02:08 Aşyk men bilseñ | |
AŞYK MEN BILSEŇ
Goşgular
Seni görsem ýüregime ot düşer, Kaddy-kamatyňa aşyk men bilseň. Aşygyň ynjalmaz örtenip-bişer, Yzaňdan aýňalsam özüme gelsem. Dertliler derdiner, dertdeş düşüner, Başyna düşmedik eştse üýşener, Ýürek lowlap ýanar, ruhum üşüener, Aglamaly hala, nädeýin gülseň. Belki bilgeşleýin içimi ýakyp, Ýarama duz sepýäň, gaşlaryň kakyp, Pursat azlyk edýär, doýamok bakyp, Ýakyndan ýa daşdan, gözüme ilseň. Öten aşyklaryň barynda tymsal, Onuň haklygyna subut bar mysal, Wada wepa hemra, yhlasa-wysal, Men garaşsam çakylyga sen gelseň. Wagt diýseň ýüwrük ýokdur çeni-çaky, Dünýäde hiç zat däl ömürlik baky, Ajy maňyz ýagşy, bolandan paky, Tükenmez dert bolar armanda galsam. Ak gollaryň sal boýnuma dolap al, Dünýä deger, ýüz ýaşaryn şo mahal, Diý: «Ilmämmet, döwran seňki paýyň al», Ömür ahyr ýanýoldaşyň men bolsam. | |
|
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Taýlar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |