňa beýle dälilik nireden ýolukdyka, Näzik?! — Aýjahan daýza soňra Näzik daýza delmuryp bakdy. — Seret, seni welin sypap dur. Näzik daýza bu gopýan ahwalata baha bererden özüniň ejizdigini duýdurdy: — Wah, goňşy, men-ä saňa näme diýjegimi bilýän däldirin! — Sözleriňi doly aýt! — diýip, ses Gülälegiň gulagyny gazap başlady. Indi ol birneme ýakyndan eşidilýärdi. Gün mazaly ýere girip, gijäniň garaňkylygy töwerege goýulyk guýup ugrapdy. — Aýtjakgä! — diýip, bu sapar Gülälek sesiň garşysyna gaýtdy. —Ejem gynanar. Öldürseň, öldüriber! Ölen çagym görerler ölmelidigimi! — Gynansa gynansyn ejeň! Senem meň ejemi gynandyrdyň! — diýip, ses gahanrlandy. — Aýt sözüň yzyny! — Aýtman! — diýip, Gülälek bekine tutdy. — Men senem tanamok. Seniň ejeňem. Men dünýä inip, hiç kime ýamanlyk edemok. Hat-da garynjanam öldürip göremok men! Ses Gülälegiň özüni aklamasyna pitwa bermedi-de, gaharlanmasyny dowam etdi. Gülälek bogulýan ýaly boldy. Bokurdagyny tutup, ögäp başlady. Demi tutulyp, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Daşdan synlaýan üçin onuň bolşy öz-öüzni bogýana çalym edýärdi. Aslynda weliin, gyz özüne žem bermeýän nämedir bir zady aýyrmak üçin ellerini bokurdagynyň daşynda aýlaýardy. — Waý, munuň işi gaýtdy! — Güljeren çirkin gygyrdy. — Bu gyz öz-özüni bogup dur-a! Duranlaryň bary gyza hemaýata ylgadylar. Onuň ellerini bokurdagyndan aýyrmaga synanyşdylar. — Gülälek, aýyr elleriňi bokurdagyňdan! Sen öz-özüňi bogýaň-a! —diýip, Näzik daýza-da gyza gygyrdy. Gülälek olary itdi: — Aýrylyň! Siz maňa päsgel berýäňiz! Men öz-özümi bogamok! Men özümi bogýan eli aýyrjak bolýan! Güljeren bilen Aýjahan daýza yza tesdi. — Munuň gözüne bir zat görünýän ýaly — diýip, Aýjahan daýza gorky bilen gepledi. — Bokurdagynyň daşyndan el görünýämikä? Biz-ä görünýän zat ýok. Güljeren alaçsyz halda özüni ýere goýberdi. Ol indi näme ežtjeginem bilenokdy. Aglajagynam bilmedi, gygyrjagynam. Gyzyna hemaýata barasy gelýärdi. Ýöne «Päsgel bermäň!» diýip, gygyryp duran gyzyň ýanyna ýene barmaga-da ýaýdandy. — Munuň akyl-a ýerinde ýalam! — diýip, Güljeren gyzynyň geplerinden netije çykardy. — «Aýrylyň, päsgel berýäňiz» diýip dur-a ol. Bi biri bilen-ä gidişýä! Aýjahan daýza maňlaýyna urdy: — Wah, gidişenem gursun şunuň, gidişmedigem. — Aýryl, Näzik onuň ýanyndan! — diýip, Aýjahan daýza henizem Gülälegiň bokurdagyndan ellerini aýyrjak bolup dyrjaşýan Näzik daýzany-da çekdi. — Gaýt hany ýanyndan, göreli! Munuň soňy näme bolýa?! Näzik daýza-da Gülälekden çete çekildi. — Aýt! Aýt! Ölmelidigini aýt! — diýip, ses Gülälegiň gulagyny deşäýjek bolup gygyrdy. — Aýtman! Aýtman! — diýip, gaýtalady-da, Gülälek demi tutulmadan özünden gidip ýykyldy. — Ine, ýene öňki ýaly boldy! — diýip, Güljeren aglap, ýene gyzyna kömege ylgady. Näzik daýza bilen Aýjahan daýza-da oňa hemaýat berdiler. Içerini yssy görüp, Gülälegi agaç sekide ýatyrdylar. Näzik daýza ylgaşlap, Gülälegiň gömmek üçin üýşürip goýan soganlaryndan birini alyp, onuň daşlaryny elleri bilen sypyryşdyrdy-da, gyzyň agyz-burnunyň daşlaryna çalyşdyrdy. Sogany elinde mynjyradyp, suwuny çykardy. Suwundan Gülälegiň boýunlaryna-da çaldy. Gülälek iňňildäp, özüne geldi. Başyna düşen ahwalata çydaman, aglady. — Bizar boldum men mundan! Çydamok indi... Aýjahan daýza agtygynyň ýüz-gözüni sypaşdyrdy: — Sen kim bilen gepleşýäň, guzym? Aýdaý maňa! Kim ol seni bizar edýän haramzada?! Ýeriň teýinden çykmaz ýaly edeýin men şony! Göze görünmeýän bela bilen gidişmeden Gülälek eýýäm ýadady. Ýöne ol hakda enesine-de aýtjagynam bilmedi, aýtmajagynam. Onýança gulagyna ýene öňki tanyş ses eşidilip ugrady. — Güläle-ýek! — diýip, ses gygyrandan, gyz ýerinden ýeňillik bilen turdy. — Ýüzüňdäki, boýnuňdaky sogan yslaryny ýuw, Gülälek. Entek ikimiziň gürrüňimiz kän-ä! — Bolýa! — diýip, gulagasyjylyk bilen turdy-da, Gülälek krantdan el-ýüzüni, boýunlaryny sabynlap ýuwdy. — Bagtym ýatdy! Bu gyz hakyt dälireýä! — diýip, Güljeren içi-içine sygman, aglap başlady. Aýjahan daýza-da gözlerine ýaş aýlady. Ýüregi hernäçe agyryp duran-da bolsa, ol gelni ýaly möňňürmän saklandy. Näzik daýza goňşularyna birsyhly göwünlik berdi: — Niýetiňizi gowa tutuň. Molla birki hepde okar welin, açylar gider. Häzirem azar bermäň oňa. Näme edýänine syn ediň-de, oturyň. Sizem bir ýandan çekeleseňiz, öňküdenem aňkasyny aşyrýaňyz onuň! Güljeren bilen Aýjahan daýza Näzik daýzanyň diýenine gulak asdylar. Arkalaryny üzüm dalbaly üçin dikilen sütünlere berip, özlerini ýere goýberdiler. Aýjahan daýza mertlige salyp köşeşse-de, Güljeren welin gözýaş dökmesini goýup bilenokdy. Özi sessiz otursa-da, ýaş damjalary onuň ýaňaklaryndan yzy üzülmän syrygyp durdy. — Indi ýüzärlikler bilen soganlary ýere göm — diýip, şol arada ses Gülälege tabşyryk berdi. — Ýa-da köçä taşla! Gülälek ýer dörüp durmagy kyn görüp, ýüzärlikler bilen soganlary etegine salyp, köçä daşamaga durdy. — Ne gözel soganlar. Bulary nahara atsaňam boljak ahbeti, Gülälek jan — diýip, ejesi Gülälegiň öňüne badalga bolup, onuň etegindäki soganlary almaga synanyşdy. — Getir, men bulary öňküje ýerinde goýaýyn. Ýüzärliklerem görmek islemeýän bolsaň, kümä salaýaryn. — Ol aýalyň ýüzüne ur-da, işiň bilen bol — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. Gülälek ejesiniň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi-de, ýüzärlikdir soganlary köçä äkitmegini dowam etdi. — Heý, toba-a! — diýip, agtygynyň bu bolşuny gören Aýjahan daýza ýakasyny towlap tutdy. — Bu gyza bir döw-ä çaldy. Näzik daýza-da öwran-öwran toba etdi. Güljeren ýeke çagasynyň başyna düşen işe tap getirmän, aňkasy aşana döndi. Birden-ä göz owalaryny ýaşa dolduryp, Gülälek nirä ýörese, bile ýöredi, birdenem, ýene oturyp, gözýaş dökdi. Gülälegiň köçä sogandyr ýüzärlik daşap ýörenini görüp, Aýnabat daýza-da ýakasyny tutup geldi. Ol her kimiň ýüzüne gözlerini elek-çelek edip seredensoň, pyşyrdy bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Aýjahan daýza Aýnabat goňşusyny görende öňki mertligini saklap bilmedi. Hossar tapynan ýetim çaga ýaly, möňňürip goýberdi: — Gurgundyrys-la, goňşy, geleweri, goňşy. Başymyza düşen işi bir synla sen! Bu gyz-a hakyt däliredi!.. — Hudaý bardyr, düzeler — diýip, Aýnabat daýza-da goňşularyna mylakatly sözüni gaýgyrmady. — Mert bol, Aýjahan. Güljeren, senem mert bol, gelin. Başa gelenini çekmeseň bolmaz! — Çekmäňde nä alaç edersiň! — diýip, Güljeren birsyhly aglady. —»El bilen düzedip bolmaýa» diýilýän zatlar şü — diýip, Näzik daýza pyşyrdady. — Indi, näme bolsa-da, Allanyň etjek işine garaşmadan başga çäre ýok. Ýöne hudaý janyň özi gowusyny etsin! Soganlary hem ýüzärlikleri köçä daşap bolansoň, Gülälek ýene sabynlap el-ýüzüni ýuwdy. Plotensa alyp, süpürindi. — Indi täze köýnegiňi tikip başla — diýip, ses Gülälege etmeli işini salgy berdi. — Bolýa — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek aglap oturan ejesine ýüzlendi. — Eje, maňa sandykdan bir mata alyp ber. Täze köýnek biçinjek. Gülälegiň sözüne hemmeler içini çekdi. Ýerli-ýerden Gülälege nesihat etdiler: — Gülälek jan, anna agşamam bir köýnek biçip bolarmy?! Anna agşamy köýnegi biçmeg-ä beýlede dursun, tikmelem däldir! — Köýnegi çarşenbe bilen şenbede biçmeli, Gülälek! Özünem agşam däl-de, gündiz bimçeli. — Oňarsaň, anna agşamy hiç bir iş etmeli däl. Diňe iýip-içip, aýat-töwir bilen oturmaly! — Gelnaljyň gelip barýamy şu wagt köýnek biçineriň ýaly! — Bol çalt! Bol! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna çirkin gygyrdy. Gülälek hem ýüregiňi ýaryp barýan çirkin ses bilen ejesine gygyrdy: — Bol çalt! Men howlugýan! Gyzyň sesi hemmeleriň inini dyglatdy. — Diýenini et, häzir gaňyrşyna gaýdyp, gaharyny getirme! — diýip Aýjahan daýza Güljerene ýüzlendi. — Görýäň-ä onda erk ýoguny! Güljeren aglamjyrap, içerik ýöneldi: — Bagtym ýatdy, bagtym! Garamaňlaýy bolmasam, bu gyzy dünýä inderermidim men! Gülälek ejesiniň yzyna düşdi. Näzik daýza dagam onuň bilen bile getirdiler. Güljeren sandykly jaýyna baryp, çyrany ýakdy. Eýýäm otaglar mazaly garaňkyrapdy. Soň sandygyň üstüne basylan ýüki düşürdi. Saçbagyna dakylan açary bilen öňi owadan nagyşly demir sandygynyň gulpuny ýazdyrdy. Soň gapagyny galdyryp, birküç sany mataly düwünçek çykardy. Düwünçekleri öňüne oklady: — Al, balam, şu matalardan isläniňi saýlap al. Bularyň baryny seniň toýuňa niýetläp alyp goýupdym. — Şeý diýensoň, Güljeren ýene gepiniň yzyny aga ýazdyrdy. — Görýän welin, toýa buýurjak däl öýdýän bular... — Goýaweri — diýşip, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Güljerene göwünlik berdiler. — Ine, görersiň, ähli zat gül ýaly bolup gider. Gülälek düwünçekleriň üçüsinem çözdi. Ondaky matalaryň bary owadandy. Gyzyl, ýaşyl, gök, mawy reňkli parçalar çyranyň ýagtysyna öwşün atýardylar. Owadanlygy bilen gözüňi deşip barýardylar. Olar Gülälek üçinem owadandy. Özüne galsa, Gülälek olaryň hemmesinem tikinjekdi. Gyz matalary işdämenlik eline alyp, olary ýeke-ýekeden sypaşdyrmaga durdy. — Ony taşla, ol saňa gelişmez! — diýip, ses Gülälek haýsy matany ellese, gulagyna çawuş çakdy. Gülälek biygtyýar halda oňa gulak asýardy. — Bular gowy däl, bular maňa gelişmez! — diýp, ol birnäçe matany ejesiniň aýak aşagyna taşlady. — Hih, — diýp, Güljeren nädip içini çekenini duýman galdy. —Bular-a iň gowy matalar, Gülälek jan. Bulary näçe pul döküp aladanymy bir bilsediň sen! Näzik daýza Güljereniň köýneginden çekip, pyşyrdady: — Zat diýme! Aýjahan daýza Güljerene azgyryldy: — Näçe gezek aýdyl-da saňa, şoň gaňyrşyna gaýtma diýlip, diýlenini edäý indi! Güljeren birsyhly dökülýän gözýaşlaryny süpürip, çete süýşdi. Gülälek ýene ençeme matany elledi. Haýsy matany ellese, gulagyna: — Ol saňa gelişmez! Taşla! — diýen ses geldi. «Maňa gelişmeýä» diýip, taşlaşdyryp, Gülälek düwünçeklerdäki matalaryň barynyň soňuna çykdy. Otuz-kyrka golaý matanyň birinem biçinmek islemedi. Öýüň içi gyzyl-ala ýüpek parçalardan ýaýyn boldy. — Heý, toba-a! Heý! tob-a! — diýşip, bu ahwalata syn salyp oturyşlaryna Näzik daýza dagy ýakalaryny ebşitläp-ebşitläp tutýardylar. — Öwezem gelmän geçdi-le. Guýa gaçdymyka ol?! — diýip, Aýjahan daýza gün ýaşamanka mollanyň gözlegine giden ogluna öz ýanyndan igendi. —Oturandyr baran ýerinde düşegini ýumşadyp. Wagtynda depmenäýmel-ä! — Saňa ak biýz mata gowy gelşer! Biýz tap! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. — Eje, maňa biýz tapyp ber! — diýip, Gülälek sesiň tabşyrygyny ejesine ýetirdi. — Maňa biýzden köýnek gowy gelşer! Gyzyň sözleri ýene hemmäniň endamyny daglatdy. Oturanlar gözlerini elek-çelek edişip, biri-birlerine nazarlaryny dikdiler. Hernäçe: «Gaňyrşyna gaýtma, gepleme» diýlip, tabşyrylyp durlandygyna seretmezden, Güljeren maňlaýyny pola ýazylan gülli halylara urup-urup, dat etdi: — Waý, bu gyz özüne kepen biçinjek bolýa, doganlar! Waý, ýeke çagam elimden gitjek bolýa meniň! Garrylar: — Toba et! Toba et! — diýşip, Güljerene göwünlik berdiler. Göwünlik berselerem, Gülälegiň bolşuna olaryň öz ýüreklerem ýerinden gozganýardy. — Basym bol! — diýip, gaharly ses Gülälege birsyhly howlukdyrdy. Gülälek ejesini gyssady: — Basym bol, eje! Janym çykyp barýa meniň. Howlugýan men. Güljeren ýükleriň üstünde goýlan düwünçekden bir topbak biýz matany çykaryp, Gülälegiň öňüne oklady. Ýene agyly gepledi: — Bukjaňa atjak aýak geýimleriňi taslamaga diýip alypdym bu biýzleri. Mundan köýnek tikinmeli bolduň-ow sen, gyzym! Gülälek gaýçy getirip, biýziň epinini çöşledi. Ony garşylap ugrady. Alty garyş bir sere ölçäp, kesmäge çemlendi. — Bu ölçäniň saňa gysga bolar — diýip, ses nägile duýduryş berdi. — Men ähli köýneklerimem şeýle ölçegde biçinýän — diýip, Gülälek düşündirdi. — Mundan uzyn bolsa, ýere süýrenip, hapa bolar. — Ýere süýrenmez! — Ses gamgyn eşidildi. — Sen bu köýnegi geýeňde ýeriňden turmarsyň. Sen ony ýatyrkaň geýersiň. Has dogrusy, saňa ony geýdirerler. Sen bu köýnegiňi şeýle uzynlykda biç. Ol seniň aýaklaryňam ýapmaly, kelläňi-de. — Bolýa — diýdi-de, Gülälek matany ýerde uzynlygyna ýazdy. Özi onuň üstünde süýndi. Soňra ejesine ýüzlendi. — Eje, kömekleş. Şuny kelläm, aýaklarym bilen ýapylar ýaly uzynlykda ölçe! Güljeren aglap, çete gaçdy: — Waý, ölçejek däl, elim baranok. Öz çagamyň kepenini biçjek däl men. Ölsemem biçmen! Gülälek enesine nazar dikdi: — Ene, sen kömek edäýsene! Boýy ýeten agtygynyň synasyna laýyklap biýz kesmäge Aýjahan daýzanyň-da ýüregi etmedi. — Balam, çem gelen ýerinden ýyrtaýsana — diýdi-de, Aýjahan daýza-da Gülälege biýz ölçeşmäge kömek etmedi. — Bol çalt! — diýip, ses Gülälegi howlukdyrdy. Gülälek Näzik daýza bilen Aýnabat daýzanyň ýüzüne delmuryp bakdy: — Näzik daýza, Aýnbata daýza, siziň biriňiz kömek edýäseňiz-läň! Eger gyza birden bir zat bolaýsa, yrymy biýz ölçelmesine syrykdyryp, goňşularyň özlerinden gaty görmeginiň mümkindigi hakda oýlanan Aýnabat daýza bilen Näzik daýza-da Gülälege kömek etmediler. — Tur, gyzym, beýdip ýatma. Aýyp bor — diýip, Näzik daýza onuň elinden çekip galdyrdy. Gaçyran ýaglygyny kellesine daňdy. — Ölçeme-de şol biýzi, biçme-de. — Biçmesem, bolanog-a, Näzik daýza — diýip, Gülälek zarynlady. — Ol meni günüme goýanog-a. Diýenini etmesem, bogup başlar. Gülälegiň özi duýmazdan, özüne näme bolýanyny aýdyp goýbermesine hemmeler üşerilişdiler. Aýratyn-da Aýjahan daýza bilen Güljeren gyza gulak gerdi. Indi gyzyň bu edýän işlerini öz erkine etmeýänine olar göz ýetirdiler. Gyzy öz erkine goýmaýanyň nämedigini, kimdigini bilmek gerekdi. Gyza bu sowaly bermek Näzik daýzanyň-da aňynda bardy. Ol ýüregindäki sowaly Gülälege gönükdirdi: — Kim ol, gyzym? Kim? Kim seni bogýar? Gülälek gaýgyly halda uludan dem aldy: — Bilemok... Men ony göremok. Sesini welin eşidýän... — Gepläp güýmenme, bol! — diýip, ses ýene Gülälegi howlukdyrdy. —Hiç kim kömek etmese, özüň ölçe. Sen eýýäm tikip başlamalydyň ony! Gülälek Näzik daýzadan ünsüni sowup, ýene sese gulak gabartdy. — Bolýa, häzir — diýip, oňa jogap berdi. Biýz matanyň üstünde durdy-da, onuň bir ujuny kellesiniň üsti bilen aýlap, öňünden goýberdi. Matanyň ýere ýeten ýerinden ýene aýaklary bilen basdy. Şeýdip, dik duran ýerinden özi boýunyň ölçegini aldy. Matany kesdi. Soň ýeň-ýan kesmäge çemlendi. — Ýeň-ýan gerek däl — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. Indiki etmeli işleri hakda görkezme berdi. — Kelle çykarmaga ýaka orny-da gerek däl. Nagyşlap bolansoň, ony halta ýaly edip tikersiň. Häzir bolsa deň iki eple-de, ortasyndan nagyşlap başla. Döşüň däl-de, ýüzüň üstüne düşjek ýerlerini nagyşla. Şol ýere tahýa nagyşyny sal. Gülälek diýen edijilik bilen iňňe-sapakly düwünçgini alyp, bir çüňke bardy-da, elindäki biýziň nagyş ornuny kesmäge oturdy. Şol wagt Näzik daýzanyň maňlaý saçy ýene sypalanan ýaly boldy. Näzik daýza saçy däl-de, ýüregi sypalanan dek, täsin duýgyny başyndan geçirdi. Ýüregini näzijek çaga eli sypaýan ýaly boldy. — Waý-ýeý — diýdi-de, ol özüni eýelän geň duýga tisginip, çete geçdi. Aýjahan daýza ýüzlendi. — A gyz, Aýjahan, dogrudanam, siziň öýüňizde bir zad-a bar. Häzir ýene meniň saçym sapalanan ýaly boldy. Geçen anna-da kimdir biri meniň saçymy sypap goýberen ýaly bolupdy. Aýjahan daýza gözlerini petretdi, Näzik daýza seretdi. Geplemedem. Ol gözüniň alnynda bolup geçýän bu alamatlary synlap, aňkasy aşana dönüpdi. Daşardan erkek kişileriň hüňňürdisi eşidildi. Öweziň sesi geldi: — Eje! Güljeren atylyp, Öweziň öňünden çykdy-da, dat edip, aglamaga durdy: — Öwez! Işimiz gaýtdy! Gyzyň hakyt, özüne kepen biçindi! Bu sözlere Öweziň endamy dyglap gitdi. Ol aýalyna azgyryldy: — Goý-aýt gepiňi, pedernenälet! Agzyňdakyny gara ýel kaksyn! Öweziň ýanynda duran molla ýaşuluny bu wagt Güljeren seljerenokdy. Gyzynyň gaýgysy onuň gözlerini gapypdy. Ýaşuludan ýaşynmalydygy-da hakydasyna gelenokdy. Ol adamsy öz sözüne ynanmansoň, özüni ýere goýberip, pol ýumruklady: — Hana, öýe gir-de, seret, Öwez! Ol gyz biýz matany nagyşlamaga başlady-y... Ýaşy altmyşdan agan, orta boýly, etli-ganly Pälwan molla döşüne düşeňkirlän jowur ak sakgalyny sypalap, misli Güljerene: «Sesiňi goý» diýen terzde batly ardynjyrady. Güljeren mollanyň ardynjyramasyna özüne geldi. Gözýaşlaryny süpürip, ýaşmagyny burnuna çenli süýşürip, göwresini dikledi. Öwez Pälwan mollany yzyna tirkäp, ejesi dagynyň oturan otagyna girdi. Onuň aýaklary ädilýänem bolsa, gulaklary hiç zat eşidenokdy. Aýalynyň şum habary öňki gussanyň üstüne urna bolup, beýnisini doňdurypdy. Gelen çagy köçede ýaýyn bolup ýatan ýüzärliklerdir soganlary soramakçydy. Aýalyna olary ýygnamagy tabşyrmakçydy. Ol zatlar-da huşdan uçdy. Içerdäki çaşyp ýatan gyzyl-ýaşyl ýüpek parçalary görensoň-a dilem tutulan ýaly boldy. Bosagadan geçen ýerde özüni pola goýberip, çaga ýaly boýnuny burdy oturdy. — Öwez! Guýa gaçdyňmy? — diýip, janyýangynly Aýjahan daýza oglunyň yzy bilen içeri girip gelýän Pälwan molla-da üns bermän, gazaply gygyrdy. — Haçandy gidişiň seniň! Bu gyzyň bolup oturşyna sered-ä! Beýle ýagdaýda adamy ilkiagşamdan okap başlamaly ahyry! Öwez ejesine jogap bermedi. Ol asla ejesiniň özüne näme diýýäninem aňlap bilenokdy. Ak biýz mata nagyş salýan gyzyna gözlerini dikip, huşsuz halda öwelip galypdy. Pälwan molla ýene ardynjyrady. Öz ýaşlaram esli bolsa-da, Pälwan molladan kiçiräk bolansoňlar, Näzik daýza-da, Aýjahan daýza-da, Aýnabat daýza-da ýaşmaklaryny agyz üste çekip, ses-üýnsüz oturdylar. Oňa baş atyp, saglyklaryny bildirdiler. Pälwan molla bosagadan geçensoň, hemmä deň ýüzlendi: — Gurgunmysyňyz, goňşular? Saglykmy hemme? Hemmeler ýene baş atdylar. Pälwan molla şundan soň Öweziň gapdalynda çöküp, Gülälege syn saldy-da, Aýjahan daýza ýüzlendi: — Aýjahan, näme gep-gürrüň?! Şumy şol ýaramajak bolýan gyzyňyz? Öweze-de käýinme sen! Men sebäpli saklandy ol. Anna agşamsy bolansoň, biriniňkä tebärek çykarmaga gitmeli boldum. Öwez gelýänçäm garaşypdyr maňa. Aýjahan daýza Pälwan mollanyň gepini baş atyp makullady. Pälwan molla daşyna mahmal çekilen, ýarty ýassygyň möçberindäki uly kitabyny ýerde goýup, dyzlarynyň üstüne daýandy. Hiç kime seretmän gepledi: — Şu gyzdan başgaňyz daşaryk çykyň. Men munuň depdini biljek bolaýyn! Aýallar gulagasyjylyk bilen daşaryk çykdylar. Öwez welin doňňara daşa dönüp oturdy. Bu bolýan zatlara gynanmadan ýaňa, misli, onuň ýüregi-de doňup galan ýalydy. Pälwan molla Öweze tiňkesini dikdi: — Öwez! Sen näme otyrsyň? Okalan wagty dertli ýeke bolmaly! Pälwan mollanyň özüne ýüzlenip, nämedir bir zatlar diýýänini görüp duran-da bolsa, Öwez onuň geplerini aňlap bilmedi. Beýnisi söz alanokdy. Ol sowuk nazarlaryny molla gönükdirip, aňkardy. — Daşaryk çyk! Gyzy okaýyn diýýän! — diýip, Pälwan molla gepini ençe gezek tekrarlansoň, Öwez ysgynsyz halda diwarlardan ýapyşyp, ýerinden turdy. Başy aýlanyp, gözleri garaňkyryp gidýärdi. Hemmeler çykansoň, Pälwan molla öýde gyz bilen ikiçäk galdy. — Gyzym, adyň näme seniň? — diýip, ol gyzdan mylakatly sorady. — Gülälek. — Şeý diýdi-de, gyz edip oturan işinden başyny galdyryp, arkasyny diwara berdi. Aýaklaryny uzyn salyp, gözlerini süzdi. —Waý-ýeý, ýadadym. Ýadap ölüp barýan. Ukym tutýa. — Ukyň tutan bolsa, işiňi taşlaga-da, ýataýarlar, gyzym — diýip, Pälwan molla Gülälek bilen mylakatly gepleşmegini dowam etdi. —Özüňem bi, ýaýrap ýatan matalaryňy ýygna öýüň ortasyndan. Ulugyz bar öýde beýdip, matalar çaşyp ýatsa, aýyp dälmi? Gülälek işini bir ýana goýup, ortada ýaýyn bolup ýatan matalary gulagasyjylyk bilen ýygnaşdyrmaga durdy. Ýadowlygyna seretmezden, çalt işledi. Matalary derrew düwünçege düwüp, sandygyň üstünde duran düşüýekleriň ýokarsyna galdyrdy. Soň öňki ýerine baryp, aýaklaryny uzyn salyp oturdy. — Berekella! — diýip, Pälwan molla gyzyň göwnüni galdyrmaga synanyşdy. Soňam gyza sowal bilen ýüzlendi. — Bi ak mata nagyş çekmäň näme, gyzym? Ses Gülälege çawuş kakdy: — «Gyz işine goşulma-da, öýüňe git» diý oňa! Gülälek özüne diýlen sözi molla ýetirdi: — Molla aga, meniň işime goşulma-da, iň gowusy, öýüňe git! Pälwan molla gitmäge hyýallanmady. Sypaýy gepläp, Gülälegi özüne gulak asdyrmaga synanyşdy: — Sen ýadow bolsaň, ýassyk al-da, gyşaraý, gyzym! Saňa ýaranok diýdiler. Men seni dertden saplaýyn! — Sende hiç hili dert ýok! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pşyrdady. — Sen diňe toý köýnegiňi tikip ýadaýaň. — Mende hiç hili dert ýok, men sagat, molla aga — diýip, Gülälek sesiniň özüne aýdanlaryny ýene Pälwan molla ýetirdi. — Men diňe toý köýnegimi tikip ýadaýan. Pälwan molla okamak niýetinden el çekmedi: — Ýadow bolsaň, ýadowlygyňy aýraryn. Sen irkil. Men bolsam, kitap okap, saňa päsgel berýän al-arwahlary kowaýyn. — Mollanyň gepi köpeldi. Ol seni güýmeýä! Sen bu gün daň atýança köýnegiňi tikmeli, Gülälek! — diýip, ses pyşyrdady. — Mollanyň kitabyny eliňe al-da, ony taňryýalkasyn bilen ugrat. Özüňem basym bol! Gülälek Pälwan mollanyň öňünde goýan kitabyny eline aldy-da, daşaryk ýöneldi: — Ýörüň, molla aga, men sizi ugradyp geleýin. Siz maňa päsgel berýäňiz. Men daň atýança köýnegimi tikmeli. Pälwan mollada alaç galmady. Ol dogumly ýöräp, bosagadan geçip giden ýaş gyzyň badyny saklap biljek däldi. Molla hyklap-çohlap, daşaryk çykan wagty Gülälek eýýäm derwezäniň agzynda durdy. Mollanyň kitabyny goltugyna alyp, daşaryk tasap barýan Gülälege hemmeler aňkarylyp seretdiler. Molla gyzy öýüne äkidip okajak bolýandyr öýtdüler. Onýança-da Pälwan molla içerden çykyp, Öweze ýüzlendi: — Öwez! Gyzyňa sataşan bela maňa eýgerderli däl. Indi başyňa ne iş düşse, görübermeden başga çäre ýok. Gyz maňa asla gulak asanok. Ol diňe özüne gep öwredýäni diňleýä. Seret, häzir ol meni kowup dur. Maňa gulak asmaýan näsagy okap bilmeýän. — Çalt bol, molla aga! Men işimi tikmeli! — diýip, Gülälek ýene Pälwan mollany howlukdyrdy. Pälwan molla öz ýanyna ýeten halatam oňa kitabyny gowşurdy. — Geleniňe taňryýalkasyn! Gaýdyp geljek bolup, azara galyp ýörme! Barybyr, meniň şu bolşum bolar. Kitabyny goltugyna alan Pälwan molla özüne seredip duranlara nazar aýlap, «Görýäňizmi ony!» diýýän terzde Gülälege tarap başyny salgap goýberdi. — Bolýa-da, boljak işe çäre ýok — diýdi-de, soňra ol garaňkylyga siňip gitdi. Hiç kim oňa «sag bolam» diýmedi, geleni üçin taňryýalkasyn-da aýtmady. Hemmeler Gülälegiň bolşuny çäresiz halda synlap durdular. Mollany ugradansoň, Gülälek içerik girip, ýene tikin işine güýmendi. Özünem ses birsyhly howlukdyrýardy. Ol işläp-işläp, halys bolup çaşýardy. Özüne getirenlerinden soň ýene sesiň buýrugy bilen işine ýapyşýardy. Şeýdip oturşyna ol daň agaryp, töwerege süýt reňk çaýylyp ugranda işini bir ýana taşlap, uka gitdi. Gülälegiň irkilenini görüp, goňşular hem öýlerine gaýtdy. Öwezdir Güljeren, Aýjahan daýza dagy bolsa gözlerine çiş kakylan bolup, Gülälegi garawulladylar. Gülälek ertesi gün güni bilen ýatdy. Oýanýan halaty bolsa ýene öňki sagat Gülälege öwrülip, öýüň işi bilen boldy. Biýz matasyny welin, nagyşlamasyny goýmady. Indi öýdäkilerem oňa bir işi «et-etme» diýip, sözem gatyp bilenokdylar. Gyzyň bolşuny sessiz synlap, sessiz gözýaş dökýärdiler. Bu zatlaryň soňunyň nähili soňlanjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Her zadam bolsa Öwez ýalbar-ýakar bilen Gülälegi doktora gitmäge yrdy. — «Tiz kömegiň» wraçy hossarlardan samrama kesellisi bolsa-da, çaga geçýändigini aýtdy maňa — diýip, Güljeren Öwez gyzy bilen doktora gitmäge şaýlanyp durka öýe gelen wraç bilen bolan gürrüňi ýatlatdy. Gaýyndyr Öweziň ýüzüne tiňkesini dikdi. — Men-ä hiç wagt özbaşyna gepleme keseline sataşmandym. Heý, siz, haçanam bolsa bir wagt şeýle keselçilige duçar bolup görüpmidiňiz? Güljereniň sözlerine Öwez bilen Aýjahan daýza gözlerini elek-çelek edişip, biri-birileriniň ýüzlerine seredişdiler. Ikisiniňem ýüzi üýtgäp gitdi. — Toba, toba! — diýip, Aýjahan daýza özbaşyna mydyrdady. — Gyzgyny galanda samramaýan adam barmy. Ýöne biz-ä beýdip, günüň-güni özbaşymyza samrap ýörenimiz ýadymyza düşenok. Öwez köwşüni geýip, derwezä tarap ugrady. — Sen bir şu wagt samsyk sowalyň bilen kelläni agyrtmasana! — diýip, gidip barşyna Güljerene käýindi. Gülälege ümledi. — Ýör, gyzym, howlugaly. Gülälegi yzyna tirkäp, Öwez ilki maşgala wraçynyň ýanyna bardy. Ondan degişli haty alyp, psihiki keselleriň keselhanasyna bardy. «Wraç-psihiator Nury Ataýew» diýlip ýazylan gapyny ýuwaşlyk bilen açyp, içerik boýnuny süýndürdi. — Gel, agam, arkaýyn giriber — diýip, iş otagynda goýlan ullakan stoluň aňry başynda oturan, çal saçly, ýaşy boýunça Öwezden uly-kiçiligi bildirmeýän, tokgaja göwreli wraç Öwezi mylakatly garşylady. Ýerinden turup, myhmanlaryna oturgyç görkezdi. — Geçiň, ornaşyň. Öwez Gülälek bilen görkezilen ýerde ornaşdy. Wraça bolan zatlary başdan-aýak gürrüň berdi. Nury Ataýew ony sesini çykarman diňledi. Ol şeýle bir rahat oturdy welin, Öwez onuň sözlerine geň galýanynam bilmedi, ýa-da şeýle sözlerden bizar bolup, özüniň gepini gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanynam. Her zadam bolsa, ýüregindäki berç bolan derdini aýtdy. Wraç Gülälek bilen birki agyz gepleşip gördi. Oňa her hili sowallar berdi. Boýnundan asylgyjy demri bilen gyzyň dem alşyny, ýürek urşuny barlady. Gyzdan hiç hili kem tapmady. Gülälek wraçyň ähli sowallaryna akylly-başly jogap berdi. Gyzyň gep-sözi kellesi üýtgän adamyň gep-sözi däldi. Akyly dury adamyň gepidi. Her hili apparaturalar bilen kelläniň gan basyşy ölçelende-de üýtgeşik netije çykmady. Durmuşyň her ugry boýunça beren sowalyna gyzdan jaýdar hem akylly jogaplar alan wraç Nury Ataýew Öweze: — Gyzyň akyl-a ýerinde. Agyrýan ýerem ýok. Kelläniň gan aýlanyşyndan kem tapylmady. Beýle ýagdaýda däri-derman edip, muňa jebir berip ýörmäli —diýdi. — Men size rahatlandyryjy derman ýazyp bereýin. Samrap başlandan şony içiriň. Ýöne her gije ýekeje dänesini bermelidir. Artykmaç içirmek bolýan däldir. Goý, ol bütin gijäni uklap geçirsin. — Her annada samraýa bu gyz. Ony tä ömri ötýänçä her annada ukladyp ýörmeli bormukak?! — diýip, Öwez alada galyp sorady. — Häzirlikçe şeýtmekden başga çäre ýok, agam — diýip, wraç ýigit uludan dem aldy. — Isleseň, gyzyňy anna güni keselhana salyp, özümiz şu ýerde gözegçilik edeli. Tä daň atýança seredeli gyzyň bolşuna. Öwez Gülälege bakyp, biraz dymdy: — Näbileýin-dä Näme etseňiz, şony ediň. Ýöne şu gyzy dertden saplaýsaňyz. — Gulagyňa ses gelen çagy sen ony diňlemän oturyp bilermiň? — diýip, wraç Gülälege ýüzlendi. — Hiç üns bermän gör. Gülälek janyýangynly gepledi: — Üns bermän bolanog-a! Şol ses gulagyma gelýä welin, misli, ýüregimi biri iňňe bilen gazalap başlaýan ýaly bolýar. Basymrak diýenini edip, gygyrmasyny goýdursam kaýyl gelýän. Men onuň ähli diýenini etmäge taýýar bolýan şol pursat. Geplemese bolýar. Geplese, sesi janymy alyp barýar. Ýöne şonuň diýenini edesim gelip dur. Özüme erk edip bilemok. Wraçyň Gülälege derdini aýtdyryp bilenine Öwez begendi. Ol gyzynyň ýagdaýyna indi doly göz ýetirdi. Onuň sözlerine öwelip galdy. Birdenem, gyzynyň nagyşlap ugran ak biýz köýnegi ýadyna düşdi. Şol hakda soramak isledi. Misli, kakasynyň pikirini bilen ýaly, Gülälegiň özi sözüni ak biýz köýnege syrykdyrdy: — Ol ses maňa ak biýzden toý köýnegini biçmegimi buýurdy. Soň bolsa ony nagyşlamagy. Men häzir onuň diýenini edip, köýnegi nagyşlaýan. Tikip bolamsoň näme boljagyny bilemok. «Geý» diýse, geýmeli bolaryn. Alajym ýok. Diýýän-ä, şol ses gelip ugransoň, hiç özüme erk edip bilemok diýip. Wraç Gülälegi diňläp oturşyna barmaklary bilen stoly tykyrdadyp, pikire batdy. Öwez oňa ýüzlendi: — Şeýle näsaga siz öň sataşyp görüpmidiňiz? Bularyň soňy nähili bolýar? — Şeýle näsaglar sataşýar — diýip, wraç pikire batyp oturşyna, nazarlaryny äpişgelere tarap gönükdirip, gepi dowam etdi. — Olaryň soňunyň her hili gutarýany bar. Onsoňam, olar bärde bejergi alyp, çykyp gidýärler. Soňunyň nähili bolýanyny bize gelip, habar berip duranoklar. Wraçlaryňky näme, görkezilen möhletde bejergi geçirmek. Derman berilmeli, sanjylmaly pursat gutaransoň, näsag öýüne goýberilýär. Biz ähli näsagy ömri ötýänçä keselhanada daňyp goýup bilmers-ä. Dogrumy, agam?! — Dogry — diýip, Öwez Nury Ataýewiň gepini baş atyp makullady. Nury Ataýew pikire batyp gepledi: — Onsoňam... Bir zat hakda pikir etmek gerek. Biziň ylymymyz heniz dünýädäki köp syrlara göz ýetirmegi başaranok. Näme üçin bu gyz diňe anna agşamy samraýar?! Başga günler bolsa gowy?! Öňler bize şeýle zatlar hakda aýtmazdylar. Ylmy iş bilen meşgullanmag-a beýle-de dursun, beýle zatlar hakda pikirem alyşdyrmazdylar. Belki, geljekde bu ýagdaýlaryň üstünde işlener, beýle syrlaryň üsti açylar. Ýaşulular anna agşamy ölüleriň ruhy direlýä diýýärler. Ýa-da aýdalyň, anna agşamlary dertlileriň derdi güýçlenýär. Näme üçin?! Üns berip görüň, anna agşamy beýleki agşamlardan tukat ýaly... Näme üçin sadaka, aýat-töwir diňe anna güni, anna agşamy edilýär?! Näme üçin başymyza iş düşen halaty düýşümize dünýeden öten hossarlaymyz gidýär. Köp adam ölüm, betbagtçylyk boljagyny düýşünde görüp, öňünden duýup bilýär. Bu zatlar nämäniň alamaty?! Bu zatlara jogap bermäge ylym heniz güýçsüz, agam. Ýöne ölüleriň ruhunyň direlişi babatda ösen döwletlerde ençe garaýyşlar bar. Belki, adamzat geljekde bu sowallaryň ählsiniň çözgüdini tapar. Wraçyň sözleri çuň pikire batyrdy. Ol iki elini nädip kellesine ýetirenini duýman galdy. Pikir etdigisaýy, öz beýnisem üýtgäp barýan ýaly boldy. Hopugyp ýerinden turdy. — Seniň gepleriňe özümem birhili bolup barýan — diýip, ellerini ýüzünde gezdirip, aňyna ornan pikirleri kowýan ýaly, başyny silkeledi. — Dermanyňy ýazyp berseň, ýazyp ber. Biz basymrak öýe aşaly. Gyzam bu ýerde goýup durmaýyn. Başa näme gelse görübermeli bor. Wraç Gülälek üçin rahatlandyryjy derman alar ýaly resept ýazyp berensoň, Öwez öýüne dolandy. Ýol ugrundaky dermanhanadan dermany-da satyn aldy. Dowamy bar.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |