23:46 Asylmañ golumdan | |
ASYLMAÑ GOLUMDAN
Goşgular
Asylmaň golumdan azat ýaşaýyn, Setir düzüp, goşgy ýasap ýaşaýyn. Bent eýlemäň, böwet bolmaň ýoluma, Asylyp kän agram salmaň goluma. Galan ömri goýuň, ýaşaýyn erkin, Tä halyma gülüp ýörmesin her kim. Goýuň päk howadan bir dem alaýyn, Gojaman daglara seýle baraýyn. Çagalykda çaga bolup bilmedim, Işe gümra bolup ýaýnap gülmedim. Ýaşadym öýmüzde gullukçy kimin, Oýlanyp bilmedim çuňdan-çuň tereň. Ilki ata öýüm, soň gaýyn öyüm, Işledip-işledip çaşyrdy küýüm. Ýumuş oglan boldum iki tarapda, Diýen tapylmady otur gyrakda. Bäş çagany (çagalarmy) ulaltdym hem ekledim, Ondan soňam rahatllyga ýetmedim. Meň dünýäm ýaşaýan howlymdan uly, Dünýäm Mollanepes hem Magtymguly. Dünýäm Misgingylyç, dünýäm Kemine, Uçuruň asmandan bakjak zemine Annasoltan Kekilowaň mysaly, Gümanym türmede ýaşaýan ýaly. Böwet bolmaň özüm bolup ýaşaýyn, Bu daglary sähralary aşaýyn. Asylmaň golumdan, asylmaň indi, Ömrüň soňuna çen bolmaýyn bendi. ✍ Güýzüň gyzy Merýem ZAMANY, Türkmensähra. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||