10:58 Sözüñ täsiri | |
SÖZÜŃ TÄSIRI
Pedagogika we edep-terbiýe
Ynsanlaryñ akyl taryndan syzyp gaýdýan sözüñ belli bahasy bolmaýar. Adamlary saýgarmak üçin olaryñ gürrüñlerini pikir terezisine salyp, saldarlap görseñ, agramyny añlasa bolýar. Bolgusyz warsakylar, tagamsyz sözler ýürege düşer, keýpiñi bozar. Ýaşulular "Sözüñi bilip gepleseñ, ýüzüñ nury dökülmez" diýipdirler. Sözüñ adama ýetirýän täsirini dil bilen düşündirer ýaly däl, onuñ añyrsy-bärsi ýok. Bir agyz söz adamyñ göwnüni arşa çykaryp-da bilýär, tersine, ruhuny ýedi gat ýeriñ astyna-da salyp bilýär. Muny pederlerimiziñ "Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez" diýip aýdan sözleri güwä bolup biler. Ýaradan Biribar adamlara biri-birine gabat gelmeýän gylyk-häsiýet berýär. "Hudaý beren gylyk, Hudaý alanda galar". Elbetde, bu nakyl öz döwrüne gabat gelende aýdylan bopsa gerek. Dereje görmedik, ýüregi gara, niýeti bozuk adamlary düzedip, türkmeniñ ýoluna atarmak añsat düşmeýär. Şeýle-de bolsa, ene-atalar, mekdep mugallymlary çagalara görüm-görelde, edep-ekram bermäge borçly bolýar. Edep bermeklik bergi hasaplanýar. Çagany diñe süýji söz bilen terbiýelemeli, ondan, gerek bolanda, talap hem etmeli. Gybat etmek, gep gezdirmek, birini başga biriniñ üstüne öjükdirmek dünýäde iñ ýaman görülýän gylyk-häsiýetleriñ biridir. Ýalan sözler bilen birek-biregiñ ýüregi çişirilýär, dostlaryñ, goñşularyñ arasy bozulýar, söwdalar gaýtarylýar, ýañy ugrugyp ugran gudaçylyk gürrüñleri ýatyrylýar. Çyna berimsiz ýeke ýalan sözüñ öý ýykyp bilýändigi öñden bäri aýan zat. Gepi şer tarapa-da gönükdirmek mümkin, haýyr tarapa-da. Şonuñ üçinem köneler: "Gep bir çig deridir, nirä çekseñ, şoña gider" diýipdirler. Sözi şer tarapa gönükdirmek günä, haýyr tarapa çekmek sogap hasaplanýar. Akylly-başly, sypaýyçylykly hereket edilip, ýerlikli, many-mazmunly, tagamly sözler bilen gan geçilmegi gazanylan halatlary hem bolupdyr geçmişde. Birine gürrüñ bermekçi ýa-da söz aýtmakçy bolsañ, sözüñi saýgarmaly, oýlanmaly, göwnüñe makul bolsa, soñ aýtsañ-da, giç bolmaz. "Dil-bela, diş gala" diýen nakyl ýöne ýerden dörän däldir. Sözüñi saýgarman geplemegiñ ýalñyşlygyñ üstünden eltjekdigi gümansyzdyr. Şonuñ üçinem, "Başa bela iki barmak dilden geler" diýipdirler köneler. Ýalan söz adamy atdan-abraýdan mahrum edýär. Öñler obalarda bir-ýarym ýalançy bar bolsa, ol hem il içinde bellidi. Onuñ boýnuna ýalançynyñ ýarlygy dakylan ýalydyr. "Pylanynyñ sözi bolsa, goýsana şony" ýa-da "Ol-a eneden dogma ýalançydyr" diýerdiler. Ýalançy ene-atanyñ abraýyna şikes ýetirerdi. Ýalan sözläp, ulyny-kiçini aldaýanlaryñ sözüni suw gysymlana deñärdiler. Şu babatda "Ýalançy - ýarymaz, ogry - baýamaz" diýen nakyl hakykatdyr. Il arasy ogrusyz bolmaýar, ýöne olaram hil-hildir. Ynsaply ogrular ýaşulularyñ töwellasyny alyp, pälini düzeldýärler. "Töwellany almadyk - baýnamaz" diýen sözüñ manysyna düşünýärler. Ynsapsyz, süññi harama ýugrulan, iki dünýäsini berbat eden ogrular welin töwellany almaýarlar. Şeýle ogrularyñ päli azýar, başyna bela inýär. Ynsapsyz ogrularyñ ogul-gyzlary, agtyk-çowluklary irde-giçde görgi baryny görýärler. Zannyýaman ogry neslini zaýalaýar. Ynsapsyz ogrulary ata-babalarymyz ýazgarypdyrlar. Şondan soñ obadan çykaryp kowupdyrlar. Il arasynda asylly häsiýetleri ündemekde mollalar hem köp işleri bitiripdirler. Emma molla bar, molla bar. Olaryñ sowatlysy-da bar, çala sowatlysy-da. Sowatsyz mollalaryñ käbirleri göwnüýetmezçilik, äsgermezlik, özüni ýokarda goýmak ýaly ýaramaz gylyklary özlerine ýaran edinýärler. Şeýle gylyk-häsiýete nadanlyk diýseñ-de gelişmän durmaz. Olar bahyllyk, göriplik, ikiýüzlilik, şermendelik, iñ ýaman gylyk bolan ogrulyk barasynda kelam agyz söz gozgamaýarlar. Bar bilýän zatlary namaz okap, oraza tutmaýan bendeleri ýazgarmak, hatda "olaryñ toý-tomaşasyna, sadakasyna barmak uly günä" diýip, ýas düşeginde-de bogazyna agram salyp gürleýärler. Şu makalanyñ başyny çatmaklykda maksadym, arzuwym adamzat nesliniñ birek-birek bilen hoş söz bilen düşünişmegi, dost bilen doganyñ arasynda diñe ylalaşygyñ, agzybirligiñ, rahatlygyñ höküm sürmegi. Ýakymly sözler adamlaryñ ruhuny göterýär, keýpini çag edýär, durmuşa, ýaşaýşa bolan höwesiñi artdyrýar. Ýürekden syzýan süýji sözler diñe bir ynsana däl, haýwana-da täsir edýär. Käbir goýun-geçiler owlak-guzularyny almaýarlar. Bu - çopan howlugyp, enesine owlak-guzusyny ýatlatmasa ýa-da agylyny üýtgetse, şeýle bolýar. Şonda "Tüweý goýnum, tüweý, tüweý" ýa-da "Jär geçim, jär-jär" diýip, höre-köşe edeniñde, goýundyr geçi owlak-guzusyny alýar. Düýe sagýan zenanlar "Hörele düýäm, hörele" diýip söýse, düýe gerinip, ak süýdüni eçilýär. Beýleki haýwanlar-da süýji sözüñ täsirini añlaýarlar. Gaplaña gabat geleniñde: "Atañ ýagşy ataşir, eneñ ýagşy eneşir" diýip, söýseñ, gaplañ zyýan bermän, öz ugruna sowulyp gidýär. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |