22:41 Ata kesbi dowam edýär | |
ATA KESBI DOWAM EDÝÄR
Pedagogika we edep-terbiýe
Ýagşyny ýatlamak aýatdakylara parz hasaplanýar. Esen Annagylyjow kyrkynjy ýyllaryñ ikinji ýarymynda tanyşmak miýesser etdi. Esen pakyr Oboýda mugallymdy, men Isgendere, Krasnowodskiniñ 6-njy pedagogik uçilişesinde gaýybana okaýarkak halys ysnyşdyk. Höwrükdik. Ikimiz egindeşdik. Aradan gyl geçmeýänlerdendik. O neressäniñ polady ýumşakdy. Kalby arassa, çaga göwünlidi. Dargursaklykdan, öwünjeñlikden, gaharjañlykdan nam-nyşan ýokdy. Howaýy gürlemezdi. Ol manyly ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş etdi. O döwürde (urşuñ soñky ýyllarynda) mugallym kadrlary ýiti ýetmezçilik edýärdi. Peduçilişede okaýanlara, gutaranlara dürli ugurlardan sapaklar berilse-de, olar özlerine ynanylan işiñ hötdesinden gelerdiler. Sebäbi işlerine höweslidiler. Mugallymçylyk iñ hormatly kär hasaplanardy. Ýaşlaryñ, mugallym bolup bilseler, armany ýokdy. Şeýle mugallymlaryñ biri-de Esen pahyrdy. Gaýybanaçylar tomus aýlary 45 gün okardylar. Şonda ol özüniñ taryh, geografiýa, surat-çyzuw, zähmet okuwyndan sapak berýändiginden, iş tejribesinden gürrüñ bererdi. Özüniñ senetçiligi barada kelam agyz söz aýtmazdy. Bile işleýän mugallymlar: "Esen hanyñ ýasamaýan zady bolmaz. Agaçdyr demirden näme ýasa diýseñ, kemini goýman ýasar: şkaf, stol, turba, peç ýasamaga, telpek, gulakjyn, içmek tikmeklige ussatdyr. Aýak maşyny bilen çagalardyr ululara her dürli egin-eşik tikmegi-de oñarýar" diýerdiler. Hünärli adamy hemme kişi gowy görýär. Men Eseniñ dutar çalyp, aýdyma hiñlenişine guwanardym. Edebiýaty, taryhy köp okaýandygyny berýän gürrüñlerinden añmak kyn däldi. Onuñ ikidünýälik ýoldaşy Ogulgül pahyr yzynda goşa çagany galdyryp, ýalançy dünýeden ötüpdi. Çagalaryñ atalyk-enelik borjy Eseniñ gerdenine düşüpdi. Şol wagt uly ogly, atasynyñ ady Annagylyç 6 ýaşynda, kiçi ogly Balkan 9 aýlyk çaga eken. Balkany el süýdi bilen ekläpdir. Arlygyny artyp, kirligini ýuwupdyr. Telim ýyllap gijesine ukusyny kesipdir. Şonda-da pelegiñ başyna salan oýnundan nalamandyr. Mugallymçylygyny dowam etdiripdir. El hünärini artdyrypdyr. Il-günüñ gerek zatlaryny ýasap beripdir. Onuñ hünärmentçilikde artdyran zady, özüniñ ogullaryna senetçiligini öwredenligi, öçmez yz galdyryp gidenligidir. Şeýle adamyñ yzyndan galan uly ogly Annagylyjyñ metbugatda yzygiderli çap edilýän taryhy, edebi we publisistik makalalary, goşgulary bilen tanyşdym. "Saglyk" žurnalynda "Ibn Sinanyñ melhemlerinden" ady bilen berlen terjimesinden hem habarlydym. Ýöne özüni görmändim. Eseniñ köp taraply zehimli ogluna gaýybana guwanardym. Tanyş bolmagu arzuw ederdim. Nesibeli gün duşuşdyk, tanyşdyk. Tanyşlyk "Balkannebitgazsenagat" konserniniñ ylmy-tehniki propoganda öýüniñ medeniýet we halk döredijiligi merkeziniñ ýanynda döredilen "Edebi-taryhy" döredijilik birleşigi ýaş ýazyjylaryñ seminaryny geçirende boldy. Ol "Lukman hekimiñ melhemleri", "Söýgi gülküsi", "Söýgi we buýsanç", "Tanyş boluñ, Gülaýym!" diýen ýygyndylaryñ awtory. Eseniñ ogullary bilen içgin tanyşmak üçin ýol ugruna Annagylyjyñ öýüne bardym. Güler ýüz bilen kabul etdi. Annagylyjyñ mugallymçylyk iş usulynyñ Balkan welaýaty boýunça öwrenilýändigi, döredijiligi barada gazet-žurnallarda az ýazylmady. Şeýle bolansoñ onun atasynyñ ussaçylyk, senetçilik kesbini ösdürişi barasynda, ezber haşamçylygy, fotografiýadan baş çykaryşy, dutar, gyjak ýasaýşy, olary ökde çalyp bilşi, oba bagşysydygy barada okyjylary tanyşdyrmak üçin şu makalanyñ başyny çatmaly boldy. Öý muzeýine girdik. Onuñ ýasan zatlaryndan, çeken suratlaryndan jaýyñ içi hyryn-dykyn. Ilki haýsyndan başlajagymy bilmän, haýran galyp, seredip durdum. Ilki agaç ussaçylygy barada ýazmagy niýet edindim. Iki sany şkaf, iki sany birnäçe sürgüçli stol, dutar, gyjak, penjire, gapy, ik, ykmaç ýaly zatlary görmäge göz gerekdi. Faneri bölekläp kesip, ýüzüne lak çalyp öz suratyny çekipdir. Geljekki nesillerine ömürlik ýadygärlik boljak diýip oýlandym. Lukman hekimiñ, türkmeniñ görnükli ýazyjydyr şahyrlarynyñ şekilini çekipdir. Ýöne berekellasyny ýetirip oturmaly. Türkmen dili we edebiýaty sapagyna degişli okuw görkezme esbaby-albomy haýran galdyrýar. Galyñlygy ýassyk ýaly. "Ussaly oba abat" diýlişi ýaly, uzak ýyllaryñ dowamynda Oboýda, Däneatada ýaşaýanlara peç, turba, tirsek, penjiere, gapy, ik, ykmaç ýalu zatlary ýasap berip, mätäçlik çekdirmändir. Oboýdaky ýaşaýyş jaýlarynyñ köpüsiniñ örüm işleri elinden geçipdir. Jaýlaryñ burçlary oklaw ýaly. Hususy bähbidinden il-günüñ bähbidini birnäçe esse ýokary tutupdyr. Şonuñ üçin ilat arasynda: "Dünýe dursun - Esen han dursun" diýýänler azlyk edenok. Galaýydan türkmen öýüniñ kiçijik şekilini ýasap başlapdyr. Durlugyny tutup, üzügini atypdyr. Diñe tüýnügini ýasap, serpigini serpmek, gamşyny aýlamak galypdyr. Alýuminden galam, susak ýaly zatlary-da ýasapdyr. Annagylyç özüniñ el hünärini iki ýaşly oguljygyna öwredip başlapdyr. "Adam gezmez, at gezerleri". Esen neressäniñ ady il gezýär. Tüweleme, onuñ ady on iki ýaşapdyr. Ýaradan onuñ ýaşyny uzak edewersin! Çaganyñ ýasan zatlaryny göreniñde göwnüñ göterilýär. Olar aýratynja goýlupdyr. Ik, ykmaç, demir galam, demir susak, gapy, penjire, şkaf üçin ýasan petlesini synladygyñça synlasyñ gelýär. Ata kesbiniñ dowam etjegine ynanýarsyñ. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |