08:59

Arazaly şahyryñ goşgulary

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 523 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tatar Üýşmekow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Jeksparro  
405
Geçen saparky teswirimde XX asyryñ şahyrydyr diyip eden pikirim dogry bolup çykdy!:) happy

1
2 Hаwеrаn  
245
@Bagabat agza Arazaly şahyryñ goşgularyna ýazan teswirinde: "Aslynda, türkmen halky gaty şahyrana halk. Her obada diýen ýaly ençeme şahyr bar. Olaryň köpüsem okap-okap şahyr bolýanlar däl-de, "sözüň tagamyny" tebigy duýup bilýän şahyrlar.
Köpüsi bilinmänem galýar."
http://www.kitapcy.ga/news/aglaryn_gosgular/2020-04-02-11105
diýeninde gaty mamla. Hatda bärden gaýdýar. Makaladan käbir jümlelere ünsüñizi çekip, pikirimi düşündirmäge synanşaýyn:
"Arazaly şahyr çynar ýaly, gerdenleri kebezläp duran, gapak döşli, örän görmegeý adamdy. Egninde köplenç, salyr gyrmyzy donly, başynda belli buhary telpegi bolardy". Görýäñizmi, bolşewikler halkymyzyñ nirede göze gelüwli, nirede halkyñ ar-namysyny goramak ü.n orta çykybiljek mert-merdana, edenli ýigitlerimiziñ ýoguna ýanypdyrlar. Bu hemişe şeýle bolup geldi... Ýeri, onsoñ bu görgüli günde doglan halkyñ haçan ezenegi galsyn diýsene...
"Kimdir biri özüne ýa-da birine goşgy goşdurmak islese, duran ýerinde goşgy goşardy. Hat-sowady ýokdy." Bu setirlerem Serdar aganyñ ýokarky mysal getirilen teswirindäki "...okap-okap şahyr bolýanlar däl-de, "sözüň tagamyny" tebigy duýup bilýän şahyrlarymyzyñ" kändigine yşarat edýär. Mundanam ötri bu zatlar şeýle tebigy zehinli şahyrlarymyzyñ dilewarlygyna, suhangöýlügine, halky öz agzyna añkardyp bilýän tebigy zehiniñ bardygyna güwä geçýär... (Elbetde, beýle adamlaryñ barlygy sowet häkimiýetine "howply" görnüp biler...)
Zanny şahyrana halkymyz bolsa şeýle adamlaryñ gadryny bilipdir. Muña makaladaky: "...baýyñ gyzy Taganbibi başdaşyndan ir galýar. Olaryñ obasyna Arazaly şahyr barýar. Ýaş gelin şahyra ýüzlenip: "Şahyr duran ýeriñde maña goşgy goşsañ, bir halykly, howutly erkek bereýin" diýýär. Şahyr gelniñ islegini ýerine ýetirip, "Han Taganbibi" diýen namasyny bagyş edýär." diýen ýerini görkezmek bolar. Makalanyñ awtory-da "Şeýle hasratly ýyllarda-da ýaş ýetginjeklerdir garrylar Arazaly şahyryñ goşgularyny ogryn-dogryn ýatdan aýdardylar" ýa-da "Onuñ jülgelerindäki Kesearkaçdaky obalara giñden ýaýran şygyrlaryny häzir-bu güne çenli ýatdan aýdyp bilýän adamlar gyt däl" ýa bolmasa "Ýüzüniñ ugruna aýdýan goşgularyny üç-dört gezek eşitsek besdir. Dessine ýat tutardyk" diýen sözleri bilen halkymyzyñ çeper söze nähili sarpa goýandygyny gözümiziñ öñüne serýär. Men-ä häzirki döwrüñ şahyrlarynyñam märeke güýmäp, halykly, howutly erkek almaga mynasyp ýeke goşgy aýdyp biljegi bardyr öýdemok. Dogrusy, çärelerde goşgy okalyp çykyş edilse, halk olary diñlemekden ellibizar ýüzlerini kese-kese sowýarlar. Halk şahyryndan bizar, şahyr halkynyñ derdinden... Meseläniñ ýene bir tarapy: häzir biziñ ne baýlarymyzda, ne baý gyzlarymyzda çeper söz ü.n halykly, howutly düýesinden geçjek ýok. Aslynda bolsa biziñ iýmäge çöregi gaýgy pakyr-pukaralarymyz ýeke düýesinden geçip kitap alýardy ahyryn...
Arazaly diñe bir talantly şahyram däl. Ol köpugurly adam - ökde seýis, bagşy: "Onuñ owadan, ýyndam gyr aty toý dabaralarynda geçirilýän çapgylarda öñüne at geçirmändir." ýa-da "Goşgularyny öz ukyby, talanty boýunça heñe sylyp, aýdym edip aýdypdyr. Oña käte bagşy-da diýer ekenler."
Dogrusyny aýtsak, biz özümizi tanamzok, hatda ýazyjy-şahyrlarymyzam öz içinden çykan halkyny tananok. Hiç bir daşary ýurt ýazyjysynyñ eserinde, hiç bir daşary ýurt kinofilminde döredilen gahrymanlar biziñ şular ýaly köptaraplaýyn zehinli şahsyýetlerimizden kemdir welin, artykmaç däldir. Näme üçin biz özümizi tanamakdan geçen, şeýle şahsyýetlerimizi dünýä derejesinde tanadyp bilemzokkak?...

0
3 Bagabat  
43
Ömrem görmändir, bende. Bary-ýogy 25 ýaş. Soňky ýyllar şol döwürler barada bir düýpliräk bir zat ýazmaly diýip pikirlenip ýörün. Öz ýanymdan Hydyr aganyň (Hydyr Derýaýewiň) ykbalyny, onuň özüni, şol ýazmak isleýän zadymyň şekilleriniň birine prototip hökmünde almalymy nämemi diýýärdim. Bu Arazaly şahyr bende-de, şol döwürde adamlary döweleýän çarhyň pidasy bolupdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]