22:56 Ata Gandymyñ işleri -2/ romanyñ dowamy | |
3.
Detektiw proza
Şol gije Täjimiň gözi daňdana çenli çirim etmedi. Näme üçindir eden-goýanlaryny, başyndan geçirenlerini göz atuwyna getirip iki egnine agnady ýatdy. Şo barmana Ata kirtlen alnynda gazarlaňda, onuň aýdanlaryny beýni süzgüjinden ýaňadandan geçirdi: «Men bir täleýi ters gelen kişi. Bar ykbalym saňa bagly» diýip ýigidiň sözüni hyýalynda iki-üç ýola gaýtalanda söwdagäre let iýdirip, ony öýünden kowanyna ökündi: «ýüzüne gara sürtüp erkekligini mazamlany diýäýmeseň-ä bedibagt arzy-halyny halys ýürekden aýtdy. Oňa-da näme özüm günäkär. Reňi-roýy, boýy-syraty bilen nä işiň bardy diýsene «Itiň göwni ýeke süňk» diýlenini edip hoşamaý söz bilen arkasyny sypalaýmalydyň. Ylahym seniň diliň kesilsin, Täjim» diýip, bireýýäm ýürek çişginligi gaçan garry Ata bolan igenjini ýylmap goýberdi: «Bagtyna buz çökene başy boş biri tapylaýsa kem bolmazdy. «Bendäm bendäme sebäp» diýlişi ýaly görgüsi ýamana haýyr-ygsan edäýsem-ä sogaba galardym. Hany, ertire sag-aman çykyberäýin bakaly, ugur tapjak bolup görerin-dä». Ata Gandyma hümmetdar bolmak niýeti bilen daňdanlar çemesi uka giden Täjim syrtlan gün guşluga galanda turdy. Howa yssy bolsa-da ol çabdyny egnine atyp çaý içip otyrka bir zady hakydasyna getirjek bolup näler oýlansa-da akyly kesmedi. Oýlandy, pikir otardy, başarmady. Ahyr birhili ünjä gidip, içeriniň hysyrdysyna başlanda hälki aňyna gelmän duran zady güpbe ýadyna düşdi: «Huşyň bar bola seniň. Bu gün Sona ýegeniň ümesidir-ow. Olar aňyrky obada ýaşaýan ketdeler bilen gatnaşýa. Daş gulakdan eşidişime görä mesirgäp ýören buhgalteriň maşgalasy bilen alakasy ýokmuş diýýäler. Ümä Geldiniň ýa enesi geler ýa-da gelni. Keýwanysy geläýse tersem bolmazdy. Adamsy bilen äbede-jüýje bolup ýaşaýanyny ýaşamaýanyny gelniň oturyş-turuşyndan, edim-gylymyndan aýak basyşyny aňardym. Ümä gelmese-de näme ömrüme barmadyk öýüm bolsa-da bir bahana bilen giderin-dä» diýen oý bilen gabarjaň buhgalteriň donuny biçmegiň ugruna çykdy. Şowdan bir sagat geçip-geçmänkä eşeginiň üstüňde hekgerip gelýän Täjim syrtlana nazary düşen gelin-gyzlaryň sesinden ýumşaksy ýakym eşidildi: «Ana, Täjim daýza gelýä», «Aýdýana, ertirden bäri bir kemsimiz bar ýalydy», «Öz-ä güldürip içimizi gyrar» – diýenleriňde, öýüň eýesi alada galdy. – Warsaky aýdyp işden goýaýmasa? Ýöne onuň sözüne gulagyny gabardan bolmady. Süňkbaşy iri, dyzaman gelin garryny ulagyndan göterip diýen ýaly düşürende Täjimiň sesi saz ýaly sözem ýag ýaly bolup ýaňlandy. «Meniň agzysary tawuslarym, sag-salamatmysyňyz, armaweriň, işiňiz ileri bola!» diýip, ümä gelenleriň egnine ýekän-ýekän kakyp başlanda, bir çetde işi bilen gümra bolup duran çakan gözli, akmapraç gelne nazary düşdi. – Men seni tanamadym-la, gülüm? – Onýança beýle ýandan gelenleriň biri «Wi-iý, daýza, nädäýdiň sen. Bi-ýä, kolhozymyzyň baş buhgalteri Geldi ketdäniň ýassykdaşy Şagül – diýende, Täjimiň ýüregi sarsyp gitdi. – Hä-ä, şeýle diýsene. Içeri-daşary bilen sag-salamat ýörenmisiň dünýäm? Tüweleme, tüweleme, sen-ä gyzdan gylykly, ýazdan ýakymly gelin ekeniň! Her bir sözüni eşrepi ýaly edip salamlaşyp durka garry Şagüli aşaklyk bilen synlanynda, katdy-kamaty gelen naşy gelin gunçalaryň çyzylyşy deý dodagynyň ujundan ýylgyrsa-da, onuň sussunyň basykdygyny ýüzündäki solgunlyk habar berip durdy. «Sen gelniň ýa synaň sag däl, ýa-da sen ruhy taýdan ejir çekýän bolmaly. Hany, bir çeňňek atyp göreýin, belkäm Atanyň bagtyna iläýediň-dä» diýip, oýlanda, Täjim syrtlanyň akylyna ýowuz pikir geldi. Onuňam sebäbi pensiýa çykjak bolaňda Geldi ketdäniň (gabanjaňlygy üçin oňa ýelmenen lakamdy) Täjim syrtlana «bu gün elim degenok», diýse, ýene bir gün «dokumentleriňi tapamok» diýip, üç-dört aýlap sersepil etmegi bolupdy. Onuň bilenem kolhozçy aýal oňjakdy. Ýöne weli ahyr bir gün buhgalter bilen egri oturyp, dogry sözleşmeli bolanda Geldi ketdäniň: «pensiýa almanyňda ajyňdan ölüp barýaňmy. Walla kessin gögeýin ýaly waz-wyz edip ýürege düşdüň-laýt. Menden saňa hat beren ýok. Bar, özüň ýaly gartmajy azdyryp, şoňa süýken. Maňa seniň syrtlan çöpüň täsir etmeýär» diýip, köpüň içinde aýyp sözleri bilen garryny awundyrmagy geçilmesiz ýazygydy. Ömrüne eşitmedik sözüni eşiden Täjim aňk-taňk bolup, demini dürseýänçä beýle ýandan bir aýal oňa dalla boldy. – Sen-ä bir temegine köz degen alkaş ekeniň, ketde. Eneň ýaly aýala şeýle diýmäge nädip diliň barýa? Ýa pulmeslikden gäbiň azyp ýörmi? Boýuň bilen syratyňdan utan. Ýaşçilik derejäň bilen stoluňdan utan! – diýip, buhgalteri alçy oturdyp, towha gonduryp başlanda, Täjim dodagyny titir-titir etdirip, adamlaryň nazarynyň öňünde näderini bilmän biraz janserek bolup durdy-da, birden möňňürip goýberdi. – Ilden-ymmatdan çykaryn welin sen oglanyň jürüňi dikerin! Şodur-da, şodur ýedi jynynyň biri bolan Geldi ketdäni görende onuň aňyrsy bäri gelýän boldy. Sebäbi pensiýa barada Täjim özüniňkini gögertse-de, gabarjaň buhgalteriň salan dil ýarasy ýadyndan çykarly däldi. Şalpyk sözler onuň bagrynda biten baş bolup gutulman, suwjaryp durdy. Şonuň üçin esewan edip ýören oňaýly pursatynyň ahyr bir gün gabat gelenine monça bolan garry Şagülüň gözündäki tukatlygy aňan dessine köpden bäri kalbynda köregseýän namys odunyň birden tutaşanyny duýman galdy. «Çaky, sen gelin mähir teşneliginden ejir çekýän bolarly. Hany, taryňa kakyp görüberäýin bakaly, nä hili göçüm edýäň» diýip, içinden oýlasa, daşyndan ony süýji sözi bilen özüne çekdi; «Elim hünärlidir, dünýäm. Köýnegiň ýakasyna ilde ýok nagyş çekdirjekmi ýa-ha ýorgan gaplatjakmy çekinmänjik meňkä gelibermeli. Seniň ýalaky akylly-başly gelinler üçin garyp çatmamyň işigi mydama açykdyr». Ol özüniň mertebesini beýgeltmän- peseltmän hamrak ene deý sadalyk bilen gürrüňdeşiniň daşyna al çyzygyny çyzanda durna ýaly eserdeň gelin «bolýa» diýen manyda başyny çala yrap, goýberdi. Şondan soň Täjim köpüň ünsüni özüne çekip durman, öý eýesini gutlamak bilen boldy. – Başlan işiň oň bola, Sona ýegen! – Hemmäniňki bile bol-a, daýza. Binä bu gün gün egnini deňlände gelýäň. Iller-ä ümäni tamamlap barýa – diýip, Sona eje henek atanda, Täjim syrtlan halymsyran boldy. – Hürre towuk ýaly bir ýerde oturmaýanym-a özüň bilýäň, ýegen. Ir bilen Meretgül ejäniň halyndan habar almaly boldum. Soňra-da... – Täjim sözüne dyngy berip, owazyny süýükdirip goýbereňde, ýeriň ýarygyna gülüp ýören gelin gyzlar oňuň agzyna aňkaryp garady. – Soňra-da her sapar sataşamda ýaşlyk bossanyma meni dolandyrýan bir murty towly ýolumdan goýaýdy – diýende, töweregindäkileriň sesi birden böwedi açylan suwa döndi. – Ind-ä şüweleňli işlesek gerek. Ertirden bäri bir ýetmezimiz bar ýalydy – diýende, Sona eje gelniň sözüne goltgy berdi. – Sen-ä daýza, bi gysyraklary gele-gelmäni jadylap başladyň. – Aýlanaýyn şulardan. Bularyň bary dünýämiň maly, gözümiň agy! Täjim syrtlan çaý içip oturman basylyp goýlan keçeleri bir hatar synçy gözünden geçirensoň, keçe gamyşynyň ýüpüni çekişip başlanda ýaglar ony gynap durmady. Garly güni dänä oturan serçe ýaly jagulda-jugul boldular. – Täjim daýza, sen göwün göterer ýaly gürrüň tapsaň bor, işlemek biziň bilen! – Täjim daýzama gürrüň müşgilat däldir-le, gyz – diýip, beýleki gelin jorasyna meçew berende, garry olaryň agyzuluňyny bilmekçi boldy. – Size näjüre gürrüň gerek, garlawaçlarym!? – Maralyň haýyny alan zat esrek ýigitlerdir-dä – diýende, uzynak gelin hyjyl dartyp durmady. Henek atan jorasynyň pikiri bilen ugurdaş sözledi. – Katdy-kamaty gelen çynar boýly boz ýigit bolaýsa senem ondan ýüzüňi sowaýasyň ýokda, Äşe! Gelinleriň gürrüňi Täjimiň ýüregine jaý bolmadyk borly. Näme üçindir gaşyny çytyp, dodagyny ters towlap goýberenini duýman galdy – Ýigit tanaýan günüňize ýanaýyn. Siziň çal göz beýniňize ýylmanak ýüzli bolsa bes. Bir näçäňiz soňundan ökünýärem, weli, ýöne giç bolýa – diýip, gabak astyndan seredip goýberende, Şagül çalaja tisginip gitdi. – Bo-ow, Täjim daýza, nädäýdiň sen. Biziň ýaşymyzdakaň özüňem-ä görmegeý ýigitleriň yşgynda köýensiň? – O wagtlar menem siziň ýaly diri samsyk ekenim, soňra akylyma aýlandym. – Nädip? – Näme üçin şeýle, janalarym. Başdaş adamym ýüzünde hat çyzybermeli görkana ýigitdi. Boýy-syraty, röwşen gözleri jadylydy. – Onda seniň bagtyň çüwäýen ekeni, daýza! Täjim syrtlan bir dem başyny aşak salyp, ýüzüni eňşidende gelinler aladaly üşerildi. – O bagt däl-de, başa düşen hasratdy, keýiklerim – diýende, hemme geň galyp, biri-biriniň ýüzüne soragly garady. – Nä sebäpden, ýa biwepalyk etdimi? – Sebäbi ol bile oýnap-ösen dogan oglanymdy. – Hiý-wiý, beýle nika näme üçin razylyk berdiňiz? – Näler etmejek bolsak-da ata-enelerimiziň emri islegimizden rüstem geldi. – O ýagdaýda heý ysnyşyp bolarmy, gyz? – Ysnyşmak nire, zat nire. Turuwbaşdan ol meni silteý tutdy. – Garyndaşlykdan başga kösti ýokmudy? Täjim syrtlan işe gaýzygan çakyr elini ilki görýän ýaly bir salym synlap oturansoň iki egninden haşylap demini aldy. – Ýigit hünärini görkezmese, agaç miwe bermese o kime derkar? – diýip, aşaklyk bilen göz nyşanasyna alanda Şagülüň ýüzi al-elwan boldy. – «Hä-ä, gelin, wawwaň üstünden basdym gerek». – Wah, biçäre-e, oňuşaýmaly ekeniň-dä, daýza. – Ümeçileriň içginsiremegini Sona eje halamadyk borly, gaşyny çygyp dodagyny towlap goýberdi. – Ýeriň ýarygyna gülüp ýören bi gysyraklar del gürrüň eşitse bolany. Onsoň edip oturan iş-ä beýle-de, dursun, özünem ýatdan çykarýarlar dagy. – Ýöne onuň sözüne gulak gabardan bolmady. Hemme durky-düýrmegi bilen Täjim syrtlana üns berdi. – Şygry-ýörelgesi içgi bolan adam bilen nädip oňuşarsyň, Jemal. Käşgäm o bir aý bolsady, on aý bolsady çydardym. Tegelek üç ýyl ýalynsyz ýanyp, külsüz söndüm. Tapan pişesi üçin men ony birjikde ýazgarmadym. Sebäbi biziň hasratly nikamyz üçin wyždany oňa yza berýärdi. – Onsoň? – Dyzaman ýaşda şoruň depäňe çykyp ýören günleri meniň ornuma sen bolsaň näderdiň. Ýa zenanlyk ejirini çeker ýörärmidiň, Näzik? – diýip, garry gömelteý sorag berende nerkes gözli owadan gelin aşak bakyp ýüzüni sypajaklatdy. – Öz-ä agyr söwda. – Ýeňil bolan bolsa menem çydardym-la! – Soňra nätdiň, daýza? – Soňra çydam käsäm pürepür bolansoň ýüregimi bire bagladymda geregämi düýä ýükläýdim. – Göwün güzerinde öýdelmän iş edilse bolýany şo. – On-a, daýza, oňaraýypsyň. Heý iki aýal bolup bir düşekde ýatyp bomy. Men-ä bir günem çydamazdym. – Müji, aşyk ýaly garaýagyz gelin jedirdände, ertirden bäri edilýän gürrüňleri ilik-düwme edip diňläp oturan Äşe ony gep bilen çümmekläp goýberdi. – Bibiniňkem häki «kiçijik oba barsak bolar, keltejik aýal ärsek» diýilýäni bol-dow-diýende, jagul-jugul gülüşen gelinler alaýaz bolup henek atdy. «Çydamyň kem ogşyýa, bibim», «Başyňa düşämesin, düşäýse ba-a çydarsyň-a!». – Ýekeje günem çydaýman – diýip, Bibi kesgin jogap berende, Näzik araçy boldy – Goýsaňyzlaň, gyzlar, gürrüňiň soňuny bir diňleseňizle – diýip, Täjim syrtlana soragly seretdi. – Şeýdip ýaş başyňdan dul galdyň oturyberdiňmi? Garrydan irde-bärde seda çykmady. Armany galan dek egni bilen uludan demini alyp, başyny ýerden galdyranda, onuň ýygrtlaşan ýüzi birden ýagtylyp gitdi. Oturanlar Täjimiň nazar salan ugruna seretse erik şahasynda iki sany musyja biri-birini söýüp-söýgüläp otyrdy: «Ynha, şü janawerlerem öz jübti-ýarany bilen ýaraşykly» diýip, garry gürrüň uşlypyny öňki akabasyna iltäp goýberdi. – Onsoň, keýiklerim, «deşikli daş ýerde ýatmaz, oglan oýnar çöp sokar» diýleni boldy. Täjimiň gönümel morta sözüne reňi güýzde hal atan alma ýaly bolan gelin-gyzlaryň biri elini ýüzüne tutup ýere baksa, beýleki biri özünden idinsiz barmagyny dodagyna ýetirdi. «Hi-wii, ana saňa gerek bolsa», «bagtyna buz çökmedik, sen-ä oňaraýdyň». Ümeçileriň utanjyran bolmasyna Täjim ýüzüni eňşidip, gadyryny artdyran boldy. «Näme torsaryşan bolýaňyz? Olar ýaly etseňiz-ä ötägiderin» diýende, gelinleriň sandygyna gozgalaň düşdi. – Öýkelär ýaly biz saňa näme diýdik. Täjim daýza! – Wagyrdyňyzy goýsaňyzlaň, gyzlar, gürrüňiň gyzykly ýerä yzy – diýip, ümeçileriň biri etagat edensoň, märekaman garry olaryň agzyny suwartdy. – Onsoň atamyň öýüne gaýdyp baran gabatlarym galyň ýüz bir goýtuk ýigit yzyma düşüp goýmady. Ilki-ilkilerä ony pisint etmänem ýördüm. Ýene her sapar sataşanynda jedirdäp goýmansoň, gepbazlygy bilen jedelsiz-bässiz meni yrdy oturberdi. – Hi-wii, «damjadan gaçyp, ýagyşa uçradym» diýsene. On-a oňarmansyň, daýza! – Oňaranda-da aňrybaş derejede oňarandyryn. – Özi goýtuk bolsa oňardygyň däl-ä? – He-eý, Maraljan, Maraljan, gögele bolýaň-a. Owadanyň ýüzüňden suw içjekmi. Ýigidiň mähri-muhebbeti bolsun – diýip, gözüniň gytagy bilen nazar salanda onuň eden gürrüňi Şagülüň ýüzüne ýalyn bolup çabyrady «Hany, sözümiň soňuny bir süýjedeýin bakaly, ertir öýüme ýumak ýaly togalanyp geläýse gerek». – Onda, daýza, teşne göwnüň goýtukdan bähre tapan ekenid-ä? – Diýseň. Ol gözüme Rüstemzal bolup göründi – diýip, Täjim buýsanç bilen aýdanda. Sona eje ýuwaşjadan sokup goýberdi. – Daýzamyňkam häki bir «gurbakanyň gözüne döw aşyk bolupdyr» diýleni-dä! – Bi sözüňe «hä» diýmen, Sona ýegen – diýip, Täjim syrtlan ikinji baran adamsy barada huruç bilen muhabbetli sözler aýtdy. – O bende diýseň mukym adamdy. Görmeksiz bolsa-da ol meniň üçin ýigitleriň seresi, erkekleriň töresidi. Başymyň täji, kalbymyň çäjidi. Maňa iýmän iýdirmän, ýüpek parça geýdirdi. Arman, bendäniň, ömri gysga ekeni-dä. Sözüne böwşeňlik beren garry durmuşyň özüne miýesser eden täleýi barada oýlandymy, nämemi, sowukdan demini alyp, aşak bakdy. Ara düşen tukatlygy bozan bolmady. Gelinleriň biri märekeman kempiriň sözüni ötegçi şemal hökmünde kabul etse, beýlekisi onuň mysalyňdan özüniň bişow başlan maşgala durmuşyny gördi. – Hany, indi olar ýaly kişi barmy. Häzirki ýigitleriň galabasy şeýtandan sapak alan. – Azot berlen gök önümleri iýip erkeklikden galan ýigitler diýsene, Maral – diýip, aýdanda, hemme Bibiniň sözüne gülüşdi. – Juda beýle dälle, owlagym. Gujurly-gaýratly ýigitler häzirem bar. – Biziň obamyzda ýok, olar ýalaky, Täjim daýza Bary çömmeltme degen horaz ýaly. – Nähak aýdýaň, biziň obamyzda-da birde-ýarymy bar – diýende, oturanlar garrynyň agzyna bakyp, «kimkä ol, kim?» boluşdylar. – Men size ony aýtman. Olar ýaly ýigidi garçgaý gözli gelinleriň özi görmelidir. – Ornundan galan garry eşegine tarap ýönelende gelinler ýene bir salym gür bermegini näler sorasa-da ol etmedi. «Gepläberseň gep süýji, samança ýok güýji» diýleni ýaly gepe-gürrüňe tükenme ýok, garlawaçlarym. Galanyny indiki sapar beýan edip beräýerin. Gowusy garyp çatmama ýeteýin. Towukdyr, jüýjelerim ýoluma garaşýandyr – diýensoň, gelinler ony ulagyna hangöterdi edip atlandyrdy. * * * Täjim syrtlanyň çaky üme gününiň ertesi Geldi ketdäniň gelini işiginde gögeräýjek ýalydy. Ýöne onuň o pikiri paşmady. Şagüle derek düýnki gürrüňe güp ynanan başga bir zenan geldi. Ümede tarypy ýetirilen näbelli ýigidiň idegine çykan gelniň sözüni ilik-düwme edip diňlese-de, garry oňa hümmetdar bolmady. Boş sözi bilen arkasyny sypalap yzyna ugratdy. Sebäbi oňa erkek mährine myzahar bolan başga biri gerek däldi-de, göterim buhgalteriň aýalynyň gelmegi derkardy. O bolsa irde-bärde gara bermedi, hepde boýy ýoluna garaşdyrdy. Hemişeler hürri towuk ýaly bir ýerde ynjalyk tapmaýan Täjim şonda muňa bitakat bolman, Şagülüň gelerine üýtgewsiz ynanç bilen garaşdy. Sebäbi şu sapar amatly pursaty elinden giderse, ýüreginde heniz köregsäp duran namys odunyň jebiri tä amanadyny tabşyrýança ezýet berjek ýörjekdi. Ýöne gelniň gelerine garaşýan günleri kä mahal bir oňuň kellesine täsin hyýal gelmänem durmady: «Yzyňdan öňüň ýakynka kemakyl jalyňa gargyş gazanmak nämäňe gerek?» Emma ol beýni okarasynda uýap ýetişmänkä Geldi ketdä beren kasamly wadasy hakydasyna gelip ony gaýrata göterdi: «Şo sapar naçar hatyraňy saklaman, saçyň agyna seretmän halal zähmetiň üçin köpüň öňünde ryswa edeni eýýäm ýadyňdan çykaýdymy? Olar ýaly howsalasy belent adam çekinmese sylamaz. Şonuň üçin maýyny tapsaň şahyna kakan ýagşy. Goý, «gorkan it üç günläp üýrer» diýenleri bolup uwlasyn ýörsün». Şu zeýilli oý-pikiri bilen Täjim syrtlan bir gün öýle çagy mübtela bolup otyrka işikden eli düwünçekli Şagül sallanjyrap girende ol begenjini-gynanjyny daşyna çykaryp oturman myhmany saldym-salyhat bilen garşy aldy. – Helik aýym, içeri-daşyňyz, mal-başyňyz guratmydyr? Geç beýläk, otur-diýip, töre geçirensoň, tüňçäni alyp dälize çykdy. Gelin zenan höwesjeňligi bilen dessine içerä bir laý gezdirende ümede bolan aýallaryň garry barada aýdany özünden idinsiz ýadyna düşüp oýlandy: «Garybyň kalby giň, aňy dury bolsa-da, ömri eli gysgalyk bilen ötüp barýa» diýilýäni rast eken-ow». Onýança peýda bolan kempir gap böwüre geçip sandykdan çykaran çäýnek-käselerini yhlas bilen arassalap başlady. – Şeýdip kä mahal bir biziň ýalakynyň garyp çatmasyna köwlenip durarlar – diýende, onuň nireden tozaýanyna myhman düşündi. Täjimiň ýumşaksy teýenesi ýerlikli bolsa-da, Şagül öz ygtykatyna uýýany üçin eglençsiz gelmändi. Sebäbi aýal-ebtatlar gül gunçasy ýaly ýakymly hem söýünikli bolsa-da, durna eserdeňligi bilen tilki mekirligini elden bermeýänligine görä ol ur-tut gaýdybermän, özüni saklanykly tutdy: «Eger garry meni ylykdyrmak üçiň nämälim ýigidi mahabatlan bolsa onda onuň kimdigini başga birine aýtmaly däl. Öz-ä ümede meni gabak astyňdan göz nyşanasyna alyp gür beriş-ä geňdi. Hany, bäş-alty gün tagapyl ediberäýin bakaly hemme zat aý dogan ýaly bolmazmyka, janym». Ahyr hepde boýy obanyň gepçil aýallaryndan hiç zat eşitmänsoň, gabanç damarlary ýumşaşan gelin bagtyna töwekgelçilik edip gelmese bolmady. – Al, aýym, çaý içip otyr! – Ýaňy içip gaýtdym, daýza, sag bol! – Içiber, aýym, çaý diýen zat birek-birege düşünişmegiň, birek-birege iç döküşmegiň delili bolýandyr – diýip, Täjimiň merdemsi owaz bilen aýtmagy derdini-şikesini nähili orta atjagyny bilmän oturan myhmana bahana boldy. – Şunuň ýakasyny nagyşlap beräýseň gowy bolardy, daýza! Myhmanyň begres donuny bir az synlap oturansoň, garry ýakasy nagyşlanan iki sany çabyty sandykdan çykaryp gelniň öňüne goýdy. – Hany, şulary bir laý geýip gör, haýsy düşümli gelse seniňkini-de şonuň ýaly edip nagyşlaýaryn. Ýaňy iňňeden çykan begres çabyt şemşat boýuna laýyk gelende gelin bägül açylandan kem bolmady. – Sen-ä gyz Nepes şahyryň häki «çawuň düşer on sekiz müň äleme» diýeni bolaýdyň. Ýene bir ýola kejebä mündüräýselerem gelişmän durjak däl. Myhman ýasama ýylgyryp, ýuwaşja seslendi. – Şeýdäýseň kem-ä bolmazdy, daýza! – Goýaweri dünýäm, beýitsem Geldi ketdäniň öňünde gara donly bolaryn – diýende, Şagül howa ýetmeýän ýaly uludan demini alyp owazyny pyşyrda ýuwdy. – Adyna gyzgan gögereni meniň ýanymda agzamasana, daýza! Agzyndan gaçyran sözüne birdenem tebil tapyp, dodagyny dişlän gelniň ýüzi mizanyň igdesi deý gyzaryp gitdi. Ýöne Täjim oňa üns berip durmady-da iňkisli gözlerini galdyryp, çyna berimsiz töwella eden boldy. – Ömür ýoldaşyňa beýle diýseň günä bolar, gyzym. Iller-ä seniň äriň ýaly maýaly adama ýetip bilenok. Onsoňam onuň boýy-syraty nämä degmeýä – diýip, sypaýyçylyk bilen kejikdirende gelin ýüzündäki hyjabyny aýyrdy. – Janymy ýakmasana, daýza, ylahym, şonuň baýlygam başyny iýsin, şekil-şykgatam. Täjim beýle kadasyz ýagdaýyň ýüze çykaryna garaşmandy. Ol barly öýüň baş bermez sarç gelnini özüniň maksadyna ugrukdyryp bolmaz öýdýärdi. Ýöne elinje gelen awy birden içini döküp başlasa-da, ol biseresap bolman aýlawly gepledi. – Men-ä haýran, şu küti gelinleriň gaýyny bilen oňuşmaýşyna. – Gaýnymdan birjikde nägile ýerim ýok, daýza! – «Är aýalyň urşy, ýaz gününiň ýagşy» diýleni, balam. Ýaşlyk kelesaňlygy edilip, özara hyrçaňlaşma diýilýän zat boluberýändir. Her bir zada ýürek çişirip ýörmezler. – Hamyş galypdyryn. Beýle boljagyny bilen bolsam şo mülhüde barmazdym – diýip, düýrmegi bilen sarsyp giden Şagül özünden idinsiz möňňürip goýberende, äm-säm bolan garry oňa basalyk berdi. – Aý balam, beýle edibir ýaly häli näme bolupdyr. Hudaýa şükür janyň sag, nepesiň düzüw. Hemme zat düzleşer gider. Myhman onuň bilen köşeşmedi. Esli salym sessiz aglady oturdy. Ahyr ýüreginiň ýelini göz ýaşyna ýuwup bolansoň, otly köýnek geýip jowrandy. – Nädip düzelsin, daýza, nädip? Haçan görseň agzy aňkap, başy semäp dur. Içme diýsem-de eşitjegim sögünç, görjegim depgi. Onuň bilenem oňuşjakla. Ýöne bir öýde iki zenan bolup ýaşaşmak jebriň ulusy dälmi daýza? – Üstüňe birini aljak bolýamy? Gelniň gep salgyna bir bada düşünmedik Täjim ýerliksiz beren soragyna ökünse-de giçdi. Şagül öýüň eýesine nägile nazar salyp, biperwaý dillendi. – Ýok-la, daýza, ony aýdamok. Setanda-seýranda bir düşekde ýatman, bigäne bolup gidenini diýýän. Şondan gelen ol «çagaň bolmyýa, sen akýal» diýip yza berenem bolýa. Eýýäm haçanlar men ony terk etjekdim. Atam-enem «şeýtseň garaň görünmesin» diýensoňlar şumata çenli dişimi gysyp gezdim. Ýöne mundan aňry o bihepbe bilen ýaşaşmaga ragwatym galmady. Sözüne dyngy berip, ýeňini çermände Şagülüň hat çyzyberme-li owadan bilegindäki ýara peşehorda ýaly bolup suwjaryp durdy. Içeriniň öçügsi ýagtysynda gözi kesmedik garry golaýrak süýşüp, gelniň eline goluny ýetirende oňuň kütelen göreji ünji bilen ýylpyldady. – Bi näme, gyz?! – Çilimini öçürmek üçin adamymyň edeni. – Hek, namartaý-a, senden eşşeg-em ybalydyr – diýip, myhmanyny mundan artyk gynap oturmady. – Näme etsem diýýäň? – Her sapar äri içgili gelende öýünden kowulýan zenan näder öýdýäň? – Ol-a bolmandyr! – O ämärt bilen ýaşaşmajagymy ýene bir ýola hossarlaryma duýdurjak. Eger şonda-da sözümi diňlemeseler ykbalymy otly çöp bilen bir çelek nepýaga tabşyraýjak. Näme iş etjegini bilmän, ugruny ýitirip gelen gelniň halyna Täjim düşündi. Ol öz-özünden «Bolgusyza barýançaň, boý oturgyn ölýänçäň» diýilýäni-dä, bi» diýip, hüňürdänsoň, merdemsi owaz bilen igendi. – Kime gahar edip özüňi otlajak bolýaň? Äriňemi ýa maňa? Beýtseň-ä kyrkyňy berýänçäler hossarlaryň eý-waý eder. Onsoň wessalam, ýatdan çykar gidersiň. He-eý, janym, bi owadan, bi ajaýyp dünýeden adama doýma ýok. Ynha, özüm ýetmişiň bosagasynda durun. Gönüm ýene şonça ýaşasam diýýä. Samsyk bolma, durmuşyň beren bagt paýyny göreşip gazanmaly – diýensoň, garrynyň dili hasam süýjedi. – Özüm seni depesine täç etjek ýigit bilen tanyşdyryn weli derdi-şikesiňden derrew aýňalar ötägidersiň. Bomy? Şagül aşak bakyp geplemedi. Onuň dymmagyny razylygy hökmünde düşünen Täjim «tamdyry gyzanda ýap» diýilenini edip, ýarym sagada galmany oba magaziniňde peýda boldy. Gele-gelmäni şaňňyragada azmly owazy bilen seslenende satyjy gyzlar oňa eýmenip seretdi. – Nämä jikgerişýärsiňiz, gözümi çokjakmysyňyz ? Besdir, o bir ýola on bäş manadymy çileniňiz, ulyňyz nirede? – diýip, ekemsirände, satyjylaryň biri ýaranjaňlyk etdi. – Häzirjik tapyp geleýin, daýza, ýaňyjada bardy. Garrynyň goltugyndaky düwünçege gözi galtaşanda söwdagäriň ýüzi boz-ýaz bolup, endam-jany goram-gowşak boldy. Ol näden: «Daýza, nätseň-de meni köpüň alnynda masgara edäýme» diýipdi. Ýöne Ata kirtleň erkine tiz edem edip, ýasama ýylgyrsa-da, özüniň dowula düşenini kempiriň synçy gözünden gizläp bilmedi. Dodagynyň çetinden bir hili syrly ýylgyran Täjim syrtlan adamlaryň: «Gaty arkaly bolany üçin Ata Gandym hiç kesden ätiýaç etmeýämişin» diýýänini synap görmegi ýüregine düwdi: «Batyrlyk edermikä ýa düşüklik?». – Hoş geldiňiz, Täjim daýza Sizem şeýdip gelip duruň ahyr – diýende, garry ýüzüni eňşidip, sesine agram saldy. – Iş ýeriň nirede?! Ata kirtlen kabinetini açandan Täjim düwünçegini stoluň üstüne gahar bilen gütledip goýdy-da oňa iýerli garady. – Bi, nätdigiň boldy, daýza?! Söwdagäriň eli ýetäýmeli ýaly düwünçegini özüne tarap süýşürensoň kempir habaryny berdi. – Erte bir gün maňa «namartaý ekeniň» diýmez ýaly ýanyňa sowulaýdym. Gala milisäniň ketdesine seniň arada öýde taşlap giden letdeleriňi alyp barýan. Galanynam şo ýerde sözleşeris – diýip, ornundan galanda muňa güp ynanan Ata Gandymy küýüne gelmedik habar lakytak etdi. Ol el-aýagyny ýitirip, geplejek bolanda düwnügip Täjimiň nazarynyň öňünde janserek boldy. Garry işige tarap ýönelende rejäniň geň däldigini süňňi sarsyp giden kirtlen ejizläp erkana durup bilmedi, dessine kempiriň ýoluny kesip ondan aman sorady. – Täjim, daýza, beýdenden meni öz eliň bilen ýa at ýa-da as. «Wah» diýsem ýüzüme tüýkür. Ýöne ile masgara etme, ýalbarýan – diýip, elini ýokary galdyryp nemaýyş edende, Täjim syrtlan ony mundan artyk gynap durmady. – Onda wejiňe eýe bol. Şumata çenli men jellapçylyk edip çörek iýmändim. Indem iýmen enşalla – diýende, söwdagäriň begenjiniň çägi bolmady. Biri üstümize geläýmesin diýen alada bileň düwünçegi tiz demir arja salansoň derisi giňän kirtlen ekezlendi. – Oňarmadyň, daýza! – Oňaranda-da aňry ýany bilen oňarandyryn. Jany aram tapan Ata Gandym öz ýanyndan kinaýaly hüňürdedi: «Oňaraýşyny munyň. Oňarjak adam o bir gün jan-tenim bilen ýalbaranymda oňardy». Daşyňdan bolsa: – Eý, näbileýin-dä – diýdi. – Bo-ow, sen-ä bir «akylla-yşarat, akmaga – kötek» diýilýäni ekeniň. Men saňa aýdan aýratyn, günden görmegeý gelin tapdym. Hoş habara Ata Gandym ynanjagyny, ynanmajagyny bilmän aljyraňňy ýagdaýa düşdi. «Wi melgun garry nädýär-leýt. Edere başga iş tapman meni oýnamaga geldimikä. Ýene çyny bolaýmasyn syrtlanyň? Onda nä milisemidir letde diýip lakytak etdiň. Hany, menem özi ýaly bolup bir göreýin, näjüre göçüm edýä». Ol kese bakyp: – Hä-ä aý ekeni, maňlaýymy gün bolup çoýsa-da, maňa aýal gerek däl – diýende, geňirgäp garan Täjim oňa töwella-tagsyr edip oturmady. Hamala onuň dul halyna gyjyt berýän şekilde halymsyrady. – Ýogsa-da şeýledir-le. Çynyň bolanda ataň-eneň bireýýäm aladaňy etmeýämi. Kinaýaly söze söwdagäriň çybanyna pitiklenenden kem bolmady. Lepberip oturşyna popuş ýüzüni aşak salaňda onuň küti dodagy öz-özünden tebsindi. Ol gaharyna näden: «Göteril şu ýerden» diýipdi. Ýene öýlenmek barada bişowlugy hakydasyna gelip saklandy. – Täjim daýza, hanymanymy sora weli, maňa beýle diýme – diýip, şelaýyn ýylgyraňda garry etegiňdäki daşy dökdi. – Ojagy gömülmedik, gaty taňryly ekeniň. Maňyzly-maýaly gelin saňa bizde garaşyp otyr! – Onda nä ertirden bäri meni haýykdyryp otyrsyň? – Hazzyk oglan ýaly bolma, üstüňden şikaýat etjek adam saňa geňeşýämi, sen-ä tüýs towşan tüý ekeniň. Janyna aram giren Ata Gandym joşgun ýagdaýa erkini berende onuň ýüzi ýagtylyp, dili süýjäp başlady. – Nädip ele saldyň, daýza, kim o? – Böwregiň bökübermesin, baraňda görersiň – diýip, garry sözüni tekrarlady. – Öýüňde ýeke özüň bolsaň has gowy. Iňrik garalyp, göz baglanansoň, alyp bararyn. Ýöne mellegiňiziň aýagujyndaky işik açyk bolsun. Mesaňa nagt habara garaşmadyk söwdagär bir bada aljyňyraňňy ýagdaýa düşse-de, Täjimiň öjemenligi ýadyna düşüp, begenjinden näderini bilmedi. Kalbynda oýanan täsin duýga çuslanyp, nämälim zenanyň didaryny görmäge howlukdy: «Bä jürekä, şu obadanmyka ýa del ýerden? Dulmuka berin? Herne akylly-başly bolawersin-dä» diýen soragdan ýaňa beýnisi öýländen bäri arynyň öýjügine dönüp bitakat bolup otyrka Täjimiň sesi eşidildi. – Giç ýagşy! Ata Gandym ornundan böküp turup, halasgärini işikde garşy aldy. – Gelen ýagşy, daýza, geçiberiň! – diýse-de, kempiriň özünden başga nazary düşmänsoň, bir pursat hyjuwy kemelip tukatlandy. Onýança garry onuň alňasak ýagdaýyny aňyp hasasyny işige tarap salgap goýberip igendi. – Sömelip durma-da çagyr bäri, öýüňe mübärek gadamyny salan ýoldaşym eýwanda ejap edip dur! Şo pursat Atanyň kalbyna gozgalaň aralaşyp, ýüreginiň düňküldisi gulagynda eşidildi. Ol işigi höwesek açyp, eýwana çykanda içerden çykýan öçügsi ýagtyda diwara söýenip duran gelni gördi. – Baý-bo-ow, keýgim, nädip dursuň içeri girmäni. Bi ýerde ýat adam ýog-a, çekinme! Ozallar kä mahal bir daşyndan görýän adamynyň düňelek syratyna syny oturmasa-da, onuň gaýmak owaz bilen mürähet etmegi, öwre ýodadan gelýärkäler kempiriň ony öwran-öwran mazamlamagy gelniň bognuny gowşatdy. Sebäbi är mährine har, süýji söze zar bolany üçin ol aslyýetinde erkekler beýle mylaýym gepleýändirem öýtmeýärdi. Şonuň üçin Şagül, «akylly başly adam bolsa bolany» diýen oý bilen eginç edip durman içeri girdi. Ýöne weli çyranyň ýagtysynda gelniň röwşen gözlerine nazary düşende söwdagäriň ýüregi jigläp, endam-jany üýme-üý boldy. Haçan-da garşysynda oturan Geldi ketdäniň gelnidigine gözi ýetende biseresap edýän hereketiňden heder etmänem durmady. Äm-säm bolup bir pursat aňkardy galdy. Sebäbi öýünden kän bir daşary çykmaýan Şagüli Ata söwdagär tenha iki ýola görüpdi. Bir-ä olarda myhmançylykda bolanda, birem ol dükana gelende: «Şomuka bi, janym? Aý, agyn özü-dä». Şemşat boýly gelin bir görende ýüregini sarsdyrsa-da, Ata kirtlen onuň yzynda ser-sepil boljak bolup ýörmedi, öz halyny, öz ýagdaýyny bildi. Ýöne weli «duzak ýerde, durna asmanda» bolsa-da, Şagül onuň ýüreginiň armany bolup galypdy. Ynha, häzir onuň şol armany içerä aýratyn öwüşgin berip huzurynda otursa-da, bu işiň bujurygynyň artaýmagyndan ol ätiýaç etmän durmady. Söwdagär gürrüňi nämeden başlajagynyň ebeteýini tapman «myhmançylyga Geldinem alyp gaýdaýmaly ekeniňiz-dä» diýende, gaşlarynyň arasy bürüşip, ýüzi dumanlan gelin başyny aşak salan wagty myrryhy atlanan Täjim oňuň ýerine jogap berdi. – Geldi ketdäni başyňa ýapjakmy, gerek bolsa yzyndan ötägit, düýn Aşgabada bir aýlyk okuwa gidipdir – diýip, säginjek ýaly etdi-de sözüniň yzyny ýetirdi. – Sen-ä bir keçje adam ekeniň, nämä ikirjiňlän bolýaň? Beýle towşan tüýdügiňi bilen bolsam araňyza düşmezdim. Ýene başyňa telpek geýip, goňkaran bolubam ýörýäň. Nämeden gorkýaň, Geldi buhgalterdenmi? Seniň dek erkek bolsam şu oturan peri üçin jan alyp, jan bererdim. Täjim syrtlanyň gahary gaplanyp aýdan gyjytly sözleri Ata kirtleni gaýrata galdyman durmady. Ol birhili iňkisli ýagdaýdan çykyp katdyny dikläp ekizlendi. – Men häli näme diýdim, daýza? Şagül ýaly gelin tapsam başyma täç edinerin. Atanyň sözüne köşeşen Täjim şondan soň kän bir eglenip oturmady. Ýigit bilen gelne sapaly durmuş gurmagy arzuw edip öýüne gitmek bilen boldy. Şu duşuşykdan soň Şagül süýnüp-sarkyp ýörmedi. Aňyrsy üç-dört aýa galman Ata Gandym bilen goşuny birikdirip oturyberdi... 4. – Oglany haýykdyrýançaň oňa akylly-başly maslahat ber-dä kakasy. Nämä doňan ýaly bolup otyrsyň – diýip, keýwanysy gondalaw berende, üstüni çaň basyp galan süýji ýatlamalarynyň täsiriňden çykmak näler ýokuş degse-de Ata kirtlen real hakykata gelip mylaýym ýylgyrdy. – Hä, şahym, şondan gowy maslahat bormy! – Kakasynyň biraz tow ýazdyranyndan peýdalanmak islän Polat ýüzüni oňa tarap öwrende, Ata Gandym öňürtdi. – Näme diýmekçi bolýaň oglum?! – Kaka, öňler «Boýny bagly boz eşek bolaýyn diýseň öýlengin» diýip, hiňlenäýmäň barmydy? Ýigidiň nireden tozaýanyny aňsa-da söwdagär bir bada dil ýarmady. Kesesinden sowap galan çaýdan ýogyn-ýogyn owurtlansoň göwünsiz jogap berdi. – Eý, bar bolsa bardyr, oglum – diýse-de, Polat ondan nazaryny sowmady. Mylaýymlyk bilen kakasyny pälinden gaýtarmak isledi. – Onda meni-de şol «boz eşege» öwürmäniň planyny çekýäňizmi? Ol-a bolmaz. – Beýle diýme, oglum, bolar, näme bolman? – Bolmaz, kaka. – Öýlenmek parzdyr, oglum. Şol parzyňy kylaýyn diýseň öýlengin diýen ýalyrak ýerleri-de bardyr ol aýdymyň. Çäýnekleri gaýtadan demläp, jyz-pyz eden zadyny getirip saçakda goýansoň, Şagül ogluna enelik aladasy bilen igendi. – Ir bilen işe garnyňy doýrup giderler, köşek. Günortan garbanýan naharhanaňyzyň deňiňden geçende jazyň ysyndan demiň tutulýar. Gowusy öýden iýer ýaly oduk-buduk zat äkidäý – diýensoň, gürrüňi ýene şol öňki akabasyna gönükdirdi. – Öň-ä şol okalman geçen okuwy tutalga edipdiň. Indem beýle diýýäň. Seniň deňleriň eýýäm haçanlar kaka bolup ýörler. Ýüzüni eňşidip çemesiz oturşyna ertirlikden çem-çüm alsa-da, işdäsi tutulan Poladyň bogazyndan zat geçmedi. Sebäbi ol ata-enesiniň özi hakda birden teşwüşe düşmegine garaşmaýardy. Entek-entekler jahyllygyň erkin bosagasynda ýaýnamakçydy. Şonuň üçin söýgüli gyzyndan, pynhan güjümiň astyňda posa alyp, posa berilýän ajaýyp pursatdan mahrum boljagy göz atuwyna gelende ýer goduklandan kem bolmady. – Edip oturan söwdaňyz şo bolsa müjerret öterin welin, öýlenäýmen, eje! – Ejeň saňa ýamanlyk aýdanog-a, oglum. – Ol edýän maslahatyňyz ýagşylyk dälde, wagşylyk, kaka! Oglunyň boýy-syraty, görki-görmegi enesine çekse-de, ata häsiýetini alanyna söwdegär öz ýanyndan guwandy. «Bezzat diýsäni, ýigit ýetse-de çaga gyzmalygyny goýmandyr. Men tetelli girrigräk boljag-ow. Ýogsa beýdip, ýaňkalaşyp oturmaly däl-ä?» – Beýle däl bolaýmasyn, oglum? – diýende, Polat elini biperwaý salgap goýberdi. – Hut şeýle, şo kaka. Men entek ýigrimi bäşi arka atman öýlenjek däl. Galabasynam görüberdik. – Görüberdigiň näme, oglum?! Ogly bilen aýgytly sözleşmegiň ýerine Ata kirtleniň mesaýy gürrüňe başlanyna jany ýanan aýaly ýaňsyly dillendi. – Sen-ä bir dile düşünmez mahluk, ekeniň kakasy. Görüberdigi ýigrimi bäş ýaşaýança gijelerine obanyň itlerini ýatyrjak däl diýdigi-dä. Aşak bakyp myssyja ýylgyran söwdagäriň ýüzi nurlanyp gitdi. Tasdanam «olar ýalam bir hezil zat barmy. Eger itleri ýatyrmadyk çagym birje ýola dolanyp geläýse hanymanymy bererdim, keýwany» diýipdi. Adamsynyň ýyrşarmasynyň aňyrsynda haýsy-da bolsa bir alyň baryny aňan Şagül tasanjyranda Ata kirtlen henek atyp bälçiredi. – Gyltyma kowalaşmanyň özboluşly hözürem-ä bolýandyr, keýwany! – Bo-ow, sen-ä bir sakalyna ak girse-de, aň girmedik ekeniň, kakasy – diýip, Şagül ogly bilen ymykly sözleşmek isledi. – Seniň bi diýýänleriň telek, balam. Ynha, kakaň ikimizem garrap barýarys. Öňki güýç-kuwwat ýok indi. Ozal-a iş-söwda-satyg aladasy, soňam öý-içeriniň keşigi... Iki ýüki çekerden indi ejeň gerdeni ejiz gelýä, köşek. Bizem oglumyz öýermäge ýetişdi diýip arzuw-höwes edip ýörüs. Gelin almak, agtyk söýmek, ata-enäniň baş maksady bor eken. Sen biziň aýdanymyzy däl diýip dursaň, kim bize däl diýmez. Maslahatymyz bilen bolaý. Gözüniň gytagy bilen ejesine tarap garap goýberensoň, Polat ajy ýylgyrdy. Şagülüň başdaşyny terk edip kakasy bilen goşuny birikdirişi, özüniň kylmyşy zerarly uzak wagtlap obadaşlarynyň diliňde gybatbaşy boluşy barada daş gulakdan eşiden-goýanlary ýadyna düşüp tasdanam «eje, ataň-eneň senem kakama zorlap berdilermi» diýipdi. Ýöne näler aýdasy gelse-de dili barmady Şagüliň enelik hatyrasy gyjytly soragdan ogluny saklady. – Halaşmak, birek-biregi içgin tanamak diýilýän zatlaram-a bardyr? Şagül oglunyň ýüzüne aladaly görnüşde öwşerip garady. – Näme halaýanym bar diýjek bolýaňmy? – Hawa, şeýle diýenem ekenim-dä? – diýende, gaşynyň arasy daralan ene dodagyny ters towlady. – Pirjik ýylmanyň gyzydyr o? Aňyrdan joş alyp gelen gülküsine demi tutulan Polat bogazynda galan çörek owuntygyny ýuwutjak bolup gözi ýaşarýança üsgürdi. Elçalgyç bilen ýüzüni sylyp basga galyp oturşyna biperwaý dillendi. –Ýok-laý, eje-diýende, Şagül ondan nazaryny sowman hüjüme geçdi. – «Ýok-laý» diýen bolma. Güller daýzaň gelip «ogluňyz biziň gyzymyz bilen söýüşýä» diýdi-le? – Diýen bolsa ýalan sözleme diýäý. Zenanlara mahsus bolan bilesigelijilik enäni erkine goýmadyk borly, Şagül biraz ileri süýşüp dylmyldady. – Onda söýüşýäniň kim, köşek? – Ýeri şu gürrüňi goýaly-la, eje – diýdi, Polat gaşyny çytyp gypjynanda Şagül halymsyrady. – Gelejekki gudalarymyzyň kimdigini bizem bilmeli ahyry. Polat demini çykarman çaý-çöregi bilen bolsa-da, tükezzibanyna tutan ejesiniň aýtdyrman goýmajagyna gözi ýetip göneldi. – Juda bilesiň gelýän bolsa aýdaýaryn, eje. Ho-ol bir gezek dükanda saňa «daýza, terezi oýnuňdan daşaram kyrk köpügimi iýýäň-le. Utanoňokmy» diýen gyz-da. Özünden idinsiz «hi-wiý» diýenini Şagül duýman galdy Ol «eşidýäňmi kakasy, munuň aýdýanyny» diýen terzde köz gysymlan ýaly bolup gygyrdy. – Ile meňzeş maşgala bolýan bolsa Çary temmeliň şo gyzy saçyny arkasyna atyp obanyň içinde otyr ýerini şeýtan arabanyň eýerine oýkap ýörmezdi. Ýüzüne köz degmedik gyz halyna, gyl saçyna utanmaýarama. Olar ýalakynyň adyny agzamaweri, jan, oglum – diýensoň, Poladyň, ýüzüne soragly garady. – Şo albassy Aşgabatda okuwa girip bilmän bassyr iki ýyl ýykylybam geläýdimi? – Ýykylyp gelýän ýeke omy, eje, Ol-a gowy gyz. Oglunyň sözüne myssa ýylgyran Ata kirtlen başyny ýaýkap, öz özünden hüňürdedi: «Be-h, kim gaýkyny söýer, kim küýküni» diýilýäni-dä bi»... – Özümiz saňa içen suwy alkymyndan görnüp duran, perizat deý gyz taparys, erkäm. – Öz halaýanym bar diýdim-ä diýende, aýbogdaş gurup oturan söwdagär aýaklaryny uzadyp biline ýazgynlyk berende onuň ýüzi hyrsyzlanyp, gözi ýylpyldady. Ýöne şo bada dil ýarmady. Olumdan geçjek adam ýaly bir pursat oýlanansoň ogluna tarap ýüzüni öwrüp, şelaýyn ýylgyrdy. – Ejeň bilen meniň halanymy hasaba aljak dälmi? – Eý, nähili sowal berýäň-äý! Oglunyň birhili äsgermezlik edip aýdan sözüne Ata Gandym azmly garanda, onuň seňrikmen ýüzüniň damary öwran-öwran tirpildedi. Bu onuň heniz-zaman gamçysyna ýabyşjagynyň alamaty bolany üçin Polat bir hili müýnli bakyşda başyny aşak saldy. – Onda sowal gutardy, hanogul. Ejeň saňa öňem çalarak ýaňzydan eken. Eşitdim-eşitmedim diýme, biz-ä şo gyzy törümize geçirmekçi. – Altynjemalymy? – Hawa, hut şony. – Şol-a bolmasa gerek, kaka. – Şol-a bolar, han. Hany, bolmaýşyny bir göreýin. Kakasynyň dogabitdi keçjaldygyna, sözüni gögertmän ynjalmaýanyna ýetik Polat özünden bidin donunyň biçilenine gözi ýeteni üçin iki eli bilen dulugyny tutdy galdy. «Kakam nä tüýsli adam-aýt. Keýpi çaglanyp geçileri ýaýran çaga hamala ýaş çaga ýaly meni hülli-hülli edip, başynyň täjine, arkasynyň dagyna deňeýä. Myrryhy atlanan wagtam hiç zadyň soňuny seljermän tozga ýalyn degen ýaly boluberýär. Ynha, häzirem bir elinde gül, beýlekisinde gamçy. Baş goşjak bolýan işiniň aňyrsynda durmuşyň obury ýatanyndan bihabar. Eý, şü Mele daýym o diýen bir bimamla adam däl-ow... «Ýegen, kakaň ýaly herremsek, betnebis bolma. Yzgytly adama halaýyk töründen ýer berýändir. Halalhon bolgun. Şonda mydama ümzügiň ileri gider» diýip, daýysynyň beren pendi-nesihaty ýadyna düşende, guda-gaýyn bolsalar-da daýhan adam bilen söwdagär ikisiniň jyny çyňkaryşmaýany, kämahal duşanlarynda kakasyna syny oturmaýan daýysynyň kinaýaly ýylgyrma bilen «Ýeri, haw, Ata, bir çen bolanokmy?» diýip, oňa let iýdirýäni Poladyň janyna batmanam durmaýardy. Ýöne il gözi bilen garap, il dili bilen aýdanda Ata kirtlen harsydünýä, betgylyk, bolsa, Poladyň daýysy Mele brigadir (lakamy şeýledi) kyrk-elli ýyldan bäri topraga bagry badaşan halalhon adamdy. Terezi oýny bilen metr galplygynda müýnli bolany üçin bolsa gerek, brigadir söz bilen näçe çümmüklese-de, Ata Gandym odukmagyň deregine onuň, ýanynda owsarlanan ýaly bolup, etagat etmek bilendi. Çykgynsyz ýagdaýa düşen ýigit kakasyndan rüstem gelýän daýysyndan delalat isläp onuň bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwse-de, soňra bu pikirini oňlamady: «O-da birden bular ýaly işde diňe ataň-eneň döwletli maslahat berýändir, ýegen» diýäýse näderiň. Gowusy, öňünçä kakam bilen ejeme ýalbaryp-ýakaryp bir göreýin. Belki egilişik edäýediler-dä». Bir pursat aňynda hekem tutan pikirleriňden saplanansoň Polat kakasy bilen ejesini öjükdirmezlik üçin keçjallyk edip oturman, jedelleşikde howy basylan adam şekilli sussy peslik bilen dillendi. – Dogrymdan gelsem, kaka, seniňki mamla. Sebäbi ejem ikiňiz maňa terbiýe-tälim berip ösdürdiňiz, okadyp adam etdiňiz. Sag boluň! Siziň her bir sözüňizi ilik-düwme etmek meňiň borjum. Ýöne sizem düşüniň, doganoglanyňa öýlenmek diýilýän zat baryp ýatan peslik ahyry. Eýýäm haçanlar jyny atlanan Ata kirtlen oglunyň hajuk-hujuk sözlerini alga alyp oturmady. Ony gysaç bilen gysan ýaly edip amana getirmegi ýüregine düwdi. Ýöne ýetişmedi. Işikden, «Salawmäleýkum, Ata aga, ertiriňiz haýyr bola» diýen owaz onuň sözüni agzyndan kakdy. Irki myhmanyň garaşsyz ýerden peýda bolmagyna şo pursat iki tarapam begenmän durmady. Polat öz ýanyndan «juda bolmanda dostum meniň mamladgym-a goldar» diýse, Ata Gandym «sen nä ilden artykmy ataň-eneň diýeni bilen boluber» diýer öýtdi. Şu hileki üýtgewsiz ynanjyna gol beren söwdagäriň ýüzünde bir hili maýylganlyk peýda bolup, dili süýjedi. – Aleýkum essalam, Şady Sen-ä tüýs wagtyňda geläýdiň. Bu pekge dostuňa düşündir haw, bir zady. – Nämäni, Ata aga – diýensoň Şady Polat bilen dyzdegşir oturyp, onuň ýüzüne seretdi. – Näme melul bolýaň? – Eý, ýene şol öýlenmek meselesi-läý! Oglunyň biperwaý sözüne jany ýanan söwdagär ajy ýylgyrdy. Ýeri, müjerret geçäýjekmi dünýäden diýsene muňa. – Döwletli pikir, Ata aga, oň bola! Şadynyň isleg-arzuwy ony begendirmegiň ýerine kejikdirdi. – Ýagşy-da bir oň bolar-ow! – Beýdibir ýaly näme boldy, Ata aga? – Bi pekgä aýyň bölegi ýaly gyz tapdyk. Bi-de razy bolman ýer depip otyr. Gamly başyny ýerden galdyrman oturan Polat ajy ýylgyranda «Ynha-da munuň boluşy» diýen terzde elini salgap goýberdi. – Altynjemaly aýdýa. Ol meniň doganoglanym ahyry, Şady! – Be-e, şol-a bir hiliräk eken-ow! Şady ikirjiňläp şuny aýdanda Ata kirtlen petdal okuwçysyna herrelýän mugallym ýaly hasam hekgerdi. – Nämesi bir hilimişin-aýt. Eý, seni-de bir oňly ýigitmikäň diýsem... Ataly-ogul ikisiniň arasyndaky dartgynly, ýagdaýa gözi ýeteni üçin Ata Gandymyň igenjidir-gyjydyna Şady ýaýdanyp durmady. Pikirini daşdan aýlap, agyr günä galan dostuna mylaýymlyk bilen duýgudaşlyk bildirdi. – Bi mesele-de birine akyl bermek kyn. Ata aga. Sebäbi öýlenmek diýen zat geýim-gejim alan ýa bolmasa tam salan, maşyn edinen ýaly zat däl. Göwnüňe ýakmasa o zatlary çalşyraýaň. Ýöne öýlenensoň welin... – Bizem şony bilip duramyzsoň ýat ýerden gyz almaly diýýäs-dä. – Adamsynyň sözüne arkasy gaşalan ýaly bolan Şagül gelin almak höwesine berlip gultundy. – Şadyjan, hany, sen biziň şü etjek bolýan işimize näjüre baha berýäniňi aýtsana? Ýigit kese bakyp sowalga gözlejek bolup oturmady. Şagüliň ýüzüne ýiti nazaryny gönüläp, dirjendi. – Dogrymy aýtsam, men-ä şu işiňizi oňlamok, daýza. Ata kirtlen jazyna ot düşeňden kem bolmady. Arydan goranýan deý godalak göwresine ýelmeşen gysga elini gaharyna daldalady. – Näme üçin? Bi şeýle bir iloňlamaz erbet işmişinmi? – Aý, ilde ýok iş diýib-ä biljek däl welin... – Ýeri, onda näme gotdy-gotdy eden bolýaň? Ozal bir ýola nazary-nazaryna galtaşyp elheder eden-em bolsa, dostunyň hatyrasy üçin Ata kirtleniň ýylanpisint sowuk gözüne göni bakmaly boldy. – Ata aga, doganoglanyňa öýlenmek gaty peslig-ä. Özüm-ä şo işiň golaýyna barmazdym. Söwdagäriň nadyl owazy içerini sarsdyryp gitdi. – Eý, sürsen-äýt... – Soňra-da gyjynyp sözüniň yzynyny ýetirdi. – Şeýle peslik bolýan bolsa hol, gaýraky köçeden Güjük ýartyny, ýene şol hatardan Şalar jögüni nätjek? Obada kän-ä. Hydyr gyşyk bar, Hekim gädik bar. Şolaram-a doganoglanyna öýlenen adamlar – diýende, Polat basyk owaz bilen dillendi. – Köne däp-dessuryň guly bolup edilen işler-dä. Şady Ata Gandymyň özi ýaly bolup oturmady. Onuň ýaşulylyk hatyrasyny saklap, saýhally gepledi. – Ata aga, bi işi peslik hasap etmände-de, meseläniň ýene bir ýeser tarapam ýok däl. Asyn garyndaşyňa, ýagny doganoglanyňa öýlenýänlerden sagdyn çaga bolanokmyşyn – diýende, Şagül köz gysymlan dek boldy. – Baý-eý, toba diýeweriň-eý, ony aýdanlaryň agzyndan araba bassyn-eý... Şuny aýdyp howatyrlanan Şagül bolmajasyny bolanda, kak-çekge ýüzi gyzaryp gitse-de, erkine tiz edem eden Şady sypjaklajak bolup oturmady. Akgöwün sadalygy bilek bilýän-goýýanlaryny, gören-eşidenlerini orta dökdi. – Ony men aýdamok, Şagül daýza, alymlar aýdýa, ylym diýýä, medisina gürrüň berýä. Şu gürrüňler ugrunda ýogam däl. Ynanmasaň Güjük ýartynyň ortanjy gyzyny göräý! Şagül köýneginiň bagjygyny çözüp içine tüýkürensoň aladaly dillendi. – Eý, toba, tobe-eý! Herne daşrak edeweri olar ýaly zulmatdan. Aýaly gepe goşulaly bäri ümüş mal ýaly aşak bakyp tukatlanyp oturan Ata Gandymyň howy gaçyp, sussy peseldimi, nämemi, naýynjar iňňildi bilen seslendi. – Eý, Şady mugallym, nädýäň-aý? Bu göle boşansa ondan ýaman diýilýäni bold-ow! Sen berin haýyr işiň biline depme ahyry. – Bagyşla, Ata aga, men diňe eşiden-goýanymy aýdýan – diýende, söwdagär kesä bakyp jüňňürdedi. – Häý, eşideniňem, aýdanyňam eňegi ýazsyn! Epeý kişiniň onda-da Ata kirtlen ýaly herremsek adamynyň gargyşyny Şady geňläp oturman, «seniň munyň näjüre adam-aýt?» diýen terzde dostuna tarap garanda hyjyl tartan Poladyň ýüzüne ýalyn çabyran deý boldy. – Kaka, saňa akyl öwredere ýagdaýym ýok. Ýöne meniň ýanyma gelen adam bilen işiň bolmasyn. Agzyňy sala goýbermän otur – diýensoň, atasyna gatyrgananyna ökündimi, Nämemi, mylaýym owaz bilen sözüniň yzyny ýetirdi. – Şada dogrusyny aýdýa. Ýa Alynyň gaharyny Ahmetden çykarjak bolýaňmy? Näme gargyşyň bolsa meniň üstüme ýagdyryber. Munda nä günä? Şu çaka çenli Ata Gandym oglunyň dirjenip geplänine gabat gelmändi. Öz ýanyndan oňy agzy gowşak saýýardy. Häzir weli Poladyň özüne kesgitli gaýtawul berenine söwdagär öýkeläp oturmady. Gaýtam öz ýanyndan bir gez ýokary galdy: «Hä, senem şeýdip ekabyrlan ahyry. Meslikdeşiňe gol ýapyşyňdan çen tutsaň-a men tetelli agramly adam boljak» diýip, oýlasa daşyňdan «item arryklygyny gurda bildirmez» diýlenini etdi. – Men Şada dil ýetiremok. Diýenimi etmän ýer depip oturansoň dagy saňa näme diýmeli. Ýa ejeň ikimiz çök düşüp dabanyňy ýalamalymy? Atasyna oýtarylyp garasa-da Polat geplemedi. Başyny ahmyrly ýaýkap ýere bakdy galdy. Onýança özüniň niýetine ogluny boýnatmak barada inçe tamasyndan el üzmän oturan Şagül Şada ýüzlenip halymsyrady. – Poladyňkam häki bir «gurbakanyň gözüne döwüň aşyg» boluşy ýaly bir zat. Keşgä söýýän gyzy ile meňzeş bolsady gelin ediner ýaly. Onda ne boý bar, ne sypat. Özem göwnüme bolmasa Çary temmeliň şo gyzy bassyr iki ýlp Aşgabatda okuwa girip bilmän, ýykylyp geläýdimi? Ýog-eý olar ýalyny gelin edinsek ile metgi borus – diýip, gudaçylyga barjak bolup ýören gyzyny mahabatlandyrdy. – Altynjemally mesele başga gürrüň. Akylly-başly, edenli-gaýratly. Özem bu gün erte pelşeri gutarjak bolup ýör. Görk-görmegem on gyza degýä – agzynda aý, gözüňde gün görünýä. Sözüňi soňlamaga Şagül ýetişmedi. Onuň beren häsiýetnamasyndan gondalawy ýeten Ata kirtlen aýalynyň agzyndan sözüni kakyp alyp, orta at gordurdy. – Heleý, gepi çagaladyp oturmada şu günden şeýläk toýuň aladasy bilen bol. Şu pekgäniň biziň aýdanymyzy etmeýşini bir göreýin. Aýgytly pursatyň gelenini aňan Polat kyblagähini biraz nazarlap oturansoň kesgin jogap berdi. – Aýtdyma saňa şo iş bolmyýa diýip. Bir aýdanyňy gaýga-gaýta hetjiklemek nämä gerek? Oglunyň beýle azmly sözüne Ata kirtlen garaşmadyk borly. Gözüniň görüp, gulagynyň eşidenine ynanman bir salym aňkaryp galansoň, ilki bilen ol it ýylgyryşyny etdi. Soňra-da erkine edem berip bilmän birden ýüzi eňşäp myrryhy atlananda tamyň içi sarsyp gitdi. – Onda göteril şü öýden, seniň bir balaňy... Maňa seniň ýaly ogulam gerek däl, ýene bir-em – diýip, ornundan laňňa galyp dyzananda aýaly onuň syýyndan bek ýapyşdy – Çekil-ä yza mysalasy guran. Oglany kowsaň öýüňi başyňa ýap, onda menem durman şu tünekde. Onsoň özüň baýguş ýaly ýekemen jakyrada otur. Şagülüň dessine Poladyň arkasyny alyp, beýle ýandan öwsüp başlanyna jany ýanan Ata kirtlen öňküsinden beter girreldi. - Ozalynda sen dälmi belanyň körügi. Poladyň doganoglanna öýlendirmek barada işiň başyny başlan özi bolsa-da, Şagül müýnürgejek bolubam oturmady. Gaýtam adamsyny aýbygadym etdi. – Ata bolan günüňe ýanaýyn. Ogluň bilen gepleşeňde men saňa öküz gödekligiňi et diýdimmi – diýende, ýeňsesinden donunyň biçilenini aňan Polat ata-enesine nadyl nazaryny salsa-da geplemedi. Aýalyndan howalasy basylan söwdagär bolsa bir bada näme diýjegini bilmän ýuwdunyp garady. Ýene Şagül oňa üns berip oturman, ýüzüni eňşidine ýeňse beren Ata Gandym dessine gaýtmyşym etmek bilen boldy. – Şahym, nädýäň-aýt walla. Meniň şeýle diýenim bilen ogluň öýden gidip barýamy häli «Düýe köşegini gowy görse hem gapýa hem depýä» diýlenini eşideňokmy näme. Baş bermän janymy ýakansoň gaharyma aýdaýdymda. Ol güles-ýalas edip özüniň müýni barada syýyna suw ýokdurmajak bolsa-da, Şagül oňa ünsüni sowup oturmady. Demlän çäýnegini myhman ýigidiň öňünde goýup, öz-özünden hüňňürdedi. – Çary temmeliň sataşan geçen gyzy ara düşmedik bolanda işimiz ileri bolaýmaly. Herne ýamana ýaran etmegeýsiň-dä, hudaýym! Häliden bäri kölegesi ýepbeklenýän bigünä gyza jany agyran Şady özüniň pikiriniň gürrüňdeşiniňkä çökder geljeginden çekinip oturmady. Sypaýylyk bilen Bossanyň tarypyny çaldy. – Şagül daýza «özli-özümizden gelin edinjek» diýseňiz-ä başga gürrüň. Ýöne Çary aganyň gyzy seniň ol aýdyşyň ýal-a däl, menikli. Okuwa girmek-girmezlik bagt işi. Şu günler akylyňam juda bir alyp barýan galasy ýokmuka diýjek bolýan. Kakasynyň eli ýuka bolmanda Bossan eýýäm instituta giräýmelidi. Sebäbi käbir pulmesleriň ýokary okuw jaýlaryna giren oglan-gyzlary onça-da ýok – diýende, aşak müýnli garan är-aýal ikisiniň puluň zory bilen ogluny okuwa ýerleşdirişi hakydasyna geldi: «Bize kakdyryp aýtdygy bold-ow munyň. Ajap-da bir oglumyz dost tutunan eken-ow»? Olar tagaşyksyz ýagdaýa düşse-de ikisiniň ilgezek işinden habarly Şady mönlüge saldy. – Bular ýaly işde pul gerek ýa arka. O bendede şonuň hiçisem ýok. Hälem ýeke özi işläp on çagany ekleýä, zor göräýmeli. Barly aýal petekesini galdyryp, pisint etmezlik bilen dodagyny towlap goýberdi. – Onda o gyrnagyň okuw görüne gerekmi? – Onçasyny-a bilmen daýza. Ýene Bossan bu saparam bagtyny synamakçy. – Iki ýola ýykylan bolsa asmanda oňa okuw. Ýöne kakasyny juldan çykarany galar-da – diýip, Şagül içiniň posuny dökdi. – Biziň üçin käşgä ol şo taýda galaýady-da. – Ony pelegiň gerdişi bilýä, Şagül daýza! Aýaly bilen ogluňdan ýüz tapman oturan Ata Gandym üçin Şadynyň sözi oslagsyz boldy. O şo salymda çörňeşik pikirleriňden saplanyp gulagyny dikgertdi. Bir howa aýdyňlaşdyryp bilmese-de ertiriň tämiz howasy ýaly bolup kellesine gelen hyýaly onuň ýüregini çoýdy Ýüzünde maýylganlyk emele gelip, öz-özünden mys-mys güldi. Içinden «görýän weli ýeser göçüm etmeli bolaýjak ýaly» diýip oýlansa-da, şol wagt ondan baş çykaryp bilmedi. Ýöne şol etjek nämälim göçümi kalbyny gaplap maşgalasyna bolan öýke-kinesini ýülmäp goýberdi. Ogluna diýenini etdirip bilmän otyrka Şadynyň özünden idinsiz çykalga tapyp berenine aşa begenip, owy hoşwagtlyk bilen gujaklaýasy geldi. Arman, ol syr alyp, syr berip biljek däldi. Ýaşlykdan werdiş bolup galan häsiýetine görä biri bilen pynhan syryny paýlaşaýsa irde-giçde çoçgara çolaşaýjak ýalydy. Şonuň üçin hatda aýaly bilen äbe-de jüýje bolup sygyşykly ýaşaşsa-da, derdini Şagül bilen böleşip ýörmezdi. Öýüň bikesi onuň eden işini soňra bilip galýardy. Turuwbaşdan adamsynyň edim-gylymlaryny geňlän Şagül onuň riştesinden çekjek bolubam bir gördi. Görse-baksa el berer ýaly däl, alça mündürip, towha gopduryp barýan beladygyna gözi ýetensoň «içerimiň tüssesini göni çykarsa bolýa-da» diýip, kellesini agyrdyp ýörmedi. Ynha, häzirem ýalym-ýulum edip aýalynyň gaharyndan sowalga tapan Ata kirtlen Bossandan oglunyň göwnüni sowatmagyň kül-külüne düşüp otyr. Ýöne ol beýnisine näçe zor salsa-da, göwnüne düwen gara maksadynyň edil şol wagt tärini tapmady. Ýowuz niýetiniň eýlemini soňa goýup, häzirlikçe epeý sözleri bilen pikirini daşdan aýlady. – Şady mugallym, biziňkem häki bir «ene-ataň gözi balada...» diýleni deý seniň dossuňa bolsun edäýjek bolýas. Ýogsam ynsan aňynyň ösüp arşa çykan günleri biz beýdip ýörmelem dälle. Polat atyny ýeke çapyp otursa elimizden geljek zat ýok. «Lepbeý aga» diýip, zamananyň zaňyna görä bolubermeli bolýa. Dagy nätjek. Onsoňam biziň bir oglumyz bar, iliňki ýaly köp däl. Kakasynyň giňlige salmagynda gaýry pikiriň baryndan habarsyz Polat begense, Şagül adamsyna çakan gözlerini alardyp seretdi. Ýöne geplemedi. Ata Gandymyň garaşsyz ýerden diliniň süýjemesinde haýsy-da bolsa bir hiläniň baryny aňdy. (dowamy bar).. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |