19:14 Ýekelik / hekaýa | |
ÝEKELIK
Hekaýalar
– Gün ýaşansoň heriňiz öz otagyňyza girýärsiňizde meni ýeke goýup gidýäňiz. Gije-gündiz dört diwaryň arasyndan çykman oturmak meniň näme maňlaýyma ýazylypmy? O-da az-küş wagtam däl. Eneňiziň gaýdyş bolanyna baryp-ha on ýyl geçdi... – Näme, etsem diýýäň, atam! – Içim gysýa, Mekan. Meni bazara äkit! – Togsan ýaşda-da bir bazar bormy, ata, ýaramarsyň. Sakal-murty bireýýäm ak kamys bolsa-da entek bili bükülip, katdy o diýen ýaý bermedik goja hökümli dillendi. – Ýarap-ýaramany meniň ýülügim siziňki ýaly azot garyndyly däl. Äkitmeseňiz jontuk eşek sag bolsun. – Eýtseň «Döwran mirap, akylyndan azaşypdyr» diýip ili üstüňden güldirsiň. – Gülse gülüp geçsin. Bazara çykmaga göwnüm küýseg edýär. Soňky günlerde iňňirdisi artan garry atasynyň raýyny Mekan şondan aňry ýykjak bolup oturmady. «Žiguliniň» öňüne apalap mündürensoň, ony şähere alyp gitdi. Ýöne märekeden hyň berýän bazaryň çetinden girenlerinde bir pursat daýanan goja aňkardy galdy. – Ba-a, bi nebela mähelle, ozal beýle köp adam bolmaýady-la. Ýeri, oglum, et satylýan dükana baraýaly. Ahmal bolsaň müşderisiniň jürüni berjek bolup, dişini çarhlap duran gassaplary bir hatar synlansoň ol pişge murt, ziňňirt ýigide: – Ogul, Ysmaýyl gassap barmydyr? «Bi mürşük garry herne akylyndan azaşaýana däldir-dä», diýen manyda Mekanyň ýüzüne sereden satyjy herhal morta jogap bermedi. Mylakat etdi. – O soraýan adamyň, atam, bireýýäm bende boldy. – Onuň inisi Ybraýym gassap berin barmydyr? – diýende, satyjy başyny ahmyrly ýaýkap goýberdi. – O-da topraga garyldy. Goja şondýan aňry o ýerde eglenmedi. Mal bazaryna baryp Ýusup dellal, Öre gazykçy, Şerip nanbaý, Ämet suwçy dagyny görmekçidi. Arman, deň-duşlarydyr tanyş-bilişleri o ýerde-de gözüne ilmedi. Lapykeç bolan Döwran mirap bir salym agyr oýa batansoň çowlugynyň ýüzüne melul garap, gynançly dem aldy. – Ýeke özümiň galanymy bilmän ekenim, oglum. Ýeri, öýe gaýdaly! Hangeldi GARABAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ilkinji hekaýam / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |