23:44 Ata Gandymyñ işleri -3/ romanyñ dowamy | |
5.
Detektiw proza
Ýarym gijä çenli Ata Gandymyň gözi çirim etmedi. Nädende Bossanyň kakasy bilen derdini paýlaşyp biljegi barada oýlanyp, pikir otarsa-da onuň tärini tapmady. Göwnüne bolmasa gyzyň atasy öňünden barsa gapyp, yzyndan barsa-da depäýjek ýalydy. Sebäbi ol özüni näçe ilgezek saýsa-da, biriniň ýanyna baryp «seniň gyzyň oglumyz bilen halaşmasyny goýsun, biziň başga niýetimiz bar» diýip, aýdaýsa beýle agramly sözi hiç kim göterjek däldi. Onda-da Çary temmil ýaly buýsançly adam. Ýöne weli Bossanyň okuwa gitmekçi bolýany baradaky habar has imrindiriji, has albaýly bolany üçin Ata kirtlen ol işden el üzüp biljek däldi. Onuň pikiriçe bular ýaly gerdişi diňe diri samsygyň deňinden geçirmegi mümkindi. Şonuň üçin sagyna-soluna agnap ýatan söwdagär onap-çenäp, kesip- biçip meseläniň her tarapyndan barybam gördi. Emma amatly ugur tapmansoň, başly-barat pikire özüni berip, ýüregine düwen niýetiniň nejadyny agtardy. «Ýa Şagüli Çarynyň aýalynyň ýanyna ýollaýsammyka? Öz-ä naçar-naçaryň dilini tapgyja bolýandyr» diýen hyýalynyň beýnisinde eýlemi ýetmänkä ony ret etdi: «Şü dili uzyn aýallardan gowusy gaça duran ýagşy». Yzyndýanam bir wagtky meslekdeşi ýok ýerden ýadyna düşüp ony küýsedi: «Täjim syrtlan bolaýsady şumat!» Şeýdip Ata Gandym petige seredip ýatyşyna oýa batdy. Şol bir wagtyň özünde-de ol mazasyny elden alan çörňeşik pikirlerinden gaçyp özüni süýji ukynyň erkine bermäge çalyşýardy. Ýöne başarmady. Onuň oý-hyýallary ýara düşen gurt deý beýnisinde bagyrdaşyp jiger ynjalygyny gaçyrdy. «Görýän weli ogul bolmakdan ata bolmak aňsat däl ekeni. Kakam bende-de men barada şeýle alada galdymyka, janym? Elbetde şeýledir. Be-e, horram ýaşasak-da durmuş gaty çylşyrym-laý, öte çylşyrymly». Huzuryna barmagyň yradasyny tapman ýören adamy bilen özüni ynsap terezisine goýanda uly tapawut oňuň ýüregini ersdirmän durmady. Ata Gandym gelim-gidimli, ümzügi ileri, barly söwdagär. Haryt gahatçylygynda hemme oňa sadyklyk bilen tagzym edýär. Ýöne ýakasy gaýyşly kyrk emjek kezzap. Maýyny tapsa bar küýi-köçesi garynja deý ýygnamak. A Çary temmel bolsa onuň tersine, azarsyz adam. Onda ne bir hile bar, ne bir al. Kespi- käri şofýorçylyk – gara zähmetiň guly. Näçe janygyp işlese-de kolhozdan alýan iki müň manat aýlygyna özi bilen ýarawsyz keýwanysyndan başga on sany çülpe çagasy agzyny açyp oturandyr. Ýöne ýeter-ýetmezlik müdimi hemrasy bolsa-da, kaşaňlygyndan ol kemsinmäni bilmez. Ýek görýäni dilegçilik. Işine jür, hakyna kany bolany üçin mydama onuň başy dik, synasy sagdyn. Kişiniň minnetini çekmäni bilmez. Bardy-geldi biri degimsizlik edäýse bimürewwet bolmaz, agramly adamlara mahsus bolan häsiýete görä geçirimlilik eder. Onuň bilenem goýman degnasyna degäýseň, myrryhy atlanar weli öňünde duran özüň bolma. Üstüňe ýapy ýaly abanyp gelýän pyýada seni dessine mugyra getir. Segseninji ýyllaryň bir güni gazap atyna atlanan Çary temmeliň göçgün ýagdaýy ýadyna düşende Ata kirtleniň endamy digirdäp gitdi. Oňa-da söwdagäriň özi sebäp bolupdy. Pagta ýygymyna düşülen gabatlary oblastdan gelen wekil şofýoryň gowaça atyzynda otlap ýören kürresini ile göz edip öň aýagyny agaçdan asdyryp, öýünden çagyrdan eýesiniň gele-gelmäni agzyny ajadypdy. – Eý, eşek, bi seniň kürräňmi? Titi geýnen del adamyň morta sözüne äm-säm bolan ýigit «munuň agzyndan çykýan sözüni berin eşidýäňizmi, haw, adamlar» diýen terzde kolhozçylaryň ýüzüne seretse-de dil ýarmady. Muňa has beleň alan wekil ýene öňki heňňamyna tutanda hem Çary başyny ýerden galdyrmady. Onýança wekil gedemlik bilen onuň alkymyna dykylyp baransoň: – Eşek men saňa diýýän, ýa gulagyň gapylana däldir-dä? – diýip, böwründen hürsekläp goýberende Çary ony garaşsyz ýerden dik ýokary göterdi. Onýança golaýda duran Ata kirtlen öwzaýyň bozukdygyny aňyp desmalçylyk etdi. – Goýber, myhmany, edýäniň näme, bi-ýä oblastyň ketdeleriniň biri – diýende, Çary temmel onam bir eli bilen dolap alyp içi suwly akara oklap goýberipdi. Şoldur-şoldur oba gelen wekil gaýdyp dilini sala goýbermedi. Ata kirtlen bolsa ony görende mydama oýturuklap geçýän boldy. Ine, şo zeýilli adam barada öz pikirine mübtela bolan söwdagär gözi bürlüp baransoň ahyr, şeýle netijä geldi: «Agşamyň haýryndan ertiriň şeri ýagşy» diýleni deý şumat kelle çişirenimden peýda ýok Onuň bilen nätsem-de öňlin-soňlyn ýüzme-ýüz bolmaly. Belki oňa deňiç bir ugur tapşaýady-da» diýip, nähilidir bir ýol bilen Çary temmeliň agzyny ysgap görmegi ýüregine berk düwdi. * * * Ata Gandymow ertiriň tämiz howasynda dähedem-dessem ädimläp işe barýarka uniwermagyň agzynda duran adamlary görüp geň galdy. «Bular janym bu gün gaty irläpdir-ä. Dükanyň açylmagyna ýene esli wagt bar. Beýle ir geler ýaly dellik harydama ýok. Eý, yssy düşmänkä her kim gerek ýaragyny alyp gitmäge geläýendir-dä» diýse-de diýdi weli ýöne pikiri ýüregine ornamady: «Özlerem kileň aýal-eptat ýaly-la. Bi nämäniň alamaty bolup biler, janlarym. Ýa düýn men ýokkam raýondan üýtgeşik haryt iberäýdilermikä? Olar ýaly bolsa maňa habar ederdiler-ä». Kalbyny gaplan nämälim duýgy ony iş ýerine tiz eltdi. Özüne nysak edinen häsiýetine görä aňyrdan gele-gelmäni henek atyp ýylgyranda onuň sözüni alga alan bolmady. Somsaýak bolup duran aýallar sen-men ýok birden daşyny gallap alanda söwdagär öwzaýyň bozukdygyny aňdy. Onýança babyr bilek oral aýal saýlanyp, Ata kirtlene öçli ýaly ýowuz seretdi. – Näme ýyrşaran bolýaň, petigara, ili gallaç goýanyňamy? Haçana çenli bir halta un aljak bolup biz saç ýoldy edip ýörmeli? – diýip, heşerilişip duran ýoldaşlarynyň gahar böwediniň öňüni arçap goýberdi. – Belki sen bizi baýramda açdan öldürip, jöwzada sowuga doňdurmak isleýänsiň? – Aýu, Ata kirtlen, öýüňdäki tulaňam unsuz kösenýämi? – Bo-ow, senä çaşan ekeniň. Bular ýaly betnam adamam heý zada zar bolarmy! – Biziň bähbidimizi aramaýan adamyň ýüzüne köz degsin – diýip, obadaşlary oňuň bar eden işini püçege çykaranda tagsyrly bolany üçin Ata Gandym özüni aklajak bolup durman, göçgün ýagdaýa düşen aýallara biragyz söz bilen jogap berdi: ««Şu günüň özünde sizi undan gerk-gäbe etmesem telpegim itiň syrtyna». Gaýa-gopuz ýok ýerden gybat başy bolanyna ýatyp ölüp bilmedik söwdagär bir giden aýbygadym gürrüňleri ýük edinip un bazasyna nädip ýetenini duýman galdy. Barybam sen-men ýok titi-tigä öwrenen skladçynyň eline on sany ýüzlügi gyssyp ynjalyksyzlandy. – Heleýleriň girisinden sypyp gelşim şü. Hany-manmy alsaňam häziriň özüňde bäş maşyn uny ýollamasaň meni aýallar alýa – diýeňde, şähdi açylyp, ökjesi ýeňlän ýigit güles-ýalas eden bolup jomartlandy. – Beýle heläk bolup ýörenden jaň edäýmeli ekeniň-ä agam! Yhlassyz aýdylan söze myrryhy atlansa-da, Ata kirtlen elgarama bolany üçin betnebis skladça hiç zat diýmän gülümsiredi. Ýöne onuň ýylgyrmasy içi ýangynlynyň gülkisi ýaly bir zat bolansoň ol yzyna dolanmak bilen boldy. Iş ýerine gelibem günortan çaýa çykmaga çemeleşende, kolhozyň başlygynyň çagyrýanyny aýdanlarynda, keýpine sogan dogralandan kem bolmady: «Indi, munyňky nämekä? Ýöne ýerden-ä çagyrýan däldir. Walla kessin şü gün meňki niýetikazy boldy-aýt. Ugruna bolmajak bolsa asyl bolamaz ekeni» diýip, içinden hoňňuldap barşyna başlygyň ýanyna girende söwdagäriň gaharydyr argynlygyndan diger galmady. Başlygyň garşysynda aýaly bilen ýüzüni sortduryp oturan Çary temmile nazary düşende özüniň beýhuda çagyrylmaýanyny aňyp, içinden ýagşylyga ýordy: «Kesel gutuljak bolsa tebibi gabat gelermiş» diýleni çyn bold-ow!» Başlyk gürrüňini un meselesi barada gozgap, adamlaryň şikaýat edýändiginden başlady. – Näme beýle bolýa, Ata aga? – Başlyk, mesele çözüldi. Dek ýaňy bäş maşyn uny düşürdik. Öýlänler ýene bäşisi gelýä – diýende, başlyk söwdagäriň ýüzüne synlaýjy nazar saldy. – Çynyňmy? – Rastym. – Tüweleme, Ata aga, sen-ä igençden dynaýan ekeniň – diýip, gürrüňdeşiniň oslamaýan tarapyndan göçüm etdi. – Egni pagonlylar bilen araň niçiksi? – Hiç hili. Egni pagunly kän, haýsysy bilen? – Eý, sözi ötýäni bolsa nä ýetipdi – diýip, başlyk sözüni süýükdirip goýberende Çary temmeliň aýaly erkana oturyp bilmedi, jan kesip söze goşuldy. – Hi bir şonça zat bormy? Oňuň soraýan iki müň manadyny bi tüküniň özüni satsagam tapyp bilmeris, başlyk. Onsuzam garyp günümize it aglaýa, jan dogan, ýarym aç, ýarym ýalaňaç güzeran geçirýäs. Bar eklenjimiz şo demir. Ondanam dynsak betbagt kädini boýnumyza asaýmak galýa. Aýalynyň sözünden Ata Gandym many alyp bilmänini aňan Çary başyna düşen ahwalaty äwmän-howlukman gür berende söwdagär begenip, içinden «Gudratyňdan aýlanaýyn, hudaýjan, men munyň bilen gepleşmegiň amadyny tapman ýördüm weli sen-ä muny huzuryma çökerdiň goýaýdyň» diýmek bilen oňa rehimi indi. «Özi ýol düzgünini bozup, bi biçäreden şonça puly talap edýän awto inspektor kimkä ol? Çary ýalan sözlejek adam-a däl. Görýän weli muňa meniň silteýim gerek boljak öýdýän» diýip, böwrüne diň salaňda näme üçindir arada onuň işini barlan OBHSS-iň naçalnigi ýadyna düşüp myrryhy atlandy. Olaryň käbiri bir ülňüden çykan kezzap. Başarybilseler gözüňi çokaýjak bolup heşerilip durandyrlar. – Çary aga delalatyň degip bilmezmi. Men-ä walla, bi ýerik golaýda işe gelemsoň şü kolhozyň adamlarynam oňly tanamok, hel-ä milisiýa işgärleri ekeni. – Ýerinde bolaýsa awtoinspektorlary mugyra getiräýjek adam-a bar, başlyk. – Kim o? – Milisiýanyň oblastdaky ulusy – diýende, şofýoryň aýaly elini daldaladyp nämaýyş etdi. – Şeýtsene, Ata aga, bize rehimiň inmese-de, çülpelerimize berin ýüregiň awasyn. – Haçan gitsem diýýäň? – diýip, kolhozyň başlygy gözüni gyrpman ünsüni söwdagäre dikende, ol häzir ýola düşüläýse kem görülmejegini aňdy. * * * Milisiýanyň oblast uprawleniýesi Ata Gandymyň howalasyny basman durmady: işikdäki dürli kysymly maşynlar, demir derwezeli haşamly tam, zibirtde-zibirt girip-çykyp ýören ýüzi agyr adamlar. «Şularyň bary näçennigiň agzyna garaýan bolsa onda ol gaty ketde kişi bolmaly» diýip, içinden oýlan Ata Gandym deňinden geçip barýan ýyldyzy yssy ýigide ýüzlendi. – Hanym, neçennigiň ýanyna nädip barmak bor? – Haýsysynyň, ýaşuly, bi ýerde naçalnik kän? – Iň ketdesiniň! – Ana, ho-ol, äpişgäniň içinde duran nobatçy ýigidiň ýanyna baraý. Şol aýdar nädip barmalydygyny. Ýöne ýüzi kölgesiz nobatçy horaşa geýnüwli Ata Gandym bilen Çary temmel ikisini mährewsiz garşy aldy. – Naçalnik anna güni kabul edýä? – Hanym, derwaýys işimiz çykdy raýondan geldik. Ýerinde bolsa belki... – diýende ýigit Ata kirtlene sözüni soňlamaga maý bermedi. – Hiç hili belki bolmaz, ýaşuly, düzgün şeýle, düzgun! Gara söýmez ýigidiň özüni zoňtar alyp barşyny Ata kirtlen geňläp durmady. Dözümli owaz bilen ýoldaşyna ýüzlenen bolup şeýtan mekirligini etdi. – Sakaldaş diýýän-ä «At bilen depişýän taýyň äňi ýazar» diýleni deý bi ýerde bi ýigit bilen ýaňkalaşyp oturmaly-da naçalnigiň öýüne baryp, keýwanysyna jaň etdiräýeli. Şo demde ýüzüne maýylganlyk çaýylan nobatçynyň çybanyna petiklenenden kem bolmady. Sebäbi golaýda kimdigini aňşyrman telefonda gödeksi jogap bereni üçin naçalnigiň aýaly onuň şyhmütürini ýagşy towlapdy. – Ýaşuly, naçalnige kim garaşýa diýeýin?! Söwdagär hile bir ondan rüstem gelen mysaly temegini ýokary tutup jogap berdi. – Ata kirtlen diýseň ýeterlik bor, hanym! Kabulhanada gaýşarylyp oturan görmeksiz adama geňirgenip garasa-da, onuň arkaýyn gürlemeginden nobatçy çekinmän durmady. Haýdan-haý telefonyň sapyna ýapyşyp jaň edende polkownigiň «Ata kirtlen bolsa gelibersin» diýen azmly owazy ony mumlanan sapaga dönderdi. * * * Milisiýanyň oblast uprawleniýesiniň ýolbaşçysy Ata Gandymy hoşamaý garşy alsa-da, onuň ýoldaşyna gözüniň gyky bilen hüşgärli garap goýberdi. Ýöne üsti dört-bäş telefonly stolunyň ýeňsesine geçip epeýlenmän, myhmanlarynyň gabat garşysynda oturyp çaý hödür etdi. Saglyk-amanlyk soraşansoň ýumşaksy henek atyp bälçiredi. – Senem şeýdip biz taraplara köwlenip dur ahyry, Ata aga. Jylawuňdan bek tutan bolsa daýzamdan rugsat alyp beräýerin – diýip, telefona ýapyşdy. – Keýwany, bi senmiň, işiň ahyrlarynda myhman bilen barýan – diýende, söwdagär indiki sapar gelende barjagyny aýdyp, häzir onuň teklibini kes-kelläm oňlamady. Atanyň sözüni myhmançylyga yzy guýrukly barmak isleginiň ýokdugyna ýoran naçalnik ýaňkalaşyp durman, olaryň habaryny aldy. – Keýpine geldiňizmi ýa menlik işiňiz çykdymy? – Ine, bi meniň o bir ýola baraňda gürrüňini beren Çary temmelim. Keýpi çaglanyp, erni gulagyna ýeten polkownik şofýora yssy nazar bilen seretdi. – Şo-ol Çary aga diýýänim diýsene. Ýaşuly, kürräni agaçdan asdyrýan wekiliň jürün-ä beren ekeniň. Prosto molodes! Utanjyndan ýaňa ýüzi jümjümä dönen şofýor atasynyň gaşynda suwly çybyga garaşýan oglan deý ýygrykdy. Soňra uly wezipeli adama näme diýjegini bilmän, maňlaýynyň derini sylyp ýoldaşyňa nadyl nazaryny salanda ol nägile owaz bilen dil ýardy. – Meni jalamana jar edip, nädýäň-aýt, Ata! Polkownik ondan asry şofýory utandyryp oturman olaryň habaryny alanda Ata kirtlen ýoldaşyndan eşiden-goýanyny gür berdi. Naçalnik: – Belki, Çary aga dogrudanam ýazyklydyr? – diýende, aýgytly pursatyň gelenini aňany üçin şofýor ýangynly dillendi. – Onda bi ýere özüm gelmän, meni getirdiler, inim – diýip, başyny ahmyr bilen ýaýkady. – Egni pagonlylar çeşme suwy deý arassa, ertiriň howasy ýaly päkdir öýdýärdim... – Hemmäni biraýakdan saýma agam, sürüniň agsagam bolýandyr. – Sözüň rastdyr, neçennik. Ýene şol awtoinspektoryň-a gaty pes adam ekeni. Ol şuny gorkman-çekinmän polkownigiň görejine garap aýdansoň sözüniň ahyrynda ýürekden jibrindi. – Gök çyra ýanyp durka men ileri ýüzden gelip saga arkaýyn aýlanan çagym inspektoryň özi yzymdan ýetip maşynyma urana urany, soňra üstümden akt ýazyp ummasyz pul talap etmesi heý bir akyla sygýan zatmy? – Çary aga şü aýdýan wakaňy heý bir gören-goýan adam barmy? – «Tiz kömegiň» ors şofýory bilen bir motorly ýigid-ä biraz daýanansoň başyny ýaýkap gidipdi – diýende, polkownik telefony galdyrdy. – GAI-niň nobatçysymy? Hä, gaty gowy, men Soltanow, şü gün maşynyny awariýa eden awtoinspektor kim? Kapitan Sabyrow diýdiňmi? Nirede o? Öýünde? Onda, ýigit, onuň awariýa edenini gören – «Tiz kömegiň» şofýory bilen motosikl sürýän ýigidi tapyňda meniň ýanyma gyssagly ýollaň. Bormy? Sabyrowy özüm çagyrýan, häzirlikçe oňa aýtmaň. Hökmürowan naçalnigiň buýrugy kän garaşdyrmady On-onbäş minut geçmänkä «tiz kemegiň» şofýory içeri girdi. Ol näme üçin çagyrylýanyna magat göz ýetirensoň Çary temmele tarap elini salgap rus gönümelligini etmekden utanyp-çekinip durmady. – Ýol düzgünini bozmasa, şäherde ulagyny gaty sürmese bi bendede nä günä bar, naçalnik? Ýokary ýüzden gelip yzyma öwrülmek üçin menem, öňden barýan awtoinspektoram ýaşyl yşykda ýetişmän çatyrygyň ortasynda garaşdyk. Ileri ýüzden gelen ýük maşyny saga arkaýyn sowuldy. Onýança-da bize ýol açylyp, aşak ýüzden ine, şu ýigit motorly eňende awtoinspektor ondan öňürtjek bolup hälki ýük maşynyna baryp urdy. Ýogsam düzgün boýunça bedibagt göni ýoldan gelýän motorlyny geçirip öwrüläýmelidi, etmedi. Bolsa-da bi ýigit taňryly ekeni, alňasap awtoinspektoryň syrtyna baryp ursa-da bitiniň burny ganamady. Sorag edilýänleriň ikisiniňem sözi Çary temmeliň aýdan-goýanlaryna gabat geleni üçin kagyz üsti bilen düşündiriş alansoň Soltanow olary egläp oturman kapitan Sabyrowy öýünden çagyrdy. Awto inspektor ýoluna kän garaşdyrmady. Bir salymdan içeri girensoň däp boýunça ««ýoldaş polkownik siziň buýrugyňyz...» Soltanow «bessir» diýen manyda goluny galdyryp, myhmanlara tarap başyny yrap goýberende, Çary temmele nazary düşen Sabyrow özünden idinsiz tisginip gitdi. Ýöne alňasamady, erkini tiz ele alyp, ýolbaşçynyň öňünde daşdan ýasalan heýkele döndi. – Bi ýaşulyny tanaýaňmy? – Hawa, şu gün çatrykda maşynymyz çaknyşdy! – «Bi, göhert biçim şofýor munuň ülpetimikä ýa, ýakyny? Zaňňaryň gaýşaryp otyryş-a ýöne ýerden däl ýaly, arkaly görünýä». – Çaknyşdyňyzmy ýa Çary aganyň maşynyna baryp urduňmy? – diýip, sesini gataldan Soltanow dikanlap garanda, inspektor ýeňse berdi. – Ulagymyň tormozy tutmady, ýoldaş polkownik! – Oňa deňiç berin tutýamydy? Naçalnigiň nireden tozaýanyny aňan Sabyrow töwekgelçigiň inçe umydyny tutaryk edindi. – Häl-ä demir ekeni, ýetse adamam ölýä, ýoldaş polkownik! – «çaky sözüm ýokmady öýdýän, gaşynyň arasy bürüşdi ötägitdi. Pul soranymy şofýor muňa aýtdymyka? Aýdan borly. Bolmasa bi ýere gelmezdi. Ýöne boýun almaýyn, şaýady bolsa ýok». – Şeýle-e... Akyl satýany üçin köp manyly ýylgyran polkownik dalanan güjük deý edip onuň gözüniň oduny alsa-da alardy weli, arman ýetişmedi. Telefon arkaly ýokary edara gyssagly çagyrylýany üçin sözüni uzaldyp oturmady. Ornundan galansoň hälki düşündiriş kagyzy eline alyp sesini gataltdy. – Hakykat ýaşulynyň tarapynda, kapitan. Işiň bujrugy artmanka onuň prawasyny beräýmeli. Galanynam soňra sözleşeris. Çary temmele tarap bahyllyk bilen garan awtoinspektor kalbynda emele gelen nämälim gozgalaň ynjalyksyzlyga salany üçin ol öz ýanyndan aman diledi: «Ýa Alla, ýa hak, eý resul, işimden pyzylmabilsem bor». 6. Ata Gandym örän ilgezek bolsa-da, Çary temmeliň çakylygyny eşidip çykgynsyz ýagdaýda galdy Sebäbi o ýere barjak kolhozyň başlygynyň ýanynda şofýor bilen ol ikiçäk oturyp gürrüň edip biljek däldi. Oturyşma barmasa-da gahatçylyk günleri orlup-çapylyp taýýarlyk gören eli ýuka şofýoryň yhlasyny köýdüräýmäge onuň nebsi agyrman duranokdy. Ol-a bir. Ikinjidenem özüniň pisint edilmezligini göwnüne alan adamyň ýeneki bir gün gabat gelende ýeser emel edäýmegi gaty ahmaldy Galyberse-de beýle amatly pursadyň soňra duş geljegine ol juda bir bil baglabam duranokdy: «Ýa başlyk gelýänçä öňräkden baryp Çary bilen derdinişäýsemmikä? Birden myrryhy atlanyp ryswa edip goýberse näderin? Öz-ä mylakatly ýaly bolsa-da gaty arjaňdyr. Gowusy myhman barka oňka barmazlyk» diýip pikirini bogjamlan söwdegäre şol günüň ertesi jögülik keseli ýolukdy. Ýöne myhmançylyga baran başlygyň ynjalykly oturdylman raýona çagyrylanyny eşidende weli ol otly köýnek geýdi: «Ynha, köpbilmişligiň etdirýän işi. Ýeri, samsyk bolmasaň çagyrylan ýere adam şekilli baryp, myhmanlar dagyşansoň derdi-halyňy aýdaýanyňda göçüň ötüp barýamy diýsene. Içinde kitüw galan adam indi seniň sözüňi alga alarmy-almazmy Alla bilsin». Ol ýene pikir otaryp eden goýanlaryna derňew geçirdi. Emma näçe kelle çişirse-de çemini tapmady «It gözi tüsse görmez» edip şofýoryňka baraýsa yzyna it salyp kowulaýjak ýalydy. Şeýdip näme iş ederini bilmän aljyraňňy ýagdaýa düşüp ýörkä Çary temeliň dükana gelen aýaly özünden idinsiz çykalga tapyp berende begenjiňden ýaňa onuň depesi göge ýetdi. Söwdegär müýnli görnüşde güles-ýalas edip, alňasak owaz bilen. – Içeri-daşyňyz saglykmydyr, Baljan? O sapar siziňkä baryp bilmänligim üçin hernä aýyp-syn etmersiňiz-dä. Ýaramadym – diýende, göwniaçyk naçar käbir adam ýaly öýke-kinesini gizlejek bolup durmady. Adamsyny awtoinspektoryň gazabyndan sypdyrany üçin özüniň minnetdarlygyny bildirensoň, igenjini şirin owaza ýuwup goýberdi. – Oglanlaryň kakasyna arka duraňsoň başlyk ikiňizi bäri gel edäýeli diýip çagyranymyz boldy. Nä bileli biziň ýaly saýyl adamyňka gelmeýäniňizi, Ata aga. Baljanyň kemsinmesiniň ýeke öz pikiri däldigine, onuň aňyrsynda Çary temmeliň öýke-kinesiniň ýatanyna, ýolda-yzda gabat geläýende ugruny tapmasaň dalajakdygyna göz ýetirse-de Ata kirtlen giňlige salan boldy. – Juda beýle däldir-le. Biem siziň ýalakylar bilen adam – diýensoň, ýasama güldi. – Göwnüme bolmasa biziň sakaldaş görünmeýän ýaly-la, azarsyz işläp ýörenmidir?! – Geçi hassalygy degipmi, nämemi, iki-üç günden bär-ä yňňy-çyňňy edip ýatyr. – Şeýle-e, ol-a bolmandyr. Iş-aladamy ýola goýamsoň sakaldaşymyň halyndan habar alyp gaýtmasam bolmaz. Onsuzam ol menden öýkeläp ýörendir. «Kiri kir açar, öýkäni söz». Şeýle dälmi, Baljan? He-he-e... diýip, iş otagyna girensoň ol begenjini içine sygdyryp bilmän öz-özüňden hüňürdedi: – Seňki ugruna bolaýjak ýaly, kirtlen. * * * Şofýoryňka baranda Ata Gandym jinnikçilik edip durmady. «Alyp asgyn bolandan, berip ökde bol» diýlenine gol berip, eli açykdyk eden boldy. Ýöne dört kilo guşdyrnak gök çaý bilen on gadak şaha nabady orta goýanda söwdagäriň ýöne ýerden oňa hümmetdar bolmanyny, häzir bolsa onuň derdini paýlaşmaga gelmänini, bi zatlaryň yzynyň hökman bir çöpüniň bolaýmalydygyny Çary temmel aňdy. «Göwnüň-ä bir nagyş besläpsiň, kirtlen. Bolmasa sen biz ýalakynyň işigine saýa salmala däl». – Beýdip azar edinip ýörmeli däl ekeniň, Ata. Hany, geç töre, ynha, demlije çäýnek – diýip, saçagy myhmanyň öňüne süýşürensoň Çary bälçiredi. – Ýeri, kirtlen, bazar bahasy bilen araň kandaý. Öwür-çöwür edip ýörenmisiň? Içi öwrümli söwdagär çetine degiljegini aňdymy, nämemi, soraga jogap bermäni dessine sypjaklyk etmek bilen boldy – Ýaraman ýatanyňy ýaňy Baljandan eşidip gaýdyberendirin, sakaldaş. Taplar niçik, guratlaşýaňmy? – Aý, kesel bolup şeýle bir alyp ýatan zat ýok-la. Gyzgyp gelip suwa düşemsoň biraz çigrekläpdirinmi, nämemi. Nesip bolsa ertir işe çyksam diýýän. – Ýaş gaýdyp başlansoň adam çaga töwri sähel zada çyrçykla berýän borly. Arada dogmama gaharlananymdan boldumy, nätdi, gan basyşym ýokarlanyp, seňkä gelibem bilmedim. Ol öýüň eýesine aşaklyk bilen garap özýanyndan buýsandy – «Çaky enteg-ä özüni rahat saklap otyr. Belki elim saçaklyja gelenim üçin öýkesi ýazylandyr». Myhmanyň gele-gelmäni gürrüň ýordumyny öz isleginiň akymyna gönükdirip ugranyny geňlän şofýor, içinden: «Özüň-ä başlan bolsaň gerek, kirtlen. Gör, bak, haýsy köçeden goparkaň» diýip, ony öz ugruna kowmaga müwessa bildi. – Hernä eýgilikdir-dä?! Şeýle göräýmäge Çary temmel mylakatly garşy alsa-da, birwagtlar akarda galkyşlap gözüniň ody alwan Ata Gandym ätiýajy elden berenokdy. Böwürde jaýlaşykly ýerleşip bilmäni her daýym bir gabak astyňdan oýtarlyp seredişi bir yşarat aňsa ýazzyny beräýjek ýalydy. – Töre geçsene, bi näme ot almaga gelen mysaly dek bolup otyrsyň? – Sag bol, Çary. Bir salymdan dükana ýük gelmeli. – Onsoň gan basyşyň kadalaşdymy? – Dogmaň kakabaş borda heý derdiň ýeňlärmi! – Nädýäň-aýt, Ata. Polat akylly-başly oglan ýalyla. Beýdibir ýaly ol näme iş edipdir. Hernä iýmäge-geýmäge ýetirnip bilmän duran dälsiň-dä? Şofýory aşa sada hasaplaýany üçin söwdagär onuň aýlawly soragyna üns berip oturmady-da, öwsaýy görnüşde ýüregindäkini dökmäge başlady. – Dogrymy aýtsam, Çary, men seniň ýanyňa ejizläp geldim – diýende, öýüň eýesi ony geňlemän durmady. Ol neden «pederňe nälet, syrtyna şeňňil kädi dakjak adamyňy başga ýerden gözle» diýipdi. – Ata kirtlen nire, meniň ýanyma ejizläp gelme nire. Bi, heý, bolup biljek zatmydyr. Muny il eşitse üstüňden güler, Atam. Ýene at oýnadýan bolaýma zaňňaryň balasy? Senden her zady oslaýmalydyr! – Meni ýaňsylajak bolmasana, Çary, sözüme gulak goý! – Iki gulagymam sende! – Gulagyň mende bolsa her bir ata-enäniň ogul öýerip gyz çykarmak, agtyk söýünmek arzuwy bilen ýaşaýany rastmy? – Dogry! – Dogry bolsa meniň şo arzuw-niýetim suw gysymlan ýaly bolup barýa. Sözüne böwşeňlik beren myhman ukudan açylmadyk çaga ýaly ýüzüni biraz eňşedip öýüň eýesi: «ýeri, onsoň?» diýen terzde onuň agzyny ysgamagy ýüregine düwdi. – Ba-a, ol-a bir hili-aýt. Hernä soňy haýyr bola! – Aýal doganymyň gyzyny gelin edinmäge wadalaşypdyk welin. Ata Gandymyň ikuçly gümürtik sözüni Çary temmel özüne çekmän durmady. Bir hili persi üýtgäp, burnunyň ujy tirpildäp gitdi. Her hal «sakawyň soňuna seret» diýlenine uýup, erkine edem etdi: «Bi myrtaryň gep salgy meniňkä gudaçylyga geläýen ýaly-la. Düşnükli, indi, düşnükli. Polkownigiň ýanyna meni eltip ýöne ýerden hümmetdar bolman ekeniň, kezzap. Indem munuň «agzy gowşak ýumşak arar» etjek bolşuna bir seret-le. Ýok, kirtlen, durmuşda myzahar bolsam-da, seniň ýaly haramhor bilen garyndaş bolmakdan Alla saklasyn!» – Weliňe düşünmedim-le ? Öý eýesiniň talapkär owazyndan çen tutan myhman onuň rejesiniň geň däldigini aňyp howatyrly ses bilen ýaýdana-ýaýdana jogap berdi. – Welim, sakaldaş o söwdany oglumyz unaman ýöne ýer depip durandyr. Men-ä nätjegimi bilemok. – Nädenden Alla saklasyn, halaýanyny alyp beräýerler. Ýa meniň ýaly kaşak adamsyňda ýetirnip bileňokmy – diýende, Ata Gadymyň reňki agyp gitdi. «Çaky bi oglumyza gyzynyň goltugynyň degýänini bilýän borly. Bolmasa «halaýanyny alyp beräýerler» diýmezdi». – Özli-özümizden bolaýsa diýýän-ä. Myhmanyň niýetiniň asyl manysyna diňe şuňdan soň düşüneni üçin Çary mundan beýläk onuň bilen bukuldym oýnap oturmagy özüne syn bilmedi. Gödeksi äheňde gönüledi. – Onda ogluň Çary temmeliň gyzyny alyp ber diýýämi? Geleli bäri bu barada nädip söz açjagynyň ebeteýini tapman ýaýdanyp oturan söwdagär garaşsyz soraga tisginip gitse-de, begenmän durmady. Ýöne hakykat gözi bilen özüne seredip oturan şofýoryň küdüň ýaly ýumrugyna gözi düşende welin onuň şatlygy bug ýaly bir zat bolup şo salymda sumat boldy. «Munyň-a myrryhy atlanan bolsa gerek. Ýaman hyrsyzlanyp başla-da» diýip, oýlananda kalbynda başga bir owaz ýaňlanyp gitdi. «Indi giç, Ata. Gönüňden geläý». Ol özüni bir hili howatyra salyp jogap berdi. – Hawa, ýöne men göwnämok. – Sen nämä göwnemeýäň? – Seňkä gudaçylyga gelmäge. Ata Gandymyň morta jogaby indi Çary temmel üçin garaşsyz boldy. Sebäbi myhmanyň sözi bir hili pisint etmezlikmi, äsgermezlik ýaly bolansoň, şofýor onuň şyhmütürini towlabam biljekdi. Her hal ol sabyryny ele almady. Bilesigelijiligi gaharyna jylaw salyp, oňuň içini dökdüresi geldi. – Biziň ýaly ýoksul adamy hasap etmeýäniňiz köre hasala. Ata kirtlen nägadyr şeýtan adam bolsa-da, şofýoryň «gyzym bar, näzim bar» diýleni deý halymsyrap kemsinmesine güp ynandy. Ol bir gadam ileri süýşüp, işige tarap ätiýaçly seredip goýberensoň pessaý owaz bilen dillendi. – Beýle diýme, sakaldaş. Seniň bilen garyndaş bolsam armanym näme. Ýöne gürrüň oňda däl, başga zagda. Bi ýere maslahatlaşmaga gelşimem şonuň üçin. Söwdagär gapa tarap ýene nazaryny aýlansoň, öňe tarap boýnuny sozup dowam etdi. – Bi gep ikimiziň aramyzda galsyn. Oglum arjaňdyr, eşitse öýümizi terk edäýmegi ahmal – diýip, özüniň şahsy bähbidini aramagyň aýgytly pursady geleni üçin ynsabyny ýuwdup ýeke dikraryna möhüt etmekden gaýtmady. – O bidöwlet okuwdaka çoçgara çolaşypdyr! – Ogurlyk dagy edipmi? – Wah, olar ýaly eden bolsa janla. Bir ýeňil aýalyň girisine düşüpdir. Dodagynyň ujy çyzylyp giden Çary temmel «kişiniň atasy bar» diýip, tasdanam aýdypdy. – Ba-a ol-a bolmandyr. Artan-süýşenem bolaýsa bagtyň geleni, kirtlen. – Hawa-aýt – diýip, Ata Gandym müýnürgäp, sözüniň yzyny ýetirdi. – Bir bolmasyz iş ýüze çykyp siziň öňüňizde ýüzgara bolandan «ne çiş köýsün, ne kebap» diýägedin aýal doganymyň gyzyny oňa dakyp oturybersek diýýän. Çary temmel üçin iňdi bar zat aý dogan ýaly bolansoň, ol mundan beýläk gürrüňi uzaldyp oturmagy islemedi. – Habardar edeniň üçin sag bol, Ata. Bi zamanyň kakabaş ýaşlaryndan her zady oslaýmalydyr. Ýöne... – diýip, gürrüňdeşiniň ýüzüne gözüniň mojugy bilen seretse-de, özüne basalyk berip gömelteý sözledi. – Öýkeleme, Ata dogry söze doga ýok diýleni deý. Biz sen ýalakynyň deňi däl. «Hana hemra bolma päliň azmasa, şa gyzyny alma hudaý ýazmasa» diýlip ýöne ýerden aýdylmandyr. Seniň ýaly hörpi belent adam güzeranyny ýetdi-gütdelikde geçirýän kişi bilen guda-garyndaş bolup bilmez. Bolaýanda-da soňy gowulyk bilen gutarmasa gerek. Ata Gandyma geregem şoldy. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |