22:20 Arwah gelýän gijesi - 4/ powestiñ dowamy | |
* * * Olaryň hemmesi ukusyzlykdan ýaňa şeýle bir surnugypdylar welin, Öwezi özüne getirenlerinden, Gülälegiň-de el-aýagyny çözüp, barysy uka berildi. Hir kim sesini çykarman, ýassyk alyp, çem gelen ýerde süýnüp, uklap galdylar. Ukyderman sebäpli, özüni bilmän, gijesi bilen ýatan Gülälek Günüň tyglary äpişgä düşünden oýandy. Öňküleri dek, daşaryk çykyp, el-ýüzüni ýuwdy. Agaç sekiden agşam Nurjahandyr Aýjahan daýza üçin ýazylan düşekleri ýygnap, içerik saldy. Içki jaýda ejesidir kakasynyň, enesiniň hem Nurjahanyň düşek-ýorgansyz uklap ýatanlaryny görse-de, olary oýarjak bolmady. Gülälek olar özi üçin ukudan galandyr öýtdi. Daşarlaryny syryp-süpürip, çaý oturtdy. Çaý demlenip, bir özi çaý içdi. Soň tikin işi bilen gümra boldy. Ýatanlar gün ikindä aganda oýandylar. Olar daşary çykan halatlary özlerini gaýty gowy duýýardylar. Misli, hiç kime hiç zat bolmadyk ýalydy. Gülälegiň tikýän biýzden köýnegini zyňanyňda-da netije çykmajagyny bilensoňlar, gyza-da hiç kim gaýdyp ol köýnegi tikmek-tikmezlik hakda zat diýmedi. Çaý-suwuny içip, Nurjahan öýüne gaýtmakçy boldy. — Halyňyzdan habar alaýyn diýip gelipdim. Il-günüň tapan gepi ýalan bolaýbilsedir diýipdim... Ýöne ol çyn eken. — Çagalaryň gözi ýoldadyr. Öýe baraýyn men. Öň-soň bärde oturanymda-da hiç zada haýrym ýetjek däl. — Sen öýüňe git, gyzym — diýip, Aýjahan daýza-da gyzyna rugsat berdi. — Keseki maşgalasysyň. Eglenme. — Ýöne... — diýip, gepine biraz dyngy berdi-de, Nurjahan gözýaşlaryny süpürdi. — Bir zat edeliň, eje. Nurjahan şeý diýenden, hamala ol bela-beterden dynmagyň ýoluny tapan dek, hemmeler oňa tiňkesini dikdiler. Hat-da Gülälek hem tikin işinden ünsüni sowup, Nurjahan ejesinde nazarlaryny egledi. Nurjahan dowam etdi: — Geljek annada hemmäňiz meňkä baryň. Göreliň. Eger hemme zat gülala-güllük bolsa, onda bu öýden göçmek bilen bolarsyňyz. — «Al-arwahdan gaçyp geldik» diýsek, adamyň-a halamaz! — Öwez uludan dem aldy. — Beýle-de bir maňlaý borma-aý! Öz öýüňden gaçyp. Gün görjek bolmak... — Şeý diýip, Öwez howlusyna ahmyr bilen göz aýlady. — Men muny ne günlük bilen öý etdim! Nähili bezedim muny!... Bir tümenlik zady iýip, müň tümenligini şu öýe siňdirdig-ä... — Wah, Öwez jan, doganjygym! Öýüň gürrüňini goýsana sen! — diýip, Nurjahan özelendi. — başyndan şu bela aýrylsa, köçede ýatyp-tursaňam bor, kümede ýaşasaňam bor. Şeýle ýagdaýda heý, öýüň lezzeti bilinjekmi! — Seň diýýänleriňem dogry — diýip, Öwez baş atyp, Nurjahan bilen ylalaşdy. — Ilki baş saglygydyr-la. Ýöne adam diýeniň namart-da... Zatjagazyna-da gideresi gelenok. — Dagy näme. Zadam aňsatlyga tapylanok — diýip, Nurjahan Öweziň gepine ugradyş gopdy. — Zadyňam gaýgysyny etmeli. Ýöne ilki bilen aman bolsun! — Nurjahan biraz sözüne dyngy berdi-de, dymdy. Soň ýene dowam etdi. Gürrüňini Öweziň jogapsyz galan sowalyna gönükdirdi. —Al-arwahdan gaçýanlygymyzy aýtsak, adamymyň-da halamazlygy mümkin. Şonuň üçin dilimize bek bolaýarys. Oňa nämeden gaçýanymyzy aýdybam durmarys. Onsoňam, ol bende mydam çölde ahbeti. Entek gelmeli möhleti doluberen däldir-le onuň. Pikir edip göreýin welin, ol indiki annada-da çölde bolaýmasa. Olar käte biri-biriniň ýerine-de işläberýärler. Geläýse-de, men-ä «Anna agşamy, ölen-ýitenlerimize aýat-töwir etjek» diýerin. «Ejem dagyny özüm çagyrdym» diýerin. Sizem sesiňizi çykarman oturyberiň. — Şeýderis-le — diýip, Aýjahan daýza gyzy bilen ylalaşyp, baş atdy. Birdenem howsala düşüp gepledi. — Ol artyp soň seniň çagalaryňa erjeşmezmikä, Nurjahan?! Ejesiniň sözlerine Nurjahanyň ýüregi gopup gitdi. — Waý-ýeý, goýsana gyz, eje! Tapýan gepiň dagy näteňet! — diýip, gorky bilen ýakasyny towlady. Çagalaryny ýatlanda diýen sözlerine puşman edýän ýaly göründi. Bolsa-da, sözüni yzyna almady. — Hudaý bardyr, başa gelenini görübiýris. Siz bir baryň ilki. Çagalaryma erjeşjek bolsa, gaýdybiýrsiňiz. Onsoňam, al-arwah siziň yzyňyza düşüp ýörmi! Ol nä bilsin, siziň nirä gideniňizi. Ir bilen ýa-da bir gün öňünden baryň. Onuň diňe siziň howlyňyzyň içinde bolmagy mümkin. Şondan erjeşýändir ol size-de. — Ol biziň adamyzy tutup dur-a — diýip, Öwez gözlerini tegeledi. —Ondan herki zat çykar. Nurjahan ýoluna şaýlandy: — Görübiýris näme çyksa. Indi başa gelenini çekmekden başga çäre ýok. Nurjahan çykyp gitdi. Maşgala öz aladasy bilen galdy. — Saňa-da molla ýa-da doktor çagyryp göräýeli, oglum? — diýip, Aýjahan daýza Öweze sala saldy. Öwez ellerini daldalatdy: — Gerek däl. Gülälege-de olaryň hiç birem haýyr etmedi. Ilki Nurjahanlara gidip göreli. Soňky zatlaram soň pikirlenişeris. Küýselmeýän günler çalt gelýär. Soňky annanyň-da nädip ýetip gelenini duýman galdylar. Aýjahan daýzanyň maşgalasy irgözinden gapyny gulplap, goňşy obada ýaşaýan Nurjahanyňka ugrady. Nirä gidýänlerini hiç kime aýtmadylar. Nurjahan ile gürrüň ýaýramaz ýaly, ejesi dagynyň başyna düşen ahwalaty hiç kime aýtmady. Adamsy-da, hamala, Nurjahan dagynyň hiç kiýe duýdurmak islemeýän wakasynyň gizlin saklanmagyna hemaýat bolsun diýýän ýaly, gaýynlary gelen günem çölden dolanyp ýetişmedi. Başga wagt mydama gözi adamsynyň ýolunda bolsa-da, Nurjahan ejesi dagy gelen çagy ýan ýoldaşynyň öýde däldigine begendi. Gep adamsyna ýetse, soň gaýyn ugrunyň ählisine-de ýetjekdi. Şeýdibem, Nurjahanyň islemeýän gürrüňi ile ýaýrajakdy. Nurjahan myhmanlaryna nahyr-çaý berdi. Iýip-içselerem iýip-içýärdiler welin, galpyldylary-da ýetikdi. Her kim töweregine gorkuly nazar aýlap, gapdallaryndan kimdir biri «wäh!» diýip çykaýjak ýaly, biynjalyk bolup otyrdy. Keýplere sogan dogralypdy. Gep-gürrüň ugruganokdy. Wagtam bir görseň, geçmeýän ýalydy, birdenem çalt geçýän ýaly-dy. Birden-ä näme bolsa, basymrak bolup dynaryna garaşýardylar, birdenem, agşamyň ýetip gelýäninden çekinýärdiler. Gün öýlä sananda olaryň galpyldysy has-da artyp, ýürekleri böküp ugrady. Yssydan hem garaşmadan ýadan Öwez sagat bäşler töwereginde ýanbaşlap oturan ýassygyna gyşardy. Irkilmäge çemlendi. Şol wagtam onuň gulagyna: — Öwez! — diýen pyşyrdy geldi. Öwez sese ziňkildäp gitdi-de, ukudan aýňaldy. Ejesidir aýaly adyny tutandyr öýdüp, olaryň ýüzüne gözlerini elek-çelek edip seretdi. — Biriňiz meniň adymy tutduňyzm-aý? — diýip, sorady. Öweziň bu sowalyna Aýjahan daýza daýzanyň-da, Gülälegiň-de ýüzi ak tam bolup gitdi. — Ýok-da-ýok — bolşup, olar-da howsala düşdüler. Nurjahan ýakasyna elini ýetirdi: — Tob-a! Ýene gulagyňa ses eşidilýärmi, Öwez?! Öwez belli jogap bermedi. — Eşidilen ýaly boldy — diýip, mydyrdady. Öz diýýän sözüne özüniň ynamy bolmasa-da, Aýjahan daýza ogluny köşeşdirmek üçin oňa göwünlik berdi: — Göwnüňedir, oglum. Özüňem irkiläý biraz. Oturyp ýadadyň sen. Öwez kellesini ýassyga goýup, ýene irkiljek boldy. Bolmady. Gulagyna tanyş ses geldi: — Öwez! — Hä! — diýdi-de, Öwez sese ýatan ýerinden jogap bedi. Galasy gelenokdy. Ukusy tutup, gözleri süzülip barýardy. Şeýle hem sese tolgunyp, ýüregi dürdükldäp, agzyndan çykaýjak bolýardy. — Waý, bi ýene gepleýä! — diýp, Güljeren Öweze seredip, aglamjyrady. — Munuň gulagyna ýekne ses eşidilýä, doganlar! Men näme edeýin indi, doganlar! — Öwez! Sen bu ýerde näme işleýäň?! — diýip, ses Öweze gygyrdy. —Sen näme üçin maňa öýüňde garaşmadyň?! — Senden gaçyp gaýtdym! — diýip, Öwez sese dogrusyny aýtdy. Ses güldi: — He-he-he-he... Onuň gülküsi ýene Öweze tanyş göründi. Ýöne ol bu gülküniň kimiňkidigini hiç hakydasyna getirip bilmedi. Öwez ol gülküni juda kän gezekler eşidip görüpdi. — Özüňden gaçyp gutulyp bilermsiň?! Öwez! — diýip, ses gülüp bolansoň, ýene Öweze gep goşdy. — Özümýuden nädip gaçyp gutulaýyn men?! — Ukusy tutup, jany ýanyp duransoň, Öwez gaharlandy. — Özüňden gaçyp gutulyp bilmeýşiň ýaly, sen meden hiç wagt gutulyp bilmersiň — diýip, ses Öweze düşündirdi. — Şonuň üçin meden gaçjak bolup ýörme sen. Men mydama seniň yzyňdadyryn. Indem öýüňe bar, Öwez! Öýüňde hasaplaşaly. Kesekiniň ojagynda göz-gülban bolup ýörme! — Hasaplaşaly?! diýip, Öwez geň galyp sorady. O nämäniň hasaby? Meniň hiç kim bilen algy-bergim ýokdy. — Seniň algyň ýok. Ýöne uly bergiň bar — diýip, se agras gepledi. —Sen ol bergiňi unutdyň, Öwez! Bütinleý unutdyň! — Meniň hiç kime hiç hili bergim ýok — diýip, Öwez öz diýenine tutdy. Hem pikir edip, kime näme bergisiniň baryny ýadyna saljak boldy. — Maňa bergiň bar! — Ses barha agraslandy. Onda gahar alamatlary mese-mälim duýuldy. Öwez töweregine garanjaklady: — Sen kim? — Ony basym bilersiň. Gyzyň Gülälek toý köýnegini tikip bolan pursaty sen meni görersiň. Ol pursata menem howlugýan, Öwez! Gülälege aýt, köýnegi basym nagyşlap bolsun! — Ol toý köýnegi däl! Ol kepen! — diýip, Öwez gaharlandy. — Sen näme üçin meniň gyzymy beýle erbet zady tikmäge mejbur edýäň?! Ses howsala gaplandy: — Ol erbet zat däl, Öwez! Ol zat seniň gyzyň daşyna dolar. Ol seniň gyzyň üçin toý köýnegi, Öwez. Özüňem, bol, Gülälegi al-da, öýüňe bar. Gülälek basym köýnegini tikip bolmaly. — Gitmen! Gitmen! Şu ýerde öldüräý sen meni! — diýip, Öwez gygyrdy. Ses irginsiz gaýtalanyp, Öweziň ýüregini pişik dyrnajaklaýana dönderdi: — Öwez! Ýola düş, Öwez! Öwez! Öwez! Gyzyňy al-da ýola düş! Öwez... Öwez sesiň iňňildisine çydaman, Gülälegiň golundan çekdi: — Tur, öýe gaýtmaly, gyzym! Sen köýnegiňi tikmeli! Ses Gülälegiň-de gulagyna gygyrdy: — Gülälek-ýek! Öýüňe bar-da, köýnegiňi tik! — Bolýa! — diýip, Gülälek sese diýenedijilik bilen jogap berdi-de, kakasynyň yzyna düşdi. Öwez hiç kime hiç zat diýmän, hiç kimiň gepine üns bermän, gyz bilen ýola çykyp gitdi. — Işimiz gaýtdy! Ol artyb-a bizden galmandyr — diýdi-de, Aýjahan daýza-da ýerinden galdy. — Bizem öýe aşaly, Güljeren. Ýogsa ol jyn eýelänler öýde nädip gün görerler! Güljeren hem aglamjyrap, gaýynenesiniň yzyna düşdi. — Sen otur-da, çagalaryňa seret, biz günümizi göreris — diýip, Aýjahan daýza gyzy Nurjahana tabşyrdy. — Biz indi bu güne werdiş bolduk. Adamsy-da öýde bolmansoň, Nurjahan ejesi dagy bilen gidip bilmedi. Olaryň halyna gynanyp, aglap galdy. Öwez bilen Gülälek ýolda göz-gülban bolup barýardylar. Olar şeýle bir ylgaýardylar welin, hut öňatla goýberilen ýalydylar. Aýjahan daýza bilen Güljeren ýola çykanda olar eýýäm köçäniň aňry başyna ýetipdiler. Hemmeler uly ýoluň ortarasyndan gözlerine urlan ýaly, elet-tas bolup, ylgap barýan Öwez bilen Gülälege geň galyp seredýärdiler. — Bol! Bol! Çalt ylga! Çalt! — diýip, ses Öwezdir Gülälegiň gulagyna gezekli-gezegine gygyryp, olaryň bir salym-da batlaryny gowşatmagyna maý berenokdy. Paý-pyýadaja ylgadyp barýardy. Gygyryp, janlaryny alaýjak bolýardy. Güljeren bilen Aýjahan daýza Öwez dagynyň yzyna eýerip bilmän, bialaç halda öz maýdalaryna ýöremäge mejbür boldular. Gülälek bilen Öwez hernäçe daljyksalar-da, kimdir biri gop berýän dek, ylgawlaryny ýazdyrman, obalaryna ýetdiler. Öýlerine gelip, zordan gapyny açyp ýetişdiler. Ylgamadan dilleri saýllanyp gidipdi. Agyzlaryndan ak köpük saçyşyp, mejalsyz halda günüň howruna gyzyp duran daş gapyda ýykyldylar. Özlerini ýitirip, tä Güljeren bilen Aýjahan daýza gelýänçä ýatdylar. Güljeren bilen Aýjahan daýza indi ah-wahlaşyp ýörmeden netije ýoguna düşündiler. Gelenlerinden Gülälek bilen Öweziň ýüzüni sowuk suwa ýuwdular. Kellesinden bir küşrge sowuk suw guýlansoň, Öwez özüne gelip, gözüni pçdy. — Seni götermäge güýjümiz ýetjek däl. Özüň gaýrat et-de, içerik girjek bol — diýip, Güljeren adamsyna ýüzlendi. — Gyzgyn daşyň üstünde ýatyrsyň. — Men nirede? — diýip, Öwez gözlerini petredip ýatyşyna aňsyz halda dillendi. — Sen öýde, oglum. Öýe geldiň sen — diýip, Aýjahan daýza aglamjyrap, oglunyň saçlaryny sypalady. — Öýe girmäge ýagdaýyň barmy, balam?! Hudaýym, seň başyňa düşen bu belany ýer ýuwutsun! Ýedi gat ýeriň teýine gitsedi şol! Ylgap goňşy obadan gelmek Öweziň eňkini alypdy. Onuň diňe gözleri açylyp-ýumulýardy. Gymyldamaga mejaly ýokdy. Oglunyň ýagdaýyna gynanyp, Aýjahan daýzanyň ýüregi dilim-dilim bolýardy. Ol içindenem birsyhly göze görünmeýän bela gargynýardy: «Gelen ýeriňe gabyr bol! Biziň öýümizden gümüňi çek!» diýip, sesini çykarman, dodaklaryny müňküldedibem oňa sögünýärdi. Güljeren Öweziň gapdaljygyna haly getirip ýazdy. — Muny şunuň üstüne togalaly-da, düşek bilen bile kölegä süýräli —diýip, ol gaýynenesine ýüzlendi. — Günde ýatsa, erbet bolar soň. Gülälege bolsa güýjümiz ýeter. Iki bolup, Öwezi halynyň üstüne togaladyr. Soň ony öýüň düýbüne çenli süýrediler. Gülälegi iki bolup göterip, öýe saldylar. Gülälek hem ýadowlykdan misli serhoş ýalydy. Ol içeri eltilenden uka berildi. Öwez-de uklady. Aýjahan daýza daşaryk çykyp, ogly rahat uklar ýaly, oňa gonmaga çemlenýän siňekleri kowdy. Güljeren bolsa, her zadam bolsa garbanmagyň gerekligi üçin biş-düşüň ugrunda çykdy. Gün batyp, garaňka mazaly düşensoň, Gülälek-de, Öwez-de oýandy. Olar turup, el-ýüzlerini ýuwdular. Arkaýyn çaý-suw içdiler. Ses ýitipdi. Muny hemmesi-de duýýardy. Ýöne agzasalar, ol ýene peýda bolaýjak ýaly, hiç kim ol hakda gep gozgamak islänokdy. Gulagyna ses häzir gygyrmasa-da, onuň öň-soň peýda boljagyny gülälegiň ýüregi syzýardy. Şonuň üçin ol ölmez-ödi garbanansoň, içerik girip, tikýän matasyny eline aldy. Öýdäkiler ondan hiç zat soramadylar. Gyz ýene sesiň burugy bilendir öýtdüler. Gülälek ters sünjen sapaklaryny aýyrdy. Nagyşlary tertipledi. Soň ýene öňküsi ýaly, işini tikmegi dowam etdi. — Bu sapar ederiňi bildiň sen! — diýip, ses Gülälege pyşyrdady. —Sen mydama şeýle bolmaly. Her gezek aýtdyryp durmaly däl-ä. — Sen gitmediňmi? — diýip, Gülälek gaty ýakynjagyndan eşidilýän ses bilen gepleşmäge döwtalap boldy. — Men sen gidensiň öýtdüm. — Seni äkidýänçäm gitmen — diýip, ses salykatly gepledi. Gülälek onuň bu habaryna geň galdy. — Sen meni äkitmäge gelýäňmi? Nirä äkitjek? — Ony soň bilersiň! Gülälegiň özi bilen gepleşýänini göresi geldi. — Sen kim? Görnäý-dä maňa! — diýip, ýalbarjyrap gepledi. — Gaty göresiň gelýämi? — Hawa. — Onda çyrany öçür! Gülälek özi bilen gepleşýäni görüp boljak pursatyň golaý gelenine tolgundy. Ýüregi gürsüldäp urdy. Hem begendi, hem gorkdy. — Nämä tolgunýaň? — diýip, ses ondan sorady. — Çyra görnäý-dä! Men gorkýan. — Nämeden gorkýaň? — Sypatyň gaty gorkunçmy seniň? — Görersiň häzir. — Gorunç bolsaň, meni gorkaryn-da. — Gorkjak bolsaň, görünmäýinem. Gülälek her zadam bolsa, özüniň kim bilen gepleşýänini görmek isleýärdi. — Ýok, görün, görün — diýip, ol sese albardy. — Her zadam bolsa, meniň sesi göresim gelýä! Ýöne ejemi çagyraýyn?! — Çagyrasyň gelse, çagyr! — diýip, ses gyzyň raýyny ýykmady. — Ýöne ejeň meni görüp bilmez. Sebäbi men diňe görünmeli adamlaryma görnüp bilýän. Onsoňam, meni göreniňi soň ejeňden başga kişä aýdaýma. — Sen meni bogmarsyň gerek? — Bogjaň bolsam, şu wagtam bogup bilýänä. Onda men ejemi-de çagyrmaýyn — diýip, Gülälek ekelendi. — Seni ikiçäklikde göreýin. — Çyrany öçüren pursatyň sen meni arkaýyn synlap bilersiň — diýip, ses Gülälege ýagdaýyny aýtdy. Gülälek ýerinden turup, çyrany öçürdi. Içerini garaňkylyk gaplady. Gaty tümlügem däldi. Daşardaky çyralaryň ýagtysy äpişgeden içerä birneme ýagtylyk çaýýardy. Içerini arkaýyn synlap boljakdy. Gülälek özüniň gürleşýän zadyny görmek üçin ýüregini eline alyp, töweregine ýaltaklady. Ýöne onuň gözleri hiç kimi görmedi. — Men seni göremog-a! — diýip, gyz sese ýüzlendi. — Bu jaýa daşardan ýagty gelýä. Ýa-ha daşardaky çyralary-da öçürip gel. Ýogsa-da, iň törki, garaňky jaýa geç! — diýip, ses oňa jogap berdi. Gülälek bosagalardan emaý bilen ätläp, iň içki jaýa bardy. Gapyny açyp, içerik tiňkesini dikdi. Törde uzyn boýly erkek kişi ellerini döşüniň üstünde gowşuryp, başyny aşak egip durdy. Gülälek bosagada peýda bolandan ol başyny galdyrdy. Ony gören çagy Gülälek tisginip gitdi. Ol on sekiz ýaşlar töweregindäki juwan ýigitdi. Özem diýseň owadandy. Syratlydy. Gözleri welin Gülälege gahar bilen bakýardy. Gözlerde ar hem gussa bary mese-mälim duýulýardy. Heniz erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz durup görmedik gyz çekinjeňlige özüne aldyrdy. — Sen nähili görmegeý ýigit ekeniň! — diýip, misli gabadynda özüne söz aýtjak ýigit duran ýaly, tolgunyp, galpyldady. Hat-da ýüreginde ýigide bolan söýgi ataşy köredi. — Meni welin köseýäň. — Senem ilki meni kösediň-ä! — diýip, ýigit ýene Gülälegi haýran galdyryp gepledi. — Indi ar alyş pursaty geldi. — Ar alyş? O nämäniň ary? Men seni biriniji gezek görýän. Men seni hiç wagt kösämok. — Seniň elleriň maňa jebir eden eller, seniň ýüregiň maňa jebir eden ýürek. Bütin synaň meniň bagtymy ýatyran syna seniň. Seniň diňe hakydaň başga. — Men saňa düşünemok — diýip, Gülälek pyşyrdady. — Wagty gelende düşünersiň. — ÝA maňa öýlenme niýetiň barmy? — diýip, Gülälek çekinip sorady. —Sen nirä äkitseňem, men razy. Seniň kimin görmegeý ýigit biziň obamyzda ýogam. — Men saňa öýlenmen! — Ýigit gaharly jogap berdi. — Saňa Öwez öýlener! — Öwez? Kim Öwez? — Hol, daşarda oturan! Bu habara Gülälegiň zähresi ýaryldy: — Ol meniň kakam ahyry! — Bolanda näme! — diýip, ýigit sowukganly jogap gaýtardy. Gülälek üçin ýer hopan ýaly boldy. Ol aglamjyrap, dyza çökdi. Emedekläp, ýigidiň ýanyna ugrady. Oňa aýaklaryndan gujaklap, ýalbarmak isledi. Ýöne emedekläp, öýüň içinde ters aýlansa-da, ýigidiň duran ýerini sermense-de, elleri adam süňňüne ilmedi. Öýüň içi diňe boşluk bolup durdy. — Eý, hudaý jan! — diýip, gyz aglamjyrap, aýlanyp ýörşüne ýene ýigide gep goşdy. — Sen näme, meniň gözüme görünýän sudurmy?! ÝA howadan ýasalanmy sen? Men saňa elimi degirip bilmän geçdim-le. Özüňem diýýän sözleriňi yzyna al! Il-gün näme diýer! Kakamy beýdip masgaralama! — Men oňa hiç zat edemok — diýip, ses Gülälege jogap berdi. — Ol diňe öz päline sataşar! — Sen kim? Aýdaý-da. Kakamyň näme üýtgeşik päli bar, beýdip, il-güne masgara bolar ýaly! — diýip, gyz özelenip-özelenip ýigide ýalbardy. Ýigit şol bir gahary bilen gepledi: — Wagty gelende bilersiň. Gülälek gözýaşlaryny süpürdi: — Sen şeýle owadan ýigit. Men eýýäm seni gowy gördüm. Gitmesene indi meniň gözümiň alnyndan. Özüňem her gün gelip, meniň gaşymda otur. Men saňa bakyp, ömrümi ötüreýin! — Ýok, men duşmanym üçin hiç hili gowulyk edip bilmerin! — diýip, ýigit Gülälegi hiç hili sylaman gepledi. — Men seniň ýanyňa diňe ar almaga gelýän. Basymrak köýnegiňi tikip bol. Ar güni ýetip gelýär! Gülälek gözüne görünýän keşbi şeýle bir gowy gördi welin, onuň öz gözlerinden ýeke salym-da ýiterini islemedi. — Bolýa, men köýnegi tikeýin! — diýip, onuň gepine jogap berdi. Ýene ýalbardy. — Ýöne sen meniň göz öňümden gitmesenne! — Bolmaz! Sen köýnegi tik! — diýdi-de, ýigit Gülälegiň göz öňünden ýitdi. — Sen rehimsiz, görmegeýem bolsaň, rehimsiz ekeniň! — diýip, Gülälek aglap, maňlaýyny pola berdi. — Gitme-dä! — Rehimsizligi senden öwrendim! Sen mende rehim goýduňmy? — diýip, Gülälegiň gulagyna öňki ses pyşyrdady. — Çalt bol-da, işiňi tik. Gülälek ýeňsenden «düňk-düňk» edip, pola batly basýan aýak sesini eşitdi. Birdenem çyra ýakyldy. — Gülälek! Näme bu ýerde maňlaýyňy pola berip, aglap otyrsyň? —diýip, ejesi Gülälegi ellerinden tutup, ýerinden galdyrdy. — Näme bolýa saňa, gyzym? Gülälek agysyny goýup, pyşyrdap gepledi: — Eje, men ony gördüm. — Kimi? — Meniň bilen gepleşýäni! — Arwahmy?! — Güljeren gözlerini tegeläp, öýüň içine nazar saldy. —Hih! — Ol arwah däl, eje, adam! Güljeren gorkuly pyşyrdady: — Arwah göze görnende adamyň sypatynda görünýämiş. Oňa özüňi aldadaýma! — Ol şeýle owadan ýigit eken, eje! — diýip, Gülälek gören zadyny ejesine gürrüň berdi. — Dogrusyny aýtsam, men oňa aşyk boldum! — Toba et! Ol seni yzyna tirkäp alyp gitmek üçin owadan ýigide öwrülip gelendir — diýip, Güljeren gorky bilen gepledi. — Razy bolanyňy bildigem, äkider. Özüňem muny berk belle. Hergiz onuň yzyna düşüp gidiji bolaýmagyn. — Ol meni ýigrenýä, eje! — Gülälek gussa batyp, uludan dem aldy. — Al-arwahdyr jyn-şeýtanlaryň hiç birem adama gowulyk etmez! —diýip, Güljeren gyzyna birsyhly pent berdi. — Sen ondan gaçarak duraweri, gyzym. — Şeý diýensoň, Güljeren göze görünmän gelýän zada gargyndy. — Sataşman geçen, nireden sataşdy şol artyp saňa! Gabyr bolup gidäýsedi. Gülälek gorkuly pyşyrdady: — Eje, ol maňa şeýle bir aýylganç zatlary diýýä. Dilime almaga gorýakn. Özüňem meniň ony görenimi enem bilen kakama aýdaýma. Ol maňa senden başga aýtmazlygy tabşyrdy. Güljeren gahar bilen elini silkip goýberdi. Gyzynyň gepini diňläsem gelmedi: — Ah, goýsana şol artybyň gürrüňini! Bizar boldum men şondan! Arwahdyr-da! Ondan ibaly gep çykarmy! Elinden näme gelse etsin şol. Göreli hany! Ejesiniň sözleri Gülälegem birneme köşeşdirdi. *** Gülälek tikmeli işini güýzüň ortaky aýynyň aýaklarynda boldy. Ýyly howany kowalap, günsaýyn güýjeý-än çigrek gijeler iniňi tikenekledýärdi. Öýleden soň dünýäni lerzana aldyryp gopan harasat akrapdan habar berýärdi. Güýçli ýel dal-daragatlary damary bilen goparaýjak bolýardy. Agaçlar başlaryny iki ýana yrap, misli, betbagtlaryň halyna gynanyp aglaýan ýaly, «şu-uuw-şu-uuw» edip, seslenýärdiler. Garaňky gatlyşyberende güýçli şemal sebäpli, biri-biri bilen çaknyşyp, hallan atýan elektrik simleri üzülip, çyra-da söndi. Aýjahan daýza ençe wagt bäri ellenmän, ýygnalyp goýlan pelteli çyrany gözläp tapdy. Onuň iç-daşyny matajyk bilen süpürip, arassalady. Soň ýakyp, aýna gabat duran stoluň üstünde goýdy. Irgözinden anna agşamy üçin tüwi bişirilipdi. Aýnabat daýzadyr Näzik daýza daga-da dadyrdylar. Özlerem iýip, öten-geçen kowum-garyndaşlary, tanyş-bilişleri ýatlap, töwir galdyrdylar. Hasrat güýjemese, peselerli däldi. Üstüsine, ýagyş-da başlady. «Pat-pat» edip, ýagyş damjalary birsyhly jaýyň depesindäki şiferlere urulyp, ses edýärdi. Damjalar käte äpişgelere-de kakyp goýberýärdi. Şol halat Öwez üçin kimdir biri owunjak daşlar okalýan ýaly duýulýardy. Ol, ýüregi bir zat syzýan dek, zol gözlerini tegeläp, äpişgä seredip goýberýärdi. Howpurgap oturyşyna naharyny niresine iýenini bilmedi. Ýel barha güýçlenip, misli, jaýy goparaýjaga meňzeýärdi. Ýaňy ortadan saçak ýygnalan halaty badyna äpişgeler şarkyldap açyldy-da, öýüň içi şemaldan doldy. Tutular hallan atdylar. — Haý, turaweriň! Äpişgeleri ýapyň! Gowy ýapmanmydyňyz bi artyplary! —diýip, Aýjahan daýza janyýangynly gygyrdy. Her kim turup, bir äpişgäni ýapmaga ylgady. Onýança-da üsti çyraly stoluň duran ýerindäki äpişgäniň tutusy, galgap, çyrany düşegiň üstüne togalap goýberdi. Çyranyň çüýşesi kül bolup, ýagy halynyň üstüne döküldi. Ýag dökülen düşek güpläp, ýanyp başlady. Oduň bir ujy tuta-da degdi. — Waý! Öý ýanýa! — diýip, bu otagda ýeke galan Gülälek gygyrdy. Öwez ylgap gelip, oduň üstüne başga halyny atdy. Ýanyp duran tutyny üzüp, ýere basdy. Şeýdip, ody öçürdi. Aýjahan daýza ot öçensoňam, bir kürşge suw getirip, düşegiň ýanan ýerlerine sepişdirdi. — Artyp galmyş, nähili bolaýdy bi gije! — diýip, Aýjahan daýza ýene hüňürdäp, özbaşyna sögündi. — Öwez, äpişgeleriň ilgençegini bir beketdiňmi? — Hawa, eje, beketdim. — Öwez tukat gepledi. — Olar öňem bekdi. Nädip açylanyna haýran men! — Beýle harasady dogup-dörälim bäri görmändim. — Aýjahan daýza garaňkyda sermenip, ot düşen halyny döwlen çyra çüýşesi bilen düýrledi. — Al, oglum, Öwez, bi düşegi şu durşuna daşaryk äkit. Eýwanda goýaý. Gündizlikde arassalaaýmasak, bu wagt eýgertmez bi bize. Çyra çüýşe-de kül boldy. Başgasyny getir. Ýene ýakjak bolup göreliň çyrany. Öwez ejesiniň düýrlän halysyny daşaryk äkidip geldi. Ýüpek daňlyp, dalandaky çüýden hatar-hatar edilip, asylyp goýlan çyra çüýşelerden birini sermenip aldy-da, ejesine getirip berdi. Otluçöp ýakyp, Aýjahan daýza onuň ýoluny ýagtyltdy. Iki bolup, ýene çyrany ýakdylar. Pelteli çyranyň ölgüsi yşygy ýene içerä ýagtylyk çaýdy. — Şol boş durmasyn. Içki jaýdaky halylaryň birini getirip ýaz bu ýere — diýip, Aýjahan daýza gelni Güljerene tabşyrdy. Oňa otluçöp berdi. — Aňyrky jaý garaňkydyr. Gözüň görmese, otluçöp çakaý. Güljeren gaýynenesinden alan otluçöpüniň bir dänesini çyzyp, ýoluny ýagtyltdy-da, içki jaýda hatar-hatar edilip, düýrlenip goýlan düşekleriň birini getirip ýazdy. — Indi bolsa, ýerli-ýerimize geçeliň-de, ýatalyň. Garaňkyda hem harasatda başga iş edip boljakmy — diýip, Aýjahan daýza öýdäkilere birsyhly tabşyrdy. — Düşekleriňizi ýazyň. Hemmeler ýatmak üçin ýer ýazyndylar. Güljeren gaýynenesiniň düşeginem ýazyp berdi. Şondan soň çyrany öçürip, her kim ýerli-ýerine geçip, başyny ýassyga goýdy. Ýaňy uka meýil edenden Gülälegiň gulagyna tanyş ses eşidildi: — Gülälek! Gülälek gop berlen dek bolup, ýerinden diklendi: — Hä. — Seniň bu gije işiň köp. Sen ýatma-a! — Bolýa — diýip, Gülälek ses bilen ylalaşdy. — Näme edeýin men? — Köýnegiňi tik! — Men ony nagyşlap boldum. Ýeň-ýanyny ýelmäýmeli. — Ýeň-ýan gerek däl — diýip, ses buýruk berdi. — Ony tik-de, geýer ýaly et. Gülälek ýerinden turdy. Çyra goýlan ýere baryp, sermenip, äpişgäniň öňünden otluçöp tapdy-da, çyrany ýakdy. Yşyga ýakyn oturyp, nagyşyny bolan biýz matasyny tikmäge oturdy. — Sen ýene başladyňmy? — diýip, Aýjahan daýza samrap, tikine güýmenýän agtygyna ýatan ýerinden gep goşdy. — Beýle harasatda-da bir iş bormy diýsene. — Harasatda gowy işler bolýandyr, ol aýala aýt şuny! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. Gülälek sesiň öwredenlerini enesine ýetirdi: — Harasatda gowy işler bolýandyr. Her anna bolýan samramalara hem Gülälegiň iş tikmesine öwrenen Aýjahan daýza bu sapar agtygynyň gaňryşyna gaýdyp durmady: — Bolýan bolsa, tikiber onda, balam. Men-ä ýatjak. Işiňi bolaňsoň, çyrany öçür! — Bolýa — diýip, Gülälek enesine jogap berdi-de, iňňe-sapagyny eline aldy. Sesiň buýruk bermegi bilen biýz köýnegiň iki gapdalyny tikdi. — Indi ony baş ujuňda epläp goý-da, arkaýyn ýatyber sen. Gepleşjek bolamda oýararyn — diýip, ses Gülälege ýatmaga rugsat berdi. Gülälek çyrany öçürdi-de, ýerine geçdi. Harasadyň zenzelesine Öwez kän wagtlap ýatyp bilmedi. Bu harasatly gije onuň ýadyndan çykaran zadyny ýatlamak isleýän ýaly, goh-galmagalyny barha köpeldýärdi. Öwez welin hiç zada üns bermän, irkilmäge synynaşýardy. Iki tarapa agynyp, togalana-togalana ol ahyry uka meýil etdi. Şol pursat onuň gulagyna düňküldi eşidildi. Öwez howsala gaplanyp, diňşirgendi. Soň bolsa: «Ejem ýa-da Gülälek daş çykýan bolaýmasyn» diýip, içini gepletdi. Düňküldi iç girip, daş çykýan adamyň aýak sesi däldi. Öýde hut garagol çaga ylgaýan ýalydy. Ýöne aýak sesiniň pola berýän sarsgyny ylgaýanyň çaga däl-de, uly adamdygy hakda pikir öwürmäge mejbur edýärdi. Öwez garaňkynyň içinde gözlerini töweregine gorky bilen aýlady. Ýüregi jigläp-jigläp gitdi. Şeýle-de bolsa, näme bolsa, şol bolsuna salyp, düňküldä üns bermezlige synanyşdy. Düňküldi sesini eşidýänini-eşitmeýänini aýalyndan-da soraýjak boldy. Birdenem, bu pikirini goýbolsun etdi. Aýalynyň-da ýüregine howsala salyp, öýde ýene başagaýlygyň döränini islemedi. Gözlerini süzüp, uka berildi. Onýança gulagyna tanyş gülki sesi-de geldi. Gülki batly-batly çykdy. Soňra: — Öwez! — diýip, şol bir tanyş ses pyşyrdady. — Öwez! Öwez her annada özlerini yzarlaýan sesiň ýene gelenini aňyp, gaharly hüňňürdedi: — Güm bol, adymy tutma! Men ýatjak! — Gülki sesi batlandy: — Hah-hah-ha! Ýatjak? Sen bu gün ýatmaly däl-ä, Öwez! — Öwez! Sen ýene samraýaňmy? — diýip, Güljeren ýerinden syçrap turdy. — Ol artyp ýene geldimi, Öwez? — Ýatybersen-aý sen, Güljeren — diýip, Öwez aýalyny köşeşdirdi. —Indi biz munuň bilen öwrenşerçe bolduk ahbeti. Meniň samramalarym ukyňa päsgel berer öýtseň, bar, Gülälegiň ýa-da ejemiň ýanyna git-de, ýataý. Men muny daňa çenli özüm güýmärin. Soň bolsa ol gümüni çeker gider. — Şeýdäýeýin-le, dogry aýdýaň sen — diýdi-de, Güljeren düşek-ýorganyny düýrledi. Olary goltugyna alyp, Gülälegiň ýatýan jaýyna geçdi. Gülälek eýýäm uklapdy. Onuň asuda dem alşy eşidilip durdy. «Gyzyma degmese bolýa. Şu çagamdan bir aýrylsyn şol bela. Öwez gününi görer» diýip, Güljeren içini gepletdi. Düşegini gyzynyň gapdaljygyndan ýazdy. Onuň towlanyp ýatan saçlaryny, maňlaýyna gowşuran ellerini emaý bilen sypady. Gyzynyň düşen gününe nebsi agyryp, aglasy geldi. Misli, gyzyny iň soňky sapar synlaýan ýaly, ondan gözüni aýyryp bilmän, esli oturdy. Gyzyna hiç wagt şeýle mähri gitmändi. «Wah, Öweziň ýanynda nä körüm bardy. Her gije balamy bagryma basyp ýatsam bolmaýamy?!» diýip, içini gepletdi. Ýene gyzynyň saçlaryny sypaşdyrdy. Güljeren gyzyny hernäçe gowy görse-de, ukusyzlyga tap getirip bilmän, ahyry başyny ýassyga goýdy. Harasadyň güýjeýänligine seretmezden, derrewem uka gitdi. Öwez bolsa bu wagt ses bilen başagaýdy. Ses birsyhly gülýärdi. Onuň gülküsi Öweziň gaharyny getirdi. — Hah-hah-ha! Öýlenjek ýigidem bir ýatarmy, Öwez! Bu gün seniň toýuň ahbeti! Ýatma-how sen! — Harasatda-da bir toý bolarmy! — diýip, Öwez hüňürdedi. — Onsoňam, men öýlenip näme edeýin, meniň aýalym bar. — Toýuň gowusy harasatda bolýandyr! — Ses bu sapar ahmyrly çykdy. —Aýalyň bolanda näme! Sen ýene öýlenmeli. Öwez ses bilen dawa tutmagyň bihaýyrlygyna indi göz ýetiripdi. Şonuň üçin ol onuň gaňryşyna gaýtman geplemäge synanyşdy: — Öýlenmeli bolsa, öýlener ýörerin. Bu ýerde seň näme dahylyň bar! Sen öz ýoluňa gidiber. — Sen mensiz öýlenip bilmersiň. Şonuň üçin men saňa kömek etmäge geldim. — Öýlenip bilmesem, öýlenjegem däl. Kömek etjek bolup, azara galma. Seniň kömegiň derkar däl maňa. — Öwez şeý diýip, elini silkip goýberdi. — Sen şu gün hökman öýlenäýmeli! Öwe-z! — Ses öz diýýänlerini barha nygtady. — Hökman. Ýadyňa düşýämi? Senem bir wagt maňa kömek edipdiň. Seniň şol kömegiňi gaýtarmaly gün şu gün! Bu wagt Öweziň pikiri başga zatdady. Daşardaky harasadyň turuzýan oýny onuň ýüregine gorky salýardy. Göwnüne bolmasa, bi gije ahyrzaman gopaga-da, ýer çöwrüläýjek ýalydy. Sesiň kelle agyrdyp gitmesi bilen ol indi öwrenişiberipdi. Ol häzirem öňki anna agşamlarynda bolşy ýaly, ses daňdana çenli beýnisini gazar-gazar-da, ýok bolup gider öýdýärdi. Şonuň üçinem oňa gepiň gerdişine görä jogap beren bolup ýatyrdy. — Men seni tanamogam, saňa kömegem edemok — diýip, Öwez birhaýukdan soň sese biparh jogap berdi. Ses gamgyn çykdy: — Sen meni tanaýaň. Ýöne unutduň... Birçak unutduň. Haramzada sen, Öwez! — Mümkin — diýip, Öwez sesi öz ugruna kowup, ýaltalyk bilen gepledi. Ses gamgyn hörpüni saklap, dowam etdi: — Iň bärkisi, anna agşamlarynda tagam iýeňsoň edýän töwirleriňde-de bir ýatlamadyň meni! Sese Öweziň kejebesi darygdy. Ol ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi: — Tanamasam, nireden ýatlaýyn-ow men seni! Tanamasam, nireden ýatlaýyn! Kim sen, kim? Beýle gaýratly bolsaň, tanyt-da how özüňi! Görün-dä gözüme! — Men seniň gözüňe görnüp durun. Özüň göresiň geleňok. Bu sözleri eşidende Öweziň ýüregi gopup gitdi. Üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Howsala hem gorky bilen birsyhly töweregine nazar aýlady. Ýöne gözi hiç kişi görmedi. Daşardaky harasat bolsa hem güwläp, hum şuwlap, zenzele turuzýardy. Biri-birine urlup, şaňkyldap ses edýän ýeňil-ýelpaý demirleriň, şatyrdap ýykylýan agaçlaryň sesi dünýäni has gorkunç hala salýardy. — Men seni göremok! — diýip, indi Öwez çyny bilen gorkup ugrady. —Göremok, walla! — Meni görmek üçin eden işiňi ýatlamaly sen! — diýip, ses gamgyn geplemesini dowam etdi. — Ony bolsa bütin ömrüňe ýatlamak islemediň sen, Öwez. — Eden işim?! — diýip, Öwez diňşirgendi. — Men näme edenmişim?! Bi ömre edilen iş kändir. Men olaryň haýsy birini ýatlaýyn?! — Ýatlasyň gelmeýän zadyňy ýatla! — diýip, ses Öwezi ugrukdyrdy. —Ömrüň boýy ýatlamak islemedik zadyňy! Göz ýuman zadyňy! — Ýatlasym gelmeýän zadym? Ol nämekä, eý, hudaý! — diýip, Öwez hüňürdedi. Öwez gözlerini süzdi. Gan guýlan ýaly, birden çep ýaňagy gyzyp gitdi. Ses gaharlandy: — Näme at oýnadan bolýaň sen! Sen hernäçe ýatlamajak bol! Şu gün seniň hasap bermeli günüňdir, Öwez! Bek belle şuny! Bu gün seniň iň soňky günüň! Ýatlamak islemeýän zadyňam mydama seniň ýadyňda. Ýöne soň ony hakydaňdan ýörite öçürýäň. Ünsüňi başga zatlara sowup, onuň üstüni pikirleriň, iş-aladaň bilen gömmek isleýäň. Ýöne sen bir zady bilip goý, Öwez! Adam öz pälinden hiç wagt gaçyp gutulyp bilýän däldir. — Sen meniň pälimmi? — Öwez uka berlip seslendi. — Men seniň päliň däl. Men seni päliň bilen sataşdyrmaga geldim. Päliňe mydama ili duçar edip ýörmeli däl, Öwez. Ahyr soň her kim öz päli bilen özem sataşmaly. — Nirede sataşmaly men oňa? — Öwez ýüz-gözüni süpürişdirdi. — Öýlenen ýeriňi ýatla, Öwez! Biri urýan ýaly, Öweziň ýaňagy ýene gyzyp gitdi. — Men şu ýerde, şu öýde öýlendim. — Öwez ýaňagyny sypaşdyrdy. — Sen meni biri bilen çalyşýan bolaýma! — Men seni hiç kim bilen çalşamok! — Ses azmly eşidildi. — Ilkinji sapar öýlenen günüňi ýatla, Öwez! — O nähili ilkinji? — Öwez geň galyp, ellerini serdi. — Ilkinji, ikinji diýer ýaly, meniň müň aýalym barmy näme! Meniň ilkinjimem şu aýal, ikinjimem. — Ýalan! — diýip, ses gygyrdy. — Bu aýal seniň ikinjiň! Bu aýala seni ejeň öýerdi. Özbaşyňa öýlenen gyzyň näme üçin ýatlaňok sen, Öwez?! Bu sözleri eşidip, Öwez ýerinden zöweldi. Endam-jany buz ýaly bolup, titredi. Ini şuwlady. Ýigrimi ýyla golaý mundan öň bolup geçen hasratly waka göz öňünde janlanyp ugrady. Dogrusy, ol aýylganç hadysa Öweziň hiç wagt ýadyndan çykmandy. Ol waka ilki günler Öweziň gijeler düýşünde, gündiz huşunda bolup, Öweziň aňkasyny aşyrypdy. Enter-pelegini ters öwürýärdi. Ýöne soňy bilen aýlar-ýyllar aýlanyp, ýüregi kem-kem düşüşipdi. Ol wakanyň üstüne iş-aladalar, pikirler gum sürüpdi. Has dogrusy, Öwez ony ýatlamajak bolup, özüne zor salýardy. — Ýok! — diýip, Öwez aýylganç gygyrdy-da, biri biline depen ýaly towlandy. Iki eli bilen kellesini tutdy. Ýatlamak islemeýän ol aýylganç wakasy aňynda misli, kino lentasy ýaly bolup, ýene kerwen gurady. Ähli zat göz öňüne gelip başlady. Şu pursat Öwez gabat garşysynda duran göwräni gördi. Içeri garaňky hem bolsa, onuň ýüz-keşbi Öweze hut gündizlikdäki ýaly, aýdyň görünýärdi. Öwez ony dessine tanady. Saçlaryny penjeläp, ýene aýylganç gygyrdy. — Emir! Öweziň garşysyndaky göwre gymyldanokdam, geplänokdam. Gaharly hem arly nazarlaryny Öweze dikip, elini döşünde gowşuryp durdy. Onuň eşikleri Öweziň ony iň soňky gün gören halatyndaky ýalydy. Ak köýnekli, gara penjek-balaklydy. Şar gara saçlary sag tarapa daralgydy. Göwre dodaklaryny-da bek ýumup durdy. Şeýle-de bolsa Öweziň gulagyna tanyş ses eşidildi: — Hany, tanaňokdyň-la meni, Öwez! tanaýan ekeniň-ä?! Öwez elleri bilen bir kellesini tutup, bir saçlaryny penjeläp oturşyna, aglamjyrady: — Emir! Emir! Günämi öt meniň, ýalbarýan saňa! Öt günämi, Emir! — Günäler ötülmeýär! Günä üçin diňe haklaşyk bolýar! — Ähli zat bilmezlikden boldy, Emir! — diýip, Öwez ýene aglamjyrady. — Bolan zatlaryň nähili bolany ikimize-de aýan. Onuň hasabaty gerek däl — diýip, ses agraslandy. — Bu gün maňa ar almaga rugsat berlen gün, Öwez! Ar alyş pursaty geldi! Meniň bu güne nähili sabyrsyz garaşanymy bir bilsediň sen, Öwez! Öwez barha ejizledi. Eginlerini sallady: — Sen ekeniň-dä tomusdan bäri bizi günümize goýman ýören... Biz bolsak öýe al-arwah gelendir öýdüpdiris. Geleňdenjik şeýdip, özüňi tanadaýmaly ekeniň-dä! Ses bu sapar Öweze jogap bermedi. Öwez ýene gorkuly dillendi: — Diýmek, sen ar aljak-da, Emir?! Günämi ötjek däl-dä meniň?! — Ýok. — Sesde rehim-şepagat duýulmady. — Ýerde jeset ýatsa-da, ar ýatmaýar, Öwez! Ýere jesedi duwlap bolýar, ary duwlap bolanok! Meni arym rahat ýatmaga goýanok! Ony ýerine salmasam, maňa rahatlygy ýok. Şonuň üçin men arymy ýerine salmaga geldim, Öwez! Bu gün maňa rugsat güni, Öwez! — Diýmek, maňa indi senden sypma ýok-da, Emir?! — Öwez aglady. Öweze ýene hiç hili jogap bolmady. Onuň gabadyndaky sudur şol bir bakyşy bilen bakyp durdy. Öwez ýüzüni elleri bilen tutup horkuldady: — Sen meni öldürmekçimi, Emir?! Häli sen «Şu gün seniň iň soňky günüň» diýdiň-ä. Ses agrasdan pessaý eşidildi: — Başyňa artykmaç hiç zat düşmez. Näme eden bolsaň, şony çekersiň. Seniň meň başyma salan zadyň bu gün öz başyňa düşer! Emirli wakalar göz öňünde janlandygysaýy Öwez gorkdan galpyldady. Özem barha sojap, birsyhly gözýaş dökdi. — Ýok, Emir! Ýok. Ol zatlary meniň başyma salma! — diýip gygyrdy. —Ýalbarýan! Rehim et maňa! — Men seniň başyňa hiç zat salamok! — Ses uludan dem alýan ýaly, hyşyldady. — Seniň öz etmişiň inýä bu gün depäňden. Men bolsam saňa kömege geldim. Öwez gözýaşlaryny süpürdi: — Kömek? O nämäniň kömegi? — Görersiň häzir. Ses ýene ýitedi... Öwez eňegini dyzlaryna diräp, kellesini elleri bilen tutup oturyşyna, pikire batdy... * * * dowamy bar... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |