ENE
– Ýeri, muňa dile düşmez haýwan diýersiň! Bir aýyby gepläp bilenok. Ýogsam edýän-goýýan zady edil ynsanyňka kybapdaş. Al, Garagaş biraz garbanaý!
Şeýle diýip, Mahmal eje gapyrgalaryny sanabermeli ganjygyň öňüne gemikli süňki oklap goýberende it oňa işdä bilen agyz ursa-da, iýmek nesip etmedi. Aňyrdan ylgap gelen tokar güjük «çykar agzyňdakyny» diýen terzde enesiniň ýüzüne paşmagy bilen çalyp goýberdi. Açlykdan agzynyň gyllygy akyp duran ganjyk gaýtawul bermegiň deregine müýnli ýaly gaýra çekildi duruberdi. Onýança süňki gemirip keýpi çaglanan güjük golaýdaky suwly salma inende, arakhor goňşusynyň itine rehimi gelen kempir ene ganjygyň öňüne ýarka taşlady. Ýöne Garagaş ony iýmedi. Etiň bir çetinden dişläp güjügi gelýänçä garaşdy durdy.
Görýän weli ynsan bolsun, haýwan bolsun, eneler hemişe dözümsiz borly...
Hangeldi GARABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Hekaýalar