21:24 "Aşgabatda bardy Nohur obasy..." | |
“AŞGABATDA BARDY NOHUR OBASY...”
Goşgular
Aşgabatda bardy Nohur obasy, Birtopary ötüripdi ömrüni. Hütdük jaýlar egrem-bugram köçede, Görkezýärdi ýaşap geçen döwrümi. Ýerleşýärdi şäheriň bir çetinde, Ýaşaýardy müňläp-müňläp hojalyk. Merkezde jaý nobatyna duranlar, Jaýa gözi düşerdiler gojalyp. Barybir jaý alyp bolýardy mugt, Ýöne Nohur oba gaçybatalga. Jaýsyz kösenýänler jaý gurup munda, Ýaşadylar göýäki han otagda. Bu ýerde ýaşanlaň köpüsi soňra, Uly alym boldy hem uly şahyr. Belki-de, şu ýerde doglandyr başda, Şindiki ministr hem häkim jahyl. Gyz çykardyk, ogul öýerdik munda, Ogul-gyzly, agtyk-çowlukly bolduk. Mahal-mahal gelip azar berdiler, “Propiskaň nirde, nireden geldik?” Käte barýan küýsäp geçen ýyllary, Täze şäher indi onuň ýerinde. Ýaşadymkam men oň haýsy künjünde? Tapmadym, wah, aýladym kän serimde. Aşgabatda bardy Nohur obasy, Şu obanyň ýaşaýjysy köpimiz. Kaşaň bolmasa-da gurulan jaýlar, Myhmana açykdy mydam gapymyz. Dodagyny çöwürenler az däldi, Munuň üçin öýke-kine etmedik. Döwür başga, indi her kim bir ýerde, Kalbymyzda goňşularmyz – ýitmedik. “Nohur obasynda ýaşapdym” diýse, Ýitigimi tapan ýaly begenýän. Kyn günümiz goýnuňdan ýer eçildiň, Nohur oba, bu gün saňa baş egýän! 23.03.2023. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |