20:11 Em / hekaýa | |
EM
Hekaýalar
Çölüň ýakasynda ýaşaýan garyndaşymdan: «Agamyň haly teň. Gün geçdigisaýyn ebgarlaýa» diýip giçden soň gelen ýakymsyz habar meni alada goýdy. Häzir ugrasam ýol yrak, öňüm gije. Onsoňam ýöne sömelip barman syrkawa delalat bolar ýaly çäre tapmaly. Bu barada gijesi bilen oýlansam-da ugur tamadym. Ahyr kelebiň ujuny ýitiremsoň syrkawy oblast keselhanasyna alyp gaýtmagy özüme maslahat bildim. Ýöne ertir çaý başynda keýwanym meniň pikirimi unamady: «Ýagdaýy agyr bolsa, hassa alys ýola ýa ýarajak ýa-da ýarajak däl. Gowusy öňünçä tabyny bilen ýagşy» diýip, sözüniň soňuny süýjükdirip goýberdi. – Ets-ä... Hamala diýersiň syrkawa em tapylaýan ýaly men gulagymy üşertdim. – Etseňiň näme-aýt? – Etsämiň ýanyň bilen doktor alyp gidäýseň amatly bolar diýmeçi bolýan – diýende beýle nagt pikiriň ozal kelläme gelmänine ökündim. Ýöne wraç bilen baranymyzda bimaryň uwlynyp ýatanyny görüp haýatym göçdi. Bilagyrymydyr aýak-agyrsy iki büküp oňuň katdyny ýaý edipdir. Owurdy owurdyndan geçip, şöhlesi öçüşen gözleri aman dileýärdi. Tenine seretmek üçin ýoldaşym ony dik oturtjak bolanda şeýle bir jynsyz-jynsyz gygyryp goýberdi welin, özümden idinsiz dälize atylyp çykanymy bilmän galypdyryn. Başardygyça wraç barlap gördi. Kesip-biçip eden maslahatymyzdan soňra oblast keselhanasyna alyp gaýdarman bolduk. Ýöne syrkaw kes-kelläm etmedi. Ol ejiz owaz bilen: – Duktorda ýatma kemim galmady. Başyma düşenini öýde göriberäýin – diýende, maňa delmuryp bakmakdan başga alaç galmady. Garyndaşymy teý yryp bilmejegimize gözümiz ýetensoň ýoldaşym yjaza sorady. Yzymda iş-aladam näler ýetik bolsa-da, günün gaýdybermek bir hili gelşiksiz ýaly bolansoň men galdym. Ýöne wraçy ugradyp syrkawyň inisi bilen tükeniksiz armanyň içinde galyp otyrkak: – Eý, öýdüň eýesi, taňry myman alasynby? – diýip, egni çogda çäkmenli, geçi sakal gazak içeri girdi. – Alman näme, gel, töre geç, ýaşuly! – Aradaky gara ýelde ýitiren düregimiň yzyna şu gün gabat geldim. Özüniň-ä ugry şü tarapa ekeni. Giç bolansoň ýadap seňkä sowulaýdym, oglum – diýip, gele-gelmäne habaryny beren ýaşulyny öýüň eýesi dessine süýtli gara çaý bilen hezzetledi. Ýöne daşyndan göräýmäge sadalaç ýaly görünse-de myman ýeserje ekeni. Çaýyny süzüp oturyşyna bize häkimlik bilen nazar salansoň, çokup gepledi. – Näme ýüzüňiz salyk, oglanlar. Ýa gelenimi halamadyňyzmy? – diýende, göwniaçyk myhmandan syr saklap oturmadyk. Syrkawyň agyr ýagdaýy barada gür berdik. Ýaşuly geplemän zat etmän çaýyny arkaýyn içdi. Haçanda goşa çäýnegi syrkyransoň, derini syryp, çig ýaglygy bilen ýüzüni ýelpeşdirdi. – Guragyryly bolýan bolsa hassany men bir göreýin. Myhman syrkawy känbir mäjerläp oturmady-da, «düşnükli» diýip daşary çykansoň, bize buýruk berdi – Nireden bolsa-da häzirjek ok ýylan tapyň. Munuň tenekäri şo. Biz muňa ynanjagymyzy ýa-da ynanmajagymyzy bilmän takyranymyzda ol bizi tijedi. – Çaltrak boluň, oglanlar. Ertir meniň wagtym ýok, irden ýola düşmeli. Syrkawyň inisi bilen ikimiziň elimizden iş gelmejegine gözümiz ýeteni üçin biz bäş manat berip garagol oglanlaryny ýowa ýolladyk, welin, olar aňyrsy bir sagada galman ýylany häzir etdiler. Hamala diýersiň myhman işine jür aşpez deý bilegini çermäp mahlugyň kelle hem-de guýruk tarapyndan bir sere kesip taşlady. Galanynam maýdajyk dograp käşir-sogan bilen mesge ýagda gowurdy. Owkat taýýar bolansoňam tagam bermek üçin ony yslyja otdyr pomidor bilen garyşdyryp syrkawa kesezorlyk edip diýen ýaly iýdirdi. – Al, emiň-ýomuň şü bolsun! – diýip, daşary çykansoň, bize berk tabşyrdy. – Suw soraýsa bermäň, wagtal-wagtal pamygy ölläp dodagyna çalsaňyz bes. Ýöne iki-üç sagat geçensoň şeýle bir uwlunyp başlar weli ýanynda durar ýaly bolmaz. Şonuň üçin elini-aýagyny berk saraň. Ýalbaryp-ýakarsa-da, gahary böwsülse-de çözmäň. Goý, çydasyn. Soňra kalbyny süýji asudalyk ýaýrap uka gider. Myhman bize ýönelige habardar etmän ekeni. Aýdan möhleti gelip ýetende, içerde ahyrzaman turandan kem bolmady. Sesiniň ýetdiginden syrkawyň bögürip gygyrmasyna hemmäniň haýýaty göçdi. Soňa-baka ol jan howluna bozlap şeýle bir çapalanmak çapalandy welin, gününe it aglamaz ýaly bolmady. Adamsynyň gözgyny halda bolup ýatyşyna ahyr syrkawyň aýaly dözüp bilmedik bolarly. «Indi munyň nämesi galdy, amanadyny tabşyrmazdan burun, elini-aýagyny beri, çözüň ahyry» diýip, zaryn nemaýyş edeňde hem tebip eremedi. – Hiç nerse bolmaýdy! Dogrudan-da hiç zat bolmady. Ýarym agşama çenli bagyra-bagyra bir ölüp direlençe bolansoň sesi barha pessaýlap uka gitdi. Men ertir turup gözümi açsam syrkaw garyndaşym başujumda inisi bilen çaý içip otyrdy. «Hassa gutuljak bolsa tebibi duş geler» diýlip ýöne ýerden aýdylman ekeni. Hangeldi GARABAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |