22:45 Arwah gelýän gijesi - 3 / powestiñ dowamy | |
* * * «Öweziň gyzy samrama keseline sataşypdyr» diýen habar şäheriň çetinden dörän bu obanyň ähli adamlaryna ýaýrady. Diňe bu obada-da durmady. Agyz agyzdan ýel aldy. Şum habar ganat baglap, çar töwerege ýetdi. «Gyzyl al-arwahlar bilen gürleşýärmiş» diýlen öýe gelmäge çekinip, Öwezlerden goňşy-golamyň aglabasy aýagyny ýygnaýardy. Kä kişi bolsa özbaşyna gepleýän betbagt gyzy görmek üçin ýörite gelip gidýärdi. Şum habary Aýjahan daýzanyň gyzy Nurjahan-da eşitdi. Ol myrtar habar gulagyna ýeten pursatyndan çagalaryny goňşularyna tabşyryp, etek alty, ýeň ýedi bolup, atasy öýüne ylgady. — Gije-de, galaýmagym ahmaldyr. Çagalary öz öýüňde ýatyraý! Her zadam bolsa, indi olar aga-gara düşünýärler — diýip, ýakyn goňşusyna habaryny gyssagly aýtdy-da, oýnamaga giden çagalarynam gözlemän öýüni gulplap, ýola çykdy. Awtobusa ýüregi sygmajak ýaly, darygyp, uzak ýoly paý-pyýada sökdi. Ýeke doganynyň ýalňyz çagasynyň sataşan belasy Nurjahany diýseň gynandyrdy. Nurjahanyň gulagyna bu habar ýeten çagy öňki annadan bir hepde wagt geçip, nobatdaky anna gününiň güni öýlä agypdy. Nurjahan gelen halaty gülälek bir çetde oturyp, ak biýz mata owadan nagyş salýardy. Ony görende Nurjahanyň ýüregi jigläp gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönüp, misli, güýji gaçan ýaly, özüni ýere goýberip, özbaşyna samrady: — Ejem jan-ýeý, bu gyzyň edip oturan zady näme?! — Şeý diýensoň, Nurjahan Gülälege ýüzlendi: — Gülälek jan, ol biýzi näme üçin nagyşlaýaň sen? Gülälek Nurjahan ejesine jogap bermedi. Aýjahan daýza agaç sekide oturan ýerinden gyzyny öz ýanyna çagyrdy: — Oňa zat diýme, gel, meniň ýanam geç. Nurjahan görýän ahwalatyna gynançdan ýaňa ýüregi sallanmadan, yra-dara ýöräp, ejesiniň gapdalyna baryp oturdy. Ony ýene düşnüksiz sowallar öz erkine goýmady. — Bu gyzyň bolup oturşy näme, eje?! — diýip, bir ejesine, birem ak biýz mata nagyş salýan Gülälege seredip gepledi. Aýjahan daýza uludan demini aldy: — Görüp dursuň-a... Öňki annada seňkä baryp, öýe gaýtjak bolup bir dyzandyryn. Nähili ýüregim gysypdy... Şonda ýüregim syzan eken. Şol anna agşamy Gülälek jan şeýle bela sataşypdyr. Aýjahan daýza öýde bolan ähli zatlary gyzyna aýdyp berdi. Eneli-gyz bolup, aglaşdylar, eňreşdiler. Derdiň emini gözlediler. — Bimahal çag hapa suw-beýleki dökülen ýerlere baran bolaýmasyn?! —diýip, Nurjahan belanyň nireden sataşanyny çenlemek isledi. — Şoň ýaly ýerlerdenem adamyň yzyna al-arwahlar düşüp gaýdýarmyş. — Hapa dökülýän ýere baran däldir. Öýden çykanog-a bu çaga — diýip, Aýjahan daýza gyzynyň ol pikiri bilen ylalaşmady. Gep-gürrüň, gaýgy-alada bilen wagtyň nädip geçenini duýmadylar. Gülälek ýene özbaşyna samrap başlan halaty olar pikirlerinden aýňaldylar. Gün öýlä agyp, eňegini ýere beriberenden Gülälegiň gulagyna öňki tanyş ses eşidilip ugrady. — Gülälek — diýip, ýürege iňňe bolup çümýän ses gyza gep goşýardy. —Köýnegiňi nagyşlaýaňmy? — Nagyşlaýan. Basym gutararyn — diýip, Gülälek sese jogap berdi. — Gep-gürrüňe gyzyp, gapydan sogan asmandyrys. Soganyň ajysyna al-arwah gelip bilenokmyş — diýip, Aýjahan daýza howlukmaçlyk bilen ýerinden turdy. — Sogan kesişdireliň gapyda. Güljeren gaýynenesini makullamady: — Sogan asyp durma, enesi. Gördüň-ä geçen gezek. Barybir ol bar zatlary Gülälege zyňdyryp dur-a. — Zyňdyrsa-da asjak şony. Şu gezek zyňdyrybam bilmez — diýip, Aýjahan daýza gaharyna atlandy. — Bu gyzyň el-aýaklaryny daňyp goýarys. — Şeý diýensoň, Aýjahan daýza hemmä deň buýruk berdi. — Ähliňiz el-ýüzüňize-de soganyň suwuny çalyň. Soganlaram asyşdyryň, kesişdiriň! Goý, ol haram al-arwah meň gapymdan başga gapa gitsin! Güljeren bilen Öwez ýerindenem gozganmady. Olar indi bu ediljek bolunýan işiň haýyrsyzdygyna düşünipdirler. Nurjahan bolsa alasarmyk ýagdaýda galdy. Turup sogan dograjagynam bilmedi, ýa-da doganydyr gelnejesi kimin takdyra ten berip oturjagynam. — Gülälek-ýek! Eneňi sakla! — diýip ses Gülälege buýruk berdi. —Barybyr, soň olary ýene özüň aýyrmaly bolarsyň! Şeýdip, köýnegiň nagşy gijä galar. Ses buýruk berensoň, Gülälek sogan almaga ugran enesine gygyrdy: — Ýekeje soganam getiräýme gapa! Meni öldürjek bolýaňmy sen!? Agtygynyň: «Meni öldürjek bolýaňmy?» diýen sözleri Aýjahan daýzany çüýlenene döndürdi. Ol özüni ýere goýberip, janyýangynlykdan maňlaýyna ýumruklady: — Wa-ah, beýdip dörejek bolsaň, döremedik bolsaň bolmaýamydy sen gyz?! Dünýä inmedik bolsaň bolmaýamydy?! Bir ýanardyk, bir goýardyk. Bir wagt odumyz sönerdi... Sen bizi beýdip ýakmaly däldiň-ä, balam! — Sen hökman dünýä inäýmeli çaga! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady. — Men hökman dünýä inäýmeli çaga — diýip, Gülälek sesiň aýdanlaryny enesine ýetirdi. Nurjahan ejesine tarap ylgady. Gujaklap, ony ýerinden turuzdy. Agaç sekiniň ýanyna getirdi. Maşgala ýene takdyra ten bermekden başga çäre galmady. Gülälek bolsa ses bilen söhbetini dowam etdi. — Dermany içirip göreli — diýip, Öwez aýalyna sala saldy. — Bar bir käse suw elt-de gyzyňa derman içir. Güljeren Gülälek üçin getirilen dermany alyp, ony bir käse suw bilen gyzyna eltip berdi: — Kakaň bilen doktara gidip getiren dermanyňyz, iç şuny, gyzym. — Derman içme, köýnegiňi tikip ýetişmersiň — diýip, ses Gülälege buýurdy. — Derman içsem, köýnegimi tikip ýetişmen — diýip, Gülälek ejesine jogap berdi-de, derman içmeden ýüz öwürdi. Güljereniň gahary depesine urdy. Ol derman bilen suwly käsäni bir çetde goýdy-da, Gülälegiň tikip oturan köýnegini silkip alyp, girilip-geçilip durulan ýere oklap goýberdi. Sesiniň ýetdigindenem gygyryp, gyzyna azgyryldy: — Köýnek bormy şu artypdan! Iç dermanyňy! — Ol aýalyň ýüzüne ur! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. — Getiren suwunam üstüne serp. Gülälek ejesiniň çep dulugyna şarpyldadyp goýberdi-de, käsedäki suwy-da onuň ýüzüne serpdi. Bu ýagdaýa Aýjahan daýza bilen Öwez sesini çykarman seredýärdi. Sebäbi olar indi beýle zatlar bilen öwrenişipdirler. Gülälegiň bolşuna Nurjahanyň welin zähresi ýarylýardy. — Waý-ýeý, bu gyzy, bu gyzy! — diýip, ol birsyhly gorky bilen seslenýärdi. Güljeren gaharyna guduz açdy. Ilki bir bedre suw getirip, Gülälegiň depesinden eňterdi. Soň bolsa ony öldir ýaly urup başlady. Çem gelen ýerine şarpyk çalyp, ýumruklady. — Bizar boldum men senden, bizar boldum! Jynlanýan bolsaň, jynlan sen! Göreýin men seniň şol jynlaryňy! — diýip, aldygyna gygyrdy. — Öň-soň ölmekçi bolsaň, özüm bogup öldüreýin seni! Däliräp, ile gürrüň bolup bir ölme! Gülälek ejesiniň guduz güýjünden asgyn geldi. Ýogsa ses oňa birsyhly: —Ur, ur! Senem ur — diýip, buýruk hem berýärdi. Gyz elleri bilen ýüzüni tutup, ýere ýazyldy: — Güýjüm ýok! Güýjüm ýok meniň! Men urup bilemok! — diýip, sese jogap berensoň, aglap başlady. Öwez gyzyna dözmedi. Ylgap gelip, aýalyny bir çete itip goýberdi. — Öňem näsag çagany näme urýaň sen?! — diýip azgyryldy. Güljeren Öweziň badyna ýere ýazyldy. — Öldürjek men şol gyzy! Öldürjek! — diýip, janyýangynly gygyryp, ol hem aglamaga durdy. — Bizar boldum men munuň jynlanmasyndan! Beýdip, munuň agzyna bakyp, ömrümi kül edenimden öldürip dynaýyn men şuny! — Goý sesiňi! Aýyp bor. Goňşy-golama masgara bolduň! — diýip, Aýjahan daýza oturan ýerinden gelnine käýindi. — Seň gykylygyň gerek däl! Güljeren turup, üsti-başyny kakyşdyrdy-da, agaç sekä gelip çökdi. Agysynyň arasynda ýene samrady: — Goňşa-da masgara bolduk, oba-da. Indem näme bolsak, şol bolaly! Dünýeden perzentsiz ötüp ýörenem bar. Beýdip, janymy ýakyp ýörenimden, dünýä inmedik ýaly edip dynaýsadym şu gyzy! Aýjahan daýza ýene gelnine höre-köşe etdi: — Goýaweri, aýyp bor. Goýaweri! Nurjahan Gülälege göwünlik berdi: — Hemmesi geçer, jigim. Senem agyňy goý. Sen akylly gyz-a. Ejeň ýagdaýyna-da düşünmeli. Ol indi çydamajak bolýa. Sen onuň ýeke çagasy. Ýeke çagasynyň-da beýle güne sataşmasyna çydap bilenok ol. Bar, özüňem egin-eşigiňi çalyş. Beýdip oturma. Gülälek ýüz-gözüni süpürip, diklendi. — Men nä alaç edeýin. Meniň günüm barmy bu ýerde — diýip, aglamjyrady. Soň diýenedijilik bilen ýerinden turup, eşiklerini çalşyrmak üçin içerik girip gitdi. Anna agşamy kirli eşikleriňi goýmak bolmaz. Olary ýuwup goý — diýip, ses Gülälek egninden aýran öl eşiklerini eline alyp, daşaryk ýönelende ýene gyzyň gulagyna pyşyrdady. Gülälek sese hiç hili jogap bermese-de, onuň diýeni bilen boldy. Suwdur kir ýuwar getirip, köýneklerini ýuwmaga oturdy. Eşiklerini bir laý ýuwup bolansoň, kir suwuny kanalizasiýa çukurjygyna guýmaga çemlendi. — Saklan! — diýip, ses gyza buýurdy. — Kir suwy özüňi uran aýalyň ýüzüne serp! — Ol meniň ejem! — diýip, Gülälek kir ýuwaryny ýerde goýup, birbada sesiň buýrugyna tabyn bolmady. — Men onuň ýüzüne hapa suw serpmen! — Sep! — diýip, ses ýowuzlyk bilen buýruk berdi. — Seň ýaly çagany dograny üçin ol ýüzüne hapa suw sepilmeli aýal! — Men näme beýle erbet çagamy? — diýip, Gülälek sese ýüzlendi. —Sen ilki şony düşündir. Men kime näme ýamanlyk etdim?! — Ol sowallaryňa basym seniň özüň jogap berersiň — diýip ses Gülälegi jogapsyz galdyryp, birsyhly buýruk bermegini dowam etdi. —Suwuňy diýlen kişiniň ýüzüne sep-de, işiň bilen bol! Gülälek sesiň buýrugyndan bizar boldy. Ol agaç sekiniň ýanyna bardy-da, kir ýuwaryndaky hapa suwy aglamjyrap oturan ejesiniň ýüzüne serpip goýberdi. Soň ýene öňki ýerine baryp, kirlerini ikinji sapar ýuwmaga durdy. Duýdansyz ýüzüne sepilen hapa suwa Güljeren hopugyp gitdi. Onuň gahary şeýle bir güýjedi welin, ol häzir elinden gelse, jinnek ýaly rehim etmän, Gülälegi düýt-müýt etmekçidi. Gyzy onuň gözüne şu pursatda şeýle ýigrenji görünýärdi. Turup, ýene Gülälege topuljak boldy. Öwezdir Nurjahan bu sapar ony gymyldatman sakladylar: — Degme! Gyzyň öz aklynda däldigini bilýäň-ä sen! Güljeren töwellany aldy. Gülälege zat diýmedi. Içerik girip, eşiklerini çalşyryp geldi. — Indi gyzyň gözüne görünme! Ýene suw serpäýmesin! — diýip, Aýjahan daýza oňa maslahat berdi. Diýlişi ýaly boldy. Güljeren sekä golaýlaşyp-golaýlaşmanka Gülälek köýneklerini ilkinji gezek ýuwan suwuny göterip, ýene oturanlara tarap ýöneldi. — Gaç, Güljeren! — diýip, Aýjahan daýza eli kir ýuwarly gelýän Gülälegi görkezip, gelnine gygyrdy. Ellerini daldalatdy. Güljeren gaçyp, köçä çykdy. Ýöne bu wagt Gülälek ejesini nazarlamandy. Ses oňa kir suwy bu sapar Öweziň üstüne sepmegi buýrupdy. Gülälek bu gezek ses bilen dawalaşybam durmady. Gyz, barybir, onuň diýeninden çykyp bilmejigini bilýärdi. Şonuň üçin sessiz-üýnsüz sesiň buýruklaryny berjaý edip dynanyny gowy görýärdi. Şeýdibem, ol kakasynyň ýanyna baryp, elindäki hapa suwly kir ýuwary onuň üstünden eňterip goýberdi. Kellesinden kir suw guýlan Öwez näme etjegini bilmedi. Onda hem Gülälege şeýle bir ýigrenç oýandy welin, kir ýuwup ýören gyzyň özüniň janyndan-jigerinden gowy görýän balasydygyna ynanasy gelmedi. Özi-de baryp, Gülälegi Güljereniň edişi ýaly, ýumruk astyna alaýasy geldi. Gülälek kirlerini durlap serdi. Ses Gülälege eşikleri durlan suwuny gapa sepmegi buýurdy. Gülälek ýene diýlenini etdi. — Kir suw guýulan ýörite çukur bar-a, a gyz! — diýip, Aýjahan daýza Gülälegiň bolşuna janyny ýakyp gygyrdy. — Ol hapa suwlary aýak astyna guýmaň näme! — Siziň gapyňyz hapa suw sepilmeli gapy! — diýip, ses Gülälege düşündirdi. Gülälek eşiden zatlaryny enesine ýetirdi: — Biziň gapymyz hapa suw sepilmeli gapy! — Toba-toba! — diýşip, Aýjahan daýzadyr Nurjahan Gülälegiň edýän işlerine hem gepine ýakalaryny tutdular. Öwez hem eşiklerini çalşyryndy. Soňra Gülälek ejesidir kakasynyň kir suw sepilen eşiklerini alyp, ýuwmaga oturdy. Hapa suwlaryny-da birsyhly gapa dökdi. — Dogrudanam, bu gyz däldiräpdir. Däli bi. Başga hiç zat däl —diýip, Nurjahan Gülälekden gözüni aýyrman oturşyna ejesine gep goşdy. — Onda hiç hili dälilik ýok, ynha, ertir görersiň onuň bolşuny —diýip, Aýjahan daýza-da gepi bilen gyzyny geň galdyrdy. — Ol diňe anna agşamy şeýle bolýar. Anna agşamy onuň ýanyna al-arwah gelýär. — Tob-ýeý! Tob-ýeý! Eşitsegem, öňler beýle-beýle zatlaryň bolýanyna ynanyp bilmezdik — diýip, Nurjahan ýakasyny towlap-towlap tutdy. Aýjahan daýza uludan dem aldy: — Indi näme eşitseň, ynanaýgyn, keýgim! Gülälek kirlerini ýuwýança gün mazaly batyp, garaňky düşdi. Ol ýene tikin işiniň başyna bardy. — Başga zatlara güýmenip, tikin işiňi näçe gijikdirdiň! — diýip, ses Gülälege iňňirdedi. — Ony basym tikip bolmaly sen! — Men günäkär däl-ä. Ejem suw sepip, üstümi hapalady ahbeti. Seniň özüňem kir ýuwmagy tabşyrdyň. Ses gaharlandy: — Sen näme üçin doktora gidip, derman alyp geldiň?! Bu zatlara seniň özüň günäkär! Gülälek aglamjyrady: — Dermany kakam getirdi. Doktora kakam äkitdi. — Ýalan sözleme! — Ses gataldy. — Doktora gitmek, menden dynmak seniň öz ýüregiňde-de bar-a! Sen menden durman bilen dynyp bilerin öýdýäňmi? — Bilemok. — Dynmarsyň! — Ses haýbatlandy. — Sen menden diňe ölüp dynarsyň! Şonuň üçinem diňe meniň diýenim bilen boluber. — Sen kim? — Göresiň gelýämi? — Hawa... — Basym görersiň... — Häzir görnäý-dä... — Basym görersiň... Öwez Gülälege dermany zor bilen içirmeli diýen netijä geldi. Ol ýene aýalyna derman bilen bir käse suwy häzirlemegi tabşyrdy. Özi Gülälegiň ýanyna baryp, dyza çökdi: — Gülälek jan, gyzym, ýekeje gezek synap göreli. «Tiz kömek» ukol edip gidende-de sen rahat ukladyň-a. Birje gezek dermanam iç, gyzym. — Derman bilen men bu beladan dynmaýan, kaka — diýip, Gülälek kakasyna sesden eşiden zatlaryny aýtdy. — Meni mundan diňe ölüm halas eder. Ölümiň ýatladylmagyna Öwez tisginip gitdi. — Ölümi agzamasana, gyzym, ölüm gursun — diýip, ol delmuryp gepledi. — Synap göreli, näme bolýa. Ýekeje gezek içäý. — Ol maňa «içme» diýip dur-a. — Ýogsa-da, ýene-de «Tiz kömegi» çagyryp, ukol etdireli. — Indi saňa «Tiz kömegiňem» haýry ýetmez! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady. — Indi maňa «Tiz kömegiň-de» haýry ýetmeýä — diýip, Gülälek kakasyna sesden eşidenlerini habar berdi. — Ýeter — diýip, Öwez gyzynyň gepine per bermän gepledi. — Geçen gezek ýet-dä. Sen rahat ukladyň. — Geçen gezek köýnegi tikmäge wagt bolany üçin men seni taşlap gitdim — diýip, ses Gülälege düşündirdi. — Indi seniň ak köýnegi geýmeli müddetiň ýetip gelýär. Şonuň üçin indi seni hiç bir derman rahatlandyryp bilmez. Gülälek sesiň diýenlerini gaýtalady: — Indi meniň ak köýnegi geýmeli müddetiň ýetip gelýär, kaka, indi meni hiç bir derman rahatlandyrmaz. — Ýalan! — diýp, Öwez janyýangynly gygyrdy. Birdenem, gyzynyň öňem jebir çekip, ejizläp oturanyny hakydasyna getirip, onuň göwnüne degäýmeginden howatyrlanyp, sesini peseltdi hem oňa ýalbarmaga durdy. Meniň hatyrama ýekeje gezek içäý, gyzym! Ýekeje gezek menem diňläý! Kaka hatyramy sakla! — Iç! Göwni galmasyn! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna gygyrdy. Gülälek ejesiniň elinden dermany alyp, özüne uzadylan bir käse suw bilen bokurdagyndan ötürdi. Soň ýene işine güýmendi. — Içerik girip, başyňy ýassaga goý-da, gyşyraý — diýip, ejesi ýalbardy. — Gidip bilemok, işimi tikmeli. Aýjahan daýza gelnine üç bilen: «Zat diýme» diýen yşaraty etdi. Az salymdan Gülälegiň gözleri süzülip, uky dermanynyň täsiri ýetip ugrady. Gyz oturan ýerinden uklap başlady. Kirpikleri biri-birine mazaly gatyşyp, uka düşdi. Ol uklap, asuda dem alýanam bolsa, eller welin sapakly iňňäni ak mata çaltlyk bilen sokup-çykarýardy. — Çalt bol, çalt! Özüňem owadan tikeňok! Ters tikýäň — diýip, ses iňirdi bilen oturan ýerinden uka berlen gyzyň beýnisini gazamaga durdy. — Çalt bol! Sen basym ýetişdirmeli bu köýnegi. — Men muny owadan tikemok, iňňäni ters sançýan — diýip, Gülälek ukuda samrady. Hem iňňesini birsyhly ak matanyň ýüzünde gezdirdi. — Eje, kömek et, maňa. Men muny basym gutarmaly! — Şuny diwana geçirip ýatyraga-da, saraýsak nähili bolarka? — diýp, Öwez özbaşyna samrady. Soňra hemmelere deň ýüzlendi. — Şuny diwana geçireliň-de, el-aýagyny daňyp göreliň-le. Näme bolarka?! Hemmeler Öweziň tapan çykalgasyny oňladylar. Güljeren ýene biriniň gözüne iňňe sokaýmagyndan gorkup, Gülälegiň elinden aldap, iňňe-sapaklaryny almakçy boldy: — Getir, gyzym, kömek edeýin. — Ol seni aldaýa, berme — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady. — Berjekgä, sen meni aldajak bolýaň — diýip, Gülälek ejesine jogap berdi. Gyzyň bu jogabyna hemmeleriň gözi tegelendi. — Gözi ukuda-da bolsa, ähli zady duýup bilýä — diýip, Nurjahan gorky bilen ýakasyny tutdy. — Toba! Toba! Öwez Gülälegiň ýeňsesinden baryp, çalasynlyk bilen gyzyň elindäki iňňäni çekip aldy-da, ony ýagyş suwlary akar ýaly eňňit edilip goýlan ýapjagaza tarap oklap goýberdi. Özi Gülälegiň goltugyndan tutdy. Şundan soň Nurjahan bilen Güljerene ýüzlendi: — Göterişiň. Nurjahan bilen Güljeren Gülälegiň aýaklaryndan tutdular. — Ýerinden tur, olar seni daňyp goýjak bolýarlar — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. Gülälek sese tabyn bolup, ejesinden sypmak üçin çabalanmak çabalandy. Ýöne uky eňkini alyp barýan gyz ahyrsoňy erkini olaryň eline bermeden başga çäre tapmady. Gülälegi diwanda ýatyrdylar. Güljeren bilen Nurjahan onuň döşünden basyp saklady. Öwez bolsa Aýjahan daýzanyň taýýarlap duran ýüpi bilen ony sarady. Gyz bialaç halda özüni uka berdi. — Işiňi tik! Hany işiň?! — diýip, ses onuň gulagyna gygyrmaga durdy. — Işiňi tik! Özüňem çalt bol! Gülälek el-aýaklaryndan hem bilinden diwana mäkäm saralan halda, ukynyň arasynda aldygyna samrady: — Hany meniň işim? Işimi beriň! Işimi tikmeli men! — Tkiber işiňi düýşüňde — diýip, Öwez çykalga tapylanyna begenip, eliniň tersi bilen maňlaý derini syrdy. Uludan dem aldy. Guran dodaklaryny ýalady. — Indi bir arkaýyn oturyp, çaý içeliň-le. Nurjahan gaýga batyp gepledi: — Indi muny ömri ötýänçä şeýdip, daňyp gezermikäk?! Öwez tapan çykalgasyndan göwnühoş boldy. — Görübiýris — diýip, Nurjahana göwnübir jogap berdi. — Al-arwah diýip, ýüregime düşd-aý. Adam bolup, al-arwaha çäre tapmasak, bizdenem bir adam bormy! Al-arwah iş tikdirýämiş. Hana, şol iş tikilmänem ýatyr. Näme edýän bolsa etsin şol al-arwah indi. Näm-aý göze görünmeýän zadyň diýenini edip oturyp. Tapypdyr arwah bu ýerde agzy sary çagany. Tikdiribilşinden tikdirsin indi ol şol köýnegi şu gyza. Güljeren, ertiriň özünde otla şol näteňenäledi. Adamsynyň tapan çykalgasyna Güljerenem begendi: — Häzir otlaýsammykam?! Gijäniň içinde ot ýakmaklygyna Aýjahan daýza garşy boldy: — Tünüň ýarynda ot ýakmak gerek däl. Şemal turaýsa, gije külem gorkulydyr onuň. Ertir otlarsyňyz. Zibil atylýan bedrä at artyby. Gülälegiň gygyrmasy-da galdy. — Uklady — diýip, Öwez bijesi çykan ýaly ýylgyrdy. — Dyndyg-aý. «Loh-loh-loh» edip, birden Öweziň gulagyna erkek kişiniň gülýän sesi eşidildi. Ol gülküni eşidende Öwez dpesinden suw guýlan ýaly boldy. Ol gülki sesi Öweze şeýle bir tanyşdy welin, Öwez ony hut düýn diňläp gören ýalydy. Ýöne ol gülküniň kimiň gülküsidigini hiç hakydasyna getirip bilmedi. — Biri gülýäm-aý? — diýip, Öwez birden keýpini bozup, oturanlaryň barynyň ýüzüne seredip çykdy. — Biz-ä eşidemizok — diýip, ejesidir Nurjahan diňşirgenip jogap berdiler. — Gulagyňa gelýän bolaýmasyn?! Öwez köçä çykyp, töwerege diň saldy. Dünýe ümsümlikdi. Oba uklap ýatyrdy. Ol ýene yzyna, howlusyna gaýdyp geldi. Hemmeler agaç sekiniň üstüne çaý içmek üçin üýşüpdiler. Öwez ýaradan basjak ýaly, özüni gorka alyp barýardy. Göwnüne bolmasa, üstüne nähilidir bir howp abanyp gelýän ýalydy. Ol ejesiniň gapdalynda çökdi. Güljeren bir çäýnek çaý demläp geldi. Gülki sesi Öweziň gulagyna ýene eşidildi. Özem indi ýakynjagyndan eşidilýärdi. Ol sesi diňledigisaýy Öwezi der basyp, ysgyny gaçýan ýalydy. Güljeren Gülälegiň sapaklarydyr tikýän biýz matasyny ýygnaşdyryp, zibil bedrä äkitmek isledi. Ýöne hiç äkidesi gelmedi. Ýaltandy. Epledi-de gyzyň iş tikýän ýerinde goýdy. Özem agaç sekä gaýdyp baryp, Öweziň gapdalyndan çökdi. Içmek üçin bir käse çaý guýundy. — Alyň, sizem içiberiň — diýip, ýanyndakylara mürähem etdi. — Soň ýatalyň basymjak. Aňkam aşdy meniň-ä ýadowlykdan. Agyz öllemek üçin her kim bir käse çaý içdi. Soňra ýeri-ýerlerine geçip ýatdylar. Aýjahan daýza gyzy bilen daşardaky sekä düşek atyndy. Öwez bolsa aýaly bilen içki jaýda goýlan iki adamlyk kaşaň diwana geçdi. Bu ýatyş krowatyny ol rumyn garnitury bilen bile alypdy. Gyzynyň aladasy bilen it ýaly surnugansoň, Öwez başyny ýassyga goýandan uka meýil etdi. Güljereniňem gözi bürlüp barýardy. Hernäçe aladasy bolanda-da adamyň ukusyz oňup bilmejegine Öwez şu pursat has-da göz ýetirýärdi. Ukynyň arasynda ol diwanyň aşagyndan kimdir biriniň arkasyna patladyp uranyny aňşyrdy. Muny Güljerenden gördi. — Düzüwli ýatsana — diýip, aýalyna igendi. — Näme patladan bolýaň?! Gijäň ýarynda oýun ýadyňa düşýä seniň! — Men patladamok — diýip, Güljeren ukynyň arasynda mydyrdady. Öwez özüniň-de patlanmaýanyny nygtamak isledi. Ýöne ol şeýle bir uka düşüpdi welin, geplemegem islänokdy. Patdyldy ýene gaýtalandy. Öwez-de ony ýene duýdy. Ýöne ýene üns bermedi. Uky bilen başagaý boldy. «Pat-pat» edip, soňra diwanyň aşagyna mazaly kakyldy. Bu sapar patdyldy sesi batly çykdy. Öwez nädip ýerinden galanyny duýmady. Ukudan basym açyldy. Atylyp, çyrany ýakdy. Otagda hiç kim ýokdy. Patdyldyny duýmasa-da, Öweziň çyra ýakanyny Güljeren bilip ýatyrdy. Ýöne ýadowlyk sebäpli, onuň ýerinden galyp, Öweziň näme üçin çyra ýakýanyny sorasy gelmedi. Öwez dyzyna daýanyp, diwanyň aşagyna göz aýlady. Diwanyň aşagy boşlukdy. Hiç zat ýokdy. Hatda galan-gaçan kagz übtüjigi-de görünmeýärdi. Arassa ýuwlan pol çyranyň ýagtysyna ýalpyldap durdy. Öwez çyrany öçürmedi. Ýerine baryp ýatdy. Birbada hiç zat duýmady. Ýöne uka düşüberenden ýene diwanyň aşagyndan kimdir biri arkasyna patladyp goýberdi. Öwez böküp turup, ýene diwanyň aşagyna seretdi. Gözleri ýene hiç zada düşmedi. Içerde kimdir biri ýörän ýaly boldy. «Düňk-düňk-düňk» edip, daýaw erkek kişiniň aýak sesi eşidildi. Öwez beýleki otaglara ogry-jümri giren bolaýmasyn diýen pikir bilen ylgaşlap, ähli otagyň çyralaryny ýakyşdyrdy. Şkaflara çenli açyp gördi. Ýöne hiç kime gözi düşmedi. Gülälek öz otagynda saralyşy ýaly, imisala uklap ýatyrdy. Öweziň takyrdysyna Nurjahan bilen Aýjahan daýza geldi. — Öwez, saňa näme bolýa? — diýip, Aýjahan daýza gözlerini gorkuly tegeläp, Öweze seretdi. — Taňyrdyp, ýatmadyň-la. ÝA ýene Gülälek azar berýämi?! — Ýatyrkam biri diwanyň aşagyndan arkama uran ýaly boldy — diýip, Öwez ejesine bolan wakany howsala bilen habar berdi. — Birem däl, iküç sapar dagy gaýtalandy. — Göwnüňe bolaýmasyn?! — Şeý diýip sorasa-da, Aýjahan daýzanyň gözleri barha giňedi. — Gündizki küýüň düýşüňe girendir. Nurjahan ýakasyny ebşitläp tutdy: — Bi, gije diýen artybyňam beýle uzakdygyny! Daň atman geçäýdi! — Gündiz men hiç hili küý edinemok — diýip, Öwez ejesine jogap berdi. — Öýde biri ýörän ýalam bolýar. Aýjahan daýza deňşirgendi. Emma hiç zat eşitmedi. — Men-ä hiç zat eşidemok. Öweziň welin gulagyna ýene düňküldi gelip başlady. «Düňk-düňk» edip, aýak sesi pol sarsdyrýardy. — Men eşidýän — diýip, Öwez gorka gaplanyp, pyşyrdap gepledi. —Öýde biri bar, eje! Belki, ol Gülälegiň töweregindäki al-arwahdyr! — Hany, ähli otagy hemmämiz bile baryp çykalyň. Men-ä hiç zat göremogam, eşidemogam — diýip, Aýjahan daýza gorkudan saňňyldap duranam bolsa, syr bildirmän, dogumlysyrady. Beýleki otaglara ýöneldi. — Menem hiç zady göremogam, eşidemogam — diýip, Nurjahan, hamala, gatyrak gepläýse, biri gelip, egninden tutaýjak ýaly, pyşyrdady. Üç bolup, ýene otaglara aýlandylar. Şifonerleri, şkaflary-da açyp barladylar. Her şifoneriň, şkafyň gapysy jygyldap açylanda, misli, ondan biri atylyp çykaýjak ýaly, üçüsiniňem ýüregi böküp gidýärdi. Derlemeden öl-suw bolýardylar. Şeýdip, olar otaglara ýeke-ýekeden seredip çykdylar. Hiç zada sataşmadylar. Hernäçe uky bürýänem bolsa, ýakylan çyra, zümürdi sesleri Güljereni bimaza etdi. Gapdalynda Öweziň ýoklugy ony has-da alada goýdy. «Gülälege bir zat bolaýdymyka?» diýen alada bilen ol basym ýerinden galdy. Otaglaryň birinden hymyr-symyr sesleri, şkaflaryň gapysynyň jygyldap açylyp-ýapylyşy eşidilýärdi. Güljereniň göwnünde gara pikir oýandy. «Gaýynenem ýanyna ogly bilen gyzyny alyp, men uklap ýatyrkam näme üçin şkafdyr-şifonerleri dörýärkä?» diýip, pikir etdi. «ÝA meniň zatlarymdan gyzyna berip goýberjek bolýamyka?» Şeýle pikir bilen pişik basyşyny edip, ses gelýän tarapa ýönelen Güljeren olary ogryn synlamak isledi. Aýak sesini duýdurman, Öwez dagynyň duran otagyna bardy. Öwez otagyň töründäki şifoneriň gapysyny açýardy. Onuň gapdalynda duran Aýjahan daýza şifonere öwelip seredýärdi. Nurjahan gapa ýakynrak ýerde durdy. Olaryň barynyň ünsi, pikiri şifoneriň içinde bolansoň, Güljereniň gelenini hiç kim duýmady. Güljeren sag eliniň süýem barmagy bilen Nurjahany çalaja dürtdi. Arkasyna kimdir biriniň dürtmesi Nurjahan üçin böwrüne tüpeň dirilen ýaly boldy. Ol: — Wä-ä! — edip, ýürekýargynç gygyrdy-da, öýüň törüne gaçdy. Nurjahanyň duýdansyz çykan aýylganç sesine Öwez-de, Aýjahan daýza-da ses goşdy. Olar Nurjahanyň näme üçin gygyrýanyna ünsem bermän, onuň sesinden gorkup gygyrdylar. Olaryň ählisiniň sesinden gorkup, Güljerenem gygyrdy: — Waý, doganlar! Näme bolýa?! Aýdaýyň maňa-da! Nurjahan ilki içine tüýkürdi. Soň Güljereniň üstüne gygyrdy: — Bela bolýa! Merez bolýa! Näme duýdurman gelýäň?! Sesiňi çykarsaň bolmaýamy?! Öň näme ýürek bar bi adamlarda?! — Eý-waý-ýeý — diýdi-de, Aýjahan daýza-da ýakasyna tüýkürip, özüni aşak goýberdi. Gyzyna azgyryldy. — Güljerenden gorkup gyrgyrýaňmy sen, saçy kesilen?! Zährämizi ýardyň-a! Beýle-de bir çyrlama bormy! Öwez gaharly hüňürdedi: — Men-ä biri gelip, bokurdagyňa pyçak goýýamyka diýipdirin. Nurjahan gahar bilen Güljereniň ýüzüne bakyp, özüni aklamaga çalyşdy: — Pyçak goýandanam beter boldy şol. Öňem ýüregimizi elimize alyp durus. Bu bolsa duýdansyz gelip, arkama dürtýär. Kim bilýär munuň ukudan turup geljegini! — Menden başga kim gelsin şu öýüň içinde! — diýip, Güljerenem gaharly hüňňürdedi. — Derweze gulply. Gülälek saralgy ýatyr. Öwez Güljereniň alkymyna dykylyp, howsalaly pyşyrdady: — Öýde biri bar! Dürküldisi eşidilýä! Häli ýatyrkam hem zol arkama kakyp, ýatara goýmady. Bu habara Güljereniň ýüregi aşak gaçan ýaly boldy. — Waý-ýeý — diýdi-de, yza tesdi. Birdenem Öweze soragly nazaryny dikdi. — Men-ä duýmandyryn. Öwez duran otaglarynyň çyrasyny öçürmän, öz otagyna ugrady: — Sen ukladyň-da. Men welin, duýdum. Beýlekilerem Öweziň yzy bilen ýörediler. Öwez ýatan otagyna baryp, özüni diwanyň üstüne oklady. Ýene gözlerini süzüp, uka meýil etdi: — Ukym tutýa... Nurjahan bilen Aýjahan daýza ýassyk alyp, diwanyň gapdalyna ýazylan el halynyň üstünde süýndüler. — Biraz garawullaly, näme bol şu oglana — diýip, Aýjahan daýza özüne geň nazar bilen bakýan gelnine özüniň näme üçin bu otagda galýanyny düşündirdi. — Düňküldi eşidilýämiş. Belki, ol düňküldi diňe muňa eşidilýändir. Güljeren hem gaýynenesi dagynyň ýanynda Öweziň gapdalyna geçip ýatmagy uslyp bilip, ýassygyny alyp, bir çete geçdi: — Waý-ýeý, indi ol bela biziň barymyza erjeleşäýjekmikä? — diýip, alada galyp, özbaşyna gepledi. Oňa hiç kim jogap bermedi. Hemmeler surnugypdy, ýadapdy. Hemmeleriň uklasy gelýärdi. Öwezi uky basmasy diýip-aýdar ýaly däldi. Ol gözlerini süzüp, dünýäni unudyp barşyna: «Dünýede ukudan süýji näme barka?!» diýip, pikir edýärdi. Şol pursat diwanyň aşagyndan ýene-de kimdir biri onuň arkasyna patladyp goýberdi. Soň bolsa öýüň içinde daýaw erkek kişi ylgaýan ýaly, aýak sesi eşidildi. Ol ses «düňk-düňk» edip, Öweziň beýnisini iýip barýardy. Melul edip barýan süýji uky şol pursat Öwezden zym uçan ýaly boldy. Ol böküp turdy-da, özüni diwandan oklady. — Ol ýene meni urýar! — diýip, çirkin gygyrdy. Öwez dagy otaglary barlaýarka birneme ymyzganyp, gözleriniň awusyny alan Güljeren bu wagt uklanokdy. Aýjahan daýza bilen Nurjahan Öwezi garawullamak üçin hernäçe uka ýan bermejek bolsalar-da, bolmady. Ýassyga ýanbaşlap oturyşlaryna kirpiklerini kirpige gatýanlaryny duýmadylar. Öweziň aýylganç sesine hemmeler aýak üste galdy. — Urdy-da, gaçyp gitdi! — diýip, Öwez gygyryp durşuna gepini nygtady. — Öýe biri girýä! Güljeren özüni ýere goýberip, uludan dem aldy: — Öýe hiç kim girenok, Öwez. Men uklaman seredip otyryn. Saňa Gülälege erjeşýän zat erjeşýän bolmaly. Gyzyna azar berýän zadyň özüne-de ýapyşmagyny Öwez islänokdy. Ol: — Ýok! — diýip, gygyrdy. — Men onuň gaçyp giden aýak sesini eşitdim. Öýe kim biri girýä! Şeý diýensoň, Öwez ýene ähli otaglary, howlyny barlap geldi. Ylgap ýörşüne gara dere batdy. Ýöne hiç kimi tapmady. Ýadaw halda diwana özüni oklan çagy bolsa gulagyna ýene şol tanyş gülki sesi eşidildi. Gülki erkek kişiniň gülküsidi. — Ha-ha-ha-ha! Ha-ha-ha-ha! Öwez ejesidir Nurjahanyň Güljereniň ýüzüne birlaý nazar aýlap, gorkudan gözlerini tegeledi: — Indem şol gülýä! Siz eşideňizokmy? Öweziň sözüne beýlekileriňem ýüzi ak tam boldy. — Ýok — diýşip, olar howsalaly pyşyrdadylar. — Sen kim? — diýip, Öwez gözlerini dpepsine dikip gygyrdy. — Daň atyp gelýä! Gümüňi çek meniň öýümden! Ýene gülki sesi eşidildi. Soň Öweziň gulagyna kimdir biri aýylganç hyşşyldy bilen pyşyrdady: — Öwez! Öwez bir ejesiniň, bir aýalynyň ýüzüne naýynjar bakyp, aglaýan ýaly ses etdi: — Ol meniň adymy tutýa! Ol meniň adymy bilýä, eje! — Eý, toba! Eý, Alla jan! — diýip, Güljeren bilen Nurjahan aglamjyraşdylar. — Howul bela, sowul bela! — diýip, Aýjahan daýza-da gorkusyny gizläp bilmän, dillendi. — Gaýtarmyş ata jan, özüň gaýtaraweri bu belanyň biziň ojagymyzdan! — Öwez! — diýip, ses ýene pyşyrdady. Pyşyrdy gulagyna gelen çagy Öweziň ýüregine iňňe çümdirilen ýaly bolup gitdi. Ýüregi birden çaşýan ýaly, birden bulanýan ýaly boldy. — Öwez! — Hä — diýip, Öwez sese jogap berdi. Soň pikirini ejesi daga ýetirdi. — Gülälege erjeşýän zat maňa ýapyşdy, eje! Ol meniň adymy tutup, gulagyma pyşyrdaýar! Pyşyrdysy janymy alyp barýa. Oňa jogap bermän bolanok. Gülälek janam şeý diýýädi. — Eý-waý-ýeý, işimiz gaýtdy, bi nä bela boldy, Alla jan! — diýip, Güljeren ýene nalady. Aýjahan daýza özbaşyna birsyhly samrady: — Gaýtarmyş ata jan, gaýtaraweri! Ýoluňa bir goýun... Alla jan, özüň medet ber. Nurjahan gorkudan doňňara daşa döndi. — Öwez! — diýip, ses ýene Öweze gygyrdy. — Öwez! — Näme!? Näme etjek meni?! — diýip, Öwez oňa gahyrly jogap berdi. —Sen henizem gümüňi çekeňokmy?! Sen nireden meniň adymy bilýäň?! Kim sen?! — Seniň adyňy bilmän, dagy kimiň adyny bileýin men! — Ses agras eşidildi. — Sen bolsaň meni unutdyň. — Unudyp-unutmaz ýaly, dogan okaşanym ýok — diýip, Öwez hüňürdedi. —Meni ýatara goý, tutma adymy! Ses gaharly çykdy: — Sen basym kän ýatarsyň, Öwez! Hiç wagt galman ýatarsyň! — Sen maňa näme diýjek bolýaň? — Öwez gygyryp gepledi. — Sen ezraýylmy ýa?! — Ezreýyl sen! — diýip, ses Öweze jogap gaýtardy. — Men nähili ezraýyl bolýamyşym?! — Öwez geň galyp, töwerege nazar aýlady. — Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun. Onda sen kim? — Basym bilersiň. Öwezi ýene uky basdy. — Eý, barsan-aý! Kim bolsaň, şol bol! — diýip, ol ellerini daldalatdy. — Men ýatjak. Özüňem eliňden gelenini et! Öwez şeý diýip, özüni diwana oklady. Ses onuň gulagyna aýylganç gygyrdy: — Öwez! Sese Öweziň gulaklary gapylyp gitdi. Beýnisini pişik dyrmalaýan ýaly boldy. Sese jogap bermän durup bilmedi. — Hä! Hä! Näme etjek meni?! — diýip, janyýangynly gygyrdy-da, ýene ýerinden galdy. Gaharyna diwany ýumruklady. — Gözüme görnüp bir gelsediň sen! Etjegimi bilýän! Bogup öldirin seni! Kimdir biri Öweziň bokurdagyna ýapyşyp, bogýan ýaly boldy: — Nädip? Şeýdip bogjakmy meni? — diýip, ses sorady. Öwez bokurdagyny elleşdirdi. Özüni bogýan zady aýyrmak isledi. Ýöne elleri hiç zady duýmady. Demi tutulyp, agzyndan ak köpük geldi. Gara dere batdy. Güljeren plotensa alyp, onuň agzyny süpürdi: — Waý, muňa bir zad-a bolýa! — Namart! — diýip, Öwez pyşyrdap sögündi. — Sen kimem bolsaň, bigaýrat hem namart! Mert bolsaň, göze görnüp gel! — Göze görünmeýän zat bilen dawalaşma! — diýip, Aýjahan daýza ogluna maslahat berdi. — Beter erjeşdirersiň. Öwez barha gaharlandy: — Dawalaşmasaňam erjeşip dur-a ol. Erjeşýän bolsa, erjeşsin şü. Men bizar boldum şundan. Näme edýän bolsa etsin. Görübiýris. — Öwez! — diýip, ses ýene Öweziň adyny tutdy. Öweziň sese jogap beresi gelenokdy. Ony piňine almak islänokdy. Ýöne bolanokdy. Ol bialaçlyk bilen sese boýun bolýardy: — Näme?! Näme! — Ol birsyhly janyny ýakyp gygyrdy. — Öwez!.. Meniň görünmegimi isleýäňmi?! — Hawa, isleýän! Gözüme görünseň bolýa. Soň armanym ýok! — Gyzyň köýnegini tikip bolan wagty sen meni görersiň! — Ses güldi. — Ha-ha-ha-ha! — Gyzym ol köýnegi indi tikmez! — diýip, Öwez sesi gynandyrmak üçin dişlerini gysyp, sözlerini nygtady. — Tikdirmen men oňa. Daň atdygy, men ol köýnegi otlamakçy. — Otlaňda näme! — Ses ýene batly güldi. — Gülälek başga birini biçiner! Sizde biýz kän-ä! Öwez dişlerini gysyp, biri-birinden geçiräýjek boldy: — Men öýdäki biýzleriň baryny otlaryn! Ses birsyhly gülýärdi: — Otlaňda näme! Aýalyň ýene tapyp gelmeli bor! — Tapmaz! Tapmaz şol — diýip, Öwez öýi ýaňlandyryp gygyrdy. Pol ýumruklady. — Aýalym ýene öýe biýz getiräýse, men ony öldirin! Ses gülüp-gülüp, Öweziň içini ýakdy: — Aýalyňa biýzi Gülälek getirder. Sebäbi ikimiziň görüşmeli günümiz Gülälek şol biýz köýnegi geýmeli! — Ses birden gahara eýlendi hem buýruk beriji gürledi. — Hökman geýmeli! — Men seniň bilen görüşmegem islämok! — diýip, Öwez ýene elini silkip goýberdi. — Seni görüp başyma uraýynmy?! Aýjahan daýzadyr Nurjahan, Güljeren üçin Öwez özbaşyna samrap oturan ýalydy. Olar aýaklaryny tutuşyp, doňňara daşa öwrülip, bialaç halda Öwezi synlamadan başga çäre tapanokdylar. Onuň ahyry özüniň köşeşerine garaşýardylar. «ÝA muňa-da uky derman beräýsekmikäk?» diýip, üçüsi-de bir pikiri serinde aýlaýardy. Soňam, Öwezem uklasa, bu göze görünmeýän belanyň öz başlaryndan iljegini ýatlap, içki pikirlerini daşyna çykarman saklanýardylar. Ses Öweze gep goşdy: — Häl-ä meni görjek diýp durdyň sen. — Men saňa hasabat beremok. Güm bol! — diýip, Öwez sögündi. —Göresim gelse, görerin, göresim gelmese, görmen! Men islänimi ederin! — Sen şu çaka çenli isläniňi etdiň, Öwez! Indi edip bilmersiň! — Ederin! — Öwez özüne göwnüýetijilik bilen gepledi. — Men öňem islänimi edýädim. Indem ederin! — Seniň häzir ukyň tutýamy, Öwez? — diýip, ses sorady. — Ýatasyň gelýä! Şeýlemi? — Hawa, ýatasym gelýä. — Öwez ýene ýerine geçdi. — Ýatarynam. Senem gygyr-da otur. Ses ýene güldi: — Seniň ýatasyň gelenog-a, Öwez! Gyzyň ak köýnegini nagyşlasyň gelýä! Öwez arkanlygyna ýatyp, gözlerini süzdi: — Meniň köýnek nagyşlasym gelenok. Ýatasym gelýä. — Ýalan! — Ses Öweziň gulagyna pyşyrdady. — Seniň köýnek nagyşlasyň gelýä, Öwez! Näme üçin ýalan sözleýäň?! Ýalançy Öwez! — Men ýalançy däl! — diýip, Öwez samrady. — Sen ýalançy! Sen häzir gidip, aýalyň goýan ýerinden Gülälegiň tikýän köýnegini getir, Öwez! — diýip, ses Öweze buýurdy. Öweziň ýerinden galasy gelenokdy. Emma ol hut magnit bilen dartylýan demir mysaly, öz-özünden turup, ýöräp başlady. Güljereniň epläp goýan ýerinden Gülälegiň nagyşylaýan biýz köýnegini aldy. Ejesi dagam onuň yzyndan galman, ol nirä ýörese ýörediler. — Taşlan ýerinden iňňäni tap, Öwez! Iňňäni tap! — diýip, ses Öweze buýruk bermegini dowam etdi. — Iňňäni tap! Özüňem basym bol! Öwez daşarynyň ýiti çyrasy ýanyp duran-da bolsa, otluçöp çakyp, iňňe taşlan ýerlerine dümtünip seretdi. Iňňäni tapyp, ýerden galdyrdy. Soň ýene ýeňsesinden itelän ýaly bolup, içerik girdi. Bir çüňke baryp, ulugyz ýaly sülmüräp oturdy. — Munuňam işi gaýtdy — diýip, Nurjahan aglamjyrady. —Ertiriň özünde göçüň bu ýerden, eje! Öýüňizi al-arwah eýeläpdir siziň. Aýjahan daýza gynanyp gepledi: — Nije ýyllap gurnalan öý. Bi öýi edýänçäm ne günler gördüm... — Göçeniň bilen dynyp bormuka mundan! — diýip, Güljeren gussaly dillendi. Nurjahan ganynyn gyzdyryp, ejesiniň üstüne gygyrdy: — Baryňyz dälirejek bolup durkaňyz, öý nämäňize derkar?! Aýjahan daýza elini daldalatdy: — Sen bir ýuwaş bolaýsana! Şonsuzam kelläm ýaryljak bolýa! Gitmeli bolsa, gideris. Ertire bir çykaly. Bi artyp şu gün bir gitsin sag-aman şu ýerden! — Gülälegiň ters tiken ýerlerini söküşdir — diýip, ses Öweze etmeli işini salgy berdi. Nurjahan gözlerini ýaşlap, bir çete çökdi-de, Öweze syn saldy. Öwezh işi nädip etjegini bilmedi. Janyny ýakyp gygyrdy: — Oňaramok men! Men näme aýalmy bi işleri edere! — Sen aýalça ýok! — diýip, ses onuň gulagyna pyşyrdady. — Sen sebäpli bu gije bi köýnegiň näçe ýeri tikilmän galdy. Çalt bol-da, özüň tik indi. Ýa-da Gülälegi oýar! — Men günäkär däl bi köýnegiň tikilmedigine. — Sen günäkär! Sen Gülälege derman getirenem, içirenem. — Gülälek oýanyp bilmez! — Onda, goý, köýnegi aýalyň tiksin! Öwez ak köýnegi Güljerene uzatdy: Me, muny sen tik! Ol zat muny tikmegi maňa buýurýar. Men näme, nagyş edip bilýänmi?! Güljeren ýylan gören ýaly bolup, yza tesdi. Ellerini daldaladyp, howsala düşdi: — Ýog-ýeý! Ol artyby maňa berme! Näme etseň, özüň et! Maňa berme! MEn ölsemem, tikmerin ony. Senem tikme, Öwez! — Tikjekgä biz şony! — diýip, Öwez sese jogap berdi. Hem köýnegi bir ýana taşlady. Ses Öweziň gulagyna birsyhly pyşyrdady: — Men ony tikýäň, Öwez! Tikýäň! Ilki Gülälegiň ters tiken ýerlerini söküşdirýäň. Soň bolsa ony emaý bilen tikip başlaýaň! Özüňem çalt işle! — Meniň ukym tutýa! — diýip, Öwez kesirligine tutdy. — Seniň ukyň tutanok, seniň gyzyň geýmeli ak köýnegini tikesiň gelýä! — diýip, sesem ony öz erkine goýmady. — Çalt bol! Öwez diýeneedijilik bilen ak matany eline alyp, nagyşlaryň üstünden terslin-oňlyn, tagaşyksyz geçirilen sapaklary üzüşdirip başlady. Ses ony gyssady: — Çalt bol! Çalt! Çalt! Öwez haýdap oturşyna, birden ýene bogulýan ýaly boldy. Kimdir biri ony ýene bogup başlady. Agzyndan ak köpük saçyp, bir çete ýykyldy. — Sogan getir, sogan! — diýip, Aýjahan daýza elewräp gygyrdy. —Gülälek şeýle bolanda, Näzik goňşy sogan çalyp açypdy! Güljeren bilen Nurjahan düwdenekleşip, sogan getirmäge ylgadylar. Onýança-da äpişgeden daňyň süýt reňki görnüp ugrady. Öýe imisalalyk aralaşdy... * * * dowamy bar.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |