23:55 "Arzy-Mewuda" görä Ierusalimden soñ alynmaly şäher Urfa | |
"ARZY-MEWUDA" GÖRÄ IERUSALIMDEN SOÑ HÖKMAN ALYNMALY ŞÄHER URFA
Publisistika
"Arzy-Mewuda" görä Ierusalim bilen deñ derejede möhüm şäher Urfa, hususanam Harrandyr. Adamyñ ömri ortaça 70-80 ýyl. Şujagaz gysga döwürde bolup geçýän wakalar bizi howatyrlandyrýar. Ýogsam bolmasa, düýpli üýtgeşmeler gysga wagtyñ içinde bolup geçse-de, ony taýýarlan şertler käte asyrlara, hatda müñlerçe ýyla çekip bilýär. Taryhda Urfa şäheri. Güýçli we tejribeli halklar adam ömrüne garanda halklaryñ taryhynda asyrlaryñ käte göz açyp-ýumasy salymda gelip-geçýändigini bilýändirler. Şol geçen wagtyñ içinde halklar göçe mejbur edilip, ýurtlary basylyp alnyp ýa-da içerki gapma-garşylyklara iterilip bilner. Jemgyýetçilik bilimi bu tejribeleri hasaba alýar. Sapak çykarýar we hadysalaryñ indiki gezekdäki köýnek çalşygyna çenli garaşýar. Şu tejribäni iñ köp içkileşdiren iki halk kim diýip soralsa, jogaby hökman ysraýylogullary we türklerdir. Jöhit sürgüni Jöhitler hristianlar tarapyndan Ierusalimden wagşylarça kowuldy. Olar haýsy ýurda barsalaram, gyrgynçylyga, diskriminasiýa, zorluk-süteme sezewar boldular. Olaryñ özlerini howpsuz duýýan ýeke-täk ýeri türk illeridi. Jöhitler Ierusalime dolanybam geldiler, ýöne öz gandarlary bilen bileleşip we jellatlaryna rahmet okatjak tüýsdäki syýasat bilen. Ýogsam bolmasa, "zulum bilen abat bolunmaýandygyny" iñ köp başdan geçiren halkdygyna garamazdan gözüne gan bürän ýagdaýda hereket etmeklerin müñlerçe ýyllyk ylym-yrfanlaryna hyýanat edýändikleriniñ aýdyñ subutnamasy bolup durýar. Üstesine olar bu zulumy prezident Erdoganyñam aýdyşy ýaly, eýelik edýän iñ soñky tehnologiýa we ýadro ýaraglaryna guwanyp biperwaýlyk bilen amala aşyrýarlar. Munuñ özi örän esassyz çemeleşme. Мundan 70-80 ýуl öñ üç sаny güýçli tаnk bilеn giriр ulу-ulу şähеrleri bоýun еgdirip bоlýardy, indi häzir оn kilоgramlyk tаnka garşy еnjаm (пpoтивотaнкoвый) milliоnlarça dоllara bаrabar tаnklary раýhynlap bilýär. Nebоswоdlaryna (howa goranyş sistemasy) guwanýan bolsalar-a, häzir 15 ýaşly çaga-da elindäki kiçijik planşet bilen örän güýçli gorag sistemalaryny haraplap bilýär. "Tehnologiýa translýasiýasy" öñküler ýaly jemgyýetleriñ arasyna asyrlary salanok, bäş-on ýyla ýetirmän iñ gysga wagtda amatly şertler dörän badyna başgalaryñ yzyndan ýetip bolýar. Köрçüliklеýin gуryş ýаraglarуnyñаm möwritiniñ geçmegi uzaga çeker diýen pikir juda ýalñyş. Şunça asyrlyk jemgyýetçilik ylym-yrfanyñ eleginden geçip gelenem bolsa, "arzy-mewud" çaprazlygy Ysraýyly döwlet pähiminden daşlaşdyryp terrorlaşdyrýar. Ahyrynda bu çemeleşmäniñ gelip ýeten sepgidi häzirki güne çenli bir gezegem özara uruşmadyk türkler bilen jöhitleri biri-birine duşman etmegiñ öñisyrasynda dur. "Arzy-Mewud" • "Arzy-Mewud" we Urfa Sionist jöhitler "Am Hasagula" diýip atlandyran ýokardalyk-saýlananlyk garaýşyna eýe. Özlerini Ybraýym pygamberiñ neslinden hasaplaýan hasagulalaryñ ideologiki kartasyna "Arzy-Mewud" ("Wada berilen ýerler") diýilýär. Bu karta seredenimizde iñ strategik ähmiýetli ýeriñ Ierusalimdigini bilýäris, emma iñ az bilýän ýene bir detalymyz bizi ýakyndan gyzyklandyrýar. "Arzy-Mewuda" görä Ierusalim bilen deñ derejede möhüm şäher Urfa, hususanam Harrandyr. Hatda Harran birnäçe syýasy tutaryk bilen Ierusalimdenem möhüm hasaplanýar. Ýazuw ýadygärlikleri arkaly we dilden-dile geçip gelen "Torada" (Töwrat) agzalýan "Arzy-Mewuda" görä bu ýerlerde edilen ähli günäleriñ bagyşlanjakdygy üçin şu ýerleri ele salýança islendik zulumy we hiläni edibermeli. Şeýle-de, şu ynanja laýyklykda jöhitler ölenden soñ şu ýerlerde jemlenmelimiş. Ine, tar şu ýerde üzülmeli, çünki sionistik akyla görä, Ybraýym pygamberiñ hijret edip aýrylan ýeri Harran eken. Aýdylyşyna görä, Reb Ybraýyma hijreti bilen uly halk berjekdigini wada berýär we sionistler özlerini şol ýolagçylyga çykanlaryñ hakyky mirasdüşerleri hasaplaýar. Ahyrky niýetleri Sinaý ýarymadasyny doly eýelemekdir. Şol garaýyş görä, özlerini mukaddesleşen halk hasaplaýan sionistler Kengan neberesinden käbir jemgyýetleriñ Nuh pygamberiñ gargyşyna galandygyny aýdyp, olaryñ elinden ýerlerini gañryp alyp, özlerini-de kowmagy dini taýdan parz hasaplaýar. "Arzy-Mewud" "Wada berilen ýerleriñ" çäkleri şeýle kesgitlenen: "Ysraýyllara aýt, miras hökmünde siziñ paýyñyza düşýän Kengan ýurduna girende çäkleriñiz şeýle bolmaly: "Günorta çägiñiz Zin çölünden Edom araçägini syryp gider. Gündogarda günorta çägiñiz Lut kölüniñ gyrasyndan başlap Akrap geçelgesiniñ günortasyndan Zine geçip, Kadeş-Barneanyñ günortasyna çenli uzar. Ol ýerdenem Hasar-Addara we Asmona, ol ýerdenem Müsür jülgesine çenli uzap, Ortaýer deñzinde gutarar.... Günbatarda çägiñiz şeýle bolar. Demirgazyk çägiñiz Ortaýer deñzinden Hor dagyna çenli uzar. Hor dagyndan Lewo-Hamata, ol ýerdenem Sedata, Zifrona çenli uzap, Hasar-Enanda gutarar. Gündogar serhediñiz Hasar-Enandan Şefama çenli uzar. Çägiñiz Şefamdan Aýnyñ gündogaryndaky Riwla çenli iner. Ol ýerden Kinneret kölüniñ gündogar kenaryndaky gerişlere çenli uzar. Ol ýerden Şeria (Iordaniýa) derýasynyñ ugruny syryp, Lut kölünde gutarar. Musanyñ ysraýyllylara miras hökmünde bije atyp paýlap biljek ýurdy şudur". Wada berilen ýerler Häzir Urfadan Ysraýyla göçüp giden jöhitlere "urfalis" diýilýär. Urfa "wada berlen ýerleriñ" arasynda Ybraýym pygamberiñ dünýä inen ýeri bolandygy üçin ata watan hasaplanýar. Şonuñ üçinem olaryñ Ierusalimden soñky baş arzuwlary Urfany eýelemekdir. Olar bu arzuwlaryna ýetip bilmeseler, onda "Arzy-Mewudy" doly soñlap bolmaýar we welilik durmuşa geçmän galýar. Eger bu welilik durmuşa geçirilmese, jöhitler üçin elmydama-da Ierusalimden kowulmak howpy dowam edýärmiş. Ur, Kalde Ury, Harran Ury, Orhaý, Wurhaý, Edessa, Orrha ýa-da Orrhoa diýip atlandyrylan Urfa Ysraýyl döwletiniñ abdolýut asudalygy üçin hökmany eýelenmäge degişli şäherdir. Urfa Ierusalime baryp bilmeýän jöhitleriñ hajy bolýan ýeri. Teodor Gersl Ysraýylyñ döwletiniñ baş prinsipleruni mälim edende, yzly-yzyna agzan iki şäheriniñ biri Ierusalim, beýlekisi-de Urfa eken. Käbir jöhitler bolsa, Urfa babatda nägilelik bildirýär we bu şäheriñ "Arzy-Mewuda" girmeýändigini aýdýar. Olar Eýýup pygamberden Ybraýym pygambere çenli uzaýan silsiläniñ içinde bu şäheriñ diñe taryhy gymmatynyñ bardygyny öñe sürýär, ýöne bularyñ sany az. Ysraýylyñ tanymal adamlarynyñ "Arzy-Mewudy" göz öñüne tutup, Sinaýa tarap giñelme meýli göz öñüne tutulanda, Türkiýäniñ esasy şäherlerinden Şanlyurfa potensial maksatda tutulýar. Başda-da aýdyşymyz ýaly, jemgyýetleriñ taryhynda ýüzýyllyklaryñ hiç hili agramy ýok. Ysraýylyñ aklyndan azaşan döwlet ýolbaşçylary asyrlar boýy dowam etjek meýilnamanyñ çäginde uruşy Urfanyñ eteklerine çenli getirjek bolýarlar, başga alaçlary-da ýok. Tersine bolanda, öz ontologiki ömürlerini ýok ederler we şertleriñ kemala gelmegi bilen Arap dünýäsiniñ arasynda maddy we magnawy taýdan ýok bolup giderler. Käşgä, şu okaýanlarymyz we ýazýanlarymyz komplimasiýa teoriýasy ýa-da däliniñ agzyndan çykan samyrdamalar bolsady, emma üns berýän bolsañyz, prezident Taýýip Erdogan hem tutanýerlilik bilen şu meseläni aýratyn ünsde saklap, ysraýylly ýolbaşçylara duýduryş berip gelýär. Ol sionistik hökümete "näme niýetiñiziñ bardygyny gowy bilýäris we öz döwlet pähimimiz bilen muny ünsli synlap oturandyrys" diýýän manydaky signaly bermekden çekinmeýär. Prezident Erdogan ysraýylly ygtyýarlylaryñ "Arzy-Mewud" kartalary boýunça beren düşündirişlerine şu ýiti manyly jogabyny berdi: - Syýasaty, ykdysadyýeti, harby güýji bilen hemmetaraplaýyn güýçli bolmasak, bizi bu ýerlerde ýaşatmazlar. Betniýetli gatlaklar özlerini garaz bir ýol bilen äşgär edip durlar. Birnäçe ýyllap Ermenistan biziñ ýerlerimizi eýelemegiñ hamhyýallaryna özüni aldadyp geldi we Garabag urşunda almytyny alyp, mynasyp ýerine oturdy. Indi Ysraýylam şoña meñzeş zatlary samyrdap başlady. Bularyñam soñy şolañkydan gowy bolmaz. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Anna, 17.11.2023 ý. | |
|