00:58 Atbaýrak: Ýylky çopan | |
ATBAÝRAK
Romanlar
• ÝYLKY ÇOPAN - Baý, şu gün-ä ýumşak bulut asmanyň ýüzüni tutupdyr. Görýäňmi? Olaň üstüni örtüp durşuny. Asmanda ýekeje tegmil-de görnenok. - Hawa, Ahun! Rejes-ä ýaman däl. Gurbanyň gitdigim, gadagansyz ýagyn beras-a, ýazyna çykýan otlaň wagtydyr. - Ýagsa ýagşyn. Soňuny-da berewersin! Yzyna-da ýumşaklyga salsa, şonda otluk bolýad-a. - Ýaradanyň özi gowusyny bilýändir. Malgaraň yrsgalyna bolrak ýagawersin-dä. - Hudaý diýene Hudaý mydama berýändir, baý. Älem-jahanyň ýüzündäki janly-jandarlara bol yrsgal berip saklamasa, başga hiç zat saklap bilmez-ä. Eli mis kündükli, egnalma donly, özara gepleşip barýan pyýadalaryň biri Ýolbars baýyň ýalňyz ogly Gaplaň baýdy. Beýlekisi onuň ahunlyk derejesine ýetiren, öýerip öýli işikli eden garyndaşy Magtym ahundy. Ikisem orta ýaşandy. Käwagt olaryň degişmeleri-de bardy. Erte namazy. Ahunyň labyzly owazy öýde oyuranlara zaryn aýdym ýaly eşidilýärdi. Çaý-suw içildi. Esli wagt oturyldy. Ownuklap ýagýan ýagyş tutaşdy. Serpik ýapylyp, gapydul açylansoň, tüsse şatärime ýetip bilmän, gapydan, duldan zogdurylýardy. - Baý, ''Nowruz beren ýerde ýazla, ülker beren ýerde ýaýla'' diýipdirler. Nowruz-a ýumşaklyk bile başlady. Öz-ä kemsiz ýagarly görünýär. - Belkem, berdiginden bolsun-da. - Hawa, baý, berdiginden bolsun-da. Ahun turmakçy boldy. - Aý pirim, otursan-aýt! Nirä turjak bolýaň! ''Ýagynly gün ýat, ýelli gün ýort''. Gyşar-da-a-a ýat-da! - Turaýyn, men-de garamçama baraýyn-a. - Otursan-aýt, ahun! Ýeňňem haçan barsaň-da tapylar-daýt. - Hawa-da, baý! Oň gaçyp gitjek ýeri ýokla. Turarça çenek-de bold-a. Ýagyş barha güýjedi, Diňer ýerde diňmedi. Ýumşak bulut nuruny elekden geçirýän ýaly, bir syhly sepeleýärdi. Iňrik garaldy. Ýassy wagty boldy. Baý öz ýanyndan göwün ýüwürtdi: ''Ýüzüni garaňka tutdy bu ýagyn. Ertire çenli ýags-a...'' Gaplaň baýyň dört süri goýny, bir süri düýesi, içi höwür atly otuza golaý gylýaly, esli gaznasy-da bardy. Ýerine girenden gylýaly köpelip, belli bedewler ýetişdirip, çar tarapa satmaga hyýallandy. Obanyň ýigitlerini ýekän-ýekän göz öňünden geçirip, Baýramy ýylky çopan tutmagy ýüregine düwdi. Ertesi ony çagyryp matlabyny aýtdy. - Baýram han, men seni gylýal çopan etmek hyýalym bar. Özüňi, maşgalaňy hiç zada zar etmen. Oň paýdan-da birini hak bereýin. Hakyny az görseň, çekinme-de aýd-a. ''Çopanyň haky, Taňryň oky''. Maňa-da o dünýede sogap gerek. - Bolýar, baý aga! Taňry ýalkasyn! Berjek hakyň kemi ýok. Men ýüz-de - müň razy. - Onda näme, etmeli işlere gulak as! Höwür at-a ahal-teke tohumdandyr. Günde iým bermeli bolar. At torba iým guýup, golaýyna baryp silkeleseň, özüňe-de basym öwrenişer. - Bolýar, baý aga! Aýdyşyň ýaly ýerbe-ýer ederin. Atdan, gylýallardan arkaýyn bol-a. - Gylýan sürüsini çal dagyň arkajyndaky Tamla geçirmeli. Oň çeşmesiniň suwy Bamyňky ýaly süýjüdir. Sawykdyr. Ata-babamyzyň ''Arkaçda Bamyň, güneýde Tamlyň'' diýmesi ýöne ýerden däldir. Bir-de, ol dagyň çeşmesiniň hemmesi sülüklidir. Köpräk ýandak ýyg-da, ökderäk depeläp, gözbaşa mäkäm tyk. Üstüne uly-uly daş goýsaň, şonda sülük ýandakdan geçmez. - Bolýa, baý aga! Aýdyşyň ýaly ýerbe-ýer ederin. - Ýogsa-da Baýram! Bilip bolmaz, gylýallaň sülükläni bolasa, suwly kündüge iki gap temmäki guý-da, gaýnat, soň suwuny süz-de agzyndan guýagyn. Gylýalyň dilini tutup çekseň, guýmasy aňsat bolar. Arkaýyn bol-a, baý aga! Sürini horlaman-da, sülükletmende. - Onda näme, Baýram, diňe egin-eşigiňi getir-ä. Galan hemme zadyňy kiçi ýeňňeň taýynlar. Baýram öýüne bardy. - Bike, men baýa gylýal çopan bolmaly boldum. - Taýagyň düşsün, Baýram! Gawy edipsiň. Sen daşardan, men içerden işlesem, çaga-çugalary hor etmeris. Oňşugy dolarys. Baýram ýabynyň sargysyna horjuny daňyp, ugramakçy boldy. - Sag-aman oturyň, baý aga! - Aman-sag gez! Baýram gaýrat et! Aty gylýallary diňe saňa ynanandyryn. Baýram gylýal sürüni Tamla eltdi. Baýyň tabşyrygyny kemsiz ýerine ýetirdi. Özüne öý ýaly küme edindi. Aý aýlandy, ýyl geçdi. Gylýallaryň hemmesi sag-aman gulanlap, sabady. Igdiş baýtal agzy - burny gyzyl kakyp duran dor taý gulanlady. Ol sähelçe ulalanda, kelek lk ýek arpagandan doýup ýatan enesiniň üstünden eýläk-beýläk böküp geçýärdi. Muňa Baýram geň galýardy. ''Allaň gudraty bile herhili taý doguberýän eken-ow. Özi suwulgan ýaly bolsa-da ýokary böküşi, towşanyň böküşine meňzeýär-aý. Ýa-da baý Hydyr dagy göradymyka? Ahunyň çaklamasy dogry bolsa, Hydyr gören bolmaly''. Baýram taý Naragyz diýip at dakdy. ''Kim bilýä, garasyny kiçijik görüp, baý haka berse beribermeli''. Naragyz haka berilse, onuň janynda arman galjak däldi. Ol al sakar, dört aýagy sekil taýa Laçyn diýip at goýdy. Ýagyş suwundan nemi ýeten mes toprakly dereler, depeler ýaşyl dona bürendi. Tebigatyň gözel görki Baýramyň göwnüne ganat bekledýärdi: Seýil edeliň bu jahana, Jahanda näler görüner - Isgender, Jemşit saldyran Beýik binalar görüner. Çaglan, ýalan dünýe çaglan! Ne gülen galar ne aglan... Gar ýagmyrlap, burçy baglan, Kemerli daglar görüner. Tamlyny mekan edinen gylýallar bu ýerde özlerini jennetiň jaýyndakydan kem duýanokdylar. Töwerege satylanlary ýitirilse, göni şu ýere gelip, alyp gidibermelidi. Gaplaň baý çopanlaryň hakyny bermeli bolanda mydama özi ýörite gelip, eýe ederdi. Ilki gylýal sürüsine geldi. Taýlary ýekän-ýekän synlady. Haka berjek taýlaryny belleşdirdi. Amanlyk-saglyk alşandan soň, çaý içildi. Baý öz hoşallygyny bildirdi: - Baýram, tüweleme, gylýallaň-a oňupdyr. Taýdan-da armansyz boý alypdyr. - Başardygymdan gulluk etdim, baý aga! - Senden eden tamam çykdy. Nesip edenden hak taýlana-da eýe bolarsyň. Gylýallaň hak-a üç taýa ýetenok, onda-da saňa üçüsini bereýin. Haýsyny halasaň özüň tutuber. Ýok, baý aga! Ak göwnüň bilen bereniň maňa bolar. Baý Baýrama berjek taýlaryny görkezdi. Görkezen taýlarynyň içinde Naragyzda bardy. Baýramyň ýüzüne şatlyk alamaty çaýyldy. Ýöne begenjini içinde saklady: - Bolýa, baý aga! Şu günden başlap ölüm-ýitimini senden aýyrýan. Baý Baýram bilen hoşlaşyp, goýun çopanlaryň obasyna ugrady. Dört süri goýny dört dogan bakýardy. Baýyň myhman ýeri doganlaryň ulusy Merediň öýüdi. Baý atdan düşdi. Meret aga amanlyk-saglyk soraşyp, at tutdy. - Baý aga, sen öýe baryber. Men goýuny sagdyraýyn. Altyn gelip çaý gaýnadar. Altyn eli iki bedre süýtli öýe girip baýa salam berdi. - Saglykmydyr? Sag-aman otyňyzmy? Armaweri! - Baý bol, baý aga! Altyn ojagyň törüne keçe düşedi. Ýassyk oklary. Baý keçä geçip gyşardy: ''At, aýal adamyň maňlaýyna görä bolýa-da. Altynlylaýymlygy-da bir heleýe degjek''. Gaplaň baý ýöne ýere dört doganyň ulusynyň öýüne düşmeýärdi. Meret ýuwaş, sada, ýeke sözli, biçak ynamdardy. Inileri ony ata ornunda sylaýardy. Gepinden çykmaýardylar. Baý dowar hakyny gepleşende-de, olara eýe etmeli bolanda-da, Meret aga bilen oňuşsa bolanydy. Beýlekileriň hakyny-da şonuňka görä bererdi. Goýun sagyldy. Sykman, sargan çakyldy. Süýt bişirildi. Meret aga gyrkylmadyk erkeji söwüş soýdy. Çaý içildi. Nahar sowuldy. Baý dowar, guzy hasabyny aldy. - Meret! Öňki gepleşişimiz, her sürüden satyljak iki ýüzmaň haka girmeli däldir. - Hawa baý! Maňlar haka girmez. - Size berlen azyk dülükleriň, aý-şekeriň, mata-marlygyň bahasyny, tolkuny bazar bahasyndan pula öwrüp tutýan. Haka düşýän ýaz işekleň ujundan her haýsyňyzdan üçüsini alyp galjak. - Baý, özüň hasaplap görensiň-dä, - Hawa, hawa, hasapladym. Öz bilşiň ýaly, gyş hakyna 40 goýundan bir tokly düşýä. Her haýsyňyza haka giden dört ýüz goýundan 10 tokly düşýär. Men şu çaka çenli gyşyň arryk toklusyny däl-de, ýaz işegini berýän. Oň üçin her haýsyňyz ýedi işekden eýe boldan, garamatyny menden sowuň. -Aý, bolýa-da baý! Ýöne sekgiz işekden berasaň-a gowy boljakdy. - Haý, Meret! Baý biziň hakymyzy iýýändir-ä diýip pikir etmäň! Gyşky arryk toklyny bazaryň semiz toklusynyň bahasyndan hasapladym. Ondan soň siziň hakyňyz gitmez. Bir-de pikir edip gör! Şu gözýetimde menden gowy hak berip, çopanyna seredýän ýokdur. - Biz razy, baý! - Gyrkymçylar aýyň onuna gelerler. Her süri üçin gyrkymçylara bir erkeç soýarsyň. Şundan soň baý ugramak bilen boldy. Çary saklanyp bilmedi: - Meret aga! Baý näme diýse ylalaşyp oturyň-aýt. Hakymyzy dogry soraýyn-da diýenok. Biziň-ä hakymyz köp gidýändir. - Nesip etsin, Çary! Alyp doýma barm-aý. - Alma bar, alma bar, hasaplap gör. Her sürüden maňlar üçin bäş işekden gidýär. Bir-ä gyş hakyndan gidýäni. Ýaz hakyndan, her on bäş ýüňden birini bermeli. O bolsa 40 daňy ýüňe derek 20 daňyň berdi. - Çary, şu gotur baý öýden gaýtmaka hesip edip gaýdýandyr. Şondan artyk berjek bolsa, hökman sürülere eýe bolar. Başga ýerden bakmaga mal gözläberiň diýjegi hak. Ýüňüň deregine-de, näme, goýnuň süýdüni sagyp peýdalanýaňyz. Şoň üçin ýüňüň ýarsyny alyň diýjegide belli. - O nähili süýtden peýdalanýas? Diňe ýogurt diýmeseň, galan süýdi sargan, sykman edilip iberilýä. Başga oňa näme gerekmiş? - Wah, Çary! Beýleki baýla-da şeýle-dä, bu päli gidenleň päli gitd-ä. Ondan soňam, munuň malyny bersek, başga ýerden bakmaga mal tapylmazam. Mal bakjak diýip gezip ýören garyplaň hetdi ýa, hasaby ýok. Şoň üçin-dä bu deýýuslaň hak iýýäni. Oňa görä oňuşmaly-da. Bizde başga alaç ýok-da. Gyrkymçylar kerwen gurap geldi. Ertesi daňdan Meret aganyň bakýan sürüsi gyrkyma getirildi. Belli alty gyrkymçy billerini berk guşap, synlaryny guşaga gyzdyryp, süriniň çetinden girdi. Gyrkym barha gyzyşýardy. Bäsleşikde ozanyň öňünde kellebaşaýak goýulýardy. Gurban gyrkymçy süýem barmagy bilen maňlaý derini bir eýläk, bir beýläk sylýardy. - Getir! Güýç! Çöz! Art aýagyny tut!... diýen sesi häli-şindi eşidip oturan Meret aga gözastyndan Gurbany synlaýardy. Gyrkylygyň üstünde towusýan ýüňe haýran galýardy. Gurbana guwanýardy. - Tüweleme-tüweleme! Ýaman gözden saklasyn! Müň kişiniň tüýküligi! Gün älemi ikä bölende nahara çykyldy. Bal ýaly batyrmanyň kemi goýulman iýildi. Dem-dynç alyndy. Ýene ''Bol-ha-bol'' başlandy. Gün etege sallananda süri sabady. Düwülen ýüňler aýry-aýry sanaldy. Diňe Gurbanyň düwünçekleri ýüzi bärde goýdy. Nahar çekilende, adygan gyrkymçynyň öňünde kellebaşaýak goýuldy. Çaý başynyň gürrüňi gyzyşdy: - Tüweleme, Gurban, aýdyşlary ýaly bar ekeniň. Güýlüp ýetişseň, gyrkyp ýetişiňd-aýt. - Meret aga, şu Gaplaň ba-ýa halap duramokdym. Ýörite adam iberensoň gyrkyma gaýdyberdim. Çary bilen-de synanyşmak hyýalym bardy. Öz-ä çalak - çulak gymyldasaň, hezil berjek däl-aý. - Sen Çarydan çaslyrak. Şu ýaşyma ýaz gyrkymda ýüzden geçireni görmändim. Güýz gyrkymda ýüze ýetirýän bar. Gyrkym gutardy. Her süri sabanda-da Gurbanyň öňi kellebaşaýaksyz galmaly. Gyrkymçylar agşamara ganar-ganar ýüňleri baýyň gapysyna düşürdiler. Erte namazdan soň, Ahun aedynjyrap baýyň öýüne girdi. - Salawmaleýkim, baý! - Wealeýkimessalam, aman-sag ördüňizmi, ahun. - Şükür ýagşy. Ahun törde ornaşdy. Ganarlary gazna saýyp oturan baýyň keýpi kökdi. Ahuna degesi-de gelmän duranokdy. - Baý, seň şu Dursunyňa işden-pişden ýadamasy-ýaltanmasy ýog-aý. Hemme iş eliniň ujunda. Allatagala bendesini ýalkajak bolsa, maňlaýyna gowy gelin bilen gowy at ýazýa-da. - Ahuny, ýadamaz-ýaltanmaz ýaly edilýä-le. - Dogrusyny aýtsam, baý, şeýle naçary nusga üçin saklasaňda boljak - diýip, Dursuna ýylgyryp seretdi. Baýa geregi-de şoldy. - Bä, Ahunym, baý Dursun-a seredýäň-aý. Göwnüň gidýän däldir-dä. - Aý, köpeý ogly, daň säher şir perileň, dört çaryýarlaň, pygamberleň gezýän çagy beýle sözleri agzyňa almaga nähili diliň bardy?! - Näbileýin, ahun, özüň-ä şerigatda ynsanyň iki gezek seretmäge haky bar, ilk-ä daşdan gelýärkä erkekmi, aýalmy, soň-da tanşyňmy, dälmi diýýäň? Sen-ä şu wagtyň özünde Dursunyň ýüzüne birentek gözzediň. - Baý, warsakyny goýsan-aýt! Ýaradanyň beren gözi bilen kime seredeýin diýsem hakym bar-a. - Hawa-da, ahun! Köneleriň: ''Mollaň edenini etme, diýenini et'' diýenleri-dä. Dursuny näçe gözzeseň gözzäber. Sen talhan-a. - Degişmedigin-ä düşünýän weli. Çolarak ýerde degişmeli-dä. Şeýdip ''Gözi ýoguň ýüzi ýek'' etmeli däl-ä Ahuny oýnamak üçin Kurany oýnamak, Kurany oýnamak Hudaýy oýnamag-a. ''Dil bela, diş gala''. Haçan-da bolsa, diliňden bela galarsyň, baý. - Sen bilen beter öwrenişipdirin. Käte-käte degişmesem, bir zadym kem ýaly bolup dur. Indi aýdanyňy ýadymdan çykarmaryn. - Ahunym, sopyny çagyr-da üç ganar ýüňi gapyňa togalat. ''Akja baýlyk bir aýlykdyr''. Sykman, sargan, gurtdan-da Dursun öýüňe elter. - Hüşür-zekadyň dört ganar-a bolmaly. Ondan kemseň-ä gowy bolmaz. Zekatsyz mallarda mekruwdyr. Päliňi üýtgetme-de, öňkiň ýalyjak bolubergin, baý. - Bolýa, ahunym, bolýa dördüsini gapyňa eltdir-ä. Ahun daş çykyp: - Sopy-y, aý sopy, basymrak bärik gel! diýip gygyrdy. - Bolýa, pirim, derrew bardym. - Sopy, şo ýüňden dört ganary öýe elt! - Lepbeý, pirim, derrew elteýin. Ýüňli ganarlar ahuna eltildi. Ahun öýüne bardy. - Keýwany, Keýki hanyna aýt, zenanlary ýetirsin, ýüňleri ýuwduryp serdirsin. Soňra öz bilşiň ýaly edibergin. Baý bilen ahunyň gapysyna kümä üýşen zenanlar, gelin-gyzlar suw getirdiler. Ýüň ýuwdular, serdiler. On-on bäş günläp daradylar. Endige görä, baýyň başdaşy Bagty halylyk, palaslyk ýüň paýlady. Paýlanan ýüňler egrildi. Boýaldy. Ýüwürdildi. Güpürdeşýän darak seslerine günuzyn dynma ýokdy. Tomsuň hysyrdyly jöwzaly günleri kerwen gurap geçdi. Yyllap gulpakly güýz golaýlady. Gaplaň baý, Sapa seýis, ýene-de iki adam gylýal sürüsinden taý tutmaga ugradylar. Ýylky çopanynyň kümesiniň gapdalynda ýük ýazdyrdylar. Deräniň eteginden gelen gylýal sürüsi aýmançadaky suwa eňek basyp suwlandy. Küpürsik ýerde bir eýlä, bir beýlä agdarylyp agnadylar. Enelerini emip duran taýlary baý içgin synlaýardy. Olary ýeke-ýeke yzarlaýan göreç Naragyzda saklandy. Hak berende ýalňyşandygyna kellesini ýaýkap ökündi. Baýram geldi, salamlaşdy. Saglyk - amanlyk soraşyldy. - Baýram han, senden eden tamam çykdy. Meni begendirýän zat taýlaň ösüşi. Enesine gowy gulluk edilmese, taýlar beýle boý almaz. - Janyňy gaýgyrman işleseň, bitmejek iş bamy, baý aga! - Çeken zähmetiň görnüp dur. Men-de saňa, maşgalaňa harjyňy gaýgyran däldirin. - Ýaşyň uzyn bolsun, baý aga! - Baýram diýýän-ä, Naragyz-a kemsiz boý alypdyr. - Boý alsa alandyr, baý aga, Enesi süýtli bolansoň, boý alýa-da. Taýlaň-da tutulmaly wagty boldy. Şoň üçin adamlary alyp gaýtdym. Gaplaň baý küýüni üýtgetdi. Naragyzyň jeren sypatly at boljagy kellesine gelmändi. Ol öz ýanyndan pikir öwürdi: ''Nätsemkäm? Zorluk edip alsam-a abraýyma zeper ýetjek. Söwdany yzyna gaýtarmak-da baryp ýatan gurrumsaklyk. Näme-de bolsa öwinçä agzyny bir ysgap göreýin''. Baý belli netijä geldi: ''Her zat etmeli, Naragyzy almaly''. Ýöne Baýrama dişi batmajagyny bilýärdi. Ol Şir sypatly ýigitleriň hilindendi. - Baýram beg, sen bilen-ä söwda etmeli boljag-ow. ''Haý deýýus, gotur-a tüýsüni üýtgetdow'' diýip, içini geplden Baýram başyny aşak saldy. - Näme, aýagyň başyny gözzäberdiň? - Söwdaň bolsa, aýdyberd-ä, baý! - Aýtsam ýigrimi dört taý bolmaly, laçyndan başga haýsyny alsaň alyber. Naragyzy maňa ber. - Baý aga, gyn görmeseň, Naragyzy dilemesene. O meň guwanjym. Ýürek tarym. Dogrymy aýtsam, şo taýa bolan höwesiniň maňa ganatbekleýän ýaly. Her gezek gözüm düşende ýadawlygym, horlugym uçup gidýär. - Aý, bolýa-da! Bolşuňa dileg bitirjege meňzänok. Näme-de bolsa, gynandyrmaýyn. Onda şo... şo... şo... taýlary eneleri bilen iber. Taýlary tutup, enelerini yzyna getirdiler. - Naragyzy-da ibergin. Obada bakylaram, başda öwrediler. - Baý aga, Naragyzy menden ýekeje gün-de aýyrmasa-na. Laçyn ikisi eýýäm men bilen öwrenişdä! - Haý, Baýram, oglan bolýaň-ow, iber diýildimi, iber-dä. Bardy-geldi alyp galsaň, hut özüm gelip enesi bilen alyp giderin. Çopana diýenimi etdirmesem, Gaplaň adymy aýraryn. Baýyň gazap gatyşykly sözleri Baýramyň gahar taryna kakdy. Adamçy ineriň gözi ýaly aram-aram alardan göreçler baýyň ýüzüne gezeldi. Ýöne gahar ýürege siňdi. Dil dişden aňyrda saklandy. Dodaklar berk ýumuldy. Armandan ýaňa dişler gyjyrdaýardy. - Adam töwekgel bolmasa, at-abraýynyň laýa batdygydyr. Sen töwekgelmikäň diýip, dileg saldym. - Seniň töwekgelligiňi al kakdymy? Iň ejizje taý diýib-ä haka berýäň. Indi-de öwürjek bolýaň. Erkek adamyň sözi iki bolýan däldir. - Baýram, erkek-urkaçy diýip diliňi gulaç ýaly uzatma, habardar bol! Diliň damagyňa dykylaýmasyn. Baý bir ýerde durabilenokdy. Çyrpynyp, bogazyna tegek bolan gahar içini agdar-düňder edýärdi. Şu ýaşyna ýüzüne alarylyp sereden ýokdy. Gahary häzirlikçe böwrüne gysmaly boldy. ''Ha-a-aý, ýalançy-pany dünýe, ykbalymy garyplyga ýazypsyňda, Taňryň beren täleýinden çykyp bolmaýada. Görsene, tilkini-de gaplaň edip ýaradypdyr''. Ol içini gepledip, lampa aşak oturdy. Takat tapjak boldy. Bolmady. Baýyň diliniň duzy ýürege eýýäm ornapdy. Şir ýüregi gursagyna sygman iki-baka urunýardy. Alaç ýokdy. Örümsiz uzyn guýyda ýapyşalga ýokdy. Muňa Baýramyň gözi ýetýärdi. Baý hem iki baka gezmeleýärdi. Pikir tarlary hile heňine çalýardy. Baýram çugutdyryp oturdy. Gollarynyň tirsegi dyzyna diregli, penjesi dulugynda-dy. Kalby gamly aýdyma hiňlenýärdi: '' Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan, Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr''. Arada adam bolmasa, bu ikisi bir-birine habar gatarly däldi. Sapa seýis edil çagyrylan ýaly alňasap gelýärdi. Ol bularyň ikisiniň-de gylygyna beletdi. - Näme, baý aga, araňyza tow düşen ýaly? Beýdip, şeýtanyň ugruna gitmäweriň! Ol-a deri bilen etiň arasyndadyr. Ol dörände adamlaň agzyny alardaýyn diýip döräpdir. Beýtmäň! ''Agzybir-e Taňrybiýr, agzalany gaňrybiýr'' - agzyňyz ala bolsa, Hudaý-da halamaz. - Çopan halyna syrty bilen däl. Şerebesini pürkýär-ä. Kime şerebe pürkmelidigini oň gözüne görkezerdim. Ilden çekinýän-dä. - Ilersi Eýrana, gaýrasy Hywa belli baý bolup, gel-gel, indi çopan bilen deň boljak bolýaňmy? Baýyň giňligi deňiz ýaly bolma-la. - Sapa aga ''Müň ýyl maýa gezýänçäň, bitin bir ýyl ner gezgin''. Baýyň giňligi deňiz ýaly däl-de, merdiň giňligi deňiz ýalydyr. - Görýäňmi, özüni deňze deňeýä, meni gurruk guýa. Öňki Baýram däl-how bi, dili ýalyna dönüpdir. Geplände içiň bagryňy ýakyp barýa. Men arkalylyk edip durun. Başga bir baý bolsa eýýäm depesinde taýak oýnadardy. - Baýramyň-da aýdýany dogry. Mert ýigitler umman ýaly bolýar. Başarsaň hemmäň şeýle bolmaly. Gaharyň zyýandan başga berjek zady bolmaz. Gahar kapyr-a. Baýram, sen-de beýdip durma-da Naragyzy iber-ä! Aý bolýa-da. ''Gün güýçlüňki, gowurga dişliňki'' boldy. Ibermeli bolsa, ibererin. Ýöne Naragyzy elden sypdyrmaryn. - Bolýa how, özüň razylyk bilen bermeseň almarys. Baý atlandy. Galanlary gylýallary gorpbaşa saldylar. Oba äkitmeli taýlaryň eneleri ýuwaş-ýuwaşdan tutuldy. Naragyzda enesiniň ýany bilen towsanaklap gitdi. Taýlar tutuldy. Eneleri çopana getirildi. - Sapa, ine, şu taýlara eýe bol! Bakarsyň, baş öwredersiň. Öýden ýigrim çuwal arpany öýüňe eltdir. Ýorunjaly pellerde seň ygtyýaryňda. - Bolýa, baý, galanyny özüm oňararyn. Sapa seýis taýlary bir gün aç daňdy. Ikinji gün ýorunja berdi. Surnugan janawarlar ýorunjany tars-talaň etdiler. Naragyz bilen Laçyna gopçy salyndy. Olar ürkeýin, gorkaýyn diýmediler. Baýram bulary sypalap - sermeläp ýuwaşadypdy. Dört gün geçdi. Uzyn tanap bilen nogtalap, atoglanlary atardylar. Şol günde başda öwrendiler. Beýleki taýlar azar ýamanyny berdiler. Taýly torba gum guýup, zordan üstüne atdylar. Sapanyň gazabyna çydamadyk taýlar elibe döndi. Her gün suwa ýakylandan soň, taýlaryň suwuna deglip başlandy. Gün-günden pellehana uzaga çekildi. Taýlar oty-iými gysylyp, gaty tutulansoň, gün-günden horlanyp başladylar. Bir gün baý seýis bilen taýlaryň ýanyna bardy. Görse, olaryň ýanbaş süňkleri sommalyşyp, gapyrgalaryny sanabermeli bolupdyr. - Sapa, hem-de şeýdip taýlary horlamak bolarmy? Ýa meň döwletimi gysganýamyň? - Baý aga, ''Molla ber-de diliň çek, ussa ber-de eliňi''. Maňa ynandyňmy? Ynanyşyň ýaly-da belli bedewler etmek meniň bilen. - Haý, seň ussa bolaýşyňy?! Bulaň-a süňküni çykarypsyň. Biz-de ömrümizi at bilen geçirip barýas. Aty beýle horlan wagtymyz-a bolmandy. - Baý aga, könelerden galmadyk gep ýok. ''Taýka kakla, gulanlar sakla''. Näçe çekeleseň, şonça gaty baş bolar. Balyk ýaly bakmakdan peýda ýokdur. - Hany, onda taýlaň aýagyny göreýli-dä. Naragyz, Laçyn, ýene ikisini goşaýly. Pellehana zomçykdy bolsun. - Hany, oglanlar, baýyň aýdan taýlaryna atlanalyň! Pellehana edil zomçykdyň burny. Toýhana-da şu ýerde iki sany baýdagyň arasy. Meň aýdan ýerimde taýlaň başyny deňläp durarsyňyz. Telpegi ýokaryk galdyryp, aşak goýberenimden ''Ýa Sakla'' diýip gaýdarsyňyz. Taýlary turzanyňda bir gezek gamçylap, bir gezegem depiň! Şoňa endik etsin: ''Ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata müň gamçy''. Bir-de toýhanadan boýnatman geçiriň! Bir gezek boýnasa, mydama boýnasy geler. Taýlar tarpa bardy. Ýakalary deňlendi. Telpek ýokary galdyrylyp, birden aşak goýberildi. Taýlaryň öňüne düşen Naragyzyň aýagy ýerden saýlanyp gelýän ýalydy. Dessine toýhanadan geçdi. - Baý aga, şu Naragyz ölmes-ä, älemi baglar. Edil towşanyň turşy ýaly-da. Sen puluň yşgyna düşen adamsyň. Köpräk emläne satyp goýbermäweri. Şeýtseň ýalňyşarsyň. - Naragyz bilen Laçynyň satyljak gümany bolmaz. Gyrdäli ulalyşdy. Nesip etse, Naragyz münüler-de, toýda çapylar-da. Naragyzyň haka berlenini diňe baýyň özi bilen Baýram bilýärdi. Bu gizlin syry indi onuň özi açmaly boldy. - Ahun. Naragyz ilki kiçijikden gelen ejizdi. Munuň beýle gowy taý boljagy asla ýadymda-oýumda ýokdy. Şoň üçin ony çopana hak beripdim. Şu taýlaň aýagyny gördük weli, garlawaç ýaly gaýyp, toýhanadan geçdi. Oň dünýä belli at boljagy ikuçsyz. Indi näme emel tapsaň tapmaly, çopandan taýy alyp bermeli bolarsyň! - Haý, peläket, söwdany gaýtarmak namartlykdyr. Öňem aýdypdym-a. - Ahun. Dursuny bermeli bolsa-da berjek. Naragyzy aljak. - Baý, söwdany sen pozmaly. Men-de şerigatyň kadasyndan çykmaly. Hudaýyň öňünde günäkär bolmaly. Bi aýdýanlaň ýüpe sygar ýaly däl-ä. - Meň aýtjak bolýan zadyma düşünmediň, ahun! Şerigatyň kadasyny poz diýemog-a. Baýram bilen söwdalaşaýly, taýy almaga kömek et diýýän. Bermese, Kurana bagla-da günäkärle. Sapa seýisi-de ýanymyza alyp gideris. Öwüni başlasaň, ol yzyny ýetirer. Sen-de alýan zatlaňy halalla-a, ýata paý bolma. ''Ýatan öküze iým ýok'' diýipdirler. Iş bitirseň, boş çykmajagyňy-da bilip duransyň, onda-da bolar-bolarmaz bahana tapýaň-a. - Baý, öte geçme! Ulama alymy öküze deňemäge nähili diliň barýa. Berseň maldan-başdan zekat berýäň. Heý-de, ak göwnüň bilen beren zadyňy diliňe çolarlarmy? - Bagyşlaweri, pirim! Köneleň gepini geplejek bolup ýalňyşypdyryn. Dilimden sypanyny bilmändirin. ''Dile geldi, bile geldisi'' bolaýdy. - Ýalňyşyňy bilip düzetseň, onuň kän bir günäsi ýok. Ýalňyşyny düzetmeýänden Hudaý saklasyn! - Başyňa döneýin, pirim! Dädem pahyryň seniň zehinliligiňe guwanyp, ahunlyk derejesine ýetireni ýadyma düşdi-de aýdaýydyryn. Keramatly pirim, men ýaly garamaýak bilen deň bolma-da, günämi geçeweri. Ondan soňam biz golaýjak gardaş-a. Iş bitirseň, paýyň başgadyr. Ha, baý, şeý diýsene! Munuň bolar, Göreli bakaly. Kurandan başga-da halal-haramy saýgarmagy öwredýän ''Rownak'' bardyr. Şony bir agtaraýyn. - Şeý diý-dä, pirim! Allatagalaň permanlary eliňd-ä. Bi göz ýeter ýerde seniň ýalňyşyňy çykarjak ýog-a. Ahun öýüne ugrady: ''Ha, näme berjeg-ä belli däl weli, öz-ä bir zat berjeg-ow. Boş çykarmag-a belli boldy. Men-de, näme, ''Rownakda bar, Kuranda ýazylgy'' diýerin-dä''. Baý seýsi çagyrdy. - Sapa, Naragyz-a dünýede belli at boljak. Ony iru-giç ellejegimi bilip, çopana hak berenimi saňa aýtmadym. Indi ony her hili hile etmeli, almaly. Ahun üçimiz gideris. Sen hem arada bize duýdurmadyk bol-a, Baýramy ýanyňa çagyr. Oňa aýdarsyň, gowylyk bilen Naragyzy bera, bolmasa başyňa ýeter diýip, gönüle-de aýd-a. Üsse bermeli bolsa-da gaýtjak däldirin. - Bolýa, baý, Baýrama bolar ýaly gep gyt däl-ä. Sen arkaýyn bolaý, gowşurmaly bolsa, kemini goýasym ýok-la. Baý hile gapanyny gurdy. Üç bolup ýola ugradylar. Çopan goşuna bardylar. Az salymdan soň Baýram-da gara berdi. Gyrdälini beren badyna gelenleriň kimdigini anyklady. ''Gelmän geçenler gelipdirow. Taňry almyşlar Naragyzy alarys diýip gelendirler. Uly iliň ulamasy bolup, nä ýüzüne geldikä. Gotur ony-muny bereýin diýendir. O bolmanda-da şonuň gepinden çykyp biljek gümany barmy diýsene. ''Çopanyň haky, Taňryň oky'' bolsun-da. Amanlyk-saglyk soraşyldy. Çaýdan soň, seýis ogrynça Baýramy daşary çykardy. - Baýram, men-ä şulaň pyglyny gowy göremok. Sürüde galan taýlary gözümden geçireýin. Olaň içinde belli bedew boljagy bolaýmasyn diýip gaýtdym. Maksadym şulaň edýän hyýallaryny eşitdireýin. Seni göreýin diýip geldim. - Ine, görseň men. - Beý diýme, Baýram, bi päli azan gotur adam ganyňa galsa galybermeli. Bolar-bolmaz zatla-da gulagyma ýetiberdi. Puluň etdirmejek işi ýog-a. Galtaman birini tapyp, pylanyň kellesini kak diýse diýibermeli. Bi çöl-beýewanda kimiň kimden habary boljak. Oň üçin Naragyzy ber-de, üsselik urbalyk dowar al-da, başyňy gutar. Hiç zatdan gaýtmany Naragyzy aljagy belli boldy. On-a özümem aňýan. Göwnüm-ä gylýallaňy alsaň al, hak taýlam bilen işiň bolmasyn diýmekçi. - Wah, Baýram, şeý diýeniň bilen açylyşyp gitjek zady barmy o deýýusyň. Soňy bar-a, soňy. Gotury Alla almasa, döw çaljak zady ýok. - Özüm gepleşip göreýin, nähili heň çalýar. Gaplaň baý hile gapanynyň töweregine seýis mentgi oklap ýetişendir diýip çen etdi. - Baýram! Aý, Baýram, bi näme etdigiň boldy. Çaý goýdyň-da gürüm-jürüm boladyň-da. Biý-ä bizden gaçdygyň bolýar. Baýram kümä girdi. - Tüweleme, Baýram, gylýallaň-a balyk ýaly bolupdyr. Baýyň malyna gulluk etseň, o-da sizi hor etmez. - Ahun aga, gylýal bakmak-da aňsat iş däl. Gije-gündiz yzynda selpäp gezmeli bolýar. Bir ondan-bir mundan çykýar. Goýun ýaly togtap ýatjak gümany ýok. ''Ýylky bakdym, ýel bakdymylary-da''. - Baýram, biz-ä dilege gelendiris. - Dilegiň bolsa, aýdyber, ahun aga! - Aýtsam, senden Naragyzy soramakçy. Laçyndan başga halan taýyňy al. Üssüne näme alsaň al, eliň boş. Urbalyk dowar aljakmy, harjylyk gyran aljakmy? Ol öz işiň. Şükür Hudaýa, baýda tapylman-a durjak däl. - Men aljak hakymy aldym. Artyk zadyňyz gerek däl. - Beý diýme, Baýram han, özüňiz ylalaşsaňyz üsse almaga hakyň bardyr. Şoň üçin söwda diýilýändir. Haky ara salma-da, söwda barada oýlan. - Men siz bile söwdam ýok. - Senden tamamyz bolansoň, at münüp, atam gomlap geldik. Belli baýyň, uly iliň ulamasynyň sözüni ýyksaň, Hudaý-da halap durmaz. Hudaýyň halamajak zadyny aýdamag-a. Özüň aýdardyň, birine iş etdirseň, deri sowamaka hakyňy bermelidir diýip. Baý-da aýynyň dolan wagty hakymy berdi. Baý nähili taý berse şonam aldym. Beren hakyňy öwürmek şerigata sygýarmyka? - Baýram, öwürmek barada aýdamok, söwda hakda aýdýan. Ikiňiziň söwdaňyzy gelşirmekçi. - Siz bilen söwda edip biljek däl. Naragyz şatlyk däl. - Baýram, saňa adam diýip dileg salýas. Ine, hakyň diýip başga taý berip, Naragyzy alyp-da bilerin. Taýlar meniňki, haýsyny bereýin diýsem, hakym bardyr. - Baý örän dogry aýdýar. Maly bar, ygtyýary bar. Bilip goýgun. Ahuny sylamasaň, Kurany sylamadygyňdyr. Kurany sylamadyk-da Allany sylamadyk hasap edilýär. Beýle adamlary kaklasaň-da o dünýäde günäsiz bolýandyr. Bi zatlar Kuranyň, Rownagyň ýüzünden görlüp aýdylýandyr. - Baýram bularyň hileli sözlerini pikir eleginden geçirdi. Tutan guşlaryny ütdi. Jogap beresi geleokdy. - Tur, ahun, ugradyk. Sapa, atlary taýynlap, Seň ýüzüňi gözzäp jogabyňy eşitjek bolup oturjak adam indi eneden dogar. Haý, eşek ýüz berseň ýüzün düşýär-ow. Naragyzy almak beýle-de dursun. Haka beren taýyny öwürdi diýip, bir ýerde aýdanyňy aşitsem, şu ýagty jahanda gezmejegiň-ä açykdyr. Baý zemzen haýbatyny atdy. Ajysyny pürkdi. Ýöne ýüreginiň ýeli gowzamady. Daş çykdy. Içerde galan seýis: - Häk, Baýram, aklyňy gaçyrdyň-ow. Naragyzyň ýerine Dorburnagy alaga-da, üssesine dört-bäş urbalyk goýun alasaň boljakdy. Baýyň jomartlygyny bilýäň-ä. Men öňünden duýdurdym-a. Oba ugradylar. Baýram gaharly galdy. Garalary ýitýänçä otlukly nazaryny olaryň yzyndan gezedi. Baýyňam kalbynda harasat bary gopýardy. - Ahun, seýis, gürrüň şu taýda galsyn, hiç ýerde agzyňyzdan gaçyrmaň! Iň bärkisi, heleýleriňiz-de eşitmesin. - Bolýa baý, biz agzymyzyň eýesidiris. Ahunyň sözüni seýis-de tassyklady. Baýram oý-pikirleriň girdabyny boýlady. Ýöne göwün guşuny uçurabilmedi. Agyr oý-hyýallaryň deňzi onuň ukusyny öz demine dartdy. Ýyla dönen ukusyz gijeler ony eýläk-beýläk telim togalady. Nätsin! Gylýal sürini tabşyrsa, çagalary höwürtgedäki torgaý jüýje kimin agyzlaryny asmana açyp nalamazlarmy? Gaýrata, güýje näme berilýär? Hudaý berer diýseňem, zemin bilen asmanyň arasy alys. Oba-oba aýlanyşyp, kärendelik zat tapman ýören gül ýüzli juwanlar, Baýram ýaly mertler az däldi. Ahyry arslan ýürek öz bölümini ýöretdi. Gylýallary toplap, zorly alaşaň öňüne saldy. Oba eltip aýmança dykdy. Öýüne bardy. - Bike, aman-sag otyrmyň, çagalar saglygy gowmy? - Hawa, Baýram, çagalar bilen sag-aman oturandyrys. Özüňde sag-salamat geldiňmi? - Gelmesin-ä geldik, Bike, ýöne... - Ýönäň näme m, Baýram! - Aý, şu goturyň şerebeli gepini ýeke bilmedim. Gylýallaryny tabşyraýyn diýýän... - Näme boldy. Baýram, allanäme bakyp ýördüň-ä. Menem baýyň haly - palasyny dokap, çagalara oňşuk gazanyp ýördüm. Sen hak taýlaňy satyp, urbalyk dowar edineris diýýärdim. Ýuwaş-ýuwaşdan mally-garaly bolardyk-da. Gazanç eder ýaly ýer ýog-a. Oňşugyň-da bir zady bolar-da. Bike! Janym sag bolsa, oňşugy gaýgy etme! Ikimiz daşa baglasalarda oňarys. - Beýtme, Baýram, agzyňa gelen yrsgaly gaçyrmaweri! Çagalaň eklenji üçin goturyň ajysyny-da, süýjüsini-de çekmeli bolarys. - Gaplaň goturyň ajysyndan başga süýjüsi bolmaz. Ajysyny pürke-pürke içime ojar oduny guýup gaýtdy. - Başyňa döneýin, Baýram, gowja etde düşündirsene! Mende janymy barlaýyn-da. - Eşitseň, Bikäm, ýaňyrak baý, ahun, seýis aljak boldular. Men-de çalyşjak däl diýdim. Bir tarapyny zorluga ýanaslary gelýär. ''Öwrüp alanymy agzyňdan gaçyrsaň, menden gowulyk isleme'' diýip zemzen haýbatyny atdy. Ondan gorkup ýagty jahanda ýaşaman. Bikäniň üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Ýüregi sarsdy. Ini dyglady. Üstüne äpet dag abanyp gelýän ýaly demligi daraldy. - Başyna döneýin, Baýram, şo päli azan bilen baş dalaşmasana! O hökman öýümize ot gorsar. Naragyz bolmasa, başga taý bolar-da. - Taýyň taýdan parhy dag bilen deňiz ýaly. Naragyz adymy jahana jar etjek taý. - Ikimiz adymyzyň arşa çykanyna begenmäýli. Gara gözli balajyklarymyzyň oňşugyna, saglygyna begeneýli, Baýram! Bikäni garyplygyň gamy basdy. Hasrat naçar gelniň taýly çyragyndan katra-katra ýaş paýratdy. Ol al ýalaňakdan ýel ýasap, aşak inýärdi. Biçäre naçar ýürekde berç baglan gamyny egismekçidi. Naçaryň diňe goşa didaryna güýji ýetýärdi. . . . Baý ýanyna seýsini çagyrdy. - Sapa, çopanyň ýanyna bar-da habaryny al! Çopançylykdan çykjak bolsa, gelip gylýallaň hasabyny bersin. Üç taýy-da gapysyna daksyn! Naragyzyň ýanyna baras-a içinden gyzgyn gülläň geçjegini ýatlat. - Baý, ýüregiňi eliňe alybermesene! Öňküň ýaly sypaýyçylyga sal-da, pamyk bilen damagyny çal ahyry. - Bar seň diýeniň bolsun. Ýene-de gürleşip gör! Öwinçä pikirini bilip gel! Soňuny soň göreris. Sapa Baýramyň öýüne bardy. Saglyk amanlyk soraşdy. Baýram çala ýylgyrdy. Sapa kä Baýramyň, kä Bikäniň ýüzüne nazar aýlaýardy. Çemini arap gepledi: - Baýram han, gylýallary oba getireniňden hem eýesine berjegiň belli. Ýöne sen baý bilen baş dalaşmaga-da, oňuş. - Şeýtsene, Baýram! Çagalaň ryzky üçin gyn görmede oňuşsana, Baýram! Ganojak baý Naragyzy aljak diýen bolsa, hökman alar. Eýder-beýder, garaz alar. Ýylkysyna-da çopan tapar. Oň ýitiren zady bolmaz. Horlanan biz bolarys, Baýram! Biz... biz... biz... Meni yrazy etjek bolsaň, oňuşsana. Baýram ...m ...m! Gyňajynyň çowy bilen gözýaşyny sylýan gelin hamsygyp gepleýärdi. Baýram ýanýoldaşynyň beýle gözýaş edenini heniz görmändi. Onuň gerçek ýigitlere mahsus diýdirýän ýüreginiň bardygyna hiç şübhelenmeýärdi. Bikäniň wepasy dünýe bilen des-deňdi. ''Baky ýoldaşymyň göz ýaşyny bir taý üçin akdyrmaýyn''. Göwnüň düwüni çözüldi. - Meňki bolmady. Öwürse öwürsin. Soň beýle iş etmesini. Wadada wepaly bolsun. Seýsiň ýüz gözi açyldy. Baýyň ýanynda ummasyz uly iş bitiren ýaly boljagyny bilýärdi. - Haý berekella, Baýram han! Är işini bitirdiň. Öýçülikdir. Zerur işiň bar bolsa, üç-dört gün boluber. Gylýallary özüm öňki ýerine äkiderin, sen barýançaň bakaryn. Sapa baýyň ýanyna barmaga howlukdy. Işikden ätläninden begençli dillendi: - Baý, buşluk! Ahyry goparandyryn. - Berekella, seýis! Senden tamam köpdür. - Men Baýrama üç-dört gün dynç bereýin. Gylýallary özüm alyp gideýin. Bakaýyn. Dursuna azyk-dülük taýýarlat! Gyrdälini ber! - Bolýa, seýis, indi seň eliň boş. Türkmen zenany işjeňlikde, gatybaşlykda, mertlikde, adamsyna wepalylykda älemiň her bir halkyň zenan maşgalasy bilen bäsleşip bilýär. Bike näme üçin birden mertligi elden berdikä? Munuňda özüne beresi sebäbi bardy. Baýram ýylyny ýeke geçirdi. Höwri gylýallardy. Galtamançylyk döwri. Müňläp-müňläp ilatyň arasynda çopançylyk etmek, pil depmek ýaramaýan bihepbelerde bolýar. Daş ýüreklilere ýarag bilen at edinibilse bolany. Olar aňsat eklenç üçin hiç zatdan gaýtmaýarlar: sünçmäge, pyçaklamaga, atmaga taýyn. Adam sypatly wagşylar Eýranda-da, teke, ýomut, gökleňlerde-de bardy. Bu çydamsyz ýagdaý kä ýyllarda çaknyşyga-da eltýärdi. Galtamanlardan garyby-baýy ýok, heder ederdi. Döwür galtamana döndi. Bikäniň jany ýylboýy suw üstündedi. Baýyň haýbaty-da üstüne boldy. Baýram gözünden baky gitjek ýalydy. Şeýle bolmagy-da mümkin. Ine, Bikäni ejizleden şu ýagdaýdy. Indi eşretli durmuşa ymtylyş döredi. Baýramy bagryna basasy gelýärdi. Zenan uýaljaňlygy üstün çykýar. Elini, agzyny baglaýar. Ýogsa näme etmelidigini bilmän duranok. Utanç zenanlaryň ýüzüniň perdesi, päkligi. Ol bu galalary ömrüniň ahyryna çenli böwsüp biljek däl. Dil ýarmaly Baýram. Ol-da garaşdyrýar. Ahyry dillendi: - Bikäm, hiç haçan gözüň nuruny dökmegin. Seň göz ýaşyň, meň ýüregimi suw - sil etdi. Baýramyň bedeni sowuk düşeli bäri suw garasyny görmändi. Suw ýylady. Öý çolardy. Bike ony suwa düşürdi. Ak mytgaldan tikilen, ýakasy jüýje nagyşly, bagjykly, sopy köýnegi eline berdi. Näzik jana täze dünýä aralaşdy. Çaga saçyny syryp ýören Bike adamsynyň kellesini ýumurtga ýaly edip, depesinden üç gezek penjeledi. Bäş üzük barmak ýürek damaryny sypalady. Bu duýduryşdy. Sülgün sypatly näzenin mert ýigidiň saýasynda, Arzuwly dodak alma ýaly al ýaňagyň suwuny sorýardy. Düýnki harasatly gyş güni, bahar paslyna öwrüldi. Baý bir gün: - Dursun, etini köpräk atda batyrma bişir. Baýram şorsurandyr. Ony çagyr-da naharla. Şoruny ýatyrsyn - diýdi.... - Gördüňmi, Baýram, baýyň çopan-çolugy öýüne çagyran sapary ýokdy. Seni çagyrýa. Belkäm, uzagyndan bolsun-da. - Wah, Bikäm, bi çagyrmasy hile gapany. Oň mentgisine ymtylyp bolmaz. Näme-de bolsa, baryp gaýdaýyn. ''Çagyrylan ýere bar, otur-da-turma, çagyrylmadyk ýere barma görünme'' diýipdirler. - Düşegiňi ýumşadaýma. Baýram! - Seň ysyň ýetip duran ýerinde men säginerinmi? Naharynyň duzuny dadyp gaýdaýyn-da. Baýram baýyň öýüne ugrady. Ýürek aýagy agraltýardy. Kä sägindirip, yzyna öwresi-de gelýärdi. Duzuň hormaty bar-da. Içki syryny demir sandykda saklady. - Salaemaleýkim, baý aga! - Wealeýkimessalam! Gel, Baýram! Gel, töre geç! Ilki çaýlaşarysmy? - Çaý işim bitgin, baý aga! - Dursun, nahar bişen bolsa, derrew düşür, Baýram, gaharyma agzymdan bolgusyz gepler gaçyrypdyryn. ''Gahar-kapyr'' diýenide. Soň-a ökündim''. Soňky tüýkülik sakgal ezmezleri'' bolaýdy-da. Gyn görmäweri! Sen eli boş. Gapydaky taýlaryň haýsyny alasyň gelse alyber. Üstesine üç urbalyk goýun bereýin. - Ýok, baý aga, öz beren taýyň bolýa. Üstelik zat alman. Alsam, süýthorluk bolar. - Bolýa, onda Dorburnak seňki bolsun. Alyp gitjek bolup azara-da galma. Seýis bakar-da, bejär-de, seýisläp toýda çapar-da. Sürüdäki iki taýyňy oňarsaň bolar. - Üçüsini-de oňararyn. Mal tapsam saklamagyny gaýgy endemok. - Toýda çapyp göreýli. Bagtyňdan baýrak alsa şo abraýy bilen satyp bereýin. Harjy bolar. - Bolýa-da, indi ara tow salasym gelenok. ...Baýram baýyň ýüzüni, gözüni, sözüni pikir eleginden geçirdi. Geplände göz güldürip ýylgyrmasyny, şeýtandan sapak alana meňzetdi. Gülüp gepleýäniň hilegär adamdygyny öň-de bilýärdi. ''Sag-aman oturyň!'' diýip turdy. Öýüne bardy. Garşa-garşa oturyp çaý içildi. Çagalar ýatanok. Ulular garaşýar. Garaşmak sabyry gaçyryp barýar. - Balalam, ýatyň! Dädeňiz ýadaw. Dynjyny alsyn. Ertir ir turmaly. Gargyny ýarmaly. Gamşy arassalap, gamşy çykymaly. - Eje, onda biziň öýümiz hemmeleň öýünden gowy bolar-ow. -Hawa, balam! Öýümiziň şu obada bir özi görner. Çaganyň hemme zady bilesi gelýär. Irginsiz soragyna doly jogap berseň, onuň göwnüni tapdygyň bolýar. Ahyry olar süýji uka gitdiler. Ýorgana girildi. Ýürekler birleşdi. Gam-gussalar tüweleýe düşen peşmek ýaly, zym-zyýat boldy. Her kim öz ýaryny dogan Aý edip Aýyn gözlär başga Aýa seretmez. Garaňky gije utanç ýüzüni bulut ýaly büredi. - Diliňe döneýin Baýramjan! Bagt guşum! Her darak uramda, ýanymda ''Armaweri'' diýip duran ýaly. Ertirden gün ýaşýança işlämde-de, ýadawlygymy duýamok. Ýene ertir işe howlukýan. Ikimiz iki ýerden işlesek, mally-garaly bolarys. Iş mal alsak, ýer süreris, ekin ekeris. Şonda aralyga elkinlik düşmez. Ikimiz mydama bileje bolarys. Şoňa çenli gaýrat et! - Hudaý kabul etse, oňşuk ýeňilleşer. Bike, Gije gysgady. Daň buşlukçysy gygyrdy. Oba oýandy. Baýram öý işini birýüzli etdi. Üç günden soň sürüsine ugrady. Bardy. Sapa seýis bilen saglyk-amanlyk alyşdy. - Sapa aga, gamyşlyk gargym bardy. Şony ýardym. Eglenmeli boldum. - Ýaryp gutardyň dälmi? - Hawa, iki günde gutardym. - Bäh, iki günde gutaradyňmy? Ýeke özüň ýardyňmy? - Hawa, ýeke özüm ýaryp gutardym. Obada adam ýok. Her kim öz hysyrdysy bilen. - Aý, tüweleme, Baýram, seň özüň işiň güýesow. Sapa obasyna ugrady. Baýram şol ýekeliginde galdy. Bir zady kemdi. Ol-da Naragyzdy. Dowamy bar >> | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |