23:02 Arwah gelýän gijesi - 7/ powestiñ soñy | |
*** Aýnabat daýzanyň gulagynda kimdir biri çirkin gygyran ýaly boldy. Ýüregine pyçak urlan dek bolup, ýerinden galdy. Garaňkynyň içinde sermenip, Gülälegiň ýerini barlady. Gyzyň ýeri boş durdy. Hatda düşegem ýazylmandyr. Daşarda bolsa harasat dünýäni düňderäýjek bolýardy. Apy-tupanyň oýnundan töwerek lerzan alýardy. Demirler biri-birine urulýardy, şatyrdap döwülýän agaçlaryň sesleri gelýärdi. — Eý, hudaý jan, bu nä görgüt boldugy, köşeşmejekmikä bi gurbany gitdigim — diýip, Aýnabat daýza özbaşyna hüňürdedi. Soňra gyzy Gülälegiň adyny tutdy. — Gülälek! Gülälek! Oňa ses beren bolmady. — Toba, hudaýym, özüň gowusyny edeweri! Bi harasadyň içinde bu gyz nirelerde entäp ýörkä? Şunça wagtlabam bir iliň öýünde oturma bormy şu çaka deňiç. Aýnabat daýza ýerinden turup, çyranyň knopkasynyň ýanyna bardy. Elini diwaryň ýüzünde gezdirip, knopkany basdy. Çyra ýanmady. — Be, çyrany-da öçüräýipdir bu gurbany gitdigim — diýip, hüňürdäp, harasada käýindi. — Beýle-de lerzan alma bormy! Bir çende bes edäýmel-ä. Ýüregi bir ýakymsyzlygy duýýan ýaly, kalbyna howsala çökdi. Içeri gözüne dar göründi. Gaýdyp ýerine-de geçesi gelmedi. Ogly Gurbanyň ýatan ýerine seretdi. Ýorganyň daşyna kellesi çykmasa-da, Gurbanyň öz ornundalygy, güberilip duran ýorganyň aşagynda adam barlygy mese-mälim bildirýärdi. Oglunyň ýatanyna gözi ýetse-de, Aýnabat daýza emaý bilen onuň ýanyna baryp, ellerini ýorganyň üstünden gezdirip gördi. Oglunyň başyny, aýaklaryny sypaşdyrdy. — Gurban, Gurban — diýip, seslendi. Gurban gaty süýji uklapdy. Şonuň üçin ejesine jogabam bermedi. Şeýle-de bolsa, Aýnabat daýza ogluna goňşularyna aýlanjagyny aýdyp gitmek isledi: — Gurban, Gülälek gelmändir, oglum. Men goňşy-golamdan habar tutmaga gitjek. «Ejem niredekä» diýip, alada edäýme. Henizem gepe gyzyp otyrmyka ol gyz! Gurban ýene ejesine jogap bermedi. Aýnabat daýza daşaryk ýöneldi. Garaňkyda sermenip, köwşüni geýdi-de, ilki bilen Näzik daýzanyňka bardy. Gygyranyň bilen gep eşitdirip boljak däldi. Şeýle bolansoň, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň köçe tarapdaky äpişgesini kakdy: — Näzik! Näzik! Harasat Näzik daýzany-da uklatmandy. Ol hem ogly Emiri alada edip, diňşirgenip ýatyrdy. Näzik daýza Aýnabat daýzanyň sesini derrew eşitdi. Goňşusynyň bu harasadyň içinde bimahal çag äpişge kakyp ýörmesi ýüregine howsala çaýdy. «Eýgilikmi?» diýen gorkuly pikir aňyna ornady. Derrew daşaryk çykdy. Aýnabat daýza Gülälegiň ýoguny birden habar bermedi. — A gyz, Näzik, Bibi öýdemi? — diýip, ilki Näzik daýzanyň gyzyny sorady. — Hawa, Bibi ýatyr — diýip, Aýnabat daýzanyň bimahal gelmesine geňirgenip duran Näzik daýza-da birbada aladasyny basyp gepledi —Eýgilikmi, Aýnabat? — Aýnabat daýza habaryny biriniň eşidäýmeginden gypynç edýän ýaly, töweregine ýaltanaklap, pessaý gepledi: — A gyz, Näzik, öýde Gülälek ýok-la, gyz?! Sizde dagy oturan bolaýmasyn diýip gelşimdi... — Wi-iý! — diýdi-de Näzik daýza elini agzyna ýetirdi. Bizd-ä ýok ol, Aýnabat. Bu çaka çenli nirede gezýäkä ol gyz?! Goňşularyň ikisem Aýjahan daýzalara tarap seretdi. — ÝA bulardamyka? — diýip, Näzik daýza içki pikirini daşyna çykardy. — Ýör, bile göreli. Men saňa ýoldaş bolaýyn. Iki goňşy bolup, Aýjahan daýzalara tarap ýörediler. Näzik daýza Emiriň öýde ýoklugyny aýdyp, howsalasyny duýdurdy: — Emiriňem gün batmanka çykyp gidişi. Henizem gelenok. Käýiner öýdüp, kakasyna-da duýduryp bilemok şumat. — Wah, Emir erkek oglardyr, oňa zat bolasy ýok-la — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany köşeşdirdi. — Gülälek welin, gyz maşgala ahbeti. Gyzyň ýagysy azmy. Atylan kesek oňa gara sürter durar. — Munuň ýaly garaňky gijelerde entäberse, oglana-da ýagy az duşasy ýok-la — diýip, Näzik daýza öz ogluny alada edip gepledi. — Oglan bolsun, gyz bolsun, çaga diýeniň öýde oturaýsa. Ýeri, gitjekmiň, düzüwli gün tapmadyňmy diýsene! Goňşular Aýjahan daýzadan-da hoş habar eşitmediler. Aýjahan daýza Gülälegiň özleriniňkä gelmändigini, gyzy Nurjahanyň-da uklap ýatandygyny aýtdy. Soň ogly Öwezden nalyndy. Onuň ile meňzemeýän bir bihepbäniň yzyna düşüp, hiç wagt öýe wagtynda köwlenmeýändigini aýdyp, Öweze öz ýanyndan gargyndy: — «Gaýdyp şonuň bilen tirkeşäýme» diýip, hol günjügem käýýäp-käýýäp goýberdim. Birki gün öýe wagtynda köwlenenem boldy. Ine, bu gün ýene ýok. Näme işleýäkä ol çaka deňiç o ile meňzemeýän haram bilen! Şu günem-ä dişimi çarhlap oturandyryn. Gelsin bakaly, ony ýa-ha öýden çykmaz ýaly ederin, ýa-da öýden bütinleý aýagyny keserin! Aýjahan daýzanyň-da dert-aladasynyň özüne ýetikdigini bilen goňşular oňa sag-aman ýatyp-turmagy dileg edip, yzlaryna dolandylar. — Aýjahanyň oglunyň tirkeşip ýören şol zadyn-a meniňem keşdim çekenok — diýip, ýolda Aýnabat daýza Garik hakda söz açdy. — Ýüz-gözi dagy näteňet gyz, onyň. Mydam görseň, göm-gök. Ýaş oglana meňzeş däl. Haýsy bendäniň çagasyka ol? Öwez onuň bilen nädip ýürek edip, tirkeşip bilýäkä?! — Şon-a menem halamok — diýip, Näzik daýza uludan dem aldy. — Aýdyp durun-a bi çagalaň edýän zadyny näme üçin edýänini bilmänjik geçersiň diýip. Şol wagt harasat birneme köşeşip, ýagyş ýagyp başlady. — Eý, hudaý jan, bi gyz nirä gitdikä? ÝA milisä habar beräýsemmikäm? — diýip, Aýnabat daýza indi näderini bilmän, aljyrady. — Ýagşam ýagyp başlady... Men ony nireden gözläýin bu ýagyş-harasatda... Birdenem çagba guýmaga durdy. — Bu ölgençlikde sen hiç ýerigem gitme — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýza maslahat berdi. — Hudaý çagyr-da, daň ataryna garaş indi. Belki, harasadyň geçerine garaşyp, ol-da oturandyr bir ýerde. — Belki, şeýle bolsun-da — diýip, Aýnabat daýza ýüregine birneme rahatlyk çaýyp, öýne dolandy. Näzik daýza-da öýüne girdi. Goňşularyň öýe girenine ýarym sagat geçip-geçmänkä Öwez tünegine dolanyp geldi. Taksi tölegini berip, howla atyldy. Otagyna baryp, öl-myžžyk bolan eşiklerini çykardy. garaňkynyň içinde sermenip, köne eşiklerini tapyp, terslin-oňlyn geýdi-de, ýerine geçdi. — Hä, takyrdap geçen! — diýip, Aýjahan daýza içki jaýda ýatan ýerinden oňa sögünip gygyrdy. — Geldiňmi, it aýagyny iýen ýaly, kaňkap-kaňkap! Entek ertire bir çyk bakaly. Seni nädýänimi görersiň! Öwez ejesine: — Bolýa-laý! Iňňildemesene! — diýip, gygyrdy-da, ýorganyna sümüldi. Ukusy tutup, ölüp barýardy. Şeýle bolansoň, başyny ýassyga goýandan, uka düşdi. Düýşünde ähli zady täzeden gördi. Gülälegiň çirkin sesi, Emiriň ýalbarmalary beýnisinde zenzele turuzýardy. Garigiň gorkunç ýüzi öňküdenem eýmençdi. Ol Öweze şeýle bir seredýärdi welin, Öwez öz-özünden ýüregi ýarylyp, ölüp barýardy. Düýşünde bir aglady, bir eňredi, bir Emire ýalbardy, bir Garige ýalbardy. Birden gorkup gygyrdy, birden nämedir bir zatlara hahahaýlap güldi. Daň atýança samrap çykdy. Ýagyşda galyp, süllümbaý ezilensoň, gyzgyny-da galyp, ot bolup ýandy. — Ilk-ä entedi öýe gelmän. Indem samrap ýatyranok bi dogman geçen bizi — diýip, hüňürdedi-de, Aýjahan daýza basyrganýanyny duýdurmak üçin Öweziň ýanyna geldi. Ol pursat daň agaryp, töwerek ýagtylyp barýardy. Oglunyň üstünden ýorgany serpen Aýjahan daýzanyň ýüzüne Öwezden howur çarbap gitdi. Ol dessine Öweziň maňlaýyny elläp gördi. Oglan gyzgyndan ot bolup ýanýardy. Özüni bilmän sarmaýardy. Zol dilini çykaryp, guran dodaklaryny ýalaýardy. — Bu-w! — diýip, seslendi-de, Öweziň maňlaýynyň howry ýüzüne uran Aýjahan daýza oňa käýinmeden geçip, Nurjahana gygyrdy. — Nurjahan-a tur basymrak. Öwez ot bolup, ýanyp ýatyr. Muny doktora äkitmesek bolmaz! Nurjahan hem Öweziň gyzgynyndan gorkdy. Hernäçe ady tutulsa-da, Öwez aýňalyp bilmedi. Diňe düşnüksiz mydyrdylar bilen aldygyna samraýardy. Nurjahan uly ýola gidip, köçedäki telefon budkasyndan doktora jaň edip geldi. «Tiz kömek!» gelip, Öwezi keselhana alyp gitdi. Aýjahan daýza-da onuň ýany bilen bile gitdi. *** Bedreden guýulýan dek guýýan ýagşy diňdirip, daň atdy. Dalbarlarda galan üzümler harasadyň hem ýagşyň badyna üzülen monjuklary ýada salyp, ýerde seçelenişip ýatyrdylar. Akrap howany-da mazaly sowadypdy. Eýýäm köp öýleriň depesindäki peç turbasyndan çalt tüsse burugsap görünýärdi. Öýlerde peç ýakylyp başlanypdy. Näzik daýzadyr Aýnabat daýza dagy-da peçleriniň içini arassalap, ot ýakdylar. Ýöne daň atsa-da, peç ýakylsa-da, Gülälek bilen Emirden habar bolmady. Gülälegiň Emir bilen halaşýandygyny aýdyp, Bibi ejesi Näzik daýzany birneme rahatlansa-da, rahatlandyrdy welin, bir ýakymsyzlygy duýýan ýaly, ene ýüregem böküp, onuň kalbyna gussa guýup durdy. — Aslynda, gaçmak nämä gerek?! Emir jan gyz alyp gaçmaly oglan däl-ä. Ol ýagdaýyny aýdaýanda-da oňa şol gyz berilmän durmazdy ahbeti. — Menem şony pikir edýän — diýip, Bibem alada galdy. — Ýöne nirede bolsa-da, bularyň ikisem bir ýerdedir. Arada Gülälek Emire berjek diýip, tahýa tikibem oturdy. — Duşuşmak nämä gerek. Halaşsaň, hossarlaryňa aýdaga-da, gudaçylyga baraýmaly ahyry — diýip, Näzik daýza oglunyň eden işinden birsyhly nägile bolup, hüňürdedi. — Ýaşlar-da bular, eje. Olara bir zady etme diýip bolýamy — diýip, Bibem zol ejesini köşeşdirdi. — Birki gün garaşaly. Öýe gelmese-de, okuwyn-a barmaly bor. Okuwyny zyňyp bilmez-ä ol bir gyz diýip, Näzik daýza Aýnabat goňşusynyňka ugrady: — Şu zatlary aýdyp, Aýnabady-da köşeşdireýin. Bibi ejesiniň Aýnabat daýzalara giderini islemedi: — Bu zatlary aýtsaň, Aýnabat daýza gaty görer-ä, eje! Näzik daýza ýolundan galmady: — Gaty görse-de, aýtmaly bor. «Niredekä?» diýip, gaýgy edip otyr ol gyzyny. Gyzy hakda «Gaçaýdymyka?» diýen pikir Aýnabat daýzanyň-da kellesine gelmän duranokdy. Ýöne ol gyzynyň kim bilen gaçjagyny çenläp bilmedi. «Akyllyjamykaň diýýädim welin, gyzym, sen ejeňi ýüzügara edäýjekmikäň?» diýip, ol gözüne ýaş aýlap, hyýalynda gyzy bilen gepleşdi. Pikir öwürdi. Emiriň gelmeýänligini Gülälek bilen baglajak boldy. «Näzik birneme arkaýyn görünýän ýaly welin, ýa ol aýal hemme zatdan habarly bolup, indem bihabarsyran bolýamyka?» diýip, içini gepletdi. Şeýle pikir etdigisaýy, Aýnabat daýzanyň gözüne Näzik daýza hakykatdan-da bir syry saklaýan ýaly, özem özüni gaty arkaýyn alyp barýan ýaly göründi. «Eger ogluňa gyzymy alyp gaçdyran bolsaň, ýüzüňi göräýermikäm seniň! Goňşy bolup şeýtseň, meniňem-ä etjegim bardyr» diýip, Aýnabat daýza öz ýanyndan goňşusyna-da haýbat atdy. Gyzyndan uç taparyn diýen umyt bilen Aýnabat daýza Aýjahan daýzalara irdenem bardy. Içerä serenjam berip, nahar-şoruň ugruna çykan Nurjahan onuň bilen howluda pete-pet gabat geldi. Aýnabat daýza gepini aýlap durman, gönüledi: — A gyz, Nurjahan, Gülälek gelenok-la, gyz, öýe! Ilkagşamky gidişi. Seniň bilýän zadyň ýokmy onuň nirä gitjegi hakda? — Wiý — diýdi-de, Nurjahan eşiden habaryna gözlerini tegeledi. —Menä bilmedim. Birki günlük-dä Gülälegi görmedim men. Bizem Öwez başagaý etdi. Agşam ýagyşda galypdyr. Gijesi bilen samrap, gyzdyryp çykdy. Ejem ony doktora äkitdi. Öz gyzynyň aladasy böwrüne dürtüp duransoň, Aýnabat daýza Öwezli gürrüňe ünsem bermedi. — Gyzdyrýan bolsa, hiç-le. Başga agyr kesel bolmasa bor. Däri-derman edilse, gyzgyn geçer gider — diýdi-de, ol gepini ýene öz aladasyna syrykdyrdy. — Şu ömrüne onuň öýde ýatmadyk güni ýokdur. ÝA Gülälek gaçyp gidäýdimikä, Nurjahan! Nurjahan Aýnabat daýzanyň bu sowalyna içini çekdi: — Hiz! Gülälek gaçyp gidäýermikä?! Ol gaçyp gitjek gyz-a bolmaly däl. Gaty agrasdy öz-ä. — Pylan diýip bolmaz, gyzym. «Gyz ulalasa, haýa gider, igin alyp gaýa gider» diýmänmidir köneler! — diýip, Aýnabat daýza häzir gyzyna gaty bir ynamynyň ýoguny duýdurdy. — Gülälegem ilden üýtgeşik gyz däl. «Ýere bakardan ýer gorkar, ýeriň damaryny gyrkar» diýýändirler. Gyz diýeniň ýetişensoň, ondan näme çykjagyny Allanyň bir özi biler! Sen, ýöne aýt maňa, gyzym, eger Gülälek gaçan bolsa, kim bilen gaçyp biler öýdýäň? Nurjahan kyn ýagdaýda galdy. Gülälegiň Emire tahýa tikip, onuň bilen duşuşýanyny aýtjagyny-da bilmedi, aýtmajagyny-da. Bu syry bilse, Aýnabat daýzanyň goňşulary Näzik daýza bilen goňşy gatnaşygyny kesäýmegem ahmaldy. Nurjahan bolsa iki goňşynyň arasyny bozan kişi bolup galjakdy. Aýnabat daýza Nurjahanyň ikirjiňläp, pikire batmasyndan gyzyň nämedir bir syry bilýänini aňdy. Gözlerine ýaş aýlap, onuň eginlerinden sypady: — Eger bir zat bilýän bolsaň, aýt maňa, gyzym. Göwnüme her zat gelýä... Ýüregim karar tapanok. Göwnüme bolmasa, ol gyz bir bela sataşan ýaly... Aýnabat daýzanyň gözüne ýaş getirmesine Nurjahan dözmedi. — Men bir zat aýdaýyn saňa, daýza. Ýöne ol gepi menden eşideniňi aýtsaň-a maňa kyn bolar. Ejem bar, goňşular bar... Gyz halyma iki arada gep gezdiriji bolasym gelenok — diýip ol Aýnabat daýzanyň ýüzüne köpmanyly seredip, dymdy. Gyzyndan bir uç tapyljagyna begenip, Aýnabat daýza ýene Nurjahanyň egininden sypady: — Aýt, gyzym. Şu ýerden yzyma lal-jim bolup dolanaýyn. Hiç kim menden gep eşitmez. Diňe gyzymyň niredeligini bilsem bolýa. — Eger ol gaçan bolsa... — diýdi-de, Nurjahan sözüne dyngy berip, Näzik daýzalara tarap seredip goýberdi. — Emir bilen gaçandyr. Aýnabat daýza gaşlaryny çytyp, gözlerini çüýjertdi: — Näme, olar halaşýadymy, gyzym? — Ikisiniň bile duranyn-a göremok — diýip, Nurjahan bilýän zadyny aýan etdi. — Ýöne bir gün öýe bir tahýa jähek tutmaga geldi. Maňa jähek kakdyrdy. Şol tahýada Emiriň ady ýazylgydy. Gülälek ol tahýany Emiriň doglan gününe sowgatlyk üçin tikenini aýtdy. — Hä, saçy kesilen — diýdi-de, Aýnabat daýza özi duýmazdan, gyzyna käýindi. — Bir tahýa-ha tiken bolýady şol. Men-ä ünsem bermändirin, mydama iş tikip ýörensoň. — Şeý diýensoň, Aýnabat daýza yzyna dolandy. Habary üçin Nurjahana minnetdarlyk bildirdi. — Bolýa, gyzym, taňryýalkasyn aýdan gepiňe. Ýüregimi biraz düşüşdirdiň. Sag-aman gelse, gaçanyna razy bolarys-la. Näzik daýzalaram erbet ýer-ä däl welin, ile gürrüň edip, ejesini beýle masgaraçylyga goýmaly däl ahyry ol gyz. Hä, bi ýaşlary bar-a... Aýnabat daýza ýolda Näzik goňşusyna gabat geldi. — Aýnabat, sen maňa käýinme welin, Bibiden bir habar eşitdim men —diýip, Näzik daýza ýaýdanyp, Aýnabat goňşusyna söz gatdy. — Özleri bir ýerden çykýança aýtman oňaýmasam-da bolardy welin, aladaň birneme kiparlaýyn diýýän... Aýnabat daýza Näzik daýzanyň sözüni bölüp, öýkeli gepledi: — Aýdybam oturma şony. Eşitdim men. Ol saçy kesilen seniň ogluň bilen gaçyp giden bolmaly. Gaçypmyş, ile ryswa bolup ýörmek nämä gerek diýsene. Adam ýaly aýdylanam bolsa, berilmän durulmazdy ahbeti şol gyz. Näzik daýza goňşusynyň kinesini aňdy. — Wah, Aýnabat jan, sen menden-ä kine etme, dogan — diýip, özelenip gepledi. — Meniň-ä özümem hut ýaňja Bibiden eşitdim. Ýaşlar-da bular. Etjek işini aýdýalarmy bize! Meň oglum-a iliň gyzyny gepe goýjak ogul däldir, Aýnabat! Nije ýyl bäri dogan ýaly bolup, gatnaşyp otyrys. Biri-birimizden öýke etmäli-de, olaryň sag-aman gelerini diläli. Gaçan bolsalar, owarram. Janlary sag bolsa bolýa. Sen gaýgy etme. Agzyňy açan malyňy geçirip, seni razy ederin men. Ýöne, Allajan gowusyny etsin welin, meniň ýüregim böküp, agzymdan çykaýjak bolýa, Aýnabat. Başymyzda bir bela bar ýaly bolup dur. Ilki gaharly hem öýkeli gelýänem bolsa, Näzik daýzanyň özelenip diýýän sözleri Aýnabat daýzanyň-da öňdenem howsalaly dürküldäp duran ýüregini gopurdy. Ol goňşusynyň: «Başymyzda bir bela bar ýaly bolup dur!» diýen sözlerinden gorkdy. — Hawa-la, goňşy — diýip, öýke-kinesini ýuwdup gepledi. — Sag-aman gelseler bor. Galan zadyň çäresini taparys. Özara düşünişenlerinden soň goňşularyň hersi öz öýüne gidip, güzeren aladalary bilen boldular. *** Bu pursat Öwez welin, keselhanada doktorlary başagaý edýärdi. Däri-derman bilen gyzgyny birneme gaýdyşsa-da, ol özüni tutubermedi. Içen aragynyň keýpi bilen Garikden gorkusyna nähili jenaýat edenini waka bolan pursatda duýmasa-da, özüne geldigiçe ol özüniň baş goşan ganly işiniň nähili aýylgançlygyna göz ýetirýärdi. Ol wakanyň bolanyna wagt näçe köp geçdigiçe Öweziň gorkusy beterleýärdi. Gorkudan aram-aram akyly üýtgän ýaly bolýardy. Gözlerini ýumdugy dem-düýtsüz ýatan Emirdir Gülälek göz öňünde janlanýardy. Gülälegiň «Klasdaşym!» diýip gygyrýan çirkin sesi gulaklaryny deşäýjek bolýardy. «Bi zatlaryň baryna sen günäkär!» diýip, hyýalynda Garik bilen gepleşýärdi. «Garik bilen tirkeşmeli däl ekenim. Aslynda hiç bir garagol oglanlaryň-da ýanyna barmaly däl ekenim» diýip, geçen ömür ýoluna göz aýlap, öz-özüne hasabat berýärdi. Öweziň özi bu zatlary sesli aýdýan ýalydy. Öz sesini özem eşidýärdi. Daşyndan syn edeniňde welin, onuň sesi çykanokdy. Diňe dodaklary gymyldaýardy. Gaşlaryny kakyp, ellerini hereketlendirip, başyny ýaýkap, dodaklaryny bir çöwrüp, bir ýygnap, bir aglap, bir diňip oturan Öweziň nerwisiniň üýtgeýäni duýulýardy. Ol birki günläp hiç zat iýmän-içmän, diňe ukolyň aşagynda ýatdy. Aýjahan daýza gijelerine öýüne gaýtsa-da, gündizlerine keselhananyň agzyny garawullady. Ganly wakanyň bolanyna iki gün geçende Emirdir Gülägiň jesedi suwuň ýüzüne çykdy. Emiriň jübsünden şäher kitaphanasyndan kitap almak üçin doldurylan hatyň çykmagy bilen merhumlaryň kimdigi, adresleriň anyklanyp, milisiýa işgärleri tarapyndan olar öýlerine getirildi. Gyzyny gaçandyr öýdüp, gaharlanyp oturan Aýnabat daýza bu belany görensoň: «Wah gaçyp gidenem bolsa, razy boldum» diýip, maňlaýyna urdy. Emirdir Gülälegiň başyna salnan bu işe bütin töwerek gynandy. Milisiýa at tezegini guratman, goňşy-golamlara ýeke-ýekeden gatnap, hernäçe pişe edinse-de, jenaýatdan uç tapyp bilmedi. Ýagyşda galyp, keselhanada ýaraman ýatan Öweziň bu işde eli bardyp öýdüp, hiç kim oý etmeýärdi. Sebäbi Öweziň Emir bilen tirkeşen wagtyny gören adam ýokdy. Asla ol öz töwereginiň hiç bir oglany bilenem tirkeşip ýörmänsoň, özem gündizlerine obada köwlenmänsoň, Öweziň barlygy, onuň-da özlerine goňşulygy asla köpleriň ýadyna-da düşenokdy. Goňşy-golamlar üçin Öweziň barynyň-ýogunyň parhy ýokdy. Agyr göwreligindenmi, ýa-da kanala düşenden özüniň girdaba sataşandanmy, Garigiň jesedi suwuň ýüzüne-de wagty bilen çykmady. Ony Emirdir Gülälek tapylandan köp gün soň tapdylar. Hem-de kimligini anyklap bilmän, atsyz-sorsuzlaryň jaýlanýan ýerinde duwladylar. Suwdan adam jesedi häli-şindi tapylayp duransoň, Garigiň ölümi bilen Emirdir Gülälegiň ölüminiň arasynda baglanyşyk bardyp öýdüp, hiç kim pikirem etmedi. Ölümleriniň sebäbi anyklanmansoň, hossarlary Emir bilen Gülälegi çagbaly gijede kanala typyp ýykylandyr öýtdüler. Emiriň ýarylan kelleçanagy bu jenaýatda adam eliniň barlygyny habar berip duran-da bolsa, sorag-idegiň netijesinden wagty bilen uç tapylybermänsoň, Gülälekdir Emiriň ölümi boýunça jenaýat işem gozgalyp durmady. Olar üçin bellige alnan iş depderi tötänleýin uçralan betbagtçylykly hadysalaryň hatyranda hasaba alnyp, soňam ýapylyp goýberildi. Juwan balalaryny aldyran iki ene aglap-aglap, bagyrlaryny ýere berdiler. Emiriň kakasy Kadyr aga bolsa oglunyň ölümine gynanyp, ýykylansoň, ýerindenem galyp bilmedi. Emiriň ugradylmagyna aý dolmanka ol hem amanadyny tabşyrdy. Gorkudan Öweziň kellesi doly üýtgedi. Ilki günler ol özüni soramaga barýan ejesidir jigisi nurjahany-da tanamady. Gyzgyny aýrylansoň, ony nerwisi üýtgänleriň keselhanasyna geçirdiler. Öwez ol ýerde ýarym ýyla golaý wagt ýatmaly boldy. Özüni bilip başlansoň, ýene baş goşan ganly hadysasy ýadyna düşüp, aram-aram samrady. Käteler bolsa ol wakany hyýalynda synlap, sessiz dymýardy. Lal-jim bolup, hiç kim bilen gürleşenokdy. Keselhanadan boşap gelensoň, ol dymma boldy. Iň içki jaýa geçip, ses-üýnsiz ýatýardy. Öýe gelen-giden bilen işi ýokdy. Onuň üýtgäninden habarly goňşy-golamlar-da ony görjek bolup duranokdylar. Onuň halyny Aýjahan daýzadan sorap, ötägidýärdiler. Öwez öňem ile goşulmaýşy ýaly, özüni tutansoňam, hiç kime goşulmady. Ýasa baranokdy, toýa gidenokdy. Köpçülige barsa, kimdir biri öz syryny biläýjek ýalydy. Nerwisi üýtgäp, keselhanada ýatanlygy üçin goşun gullugyndan-da galdy. Aýjahan daýza ogly sagalsa razydy. Şonuň üçin oňa il-güne goşulmaýany üçin gaýdyp iňirdäbem durmady. Hat-da onuň ýüregine täsir edäýmesin diýen gorky bilen oňa Emirdir Gülälegiň ölümi hakda-da hiç zat aýtmady. Daşary çykyp otursa-da, soňy bilen gelen-gidene äpişgeden ogryn syn salyp, olaryň gepini diňläp, Öwez goňşularyneyň özüne hiç hili göwün garaltmaýanlaryny aňdy. Aýnabat daýza-da, Näzik daýza-da käteler Öweziň ejesiniň ýanyna gelip, gümür-ýamyr edişip, iç döküşip gidip durdular. Olar-da Öweziň adyny ýamanlykda agzanokdylar. Hiç hili sud, prokuratura, milisiýa işgärleri özüni gözlänokdy. Bu zatlar Öweziň gorkusyny birneme aýryp, aladaly ýüregini köşeşdirýärdi. Nerwisi günsaýyn rahatlanýardy. Galy wakanyň bolanyna iki ýyl geçensoň, gününi öýde oturyp geçirýän ogluna höwür bolsun diýen niýet bilen Aýjahan daýza ogluny öýerdi. Akyly üýtgäp-açylan ogla töwerekden gyz berilmejegini bilensoň, gelni başga obadan almaly boldy. Öwez gelni bilenem birbada öwrenişip gitmedi. Kürteli gelne seretdigi, çirkin gygyryp, özünden haraý msläp aglaýan Gülälek ýadyna düşüp, gelinli otagdan çykyp gidýärdi. Nurjahanyň, ejesiniň ýalbarmasy bilen gaýtarma bolup giden gelniniň yzyndan gatnamasy ony aýalyna birneme ysnyşdyryp, oňa köçä, ile çykmaga, ýüregini açmaga hemaýat boldy. Öwez diňe aýaly gaýdyp gelensoň, onuň bilen ile meňzeş ýaşaşyp başlady. Emirdir Gülälekli waka Öweziň aýagyny bolgusyz ýollardan ýygnady. Ol soňra bütin ömrüne öýi bilen boldy. Kerpiç guýdy. Täze jaý saldy. Howlusyny, öýüni bezedi. Söwda-satyk etdi. Asyl, adama gabak galdyryp, ýamanlyk edeýin diýmedi. Gaýtam çagalykdan ejesini diňlemän, çem gelenleriň yzyndan geçiren bimany günlerini ýatlap, ahmyr çekýärdi. «Şeýle akyl näme üçin ýaşlykda, çagalykda aňa gelmeýärkä?» diýip, öz ýanyndan pikir öwürýärdi. Soňam öz-özüne käýinýärdi: «Aslynda özem gep ýokmaz boldum-a meniň. Emir dagy çagaka-da akyllyjady. Deň-duşlarymyň arasynda başga-da akyllyja, düşbüje oglanlar kändi ahbeti! Ine, gepýokmaz bolsaň, ahyry almytyňy aldyň dälmi?!» «Eger oglum bolaýsa, ony öýden çykarman» diýip, Öwez şert edýärdi. Ýöne ykbal onuň maňlaýyna ogul çaga ýazmady. Bar bereni ýeke gyz boldy. Gyzynyň adyna özi sebäpli bagty ýatan owadan klasdaşy Gülälegiň adyny dakdy. Ilki şeýtse-de, soň bu eden iişine puşman etdi. Sebäbi her gezek gyzynyň adyny tutanda Gülälek klasdaşy, Emir hem olar bilen bolan ganly waka Öweziň göz öňünde janlanyp, ör boýuna galýardy. Bu ýagdaý her gün, her sagat, her pursat şeýledi. Gyzy Gülälege göze düşende-de, onuň adyny tutanda-da, Öwez ol wakany biygtyýar ýatlamaly bolýardy. Özüniň kast eden iki klasdaşy mydama ýadynda bolsa-da, Öwez olaryň adyny hiç wagt ýörite tutup, olary ýatlamady. Olaryň öz aňyndalygyny boýun alasy gelenokdy. Ölen-ýiten hossarlar ýatlanyp, anna agşamlarynda, sadaka-beýlekide aýat-töwir edilende-de, aňynda örboýuna galyp duran Gülälekdir Emir klasdaşynyň adyny Öwez dile getirenokdy. Gyzynyň adyny üýtgedäýmegem niýet edindi. Soň ýene goýbolsun etdi. At bilen bile bir topar dokumentem üýtgedilmedi. Soňam ony her kim geňlejekdi. Şeýle-de Öwez: «Goý, pahyryň ady ýerde galmasyn. Her gezek ady tutulanda tirsegine daýansyn» diýip, pikir öwrüp, gyzyna adyny dakyp, öh ýanyndan Gülälek klasdaşyna ýagşylyk edenden bolýardy. Aýlar-günler kerwen gurap, Öweziň gorky-ürküsi mazaly aýryldy. Gyzy ese-boýa galdy. Ol indi özüniň ýeke dikrarynyň köpelip, daşynyň jygyl-juguldan doljak günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy... Birdenem, garaşman durka, harasat öýünde turdy... Ol dünýede beýle-beýle zatlaryň-da bolup biljegi hiç wagt pikirem edip görmändi... *** — Öwez! — diýip, Emiriň sesi Öweziň gulagyna aýylganç pyşyrdap, ony pikirlerinden oýardy. — Daň agaryp gelýä! Howlugaly! Öwez sese tabyn bolup, ýerinden turdy. Naýynjar seslendi: — Nirä? — Ses oňa jogap bermedi. Diňe buýruk berdi: — Bar, meniň ejem bilen Aýnabat daýzany çagyr. Özüňem çalt bol! Daň atyp gelýä-ä! Öwez diýlenini edip, ilki Näzik daýzalara bardy. Hernäçe bek ýapylan bolsa-da, derweze Öweze aňsatlyk bilene açdyrdy. Ol öýe baryp, Näzik daýzanyň gapysyny kakdy: — Näzik daýza! Näzik daýza! — diýip, pessaý gygyrdy. — Bärik çyksana, men Öwez! Näzik daýza daşaryk çykdy. Hem ömründe gapysyndan gelmeýän Öweziň bu harasatly gijede daňyňy öň ýany özüni çagyryp durmasyny geňledi. — Öwez? — diýip, gorkuly seslendi. — Eýgilikmi? Bu bimahal çag näme işläp ýörsüň sen? ÝA Gülälege bir zat boldumy? — Köçä çagyr! — diýip, Emiriň sesi Öweze buýruk berdi. — Köçä çyk-da, maňa garaş, Näzik daýza — diýip, Öwez Näzik daýza belli bir zat aýtman, Aýnabat daýzalara tarap atyldy. — MEn häzir Aýnabat daýzanam çagyraýyn. — Heý, toba-a! — diýip, seslendi-de, Näzik daýza Öweziň bolup ýörşüni geňledi. — Munuň ýene kellesi üýtgäp ýörmükäÝU ÝA ýene gülälek üçin çagyrýamyka? Onýança Öwez Aýnabat daýzany-da çagyryp geldi. — Indi öýüňe bar-da, ejeňi, aýalyňy çagyr — diýip, Emir ýene Öweze buýurdy. Öwez diýlene boýun bolup, ejesi bilen aýalyny ukudan oýaryp, alyp gaýtdy. Aýjahan daýza bilen Güljeren köçede duran goňşulary görüp, Öwez özlerini şonuň üçin çagyrýandyr öýtdüler. — Eýgilikmi, Näzik? Aýnabat? — diýip, Aýjahan daýza goňşularyna gep goşdy. — Bi mahal köçede näme işleýäňiz, gyz?! — Men-ä Öwez çagyrdy — diýip, Näzik daýza jogap berdi. — Menem — diýip, Aýnabat daýza-da seslendi. Aýjahan daýza özbaşyna hüňürdedi: — Toba! Bi onuň näme etdigikä? Bizem Öwez çagyrdy bu ýere. — Indem gyzyň tiken ak köýnegini al-da, gyzyňy oýar! Onuň elinden tutup, köçä çyk — diýip, Emiriň sesi Öweze birsyhly buýruk berdi. Öwez nagyş salnan ak biýz matany Gülälegiň epläp goýan ýerinden tapyp aldy. Gyzynyň elinden çekip turuzdy-da, köçä çykdy. — Indi gaýralygyna ýöräber — diýip, ses oňa ýol salgy berdi. — Ejem daga-da aýt, yzyňa düşsünler! — Ýörüň, hemmäňiz yzyma düşüň! — diýip, Öwez duranlary özi bilen gitmäge çagyrdy. — Gyýuw, O gyzy nirä alyp barýaň? — diýip, Aýjahan daýza Gülälegi idenekledip barýan Öweze gygşyrdy. — Gepleme-de ýöräber! — diýip, ses Öwezi gyssady. — Kaka jan, goýber meni, ýatjak. Meni nirä alyp barýaň sen?! — diýip, Gülälegem Öweziň elinden sypjak bolup, siltenjiräp barşyna zarynlap oňa ýalbardy. Sesiň tabşyryşy ýaly, Öwez hiç kime jogap bermän, ýoly dowam etdi. Özem şeýle bir çalt ýöreýärdi welin, yzyndakylar oňa zordan eýgerýärdiler. Ses Öwezi kanalçylaryň goýup giden jaýjagazyna eltende harasat öňküden-de güýçlenip, dünýäni çepbe çöwüräýjege döndi. Näzik daýza, Aýjahan daýza, Aýnabat daýza, Güljeren dagy hem beton jaýjagyzyň ýanyna gelip, batlaryny sakladylar. Olar geplemek isleýärdiler. Gülälegi Öweziň elinden almak isleýärdiler. Ýöne hiç özlerine erk edip bilenokdylar. Duran ýerinden gozganybam bilmediler, gepläbem. Şol pursat ýuwaşja ýöräp, olaryň ýanyna Emir geldi. — Emir! Oglum! — diýip, Näzik daýza ony görenden, ýüregini elendirip seslendi. Ogluny gujaklamak isledi. Ýöne ýene gymyldap bilmedi. — Sen näme, dirimiň balam? Gel, bagryma basyp, mähriňden bir ganaýyn seniň, oglum. Nije ýyldyr, zar boldum-a saňa! Emir ejesiniň ýanyna barmady. Ýöne oňa tarap naýynjar seredip goýberdi: — Wagt ýok, eje! Ar alyş pursaty geldi! Meni güýmeme! — Ejesine şeý diýensoň, Emir Öweze buýruk bermesini dowam etdi — Indem meniň Gülälegimi näme edeniňi görkez bu duranlara! Özüňem çalt bol! Öwez gyzynyň elinden tutup durşuna zarynlady: — Özümi näme etseň, et, Emir! Klasdaş! Ýöne gyzyma degme! — Ol seniň gyzyň däl, ol seniň özüň — diýip, ses gaharlandy. —Seret, onuň gözlerem seniňki, ellerem. Ýüz-keşbem sen, göwresem. Diňe jynsy taýdan saňa meňzeş däl ol. Hem ady başga. Ikinji Öwez ol. Häzir sen öz başyňa Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy salarsyň. Öwez Emiriň buýrugyna özüni aldyryp, gyzyny urup-urup, ýere ýykdy. — Indem onuň geýimlerini sypyr-da, ol biýz köýnege sal! — diýip, Emir Öweze buýurdy. Öwez diýlenini etdi. Gülälegiň eşiklerini sypyryp taşlady-da, ýaglygy bilen ellerini daňdy. Soň onuň başyna nagyşlanan, halta pisint tikilen biýz köýnegi geýdirdi. Gülälek birsyhly aglap, kakasyna ýalbarýardy. Ýöne Öwez onuň sesini eşidenokdy. Öweziň gulagyna diňe Emiriň buýrugy ýetýärdi. — Hany meniň kelläme uran daşyň? — diýip, Emir Öwezden sorady. Öwez nije ýyl bäri beton jaýjagazyň çüňkünde ýatan agyr daşy ýerinden galdyrdy: — Ine. — Meniň kellämi nädip ýardyň? — diýip, Emir ýene Öwezden sorady. Öwez daşy ýarym biline çenli biýz halta sokulan gyzynyň kellesinden eňterdi: — Ine, şeýdip. — Gyzdan «hyrk» edip, aýylganç ses çykdy. Soň onuň gymyldysy galdy. — Indi daşy ýerinde goý-da, Gülälegi näme eden bolsaň, şol işiňi ýene gaýtala — diýip, Emir buýruk bermegini dowam etdi. Öwez kellesi ýarylan gyzynyň gymyldysyz ýatan göwresiniň üstüne özüni oklap, ony bagryna basyp, eşek kimin agyndy. Bu pursatda hiç kim Öweze zat diýenokdy. Hemmelere sesini çykarman Öweziň bolşuny synlaýardylar. Öwez halys bolup, özüni bir çete oklansoň, Emir ony ýene howlukdyrdy: — Ony beýdip taşlama. Daň atyp gelýä. Gülälegi hem meni bukan ýeriňde buk. Özüň-de bukul. Ertir adamlar bilse, gowy bolmaz! Öwez ak biýzden tikilen halta pisint köýnegi gyzynyň aýaklaryna çenli çekdi. Soň ony süýräp, kanala girip gitdi. Şol pursat bir çetden Aýnabat daýzanyň gyzy Gülälek gelip, Emiriň ýanyna baryp durdy. — Gülälek! — diýip, Aýnabat daýza gygyrdy. Gyzym! Sen nädip geldiň bu ýere? — Gülälek ejesiniň gepine jogap bermedi. Oňa tarap gaýgyly nazaryny aýlap goýberdi-de, Emiriň elinden tutdy. Soň: — Şu gün sen meniň ruhumy galdyrdyň, Emir! Sen meniň arymy ýerine saldyň, Emir! — diýdi. Gülälek şeý diýensoň, Emir bilen bileje tirkeşip, öňe tarap ýörediler. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza ikisi iki ýerden naýynjar gygyryşdylar: — Emir! — Gülälek! — Siz nirä barýaňyz? Diri bolsaňyz, indi bir öýe geliň ahyry! — Emir! — Gülälek! Emirdir Gülälek ejelerine tarap ýene gaýgyly nazarlaryny dikip goýberdiler-de, harasadyň içinde gözden ýitip gitdiler. Birden harasat ýalyp, ýagyş ýagyp ugrady. Güljeren bilen Aýjahan daýza-da aglaşyp gygyryşdylar: — Öwez! Gülälegi nirä alyp barýaň, Öwez?! Suwa girme! Gark bolup ölersiň-ä! Öwez-de hiç kime jogap bermän, kanalda ýitip gitdi... Şundan soň Näzik daýza, Aýnabat daýza, Aýjahan daýza hem Güljeren dagy aglaşyp, yzlaryna dolandylar. Sebäbi çagba güýjäp, dünýäni suw-sil edip barýardy. Yzlaryna dolanan pursatlary olaryň gözi gapdallarynda duran bir erkek kişä düşdi. Näzik daýza siňe syn salanda onuň öz adamsy Kadyrdygyny tanady. Onuň dünýeden ötenligi ýadyna düşüp, tisginip gitdi. Hih! Kadyr! Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? — diýip seslendi. — Sen näme, dünýä çykyp, gezibem bilýäňmi? — Bu gün meniň arym ýerine salyndy — diýip, Kadyr aga Emiriň Gülälek bilen giden ugruna tarap seredip goýberdi. — Men indi dünýä arkaýyn çykaryn! Indi meniň ruhum diklendi. — Ol gitdi... Meni diňlemän gitdi — diýip, Näzik daýza-da Emiriň giden tarapyna seretdi. Uludan dem alyp, gözlerini ýaşlady. — Hiç zady alada etme! Öz janyňa seret! — diýip, Kadyr aga Näzik daýza göwünlik berdi. — Emir hiç ýerik gidenok. Ol öz ýazgydynda. Şeý diýip, Kadyr aga-da Emiriň giden ugruna tarap ýöredi. Adamsynyň hem oglunyň özüne ýeke goýup gitmesine Näzik daýza gynandy hem aglap başlady. Agysynyň arasynda: — Kadyr! Emir! — diýip, birsyhly gygyrdy. Çagba hem şeýle bir guýýardy welin, şaggyldysy gulaklary gapyp gelýärdi... *** Näzik daýza öz sesine oýandy-da, hasanaklap ýerinden galdy. Ilki nämeleriň bolanyna düşünmän, alasarmyk ýagdaýda öýüň içine nazar saldy. Düýş görenini bildi. Düýşünde aglanam bolsa, ýaňaklaryndan syrygan ýaşlaryň ölüni elini ýüzünde gezdirende duýdy. Gözowalary hem çygjaryp durdy. — Toba etdim, hudaýym, bu nämäniň alamatyka? — diýip, özbaşyna hüňürdedi-de, ilkagşamdan tok öçenligi sebäpli, agşam ýakynan pelteli çyrasynyň niredeligini görmek üçin ýassygynyň aşagynda ätiýaçlyk diýip goýan otluçöpüni çakdy. Ýanan otluçöpüni çakdy. Ýanan otluçöpi çyrasynyň peltesine degirdi. Çyranyň çüýşesini geýdirip, ony ýykylmaz ýaly, bekje goýdy. Oglunyň diri däldigini ýatlap, ýüregini gysdyrdy. Gören düýşi sebäpli, tolgunmasyny basmak üçin dalana çykyp, bedereden suw alyp, bir owurt suw otlandy. Barmaklaryny ölläp, ýüreginiň üstüne öl çaldy. — Toba, toba — diýip, ýene gaýtalady. — Adam pahyryň düýşüne herki zat girjek oguşýa. Düýşünde Emiriň Öweze: «Öz başyňa-da Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy sal!» diýen sözleri ýadyna düşüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigläp gitdi. «Heý tob-a! Bi, Emiriň düýşüme girip, Öweze beý diýmesi nämäniň alamatyka, janlarym?» diýip, aladaly halda pikir öwürdi. Emiriň ýogalan günleri Öweziň kellesiniň üýtgäp, keselhanalarda kän ýatanyny ýatlanda ýüregi gopdy. «ÝA Emir janyň heläk bolmagynda Öweziň günäsi barmyka? Näme üçin şol wagt sagat gezip ýören Öweziň birden kellesi üýtgäýdi?! Eden işine gorkudan bolaýmasyn?!» Pikir etdigisapýy, Näzik daýzanyň ýadyna kän zat düşdi. Öweziň bolşuny hakydasyna getirdi. «Soňy bilen, gutulyşansoňam, nije ýyl geçse-de, ol menden asla Emiri soramady-la?! Bile okadylar, oýnadylar, ösdüler. Näme üçin ol «Emir näme görnenok?» diýip, hiç wagt soramadyka?! Şu güne çenli näme üçin birem soramady. Näzik daýza birdenem özüniň Öweze göwnügaralyk etmesini ters saýdy. «ÝA ejesinden eşidip, oňaýdymyka?» diýip, içini gepletdi. Soň ýene bu pikiri bilen ylalaşman, öňki netijesine dolandy: « Aý, ýok, diýsem-diýmesem, Öwez Emir hakda agzalmanyny gowy görýän ýaly. Ýogsa, öý-işik boldy. Akyly durlandy. «Emirem şeýle bolaýypdyr-ow, Näzik daýza. Menem näsaglyk bilen sorabam bilmedim» diýmezmi ol ahyr bir gün! Goňşyň iti görünmese-de soralýandyr-a! Näme üçin Öwez Emiri soramady?!» Bu zatlary aňynda aýlansoň, Näzik daýzanyň gahary gaýnap başlady. «Näme üçin bi pikirler öň meniň kelläme gelmedikä?» diýip, hyrçyny dişledi. «Şu gün daň atsa bolýa. Hökman baryp, Öwezden bu zatlary soraryn». Şapyr-şapyr-şapyr edip, bedreden guýulýan ýaly bolup daşarda çagba guýýardy. — Akrap geldi — diýip, Näzik daýza özbaşyna gepledi. — Bu gün pejem oturtmaly bolar. Howa-da sowapdyr. «Emir jan ýogalan ýylam akrap şeýdip, harasat, çagba bilen gelipdi» diýip, Näzik daýza ogluny elinden gideren ýylyny ýatlady. «Hemme zat aram-aram gaýtalanýan ýaly». — Näzik! Näzik! — diýip, Aýnabat daýzanyň sesi geldi hem derweze batly-batly uruldy. — Açsana gapyňy, Näzik! Emiri ýitiren günem şeýdip, Aýnabat daýzanyň daň bilen gelenini ýatlap, Näzik daýza ýüregini elendirdi: «Eý toba, eýgilikmikä? Aýnabat bu gün näme irledikä?» diýip, içini gepletdi. — Häzir! — diýip gygyrdy-da, Näzik daýza başyna don bürenip, derwezesiniň ýanyna bardy. Ilgençegi ýazdyryp, derwezäni açdy. —Aýnabat, eýgilikmi?! Aýnabat daýza-da başyna don bürenipdi. — Eýgilik-le, ýör, ýagyşda durmaly, öýüňe bir gireli — dýiip, ol Näzik daýzadan öň içerä ýöneldi. Dalana gelip, başyndaky donuny eline aldy. — Ýagaýşyny, sadagasy boldugymyň. — Emir jan dagyny aldyran ýylymyzam akrap şeýdip, güýçli harasat goparyp, çagba bilen gelipdi, ýadyňa düşýämi? — diýip, Näzik daýza-da dalana gelip, donuny eline alansoň, Aýnabat daýza ýüzlendi. Aýnabat daýza aglamjyrady: — Şol ýyl gursun, hudaýym! Agşam hakyt, bir aýylganç düýş görüpdirin, Näzik. Öz sesime özüm oýanypdyryn. Ýüregimi içerä sygman, saňa aýdyp bereýin diýip gelýän häzir. — Düýş gursun-la — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzany yzyna tirkäp, içerik girdi. — Menem gaty erbet düýş görüpdirin. Şondan gorkup turdum şumat. Aýnabat daýza arkasyny diwara berip oturansoň, düýşüniň gürrüňine başlady: — Düýşümde hakyt, Öwez meni köçä çagyrýar-da, Näzik. Bir görsem, köçede senem durmuşyň. Aýnabat daýzanyň bu gürrüňine Näzik daýza tisginip gitdi: — Heý, wi, toba! Aýnabat menem hakyt şeýle düýş gördüm-dä, gyz! Onsoň ikimiz durkak Öwez Güljeren bilen Aýjahanam çagyryp gelýä... Aýnabat daýza gözlerini gorkuly tegeledi: — Hawa, hut şeýle bolýa, Näzik. Bu gije bir gudrat-a gopupdyr. Biz ýa-da uzakdakak özümizem bilmän, bir ýerlerik giden bolaýmaly?! — Meniň düýşümde Öwez öz gyzy Gülälegi süsenekledip, kanala tarap alyp barýamyş. Biziňem barymyz onuň yzyna düşýämişik. — Heý, toba-a — diýip, Aýnabat daýza sesini süýkürdi. — Menem şony gördüm-dä, Näzik. Hakyt barymyz hol, kanalçylaryň goýup giden beton jaýjagazyna barýamyşyk. — aýnabat daýza sözüne dangy berip, aglap ugrady. — Ol ýerde hakyt Gülälek jan bilen Emir hem barmyş. Öwez bolsa, daş edewersin, gyzynyň kellesine hol, onuň tikýän biýzini geýdirip, öz gyzynyň namysyny basgylaýarmyş. — Ilki urar-a ol gyzyny — diýip, misli bile synlan janly suratynyň gürrüňini edýän dek, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň sözüni düzetdi. —Soň bolsa kellesinden ullakan daşy eňterýär. — Hakyt şeýle-dä — diýip, Aýnabat daýza elini agzyna eltip, Näzik daýzany makullady. Hem birsyhly gorkup, gözlerini tegeledi. — Bu dünýäniň gudratyny görsene, Näzik. Ikimi bir düýşi göräýipdiris. Beýle zadam bolýamyka, Näzik? Näzik daýza Aýnabat daýzanyň bu sowalyna jogap bermän, Emiriň sözlerini ýatlatdy: — Şol wagt Emiriň Öweze näme diýenini aňlap ýetişdiňmi, Aýnabat? Aýnabat daýza «hawa» diýen terzde baş atdy-da, geplemäge çemlendi. Ýöne Näzik daýza oňa geplemäge maý bermän, sözüni dowam etdi: — Emir Öweze: «Öz başyňa-da Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy sal!» diýdi. «Hany meniň kelläme uran daşyň? Meniň kellämi nädip ýardyň?» diýip sorady. Saňa eşidildimi şu sözler? — Hawa, hawa — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň sesli makullady. — Hakyt, şol şeý diýdi-de, Näzik. Näzik daýzanyň gözleri gaharly ýandy: — Ýadyňa düşýämi, Aýnabat? Emir jan ýogalanda kellesi ýarylan eken. Ony kanalda bir zada urlandyr öýtdük. Kä wagtlar bolan zatlaryň düýşde oraşan görünýän halatlaram bolýar diýerdi köneler. Diýsem-diýmesem, goňşy goňşy jan, bu harasatly gijede bize çagalarymyzyň başyna düşen iş aýan bolan bolmaly. Üns berýäňmi sen bir zada, bileje oýnap-ösdüler, bile okadylar, heý, şü Öweziň Gülälek bilen Emiriň näme üçin görünmeýänini soran wagty ýadyňa düşýämi? — Ýok — diýip, jogap berdi-de, Aýnabat daýza pikire batdy. — Onuň kellesi üýtgedi ahbeti, Näzik. Näzik daýza gazaply pyşyrdady: — Soň düzeldi ahyr! Näçe ýyl bäri seri sag-a onuň. Ýekeje gezek ýa Emir ýa-da Gülälek hakda söz açasy gelmedi. Goňşyň iti ýitse-de, soralýandyr-a. Aýnabat daýza Näzik daýzanyň näme diýjek bolýanyny aňdy: — Şu çaka üns bermeýşimizi diýsene muňa, Näzik. Sen Öweze göwün garaltjak bolýaňmy? — Şu çaka çenli biziň gözümiz gapyk, aňymyz doň bolupdyr. Aýnabat. Elbetde, hasap-hesipler üçinem ýörite nesipli gün bardyr-da. Kim aň ýetiripdir bu düşnüksiz dünýä?! Bu gije bir gudrat bilen çagalarymyzyň başyna düşen ahwalata göz ýetirer ýaly, biziň aňymyz oýandy, Aýnabat. —Näzik daýza şeý diýip, hasjanykdy. — Göwün garaltma-ha däl, daň atsa bolýa. Göni baryp, Öwez bilen gepleşjek. Aýjahanam gaty görse, görüp geçsin! Emir jan bilen Gülälegiň heläk bolmagynda hökman Öweziň eli bardyr, Aýnabat. Ine, görersiň. Heý, ýigrimi ýyllabam bir dul degşir klasdaşyň niredeligini soraman bolarmy?! Üns berýäňmi sen şoňa?! Şonuň meňk-ä-de, seňk-ä-de gelmäge ýüzi ýok. Heý, şol ýeke gezek gapyňdan bardymy?! Baran däldir. Meňkä-de gelenok. Sebäbi çekinýän bolmaly. Bizi gören çagam birhili, sussy peseliberýär-ä şonuň. Aýnabat daýza ýakasyny tutdy: — Şu wagt sen aýdýaň welin, hakydama gelýä bolşy. Näme üçin bu zatlar öň biziň aňymyza gelmedikä? — diýip, Aýnabat daýza ýene şol bir sözlerini gaýtalady. Birdenem Näzik daýzanyň Öweze göwün garaltmasyna garşy çykdy. — Beýle bolmaly-la, gyz, Näzik. Ol Emir bilen Gülälege näme bolanyny ejesinden eşidendir-de, oňandyr. Sorap, biziň derdimizi gozgamajak bolandyr-da. Näzik daýza Aýnabat daýza bilen ylalaşmady: — Ejesinden eşidende-de başga kişi bolan bolsa, soraman oňup bilmez. On ýyldan, on bäş ýyldan sorardy welin, sorardy. «Şol wagt ýagdaýym bolmady» diýip, iň bolman, düýn sorasyn, öňňün sorasyn. Bizi görende müýnürgemesi näme onuň?! Sen näme etseň, şony et, daň agardygy, men-ä baryp, Öwez bilen egri oturyp, dogry sözleşjek. Bu gijeki ýaly düýş bize ýöne ýere görünýän däldir. Çagalarymyzyň bize ýetirip bilmän ýören ahydyr, ol, Aýnabat! Armandyr... Bu dünýede öňde-soňda açylman galýan syr bolmazmyş-a... Aýnabat daýza bu bolýan zatlary näme diýip, näme aýtjagyny bilmän, pikire çümüp, dymdy. Şol pursat Aýjahan daýzalapr tarapdan galmagally, agy sesleri eşidildi. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza donlaryny başlaryna atyşyp, daşaryk çykdylar. Derwezäniň gabadyndan Aýjahan daýza bilen Güljeren maňlaýlaryna urşup, tasaşyp geçip gitdiler. Olar aldygyna aglaşýardylar. — A gyz, Aýjahan, eýgilikmi? Näme boldy? — diýip, Näzik daýza Öweze bolan gaharyny basyp, goňşusynyň yzyndan gygyrdy. Aýjahan daýza ylgaşlap barşyna, aýak çekmän, nalynjyrady: — Şu gün bagtymyz ýatdy öýdýän. Öýde Öwezem ýok, Gülälegem. Ol, biýzden tikilen köýnek artybam ýok. Düýşümde Öwez Gülälegi şol artyba salyp, kanala atýamyş. Nireden gözlejegimizi bilmän, ilki bir kanalyň boýuna barýaly diýip barýas. Aýjahan daýzanyň bu sözlerine Näzik daýza bilen Aýnabat daýza birhili boldy. — Hi-wi... — diýip, Aýnabat daýza nädip dillenenini bilmän galdy. —A gyz, Aýjahan şol düýşi menem gördüm, gyz, Näzigem görüpdir... Aýnabat daýzanyň sözüni Aýnabat daýza eşitmedi. Ol ylgaşlap, eýýäm esli ara baran gelniniň yzyndan ýetmek üçin öňe atyldy. — Degme, bu wagt olara gep düşündirip bolmaz — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň ýeňinden çekdi. — Bularam hut biziň gören düýşümizi göräýdimikäler?! Görsene bu bolýan zatlary. Şol bir düýş hemmelere aýan bolýar... «Ýör» diýilmese-de, Aýnabat daýza bilen Näzik daýza-da Aýjahan daýza daga ýoldaş bolmak üçin olaryň yzyndan ýöräp ugradylar. Esli ara ýetensoň, Aýjahan daýzanyň demi-demine ýetmän, biraz badyny saklady. Demini dürsemek üçin, çommalyp oturdy. Onuň yzyndan derrew Näzik daýza bilen Aýnabat daýza bardy. Olar öz deňine gelende Aýjahan daýza dünýeden näumyt halda özbaşyna gepledi: — Ol, başymyza sataşan artybyň ahyr bir belanyň üstünden eltjegini bilýädim. Hakyt düýşümde Öwez hol, kanalçylaryň taşlap giden beton öjaýjagazynda öz gyzynyň namysyny basgalap, kanala atýamyş. Hudaýym, bu görlen ahwalat ýalan bolaýbilseýdir. Düýşde görülýän zatlaryň ters çykýan wagty-ha köpdür özün-ä. Aýjahan daýza şeý diýip, ýerinden diklendi-de, ýene-de gelniniň yzyndan ylgaşlap gitdi. Aýjahan daýzanyň «Başymyza sataşan artyp»diýip sögünmesi Näzik daýzanyň ýüregine ýakmady. Aýjahan daýzalara her annada göze görünmän gelip, azar beren güýç Näzik daýza üçin gowy bir zat ýaly bolup duýuldy. Oňa agramly söz diýenlerini islemedi. Öz pelsepeleri bilen gümra bolan Näzik daýza Aýjahan daýzanyň yzyndan: «Aryny alandyr-da» diýip gygyrmak isledi. Zordan dilini dişläp ýetişdi. «Hiç bir zat bilmezden, öňem aladaly goňşynyň göwnüne degip barýan-la men, toba!» diýip, içini gepletdi. «Şeýtan alyna gitseň, seni her ýoldan eltäýjek!» Näzik daýzanyň näme hakda pikir edýänini duýan dek, Aýnbat daýza goňşusynyň ýüzüne soragly bakdy: — Näzik! Aýjahan dýzalara göze görünmäne gelýän zat ýa-da Emir janyň ruhy myka? Ol ar almaga gelýän bolaýmasyn?! Aýnabat daýzanyň bu sözlerine Näzik daýzanyň ýüregi endiräp gitdi. Ol uludan dem aldy: — Nä bileýin-dä, Aýnabat... Şol zat Aýjahan dagyny aljyradyp ýörkä meniň ýüregim-ä birhili, ýakymly duýgy çekýän ýaly bolýady. Kim göz ýetiripdir bu dünýä... «Ýerde jeset ýatsa-da, ar ýatmazmyş» diýýäler... Ar adamyny hiç wagt sypdyrmazmyş... Ylgap barýan Aýjahan daýzanyň yzyndan maýdalyna ädim urup, goňşular dymdylar. Näzik daýza: «Aýjahana düýşleriň oraşan görnüp, düýşdäki zatlara käte oýalykda-da sataşylýandygynyaýdaýsammykam yzyndan ýetip» diýip, pikir öwürdi. Soňam goýbulsun etdi. Bu ýagdaýda onuň bilen erjeşip oturmagy uslyp bildi. Goňşular kanalçylaryň goýup giden jaýjagazynyň ýanyna baranlarynda ýagyş hem ýagmasyny goýdy. Daň agaryp, töwerege ýagtylyk çaýyldy. Güljeren kanalyň boýunda oturyp, ses edip aglaýardy. Bir gyradaky hyşanyň düýbinde akjaryp, uly biýz halta görünýärdi. — Enesi! Adam çagyr! Öwezem şu taýda, Gülälegem! Bularyň eýýäm boljagy bolupdyr! Bagtymyz ýatdy, enesi-i! — diýip, Güljeren öz ýanyna ýetip barýan Aýjahan daýza aglap gygyrdy. Aýjahan daýza adam çagyrmak üçin yzyna atyldy. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Güljereniň ýanyna bardy. Halta pisint biýz köýnekden gyzyň ak injikleri çykyp durdy. Öweziň jesedi bilen içi Gülälekli, halta pisint ak köýnek ullakan gamşa direlip durdy. Güljeren ýüzüni ýola tarap tutup oturşyna gözlerini ýumup, kellesini elleri bilen tutup, başyny ýaýkap aglaýardy. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza merhumlary ykaryşmaga güýleriniň ýetmejegini bilip duransoňlar, derdi ýetik Güljerene-de azar berip durman, beton jaýjagaza tarap dolandylar. Adamlara şol ýerde garaşmagy ýüreklerine düwdiler. — Heý, toba-a! Agşamky gören düýşümizde bolan zatlar huşda-da amal bolaýpdyr— diýip, Aýnabat daýza ýakasyna tüýkürdi. — Daş edewersin, tüf-tüf! Öwez pahyryňam boljagy bolupdyr... — Hawa-la, gulak eşitse-de, göz görmesin. — Näzik daýza-da goňşusynyň edenini gaýtalap, ýakasyna tüýkürdi. — Men-ä ol pahyr bilen gepleşjek bolup durdum... Gepleşmäge-de ýetişmedik... Beton jaýjagazyň öňünde olaryň gözüne ilki bilen ilen zat Gülälegiň ýagşa ezilip, palçyk bolup ýatan geýim-gejimi boldy. Iki goňşy Gülälegiň eşiklerini görüp, ýene ýakalaryny tutdylar. Seslerini çykarman, biri-birine gözleri bilen düşünişip, baş atyşdylar. Düýşde görlen ullakan daş hem bir çetde togalanyp ýatyrdy. Beton jaýyň çüňkünde saralyp, guma siňip giden gazet Näzik daýzanyň ünsüni özüne çekdi. Onuň şol gazeti elläp göresi geldi. Üstüne düşen gumlary elleri bilen itişdirip, gazeti galdyrdy. Şol pursai çüräp, pytrap giden gazet kagyzyndan patlap, ýere bir tahýa gaçdy. Ony Aýnabat daýza-da gördi. — Tahýa — diýip, ol gorky bilen seslendi. Tahýany eline aldy. Ýerde ýatan tarapy zaýalanan bolsa-da, tahýanyň ýokary ýüzi abatdy. «Emir» diýlip, ak sapak bilen keşde çekilip ýazylan at mese-mälim bildirip durdy. — Bu Gülälek janyň tiken tahýasy, Näzik! Seret, bu ýerde seň ogluň ady-da bar! Seret! Aýnabat daýza tolgundy. — Gülälegiň tikenin-ä göremok. Ýöne, Emir janyň ad-a bar — diýip, Näzik daýza-da tahýany eline alyp, eýlesine-beýlesine seretdi. Aýnabat daýza gazet tapylan çüňke tarap ýöredi: — Ol ýerde ýene bir zat bar. .. Guma siňen ýene bir tahýanyň bir çeti görünip durdy. Aýnabat daýza ony garbap alyp, gumuny kakyşdyrdy. Ýüpekler solanam bolsa, Aýnabat daýza nagyş tikilişi boýunça ony tanady: — Näzik, seret, bi hakyt Gülälek janyň tahýasy! — Heý toba-a... — diýip, Näzik daýza birsyhly ýakasyny towlap, sesini süýkdürdi. — Aýnabat diýýän-ä, näme diýseňem, Emir jan bilen Gülälegiň başyndan ilen bela şu ýerde inen bolmaly. Ýogsa olaryň tahýasy bu ýere nädip düşsün! — Seň ogluňa tiken tahýasyny bermäge gelen pursaty bolan bolmaly näme waka gopanam bolsa. Seret, bi oglan tahýasynyň gazetde galyşyny. Heniz başa-da geýdirilmändir. Içliginiň tämizligini görýäňmi? — Şu ýerde sataşýan ekenler-ow — diýip, Näzik daýza baş ýaýkady. —Çaga-da ol wagt olar... Bu ýerlere gelme nämä gerek diýsene! Nädip gorky-ürkini bilmän gelýäler bu ýerlere. Beýle boljagyny bilen bolsam, öýümi bermejekmi duşuşmak üçin... — Beýle boljagyn-a bilmezdik. Halaşýanlaryny bilen bolsagam, öýümizem bermezdik — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň gepini makullamady. — Üstüsine, käýýärdigem. — Bu diýýäniňem dogry — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzany makullady. — Biz ene-atalaram köp ýerde bimamla pikirlere guldurys. Ikisem birhaýuk dymdylar. — Öweziň gyzy bilen bu ýere gelip, bela sataşmasy ýöne ýere däldir, Aýnabat — diýip, Näzik daýza ýene öňki pikirlerine dolandy. — Näme diýseňem, Emir jan bilen seň gyzyň ölümi babatda şonuň günäsi bar bolaýmasa. Ol bu ýere öz günäsine sataşmak üçin gelen bolaýmasa... Görlen düýş, bu tahýarlar, Öweziň nije ýyllarky bus-buslugy... Gowy üns ber... Saňa aýan bolup dur-a bolan zatlar. Hemmämiziň bir düýş görmämiz nämäniň alamaty?! Düýşdäki zatlaryň çyn bolmasy nämäniň alamaty? — Näbileýin-dä... — diýip, Aýnabat daýza uludan dem aldy. —»Bilinmeýän syr kän, alynmaýan ar ýok» diýilýänidir belki, bu zatlar... Biz — diriler nämäni bilýäs. Adam aryny dirilikde alyp bilmese-de, belki, soň ýerine salýandyr... Bolan zatlar bir sebäp bilen ölä-dirä aýan bolmaly-da... — Şeý diýensoň, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň ýoldaky aýdan sözlerini gaýtalady. — «Ýerde jeset ýatsa-da, ar ýatmaz « diýip, ýöne ýere aýtmadyk bolmaly könelerem... — Merhumyň dili ýok, sesi ýok. Olar hem öz syrlaryny dirilere şeýdip, garaz bir tär bilen ýetirmelidirler-dä. Ýogsa, aram-aram gaty oraşan düýşler görülmezdi. Şol wagt ileri tarapdan yzyna bir topar erkek kişini düşürip gelýän Aýjahan daýza göründi... Soñy. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |