20:41 Arwah gelýän gijesi -6/ powestiñ dowamy | |
— Aýal-da olar, Garik. Olardan gaty görme sen — diýip, dostuna ýuwdunyp-ýuwdunyp, gep goşdy. — Häzir yzyma gaýdyp baraýyn bakaly, men olaryň emini bererin. Gaýdyp saňa dil ýetirmez ýaly ederin! Gark Öweziň gepinem diňlemedi. Ýüzüne-de seretmedi. Awtobus duralgasyna bardy. Äsgerilmese-de, Öwez onuň ýanyndan aýrylmady. — Ýör, yzymyza baraly — diýip, birsyhly oňa ýalbardy. — Täzeden çaý içeli. Dynç alaly. Garik ýene sesini çykarmady. Misli, Öwez özi bilen däl-de, ýer bilen gepleşýän ýaly, birsyhly gedemlik bilen dymmagyny dowam etdi. Içinden Aýjahan daýza daga sögündi: «Kimdirin öýdýä özüni olar. Bolsa bolupdyr girip-çykmaga tünegi. Islesem, baryny bir ýumrukda ýatyryp, öýlerini üstüne ýumrubam gidip bilerin. Özbaşdak öýüm ýok diýmesem, meniň nämäm kemmiş olardan? Işläp ýörsem, öýem edinerin-dä». Awtobus geldi. Garik yzky gapydan mündi. Öwez-de onuň bilen mündi. Oňa wepalylygyny subut etmek isläp, onuň üçin bilet puluny töledi. Tä barmaly ýerlerine barýançalar gapdalynda oturyp gitdi. Garik umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, öz bolýan otagynyň gapasyny açdy. Öweze barmysyňam diýmän, özi otaga girip, gapyny bat bilen ýapdy. «Gel-geç» diýilmedik Öwez Garigiň gapysynda ep-esli sadylla bolup duransoň, keýpsiz halda yzyna dolandy. Garigiň oglanlaryň başyna salan günlerini birin-birin ýatlap, özüni gorka aldyrdy. «Indi ol maňa-da gün bermez» diýen pikir kellesine gelende gorkusy has-da güýçlendi. «Belki, ejem daga-da zyýan eder. Indi näme ederkäm?» Garik onuň üçin iň güýçli ýagydy. Öwez Garige hötde gelip biljek adam bardyr öýdenokdy. «Türmä-de girip çykypdyr. Düzelmändir-ä» diýip, birsyhly içini gepledýärdi. «Birden biziň öýümize zyýan etjek bolsa, kim onuň badyny kakar?!» Özüni pikirlere hem gaýgy-gussa basdyran Öwez öýe gelende ejesidir jigisiniň üstüne it bolup jabjyndy. Çaga ýaly bolup, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp aglady: — Näme üçin siz oňa zat diýdiňiz? Indi ol maňa gün bermez. Onuň halamaýan oglanlaryny nähili urup-ýençýänini siz bir bilsediňiz! Boýy ýeten oglunyň gorkudan saňňyldap, aglap durmasyna Aýjahan daýzanyň gözleri tegelendi. — Wiý, munuň-a işi gaýdypdyr — diýip, gamgyn halda başyny ýaýkady. Gün berip-bermez ýaly, ýurduň eýesi şol artypmyşmy?! Elini bir degirsin, milise aýdaýarys. — Milise näme eder öýdýäň?! — Öwez barha sojady. — Mugallymlar diýen etdirip bilenok oňa. Oglunyň ejizläp, bolup oturşyna Aýjahan daýzanyň hem ýüregi awady, hem gahary geldi. Ol: — Asyl, sen onuň bilen gorkýanyň üçin tirkeşýämidiň? — diýp, Öweziň ýanyna gelip, onuň gözlerine dikanlady. Ejesiniň sowalyna göni jogap gaýtarmasa-da, Öwez özüniň gorkusynyň baryny duýdurdy: — Gorkmaýanlary gorkuzaýýa ol. Gorkmaýanlaryň başyna nähili gün salýanyny bileňok sen onuň! — Hiý-wiý, işim gaýtdy! — Aýjahan daýza özüni ýere goýberip, Öweziň garşysynda çommalyp oturdy. — Men bolsam, bi ol artyby dost tutunyp getirýämikä diýýän öýe. Ýaşy dagy ep-esli uly görünýärem diýdim-le senden. Başda aýtsaň bolmaýamy sen ondan gorkýanyňy! Men ony saňa elini batyrmaz ýaly ederdim. — Nädip ederdiň elini batyrmaz ýaly! — Öwez burnunyň suwuny çekdi. Aglap, birneme ýüregini gowşudansoň, gözýaşlaryny süpürdi. — Saňa güýjem bermeýä ol. Seni ýaňy nädip gitdi ol? — Maňa güýç bermese, hökümet bar-a, oglum — diýip, Aýjahan daýza indi Öwez bilen mylakatly gepleşmäge durdy. — Aýdardyk aýtmaly ýerine. — Ol öňem türmede oturyp gelen. Hökümedem düzedip bilmändir ony. Aýjahan daýza ýene ganyny gyzdyrdy: — Beýle bolsa, onuň ýanynda seniň asla köriň ýok. «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň, belasy» diýilmänmidir. Oň ýaly adamlar bilen tirkeşiberseň, ahyr elter bir belanyň üstünden. Işiňden-ä çyk. Gaýdybam hiç ýere gitme. Oňa-da aýt. Gaýdyp şu gapydan ätläýmesin. Aňyrsy bir ýa-da iki aýdyr, seni goşun gullugyna çagyrlar indi. On sekiziňem doldy. Gulluga gidýänçäň özüm eklärin. Öwez sesini çykarman, dymdy. Aýjahan daýza gürrüňini gynançly dowam etdi: — Wah, şony yzyňa tirkäp, öýe getireniňi başda-da halamandym men. Sypaty gelşiksizem bolsa, özi dereklimikä öýdüpdirin. Onuň bilen gorkup tirkeşýäniňi aýtsaň bolmaýamy öňräk. Okuwa-da goýbermezdim seni. Hökmanmy şol okuw. Beýle bela sataşanyňdan okamanyň muň paý gowy maňa. Ata-babaň okuw bilen geçipmi! Nurjahan gahar bilen gepe goşuldy: — Ah-ýeý, munuň özündendir-le hemmesi. Mekdepde okaýarka-da kim bir ýaramaz iş etse, şoňa ýan tazy bolar ýörer-dä. Şu öýe gelýän haramzadany-da näme üçin ala-böle şü yzyna tirkäp ýör?! Näme üçin ol başga kişä dost bolmandyr-da, diňe şuňa tirkelen ýaly bolup ýör?! — Sen gepleme! — diýip, Öwez Nurjahanyň üstüne dazzarylyp gygyrdy. — Diliňi sograryn. Hälem bary senden boldy. Sen başladyň minni-minnini. Nurjahan Öwezden çekinip durmady: — Başlajagam! Diýjegem! Besdir, şu çaka çydadyk. Şol gapydan sekäýse, indi bizden gowulyga garaşma. Özüm palta alyp, maňlaýyny ýararyn. — Eliňden geljek zady aýt! — Geler! Gelmese-de, milise çagyryp gelip, senem onuň bilen bile ýygnadaryn! — diýip, Nurjahan gahardan titredi. — Bizi sylamasaňam, özüňi syla. Ýürek alyp tirkeşer ýaly zatmy şol! Onuň sypaty dagy näteňet! Gözleri mydama gyzaryp dur. Ýüzleri göm-gök! Häli onuň haýasyny giderip, bize seredişini gördüňmi?! Bir gün ol meni süýräbem gider! Aýal dagy alaýsaň, eliňden aýalyňy almanam hiç zatça görmez şol! — Seni kim başyna ursun-aý! — diýip, burnuna salyp myňňyldady-da Öwez ýene dymdy. Garigiň Gülälege aşyk bolanyny, şoňa seredýänini aýtjak boldy. Ýöne gepiň il agzyna düşüp, ula giderinden, öz yzyna tirkäp ýöreniniň gyzlara göz dikýänini köpüň eşiderinden çekinip, dilini dişledi. Iki eli bilen kellesini tutdy. Soňam öýe girdi-de, ýassyk alyp, süýndi. Dynç alasy gelýärdi. Indi Garigiň özüne nähili seretjekdigi hakda alada edip, gaýga batdy. Ejesiniň işden çykmak hakda aýdanyny serinde aýlady. Ertiriň özünde zawodyň direktorynyň ýanyna baryp görmegi ýüregine düwdi. *** Şol günüň ertesi irden işe gelende stanogyň başynda keýpsiz hem gaharjaň halda duran Garigi görüp, ähli zat Öweziň huşundan çykdy. Garik Öweziň salamyny-da almady. Ýowuz häsiýetli dostunyň beýtmesi Öwezi has-da gorkuzdy. Öweziň bar gaýgysy Garige ýaranmak hem onuň keýpini açmak boldy. Garige nurbat ýasamak üçin gerekli demirleri getirip berdi. Gunortan naharyna barlanda, naharyny daşap berdi. Nahar üçin puly-da özi töledi. Garik Öweziň getiren taýýar demirlerinden nurbat ýasady. Beren naharlaryny iýdi. Sesini welin çykarmady. Özüni äsgermezlik edip goýberen daýzanyň oglunyň öz öňünde ýaýaplap ýöresine onuň göhi gelýärdi. «Oguljygyňy welin islesem sylaryn, islemesem eýini ýetirip duraryn» diýip, ol öz ýanyndan Aýjahan daýza haýbat atýardy. — Ejem «Işden çyk» diýýä. Direktora aýdyp göräýsemmikäm? — diýip, Öwez Garige özüniň iş meselesi barada sala saldy. Öwez üçin işdenem Garikden maslahat soraman çykyp gitmek terslik ýaly bolup görünýärdi. Öweziň göwnüne bolmasa, ol hiç bir işi Garige geňeşmän etmeli däl ýalydy. Hiç bir zady Garikden bukmaly däl ýalydy. Öwezde Garige aýan däl syr bolmaly däldi. Garik Öweze jogap bermedi. Öwez ýene Garigiň ýüzüne delmuryp bakdy: — Basym goşun gullugyna-da çagyrarlar. ÝA şoňa çenli işläbersemmikäm?! Garik ýene geplemedi. Ol demirleri gahar bilen şaňkyldadyp, biri-birine urup, lal açan ýaly bolup işläp durdy. Halypasyndan birsyhly jogap bolmansoň, Öwez hem dymdy. Işi bilen boldy. Işden soň ýene Garige ýalbardy: — Mende günä ýog-a-how, şepe. Men saňa hiç zat diýmedim-ä. Isleseň, ýör ýene öýe gideli, çaý içeli. Ejem dagy gaýdyp saňa hiç zat diýmez. Düýnem sen gaýdaňsoň, men oalara gygyrdym-ow. Garik ýene Öweze gepleýämiňem diýmedi. Öz ýaşaýan ýeri bolan umumy ýaşaýyş jaýyna gitdi. Öwez hem ýene ýaranjaňlyk hem gorky bilen onuň yzyna düşdi. Goşa tirkelen ýaly bolup, onuň ýaşaýan ýerine bardy. Garik öňküleri ýaly, otagyna bir özi girip gidensoňam, ýüzüne urlan ýaly bolup, yzyna dolandy. Şeýle ýagdaýda ýene iki gün geçdi. Hut tomus günlerini ýatladyp, ýekşenbeden bäri gyzyp duran howa birden üýtgeme bilen boldy. Salkyn aralaşyp, gögüň ýüzüne gara bulutlar üşüp başlady. Öýlän bolsa pessaýdan pessaý öwüsýän ýel turdy. — Howa üýtgeýä. Akrap başlandy — diýip, uly adamlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Pessaýdan başlanan ýeliň sagatsaýyn badyny üýtgetmese, şemala başlaryny yraýan agaçlaryň saralan ýapraklaryny ýere döküp, şaglaşmasy, asmana üýşýän gara bulutlar duýgulara täsir edýärdi. Ýüreklere güýzüň özi kimin agraslyk berýärdi. Agyr howa ýürekgysgynçlyk döredýärdi. Garik işden soň wepaly gul kimin öz hyzmatyny edip ýören Öweze gep goşdy: — Men otaga baryp çaý oturtjak. Sen bolsaň, iýer-içer ýaly zat tapyşdyryp gel. Öňem alýan aýlygynyň esli bölegini Garigiň bokurdagyndan geçirip ýören Öwez üçin şepesiniň ýumşy begenerlik bolmasa-da, onuň özüne gep goşmasyna Öweziň göwni açyldy. Ol Garigiň dil ýarmasyna guş bolup uçdy. Garik hakda beýnisinde at çapýan gorkuly pikirler şol pursat dyr-pytyr boldy. Sadyklyk bilen şpesine boýun bolup, bazara tarap eňdi. Kolbasa, ýaga bişen gutap alyp, şepesiniň ýanyna dolandy. Öwez gelende Garik kirden ýaňa reňki üýtgäp giden demir çäýnege çaý depläp, oýa batyp otyrdy. Ol Öweziň getiren zatlaryny sesini çykarman symyşlamaga başlady. — Iýiber senem — diýip, heniz gahary ýatyşmadygy mese-mälim bildirip duran sesi bilen Öweze mürähet etdi. Kirli käsä çaý guýup berdi. Uzak gün stanogyň başynda durup ýadan Öwez-de açdy. Ol özüne hödür edilende, stoluň üstündäki zatlardan işdämenlik bilen iýmäge başlady. Seslerini çykarman iýdiler. Iýmeli zatlary gutaransoň, Garik krowatyna geçip süýndi. Gözlerini süzdi ýatdy. Özüne «git» ýa-da «otur» diýilmänsoň, näme etjegini bilmän, Öwez şepesine seredip, biraz oturdy. Tutusyz aýnadan dünýäniň garalýany görnüp durdy. Güýzüň gysga gündizi eýýäm ornuny garaňkylyga tabşyryp ýördi. Ýel güýjeýärdi. Garik pikire batyp, ep-esli ýatansoň, ýerinden galdy. Demir krowatyň gapdalynda duran şkafjykdan ýarysy içilen arak çykardy. Ondan bir käse guýnup, duran ýerinden ötüginden ötürdi. Öweze-de guýup berdi. Arak içesi gelmese-de, Garigiň sözüni ýykmakdan gorkup, Öwez hem öňüne itilen käsäni boşatdy. Garik ýene bir käsäni başyna çekensoň, boşan çüýşäni şkafjyga salyp goýdy. Keýpi kökledi. Ençe günden soň ilkinji gezek ýylgyrdy. Ellerini biri-birine süýkäp, keýpli duýgusyny daşyna çykardy. Ençe gün bäri söwdasy oňmadyga dönüp, kürşerip ýören şepesiniň ýylgyrmasy Öwez üçin ogul jigisi bolan ýalydy. Ol hem şepesine ýylgyryş bilen jogap berdi. — Indi bolsa gidýäs — diýip, Garik dabaraly gürledi. Otagdan çykmak üçin gapa ýöneldi. — Ýör! Öwez onuň yzyna düşdi: —Nirä? — Baraňsoň bilersiň! Özüniň günde münüp, öýüne barýan awtobuslaryna labyrlaryny atan wagtlary bir ýakymsyz duýgy kalbyna ornap, Öweziň ýüregi jigläp gitdi. Ol Garik öz öýlerine barýandyr öýdüp, pikir etdi. «Eýgiligemikä?! ÝA ar aljak bolýamyka?» diýip, gorky bilen pikir öwürdi. Ejesi, Nurjahan göz öňünde gaýmalady. «Birden olara topulyberse, näderkäm?» diýip, gaýga galdy. Paltadyr pilleriniň nirede durýanyny hakydasyna getirjek boldy. «Ejem daga degs-ä-hä kyn bolar-ow. Bir zat tapyp uraýanymda muňa güýjüm ýetermikä?» Alada-pikirler bilen Öwez düşmeli ýerlerine nähili ýetenlerini duýman galdy. Garik ýeňinden çekip, düşmegi duýduranda, ol awtobusyň heniz öz öýleriniň deňine ýetmänini bildi. Garik kanalyň gyrasyndan geçýän uly ýoluň çatrygynda düşüp durdy. «Bize-hä baranok bi» diýip, Öwez awtobusdan düşüp durka ýene içini gepletdi. Emir bilen Gülälegiň duşuşyk ýerini ýatlanda ýene ýüregi jigledi. «Şol ýere bolaýmasa. O taýda näme işlejekkä bi?» Öweziň diýşi ýaly boldy. Garik uly ýoldan geçip, ot-çöpleriň içi bilen kanalyň boýuna düşdi. Öwez hem ondan galmady. Kanalçylaryň goýup giden jaýyna ýetmäge esli ara galanda Garik aýak çekdi-de, özüni ýere goýberdi: — Biraz oturaly şu ýerde. Ol guran ösümlikden bir çöpjagazy döwüp aldy. Ony agzyna atdy. Çöpjagazy dişläp, dymdy. Öwez-de onuň gapdalynda çökdi. Garigiň ýüzüne soragly bakdy: — Sen Gülälegiň ýanyna barýamyň? Garik «hawa» diýen terzde baş atdy. — Olar bu gün bardyr öýdýäňmi sen? Seret, bu gün nähili şemal! Howa üýtgeýä. Maýyl günler bilen sowuk günler ornuny çalyşýa. Türkmenler «akrap» diýýä muňa. Bilýäňmi sen? — Sen «Olar günde duşuşýa» diýdiň-ä — diýip, Garik gepini Gülälekdir Emire syrykdyrdy. — Olar gowy günlerde duşuşýady. Beýle şemalda gelerler öýdemok men-ä... Garik gözlerini süzdi: — Bolsa bolany, bolmasa-da, gaýdybiýris yza. — Bar bolsalar näme? Gepini diňlejekmi? — Öwez Garigiň ýüzüne ýylgyryp bakdy. — Gülälegi göresiň gelip dir-ow bu gün?! Garik gepi bilen Öweziň zähresini ýardy: — Bar bolsa, bu gün Gülälek meňki bor. Men oňa öýlenmäge gelýän! Bu habara Öweziň endamy dyglap gitdi. Gözleri peträp, hanasyndan çykara geldi. — Ölenmäge? — diýip, geň galyp sorady. — O nähili, öýlenmäge?! Onuň halaşýany bar-a-how, Garik! Emir näme, ony saňa berer öýdýäňmi?! — Lal bol! — Garik Öweze azgyryldy. — Özüňem ol ýere baranymyzdan soň meniň bir diýenimi iki gaýtaladaýsaň, öldürip, kanala ataryn seni, düşündiňmi?! Öwez «hawa-da» diýmedi, «ýogam». Doňňara daşa öwrülip, Garigiň ýüzüne seretdi-de, öweldi galdy. Ol «şepe» diýp ýöreni beýle zatlara-da ukyplydyr öýdüp, hiç wagt pikir etmeýärdi. Şonuň üçin häzir Garigiň diýen gepi Öwez üçin bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly boly. — Indem ýöräli — diýdi-de, Garik ýerinden turdy. Öwez sadyk gul kimin onuň yzyna düşdi. Beton jaýjagazyň arka ýüzüne baryp, aýak çekdiler. Jaýjagazdan hüňürdi sesleri gelýärdi. Garik barmagy bilen Öwezi dürtüp, beton jaýa tarap baş atdy. Bu onuň: «Olar bar» diýdigidi. Öwez oňa düşündi. — Hawa, bar, bar, sesleri gelýär — diýip, pyşyrdady. Garik oňa: «Ýuwaş bol» diýen terzde dodaklarynyň üstüne barmagyny goýup, yşarat etdi. Öwrüm edip, şemalyň ugruna geçdiler. Bu ýerden aşyklaryň sesini gowy aňşyryp bolýardy. — Şemal güýjeýä, gaýdaly! — diýip, Gülälegiň sesi eşidildi. —Yzynyň ýagşa sapmagy mümkin. Akrap başlady öýdýän. — Ýene biraz oturaýaly — diýip, Emir Gülälege ýalbardy. — Şu gün, nämüçindir, sen gözüme has-da eziz görünýäň. Senden asla aýrylyp gidesim gelenok. Şu gün aýrylyşsak, soň gaýdyp duşuşmajak ýaly... — Goýaweri, tapýan gepiň nähili seniň — diýip, Gülälek Emiriň sözlerine ör-gökden geldi. — Duşuşarys nesip bolsa ýene, näme duşuşman. Ikisem biraz dymdy. Soň ýene Gülälek dillendi: — Şu gün-ä, dogrusy, meniňem ýüregim gysýa. Şemaldan bolmagam mümkin. Şemal mydama ýürekgysgynçlyk döredýä. Häli, öýden çykanymyzda-da beýle güýçlm öwüsmeýäd-ä bi. Gaýtjak wagtymyz ýolda uçurmasa-da biri indi. — Özä güýjeýär-aý — diýip, Emir agras gepledi. — Ýagyş ýags-a-ha, ýel köşeşerdi. — Gideli, ejelerimizem gözlär häzir — diýip, Gülälek ýene gidermen boldy. — Ejemiz-ä gözlemez. Çaga däl-ä biz indi — diýip, Emir Gülälegiň zol gaýtjak bolup durmasyna gynanýanyn bildirip, uludan dem aldy. — Ýöne beýle gaýdasyň gelýän bolsa gaýdaýaly. Kagyzyň şakyrdysy eşidildi. — Şuny seniň üçin ýörite tikdim. Doglan günüňe. — Näme bi? Be, sen meniň doglan günümi ýadyňdan çykarmansyň-ow. — Tahýa. Adyňy-da ýazandyryn nagyş bilen. Garik Öwezlerde Gülälegiň tahýa dümtünip oturanyny göz öňüne getirdi. «Şuň üçin eken-ow ol tahýa» diýip, ol gep diňläp oturşyna içini gepletdi. — Edil deňelip biçilen ýaly, laýyjak — diýip, Emiriň sesi geldi. Nagyşlaram gaty owadandyr munuň. Häzir garaňkydan görnenok. Öýe baryp, synlaryn. — Şemal uçuryp äkidäýmesin. Eple-de, şu gazete dolaý. Öýüňe baryp görersiň. Ýör, indem gaýdaly. — Ejem dagy «Muny kim berdi?» diýse, näme diýeýin. Gülälek? Aýdaýynmy seň tikeniňi? — Aýdyber. Ony doganyňam gördi tikip otyrkam. — Bibimi? — Hawa. — Öýdäkilere gep düşündirmek üçin ikimiziň öňümizde hiç hili kynçylyk ýok-da onda?! — Şeýle bolaýmagam mümkin. — Şu gün sen meni nähili begendireniňi bir bilsediň, Gülälek! — Men ýöredim onda. — Bolýa, sag-aman bar! Menem häzir yzyň bilen ýörärin! Glüälek beton jaýjagazdan çykyp ýetişmedi. Gitmek üçin ýaňy bir ädim äden halaty Öwezi yzyna tirkäp, onuň öňünde Garik peýda boldy. Gülälek ýylan basan ýaly, tisginip, yza tesdi. Garaňky gijelerde-de ýigidiň ýüzüne göni bakmaga ejap eden gyz, yzyna gaýdyp, Emiriň gollaryna ýapyşdy: — Hih! Bular kim, Emir?! Güýjäp-güýjäp, betonlary-da goparyp zyňaýjak bolýan şemal göz açdyranokdy. Ýeliň badyna til simleri üzülip, çyralar öçüpdi. Ýaşaýyş jaýlary tarapda-da, ýoluň gyralarynda-da yşarýan yşyk ýokdy. Töwerek tüm garaňkydy. Şeýle bolansoň, Emir-de, Gülälek-de gabatlarynda duranlary birbada tanap bilmediler. Emir olary tanajagam bolmady. Gülälegiň elinden tutdy-da, olardan çeträge geçip, ýöräp ugrady: — Hany, ýör. Biziň bular bilen işimiz ýok. Öz ýolumyza ýöräli. Garik Emiri bat bilen itip goýberdi-de, onuň golundan Gülälegi çekip aldy. Gyzy bagryna basdy. Gülälek böwurüne pyçak urlan ýaly bolup çyrlady: — Emir! Basym ylgap gitde, milisä habar ber! Gyz Garikden sypjak bolup, onuň gujagynda ýylan bolup towlandy. Ýöne güýji ýetik daýaw erkek kişiden sypmak ejiz göwrä başartmady. Emir elindäki gazete dowlanan tahýany bir çete oklap, Garige topuldy: — Goýber ony! Eger bize bir zat diýseň, ertir milisä aýdyp, gözüňde ot ýakdyraryn! Garigiň gahara ýugrulan zoňtar gülküsi harasat şuwwuldysynyň içinde ýitip gitdi: — Ha-ha-ha-ha! Gör-le munuň batyrjalygyny! Milisä aýtjakmyş! Ha-ha. Sen-ä meni gaty gorkuzdyň! Şeý diýdi-de, Garik bar güýjüni jemläp, Emiriň ýüzüne sag eliniň tersi bilen ýelmäp goýberdi. Mydama dawa-jenjeliň içinde gezip, ýumruklaşmadan ýetik tejribesi bolan ini-boýy ýetilen Garigiň dyňzap duran güýjüniň ýanynda heniz süňňi bekemedik Emir ejiz geldi. Ol idenekläp gitdi-de, ýer garbady. Emir ýerinden turýança Garik Gülälegi ysgaşdyrdy hem sypaşdyrdy: — Gülälek diýseň, Gülälek! Gülüň ysy gelýä mundan! Eýjejikdigini! Gülälek Garigi tanady-da, ýene çirkin gygyrdy: — Emir! Öwezlere gelýän betnyşan adam bi! Ylga-da, ýola çyk! Iň bolanda öten-geçen bardyr. Kömege çagyr birini! Bi bize eýgertmez! Guduza meňzeýä bi! — Ýok, men seni taşlap, hiç ýere gitjekgä — diýip, Gülälege jogap berdi-de, Emir ýerinden turup, ýene Garige ýapyşdy: — Goýber gyzy! Garik Emiri ýene öňküsi ýaly urdy-da, Gülälegi oýnaşdyrmagy dowam etdi: — «Betnyşan adam» diýmäň näme seň, keýgim hä?! Seniň ol ýigitsumagyňdan näme kem ýerim bar, meniň, ä?! Gulagym ýekemi? Aýagym dörtmi, hä?! — Gabyr bol! Gabyr bol! — diýip, Gülälek oňa azgyryldy. — Seniň beýniň ýok! Bu arada ýene ýerinden turup ýetişen Emir ýene gelip, Garikden aslyşdy. Garik bir gapdalda sadyllar bolun duran Öweziň üstüne gygyrdy: — Öwez! Ýok et muny meniň ýanymdan! Azaryny ýetirme! Öweziň adynyň tutulmagy Gülälegi-de, Emiri-de serpmeden gaýdan ýaly etdi. — Öwez?! — diýşip, olaryň ikisi iki ýerden geň galyp seslendiler. — Öwez! Senmiň bu guduzy biziň yzymyzdan getiren?! — diýip, Gülälek naýynjar gygyrdy. — Öwez jan! Sen biziň klasdaşymyz, goňşymyz, doganymyz ahyry! Emire kömek et sen! Öwez! Dogan! Öweziň huşy başyndan geçdi. Guduzlaýan ýalydy. Onuň bozlap gygyrýan Gülälege ýüregi awamady. Misli, ýüregi-de, beýnisi-de doňan ýalydy. Onuň aňynda diňe bir zada düşünje bardy. Sadyklyk bilen Garigiň diýenini etmelidi. Şeýtmese, kimdir biri onuň janyny alaýjak ýalydy. Häzir-ä nije günläp özüne ýüz bermän, ýaňy bir gepleşip ugran şepesiniň diýeninden asla çykyp biljek däldi. Ol öz pikirlerine gulluk etdi. Berk düwlen ýumruklary bilen Emiriň ýüzüne urup başlady. Aýaklary bilen çem gelen ýerine depdi. Emir Öwezden ýüz-gözüni goraglap, beton jaýat tarap yza çekildi hem Öweziň üstüne gygyrdy: — Öwez! Guduz açdyňmy sen?! Kelläň ýerinde dälmi seniň?! Men saňa hiç hili ýamanlyk etmedim-ä, Öwez! Ikimiz klasdaş ahbeti! Biz bileje oýnap-ösdüg-ä! Bileje duz iýdig-ä! Öwez Emiriň gepleýäninem duýanokdy. Ol diňe ýüpden boşanan göle ýaly patanaklap, Emiriň çem gelen ýerine urup, depip, ony aljyradyp alyp barýardy. Hemme zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Öweziň özüni sylamajagyna göz ýetiren Emir hem güýjüni jemledi. Iki bolup, biraz salym itnişenlerinden soň, olaryň ikisem ýere ýykyldy. Guma togalanyşyp, biri-biriniň saçlaryndan çekişip, ýüzlerinden ýolşup ugradylar. Emir birden Öwezi bagrynyň aşagyna aldy-da, bogup ugrady. Öwez Garigi kömege çagyrdy: — Garik! Garik Gülälegi goýberip, Emiri Öweziň üstünden aýyrdy. Ony ýüzin ýatyryp, gollaryny arkasyna towlap tutdy. Dyzlaryny biline diräp durdy. — Gülälek, gaç! — diýip, Emir ýatan ýerinden Gülälege gygyrdy. — Sen halas bol! Bular maňa hiç zadam etmezler! Gülälek gaçmady-da, Emire kömege ylgady. Baryp, Garigiň saçlaryna penje urdy. Özüni dürsäp ýetişen Öwez Gülälegi Garikden aýryp, çete zyňdy. — Hol ýatan daşy al-da, ýelme munuň kellesine! Çalt bol! — diýip, Garik Öweze gygyryp, buýruk berdi. Öwez bir wagt oturgyç hökmünde ulanmak üçin goýlan äpet daşlaryň birini hyklap, zordan galdyrdy-da, onuň bilen Emiriň kellesine urmak üçin ýöneldi. — Emire degme, Öwez! — diýip, Gülälek ýykylan ýerinden emedekläp turup gelşine, Öweze tarap atyldy. Onuň öňüne böwet bolmak isledi. Ýöne ýetişmedi. Emirem ýatan ýerinden: — Öwez! Degme maňa! Ýalbarýan! — diýip gygyrdy. — Aklyňa aýlan, Öwez! Seniň kelläň üýtgäpdir! Däliräpsiň sen! Emiriň iň soňky aýdan sözleri şu boldy. Öwez şol pursat elindäki äpet daşy onuň kellesinden eňterdi. Emir: — A-a-a... edip seslendi-de, demsiz-düýtsüz süýndi galdy. Daş onuň beýnisini şol pursat mynjyratdy. Ýöne garaňky gijede ýarylan kelleçanak, ýigidiň ýüzüni boýan gan hiç kime görünmedi. — Emir! Emir! — diýip, Gülälek ýüregini paralap, zaryn-zaryn aglady. — Ine, büý-ä indi bize azaryny ýetirmez — diýdi-de, Garik keýpikök halda ýerinden turdy. Emiriň ýanyna geçjek bolan Gülälegi ýene bagryna basdy. — Indi eýjejigimiz bilen keýp çekeris! — Goýber meni! Goýber! — diýip, Gülälek onuň ýüz-gözüni penjeleri bilen ýoluşdyrdy. — Sen aslynda derekli adam bolan bolsaň, Alla seni ýedi gapyda ýer tapman, entäp ýören ýetim edip ýaratmazdy! Garik Gülälegiň gepine ünsem berenokdy. Ol keýpikök gülýärdi. Gülälegi sypaşdyryp, oýnaşdyryp, ayhyry ýere ýykdy. Gyzyň maý tapsa kelemenýän ellerini Öweze tabşyrdy: — Bu eýjejigimiziň ellerini sakla, Öwez! Muňa hakyky erkek kişiniň kimdigini görkezeli! Öwez Gülälegiň ellerini saklady. — Öwez! Sen garamaňlaý bolarsyň! — diýip, Gülälek ýatan ýerinden oňa gygyrdy. — Hiç wagt seniň iliňkä meňzeş ykbalyň bolmaz! — Öweze şeý diýensoň, Gülälek eşiklerini çykaryp, ak bedenlerini ýalaňaçlaýan Garige sögünip gygyrdy. — Goýber meni, betnyşan! Goýber! — Sem etsen-aý sesini! — diýip, Garik Öweze tabşyrdy. — Keýpi bozýa! Bulardan özüne hiç hili rehim-şepagat bolmajagyna göz ýetiren Gülälek soňra olara ýalbarmaga başlady: — Rehim ediň maňa, doganlar! Ile wejra etmäň! Haýsyňyza diýseňiz abraý bilen baraýyn! Ýöne zat diýmäň maňa! Ýene rehim bolmady. — Sesini sem et diýýän! — diýip, Garrik Öweze azgyryldy. Gülälek töwerekden haraý isläp gygyrdy: — Eje! Adamlar! Doganlar! Kömek ediň! Öldürýäler! Gyzyň naýynjar sesi güýçli harasadyň goh-galmagalynyň içinde ýitip gidýärdi. Garik onuň maňlaýyny güýçli ýumrugy bilen gülçüldedip urdy. Öwez bolsa äpet aýalary bilen gyzyň agzyny tutdy. Şundan soň Garik seňseläp gyzyň üstünde eşek bolup agynyp başlady. Bu pursatda äpet daş bilen kellesi ýarylan Emir jan berip, ölüp barýardy. Ol açyk gözleri bilen Gülälege jebir berlişini iň soňky pursatda sessiz synlaýardy hem gutaryp barýan beýnisi bilen gyzyň naçarlaýan sesini duýýardy... Garik keýpini kökläp bolansoň, ne öli, ne diri bolup ýatan gyzy Öweze tabşyrdy. — Al, senem keýpini görerin diýseň... Şeý diýip, ol bir çete özüni oklap, dynç almak üçin arkanlygyna süýndi. Gözüniň alnynda Garigiň keýp çekenini synlap, haram duýgulary oýanan Öwez mürähetden ýüz öwürmedi. Onuň-da Gülälegi gujaklap göresi gelýärdi. Ol Garikden rugsat bolandan, Gülälege aç gurt bolup topuldy. Ony çekeleme kemini goýmady. Işini birýüzli edensoň, Garigiň gapdalyna baryp, şepesine meňzäp süýndi. — Beýdişip ýatsag-a, uklap galarys. Ertir bolsa bizi bu ýerden milisiýa ýygnar — diýip, Garik gapdalynda süýnen Öweze gep goşdy. — Bulary jähennem edip, özümizem ýola düşmeli. Milisiýanyň ýatladylmagy Öweziň keýpini bozdy. Ol gorky bilen ýerinden turdy: — Ýör onda, basymrak gideli bu ýerden. — Şeý diýip, ol bir gapdalda süýnüşip ýatan Gülälek bilen Emire tarap seretdi. — Bular bilen nä işimiz bar. Olaryň özleri turan wagtlary öýlerine giderler. — Näme?! — diýip, soragly bakdy-da, Garik Öweziň gepine hahahahaý-lap güldi. Soňam birden agraslandy. — Samsyk diýsä. Indi bular turup biler öýdýäňmi sen?! Turar ýaly etdiňmi sen olary?! Garigiň sözleri Öweziň gulaklarynyň düýbünde bomba ýarylan ýaly etdi. Endamy gyzyp gitdi-de, şyglap der basdy. Gulaklary şyňlady. «Turar ýaly etdiňmi sen olary?! diýen sözleri beýnisinde gaýtalady. «Diýmek, indi bu zatlar meň boýnuma atyljag-ow» diýip, içini gepletdi. Onýança-da süýnüp ýatan Emiri elläp gören Garik Öwezi has-da gorkuzdy: — Munyň-a eýýäm gutarypdyr, endamy buz ýaly? Gorkudan Öweziň dili tutuldy. Dişleri şakyrdap, üýşedip başlady. Indi onuň kellesi birneme durlanyp, aýňalyp ugrady. Ejesiniň: «Gazana ýapaşsaň, garasy ýokar...» diýpp gygyrýan sesi gulaklarynda ýaňlanyp giden ýaly boldy. Elleri bilen kellesini tutdy. Adamyň ölenini ol ilkinji gezek synlap görýärdi. Öwez daşy alyp, Emiriň kellesiniň üstünden zyňanda onda adam öldürmek niýeti ýokdy. Diňe şepesine kömek edip, Emiri agyra ulaşdyryp, biraz ýatyrmak isläpdi. Misli, iki sany guzudyň köşeşenini görüp, «Siz köşeşen bolsaňyz, menem bes etjek» diýýän ýaly, harasat hem biraz badyny gowşadyp, ýagyş sepeläp ugrady. Ilki iri-iri damjalar pat-patlap gaçmaga başlady. Soň bolsa bedreden guýulýan ýaly bolup, çabga guýdy. Öwez kellesini tutup oturyşyna Gülälekdir Emir bilen çagajykka aýak ýalaň, baş açyk, bileje oýnan günlerini, soň mekdebe gidişlerini ýatlady. Mekdep ýyllary göz öňünde gaýmalady. Klasdaşlarynyň pert-pert sapak aýdýan pursalaryny ýatlady. Olaryň hut ýaňyja: «Öwez! Sen biziň klasdaşymyz-a!» diýşip zarynlap gygyryşlaryny hakydasyna getirdi. Birdenem: — Eý, Hudaý! Men näme edipdirin, Garik! Men näme edipdirin! —diýdi-de, kellesine ýumruklap aglamaga başlady. — Men olaryň hijisinem öldürmek islämokdym! Garik aşak eglip, Öweziň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Soňam azgyryldy: — Bes et aňňyrmaňy! Sesiňi eşidip, milise-beýlekiniň gelerini isleýäňmi? Bu eden işiň üçin özüňe nähili jezanyň beriljegini biloýäňmi?! Öwez iňňildäp biraz aglansoň, sesini goýdy. — Atarlar indi seni! — Şeý diýip, Garik Gülälegi elläp gördi. —Bularyň biri öli, birem öli däl. Bu gyzyň ininiň ýylysy bar. Gülälegiň ölmänligine Öwez begendi. — Onda ony doktora äkideli, Garik — diýip, mydyrdady. — Ýoldan tapdyk diýeris. Garik Öweziň ýeňsesine çalyp goýberdi: — Paňkelle diýsä! Äkit doktora. Ertir özüne gelsin-de, ol gyz seniň janyňy jähenneme ibertsin! Hana, hol ýatany öldüreniňi aýtmaz öýdýäňmi?! Bu gyz aýtmanda-da, hökümetiň özem aýtdyrar saňa. Sen hökümet diýen zadyň nämeligini bileňok entek. Hemme zatdan Öweziň öz jany süýji göründi. Ol şu pursatda özüniň diri galmagy üçin ähli zada kaýyldy. — Indi näderis? — diýip, Öwez iki eli bilen kellesini tutup oturşyna gaýgyly gepledi. — Indi bulary etmelisi şeýle — diýdi-de, Garik süýnüp ýatan Emiriň aýaklaryndan tutdy. — Bar, adam geleni bildirmez ýaly, onuň baş ujundaky daşy alanja ýeriňde goý. Soň munuň egninden tut. Gülälegiň öz tahýasy hem-de Emire sowgat berlen, daşy gazetli tahýa şemalyň badyna beton haýatyň düýbüne uçup barypdy. Bu wagt Öwez diwaryň düýbünde ýatan ol tahýalary görenokdy. Ol Emiriň baş ujunda ýatan harsaň daşy alyp, tahýalaryň duran çüňkünde tertipläp goýdy. Tahýalar daşyň aşagynda galdy. Şundan soň iki bolup, Emiri göterip, kanala atdylar. Soňundan Gülälegi taşladylar. Gülälegi zyňyp, yzlaryna dolanan halatlary Garigiň aýagy palçyga typdy-da, ýykyldy. Ýerinden galjak bolanda ol hem kanala gitdi. Buz ýaly suwa hem kanalyň aşagynyň çägeligi sebäpli, barha özüne sormagyna zähresi ýarylan Garik bokurdagyna pyçak goýlan ýaly bögürdi: — Öwez! Eliňi ber, Öwez! Ol äpet göwräni çekip almak üçin elini uzadaýsa, özüniňem kanala gitjegini Öwez bilýärdi. Şonuň üçin ol Garigiň sesini eşitmediksirän bolup, öňe atyldy. — Öwez! — diýip, Garik gark bolup barýarka ýene zähre ýaryp gygyrdy. —Çykaýsam, öldirin! — Çykmanjyk geçseň gerek — diýip, mydyrdady-da, Öwez özüni çöp-çalamlara urup, demi demine ýetmän ylgady. Hem aglaýardy. Misli, onuň aýak yzlaryny ýitirmäge kömek etmek isleýän ýaly, ýagyş hem birsyhly guýýardy. Ol daljygyp, ylgap-ylgap, kanalyň köprüsine ýetdi. Dünýäniň garaňkylygyna begenýärdi. Köpriniň ýanyna baransoň, şähere tarap ýöredi. Yzyndan ýeten maşyna el galdyryp mündi. Ilki şäheriň merkezine bardy. Merkezde düşüp, başga maşyna münübem, öýüne gaýtdy... *** dowamy bar... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |