01:05 Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy | |
Bike Baýramy ugradyp, gamşyň bognuny kakdy. Çykady. Erňegini işkerki bilen deňläp çapdy. Öýüň daşyna aýlady. Köne gamyş öýi gelşigine getirdi. Muňa çagalar begenip, iki bolubilmediler. Üzük kyrk ýamaly. Ýamanlygyň agy, gögi, gyzyly ýaşyl gülli meýdana meňzeýärdi. Gelen myhmanlaryň nazary göni şol öýe dikilerdi. Oba adamlary Bikäniň el işine, gaýratyna geň galyp, üýşüp-üýşüp gürrüň ederdiler. Gaplaň baýyň golaýrak garyndaşy ogul öýerip, toý etmekçi boldy. Baýraklary öňünden bellendi. Aýlawyň ulusyna howutly halykly erkek. At çapgy obadan oba ýaýrady. Ýygnanan atlar oba görk berýärdi. - Sapa, Gyrdälini ulusyna goýbererismi? - Hawa, hawa. Gürrüňsiz goýbereris. Düýnki agymda syn etdim. Gyrdäliň bir seýsi ýetipdir, öňki-soňkyň işi däl. Ganatsyzja guşuň bar-da. Alla bizden bolsa. Gyrdäli-de, taýlar-da hiç kime baýrak bermeli däl. - Haý berekella, seýis! Sen maňlaýyma çykan gaznasyň. - Haý, atly-atyny taýýarlamagyň, ha-a-aw-aw! Ulusyna howutly, halykly-bäşkesir erkek bilen iki goýun tutulandyr ha-a-aw! Ulusyna gitjek atlar gün doganda pellehana barmalydyr ha-a-aw! Eşitmedim diýmäň ha-aw. Jarçynyň ilkagşamdan eşiden sesi seýisleri alada goýdy. Atlar iýmlendi. Atkeçerler salyndy. - Han ogul, pellehanadan gaýdaňda yzyragyndan goýbergin. Atyň göwsi mazaly garalanda, ýuwaş-ýuwaş yzlaryndan kowubergin! Ýarpy ýoldan geçende öňden gaçýan atyň syra söbügine düşde, gyssaber. Ýöne öňüne geçme, öňündäki atoglan saýgylap başlar. Şonda atynyň guýrugyna seretse , öňüne geç-de, atyň başyny çekeräk tutgun. Märekäň garasy görnende at kellesini aşak basyp, jylaw dilär. Şonda gaňyrma, uýany gowşat. Ýalyna ýaplan-da allygyňdan gaýdyber. Şonda Gyrdäli gudratyny görkezer! Şöwür bilen ula gidýän atlar ugradyldy. Toý dabarasy başlandy. Bagşyň sesi al-asmana galýardy. Daň atdy. - Haý, eşitdim-eşitmedim diýmäň ha-aw! Uly atlar toýhanadan gelýänçä taýlaň çapgysy başlanjakdyr, ha-aw! Ulus-il çapgy meýdanyna gün dogandan barmalydyr, ha-a-aw! Gün dogdy. Toý märekesi toýhana baryp, iki bölünip durdy. Toýhana baýdak dikilip bellendi. - Seýis, ilki tapgyra Naragyzy goýbereli. Ol ozsa, beýleki taýlar-da ozaýjak ýaly. - Baý aga, sen nämäň aladasyny edýän! Meniň gije-gündiz ýatman ýörenim bolmaýamy? Sen-de illeň baýlary ýaly. Iý-de-iç-de, gyşar-da ýat-da. - Häk, seýis, meň ýüregimdäkini bilseňdiň. Şu taýlaň yşgy bir ýerde oturtmasa nädeýin. ''Irden tur, ataňy gör - ataňdan soň atyňy'' Ata göreýli diýseg-ä o pahyr ýok. Onsoň ir turup taýlary görýän. Daňyň atmagyna howlukýan. Şu däli dünýede taýlardan başga guwanjym ýok ýaly. Haý, ilki tapgyra gitjek taýlar toýhana gelsinler ha-a-aw! Baýragyna iki goýun tutulýar, ha-a-aw! Naragyz keýerjekläp ara geldi. Görmäge göz gerek. Iki-baka bökjekläp, jylaw çeýneýär. Bedewiň jeren böküşi märekäni haýran etdi. - Baý, Naragyzyň çapyşyna bir syn et! Ýöne derrew ygal taşlagyn. Sen gözüň bäşataryň(?) okundan birjik-de kem däldir. - Seýis, ol aýdýanyň-a dogrudyr. Gowy gören zadyma mährim siňýämi nämemi, togalama-ma bardyr. -Halha, taýlar gaýtdy! -Haww-aý, öňündäki Naragyzmy? Bah, bah, bah, janawarda aýak bar-ow! Tüf... tüf... kyrk kişiň tüýküligi. Ganaty ýok diýmeseň, edil guşuň bar-da. Atoglan Naragyzy bir gezek çalyp, depgilänem şoldy, towşan kimin turuşly taý bäsdeşleriniň öňüne dessine geçdi. Iki bölünip duran toý märekesi haýran galdy. - Haý, Gaplaň baý, gözüň aýdyň ha-a-aw! - Taýyň çykdy ha-a-aw-aw! - Şeýle çapan taýy ömrümizde gören däldiris. Soňda görmezmikäk diýýärin. Biz-ä diňe gaýdanyny gördük. Dessine deňimizden geçdi gidiberdi. Mähelläni haýran galdyran taý atkeçeli eýlä- beýlä idilip ýördi. Her kim onuň ýanyna baryp, göresi gelýärdi. Ikinji tapgyra Laçyn, üçünjä Dorburnak goşuldy. Bular-da ozdy. Taýlaryň tohumy üýtgeşikdi. Seýis ýedi akara bellidi. Taýlar, seýis baradaky gürrüň märekäniň arasynda has beter möwç aldy. - Gaplaň baý, asla başartjak däl. Heý, şeýle-de zat bormy, goşan taýy çykyp dur. ''At ýöretmek, bagt'' diýenleri-dä. - Bagtda ýörtse ýörtýändir. Atyň seýsi üstünden düşse, guş bile baş dalaşýar diýerdiler. - Dogry aýdýan. Sapa seýis ýöne adam bolmaly däl. Şoň seýislän atynyň birýarymy bolmasa, galýanyny gören ýok. - Bagt-da gerek, seýis-de. Tohum at hem gerekdir. Ahal-teke aty ýomut gylýallaryna höwre goýberilse, şeýle uzakçyl, ýyndam atlar döreýär. Ahal-teke gylýala ýomut atlary höwre goýberilse, olardan birenaýy atlar döreýär. Gaplaň baý, höwür atyny saýlap alyp bilipdir. - Ine, görersiň. Gyrdälisi-de ulyny alar. O baýyň seýsi elinden gitmese, başgalaň maňlaýyna ak ýaglyk degjek gümany ýok. Ula giden atlaryň geler çeni boldy. At eýeleri sažanaklaşýardylar. Beteri-de Gaplaň baýdy. Gyrdäli ulusyny alsa, ady arşa çykjakdy. Atlarynyň dabarasy dag aşjakdy. Hyrydarlary köpeljekdi. Çapgydan çykan atlary diýen ýerine alýardylar. Atlary satyp, hazynasyny galňatjagyny bilýärdi. - Seýis. Gyrdäliden tamaň barmy? - Bir ýeri ýolunmasa, baýrak bermez. - Seýis, halha, atlaň tozany görünýär-aý. - Howlukma, özleri-de görner. - Daşdan saýgarar ýaly däl. Öz-ä Gyrdäliň toýnak salşy. Aralary-da üzüm-ýolumlaý. - Edil özi, baý! Sag-aman geçsin. Janawaryň gelşä uzak ýoly geçmedik ýaly. Deri edil çen eden ýerime gelende berip başlan bolmaly. Öň ýa giç der gelen bolsa , beýle çapmazdy. Tüf-tüf! Kyrk kişiň tüýküligi. - Haý Gaplaň baý, gözüň aýdyň ha-a-aw! Atyň çykdy ha-a-aw! - Gyrdäliň üstüne at keçe oklandy. Ol bir ýerde durzulman iýdilýärdi. Bedewiň deri aýaklaryndan syrygyp, damja-damja bolup togalanýardy. - Haý, toý aman-sag sowuldy ha-a-aw! Gaplaň baý, seýis ýola düşdüler. Baý içini gepledýärdi. Dorburnagyň çapyşy göz öňünden geçýärdi. Naragyz nirede çapylsa, ýanynda Dorburnak gögerjekdi. - Seýis. Şu Dorburnak Naragyzyň ýagysy bolmasa ýagşy-da. - Ahmal, baý, anyg-a bilemok, janawarda aýaga bar. - Men bir zada haýran galýan. At bile aýal ýigidiň ykbalyna görä bolýadaý. Dorburnak märekäni haýran galdyrdy. Bike-de obany. Görýäňmi, eleme deşik üzügi her dürli mata bile ýamap, ak gamyş aýlady weli, öý gülli meýdana döndi duruberdi. Dokan halylaryny Hywa bazarynda satymda, ilki soň çeper eliniň işi söwdamy açýar. Bike meň gaznama-da ep-esli yyllar guýýar. Gözüniň gyýagy bilen gözzäp ýylgyrmasy ýüregiňi sorup alaýyn diýýär. - Bikä at dakar ýaly däl. - Men-ä indi çopana dileg salyp biljek däl. Özüň alajyny etmeseň, başga çäre ýokmuka diýýän. - ''Gulan çykanda sat'' diýen bolsa. Hywa ýaly daşrak ýere satar göbärler-dä! - Sat-a diýenok. Ýöne harjysy kemdir. Garybyň aýalyndan başga zady şatlyk bolýar-a. - Men Dorburnagyň baýragyny gowşuraýyn. Bikäňde agzyny ysgap göreýin. Baýramyň uly geňeşdary Bikedir. Akyllylygyny göreňde geňeşmez ýaly däl. Naragyzy-da şoň kömegi bilen aldyg-a. Seýis Baýramyň öýüne baryp, saglyk-amanlyk alyşdy. - Gözüň aýdyň, Bike! Taýyňyz çykdy! - Taňryýalkasyn! Ol-a gowy bolupdyr. - Bike, siziň taýyňyzy aýratyn gowy seýisledim. Baýramyň adyny çykarsyn, oglanlara harjylyk bolsun diýip niýet edindim. Köp azap-da çekdim. Azabym ýerine gowuşdy. - Hudaý ýaşyňy uzak etsin! Bizi sylany hudaý sylasyn. Me, ýörite Baýrama niýetläp ören, ak gaýma salan jorabymy saňa ak göwnüm bile berýän. Elimden gelmäni duranok, ýene-de oraryn. - Bike, at saklamak üçinem köp harjy, zer-esbap gerekdir. O zatlary tapmak size agyr düşer. Iň gowsy, şu abraýy bilen satyp harjy edinseňiz, urbalyk dowar alsaňyz, gowy bolar. - Ony atyň eýesi biler, Sapa aga! Erkek işine gatyşmaga hakym ýokdur. - Munyň-a dogrudyr. Aýal maşgala erkek işine gatyşsa, gelşiksiz bolar. Sapa Gaplaň baýyň ýanyna bardy. - Baý, Bik-ä ''Baýramyň özi bilýär näme etse özi etsin'' diýýär. Baýram taýy satjak bolsa, Bike garşy boljag-a däl. - Başgaňy bilemok, seýis, şo taýyň gümüni çekmeli. Özünide gaýdyp şu jülgelere toýnagy basmaz ýaly etmeli. Sen onda Baýrama sataş. Nähili gürrüň etmelidigini saňa öwretmel-ä däl. Tüweleme, sen gep ýasamany eneň içinde öwrenen ýaly. - Bolýa, baý! Gitmeli bolsa, barar-gelaryn. Ýöne Gyrdälini aýagulag berersiň! - Ahun ikiňiz ahyry meni alyp ýatjakmykaňyz diýýän. Ahuna ýumuş salaň, derrew Dursuny soraýar. Sen-de Gyrdälini. Taýlaň birini müneňde bolmaýamy? - Taýlar gunan çykyp barýa. Olary baka goýdum. - Onuň ýaly bolsa münersiň-dä. Gyrdäli ýoluň ýagysy. Seýis kä gorduryp, kä darydyp, Baýrama bardy. Saglyk-amanlyk alyşdy. - Buşluk, Baýram! Dorburnag-a toýda çykdy! - Taňryýalkasyn, Sapa aga! Ugur haýyrly, seýis! - Ugur-da haýyrly. Baýram! Baý ýumuş buýransoň gaýdyberdim. Baýyň düzgüli ýumş-a bolmaz. Näbileýin. Gawylyga gelen bolsaň-a ýagşy. - Gawylyga gelnendir. Saňa o dünýe, bu dünýe ýamanlygym bolmaz. Ýylkylaň oňşugyny görüp gaýt diýdi. Gaýtdym. - Ine, görseň gylýallar. - Tüweleme, gylyn çekseň ýagy damjak. Kemi ýok. Çaýyň keýpi depesine uran seýis ýaryldy: - Baýram han, Dorburnagy gara çynym bilen seýisledim. Çapga ugradamda agzyna ajy okladym. Meň hasabyma görä, bir ýeri ýolunmasa ozmalydy. Seň adyňy çykarmalydy. Şeýle-de boldy. Kör abraý diýlişi ýaly. Taý çykdy. Baýragyny Bikä gowşurdym. Meň bilşime görä, Dorburnak uzak beýle çapmaz. Ony şu abraýy bilen sat-da, özüňe harjy edin. Ujundan urbalyk dowar al. Gurbanlyk bilen sadakalyk dowaryň özüňden önse, gowy bolar. Ilki mal - garaly bolup, soň at edin, maslahatymy alsaň. Atyň ot-iýmide garyby galdyrmaýar-a. Özüň bil! ''Köpe geňeş, öz bileniňi et'' diýýärler. Meňki maslahat bermek. Ýöne Dorburnagyň uzak çapmajagyny açyk bilýän. Uzak çapmajak bolsa, satmaly bolar-da. Sapa seýis aňyrdan gelşine öz öýüne-de barman, gös-göni baýyň gapysynda düşdi. - Seýis, aman-sag geldiňmi? Gurtmy? Tilkimi? - Gurtdurys, baý! Gurtdurys! - Haý, berekella, seýis! Senden tamam-da şeýledi. Sen gelýänçäň, çep gözüm çekdi-de durdy. Meňki öňden belli, çep gözüm çekse, mydama begençli habar gelýär, sag gözüm çekse, gynançly habar gelýär. Ýöne şu ýakynda sag gözümiň çekenini bilemak. - Belli bol-a, baý, ýeli! Möwlamyň nazar salan baýy weli bolýar diýip, köneler aýdardy. Şo dogry bolmaly. Seň aýdan zadyň üstünden düşüp dur. - Hany, onda, iýen-içeniň özüňki. Gören-eşideniňden habar ber. - Habar bersem, baý, bardym-da basyberdim ýalanyň gapdalyna, basyberdim... Baýram-da maňa Hudaýa ynanan ýaly ynanyberdi. Iň soňunda ''Uzak wagt çapmajak bolsa, satmaly bolar-da, seýis aga'' diýdi-de ap-aňsatjak etdi oturyberdi. Maňa-da geregi şo. Hoş habar eşidenimden, hoşlaşdymda ugradyberdim. Ine, bolany, baý! - Kemini goýmansyň, seýis, oňarybilipsiň! Indi munuň, işallasa, gümüni çekeris. Şu ýerlerde garasy görünmez ýaly ederis. Ondan soň Naragyz bilen Laçynyň ýanynda toýnak salyşjak at döremez. Arkaçdyr Gürgeni baglajagyn-a bilýärin. - Baý, eýranly täjirleriňde geler wagty golaýlaşýar. Şoňa çenli men taýlary çopanlaryň obasyna at oglanlar bilen äkideýin. O ýerde geçiň süýdi, maýsa otlar bilen bakyp, tanamaz ýaly edeýin. Taýlar alnyp gidildi. Suw ýerine süýt berildi. Olar gunan çykdy. Otuň gülüni kakan, ýumşadyp berlen arpany iýen gunanlar boý-da çekdi, gyrmyzy don-da geýdi. Her birini görmäge göz gerekdi. Ot guraşyberende, gunanlar oba getirildi. - Oh, oh, oh, Seýis, gunanlary altyna taýlagamaly edipsiň-ow, tüf!... tüf!.... - Näme taýlasaň taýlaber, baý. Satuwda çekinmän-ä bahalap bilersiň! Meýdanyň ýumşak gülli otuny, kelek arpagany, döwlüp, syrçasy çykarylan arpany iýip, geçiň bedre-bedre süýdin-ä içendir. Gözze, tüýleri her hili öwsüp durandyr. Reňkleri gyzylmy, dormy, gärmi, saýgaryp biljek gümanaň bolmaz. Täjirler gelse, şu gunanlardan-a gözüni aýryp bilmese gerek. - Täjir gerek däl, seýis! Hut meň özüm gözümi aýrabilmän durun. Naragyz bilen Laçyna niýetläp etdirilen at keçeleri, alnan eýer-esbaplary, ýüzüne kümüş çaýylan uýany saldyr. Göz - dil degmesin diýip, ahun agadan doga alyp, tumara saldyrdym. Ony boýnuna dak. Dagdanly taýmaz diýilişi ýaly, üçburç edip ýasadyp, onuň-da ýüzüne doga ýazdyrdym. Ony-da boýnuna dak. Seýis baýyň aýdyşy ýaly etdi. Zerbaby geýen dal bedewler, şaý-esbaply näzli gelinden-de zyýat göründi. Baýyň göwün guşuny al-asmana uçurdy. Göwni Kap dagyna çykdy. Nebsiň dükanyny açdy. Eýrandan geljek täjirlere garaşýardy. Ilkagşamdan ýerine giren baý ýaňy ymzygyp barýardy. Gulagyna at toýnagynyň sesi eşidildi. - Dursun, daşaryk çykyp gözzede, at toýnagynyň sesi eşidilýän ýaly-da. Dursun daş çykyp, çar tarapa ser saldy. Garam-gurama gözi düşdi. Gümür-samyr sesler gulagyma ildi. Öýe girip: - Musaň dädesi, saýgaryb-a bilmedim. Atlymy, eşiklimi, gatyrlymy, toplanyşyp gelýänler-ä kän. - Olar eýran täjirleridir. Dessine ody ölçärden, kündükleri goýuşdyryň! Baý daş çykdy. Aýdyşy ýaly, eýran täjirleri, täjirleriň kethudasy Gasan Mämmet Aşi baý bilen salamlaşdy. Gaplaň baý soňundan täjirleriň hemmesi bilen amanlyk-saglyk alyşdy. Täjirler myhman üçin tutulan öýe girip ýerleşdiler. Çaý çekildi, içildi. - Gasan Mämmet, sag-aman geldiňmi? Il-günüň, oba-garaň saglykmy? - Şükür-hudaýa, sag-aman geldik. Il-günüň, oba-garaň saglykmy? -Şükür-hudaýa, sag-aman geldik. Il-gün-de gurgunçylyk. - Näme haryt getirdiň? - Guşuň süýdünden başga hemmesi ýetirilendir, baý, Sag-aman örsek, ertir söwdany açarsyň. Gije geçdi. Ertir saba bilen turlup çaý-suw içilenden soň, söwdany baý açdy. - Gyzyl şeker barmy? - Bardyr. - Üç put çek! Süýri şeker barmy? - Bardyr. - Bar bolsa, bäş put çek. - Saryja kişmiş barmy? - Bardyr. - Ondan-da dört put çek! -Hoz barmy? - Geregiň hozmy? Näçe çekmeli? - Iki put çek-ä, künji barmy? - Künji-de köp. - Iki put çeksen-e. - Haý, baý, köpräk al-da. Zaýalanjak zady ýog-a şu zatlaryň. - Bogazy-da gysmaly-da. ''Bogazy gysmasaň, bogaz dünýäni ýuwdar'' diýipdirler. - Bu dünýede iýeniň, geýeniň galar. Bi bir pany dünýe ahyry. Baýyň bazary üstünde, gowuz gap goýmady. Hasaplaşdy. Tümenläp-tümenläp, sanap berdi. Gasan Mämmet! Sen galan harytlaryňy goňşy obalarda sowup gelinçäň, näme mal-gara alasyň gelse, aýdyp otur. Sen aljak mallaňy oýa ýygnadaýyn. Mal-gara alynjakdyr, baý! Birinjiden-ä iş mal, urbalyk maýa arwana düýe. Harjymyz ýetse, ýaş atlary-da almakçy. Özüm barkam harjyň gürrüňini etmesene! Aýdan malyňdyr atlaň-a bizden öner. Myhmanlar obalara ugradylar. Gaplaň baý Sapa seýsi ýanyna çagyrdy. - Seýis, satlyk mallary oba ýygnamaly. Düýe çopana satyljaklary aýdylandyr. Naragyz, Laçyn, Dorburnagy gunanlaň içinden aýyr. Başga ýere ugrat. Olar bile dursa beýleki gunanlara zeper ýetirer. Içinden aýyrsaň weli, beýlekilerde aluwçyň gözüne sülgün ýaly bolup görner. Özüň hem söwda ediljek bolanynda ýanymdan aýrylmagyn. - Bolýa, baý, olaň gözüni güýtmeli bolsa, özüňden birjigem kem durmaryn. Sen elini saklasaň, men ýagyrnişligini otlaryn. Geljek ýyl gelýänçäler tütäp durar ýaly ederin. Satylmaga gelen inerdir maýa, arwana düýeler oýuň içinde hyň berýärdi. Myhmanlar-da gaýdyp gelipdi. Nobat Gaplaňa ýetdi. Semiz inerdir maýalar, erkekdir arwana düýeleriň ýaşyny-garrysyny tanar ýaly däldi. Semiz mallar ýaş ýaly görünýärdi. Düýe söwdasy başlandy. Mallaryň kesanaty kesildi. Söwda edildi. Altyn pullar hazyna goýuldy. Täjirler düýeleriň garrydygyny aňmadylar. Öz aralarynda ''Haýyrly söwda etdik'' diýip begendiler. - Bala-çagalaňa guwan, baý! Biz ýörite sen diyip geldik. Sen-de kemini goýman iş bitirdiň. Harytlarymyzyň-da söwdasy göçgünli boldy. Indi näme, ojagaz taýjagazlaryň-da söwdasyny edeýlid-ä? - Mämmet täjir! Taýjagazlar diýip kiçelden bolma. Bular belli höwür atyň dölleridir. Bular gunan at. Özlerem ýuwaş. Deper, gapar diýip gorky edinmeli däl. Öten ýyl taýka dört-bäşisini toýda çapdyk. Edil garlawaç ýaly gaýyp, toýhanadan çabrap ýeke geçdiler. Toýuň märekesi haýran galdy bularyň çapyşyna. Şulaň haýsy biri bolsa bolsun. Dört aýaklydan öňüne geçjegi bolmaz. Öz bahalaryny üç-dört ýyldan üzerler. Atlar özüňe mugt galar. Satsaň-da gaznaňy doldurar. Sapa seýis-de baýyň öwgüsiniň kem ýerini doldurdy: - Baý häzir-de bärden gaýdýan. Men ömrümi seýisçilik bilen geçirip barýan. Şu ýaşymda beýle gunan atlary gören däldirin''. At garynlak, it erinlek'' bolsun. Görýäňmi, garynlarynyň aşagy ýap-ýasy, her biriniň satanyndan adam geçibermeli. Ýüwrük aty tanamak üçin synasyna, sagrysyna syn etmeli. Görýäňizmi, bykynlary dagy bir tutam. Ine, şol, ýüwrük, uzakçyl atyň alamatydyr. Reňklerine ser salyň! Günüň şöhlesine her hili öwsüp durandyr. Öň töwerekden aluwçy geldi. Baý size söz berensoň, olara bermedi. - Aý, hawa-da, söz etdiňmi, sözüňde-de tapylmaly-da. Lebziňden dänmek musulmana gelşiksiz zat-da. Onda näme, baý, beter göni tüpeňleme-de, ýedi sanysynyň bahasyny aýt göreli. - Gasan dost, haýsylaryny aljak bolsaň, ýeke-ýekeden eliň bilen görkez! Täjir başy ýedi gunany görkezdi. Gunanlar saýlandy. Olar biri-birinden kem däldi. Gaplaň baý aljak awuny bilýän adamdy. - Gasan dost, höwür aty bir bolansoň biri-birinden aýryp biljek zadyň ýokdur. Bir galyba guýlan ýalydyr. Oň üçin hemmesiniň nyrhy bir. Her haýsy dört ýüz tümen. - E...eý, Hudaý-eý! Beýle-de bir nyrh bolarmy, baý? Satjagyň çynyň bolsa, çenegräk edip aýdarlar-da. Her biri iki atyň bahasy ýaly-da. - Çenegi şo, dostum. Sen bulary öten ýylky alanlaňa deňeme. O alanlaň alaşady. Iki alaşa deň bolup gelýändir. Atlaň hyrydary kän. Siz almasaňyz, ýene biri alar. Meň ýitirýän zadym ýok, siziň-de. Meniň-ä atlam gadymda. Siziň-de gaznaňyz gabyňyzda. - Baý, çekeleşip durmaýly? Her haýsyny iki ýüz segsen tümenden ber-de, tümeniňi sanada al. Täjir başy söwda gapanyna düşmäge golaýlady. Sapa seýis muny aňdy. Mentgini haçan oklamalydygyny bilýärdi. - Baý, meniň-de şu söwda goşulasym gelýär. Bulary bakyp-bejerdim. Baş öwretdim. Ýuwaşytdym. Gylyk-häsiýetlerine ýetik boldum. Şu gunanlaň bahasyndan gaçar ýaly däl. Saklan-da utulmaz, satsa-da üstünden kän peýda görer. Araňyz golaýlaşdy. Iki böleşiň-de, uruň söwdany. Alana-berene haýyr berse, şondan gowusy bolmaz. - Beýdişip durmaly, baý, goý, seýisiň aýdany bolsun. Al eli! Üç ýüz togsandan aldym. - Me, geregiň el bolsa, söwdalaşdyk. Gaplaň baý tümenleri sanap aldy. Täjirleri ýola saldy. - Baý diýýän-ä bulaň özleri gyzylbaş bolsa-da, onda-da biziň dilimizi suw ýaly bilýäler. - Bä, seýis, aýdanyň näm-aý! ''Köp ýaşan bilmez - köp gezen '' diýýärler weli, at seýisçiligini edip, barmadyk ülkäň-ä ýok. Onda-da şony bileňag-ow. Gökjäň dagyna baraňda ho-o-ol ileriňde hellewläp görünýän kürtüň dagynyň akar suwly ir-iýmişli derelerinde ýomutlar bilen gyzylbaşlar, kürtler gatyşyp ýaşaýar. Olar biri-biriniň dilini öz dilleri ýaly bilýärler. - Gürgenden aňyrda-da ýomutlar ýaşaýan eken-ow. Dogrusyny aýtsam, ine, senden eşidip durşum. - Ýadyňda galsyn, ýomutlaryň tatar, gojuk, köçek tireleri ir wagt şo ýerlere düşüpdir. - Hä, şeýle bolmal-ow. Bolmasa, biziň dilimize beýle ökde bolmazdylar-da. Ýöne ýomutlar beýle gatyşyk ýaşap, dilini bilselerde malyň garrysy-ýaşyny, ýamanyny-ýagşysyn-a-a bilmeýän ekenler. - Sesiňi çykarma, seýis, zaňňar täjirleriň ýagyrnişligini otlandyrys. Gaplaň baýyň ahuna, seýse käwagt elini açmasy bardy. Şeýle etmese, seýisiň gowy oňjak ýerine gidiberjekdigini aňlaýardy. Ölmez ödi bolar ýaly mentgi oklaýardy. - Me, şuny al! Sahyçylyk bizden galsyn. - Ýüzüň ak bolsun, baý! Hakyň özi ýalkasyn. Keýkini begenerçe etdiň. - Dorburnagyň-a gümüni çekäýsek. Häzirbeýjan Mämmet Aly-da geläýse, garry-gurry goýunlary, öweçdir maňlary satsak, iş birýüzli bolajak. - Dorburnak-da satylar, iş-de birýüzli bolar. Hywadan at alyjylaryň-da gelerçe wagty boldy. On-on bäş günden gelse gelibermeli. Hywa söwdägärleri-de geldi. Galan gunanlar hem satyldy. Içinde Dorburnak-da bardy. - Seýis, Dorburnakdan-a dyndyk. Dorburnak janaweriň sesi häzirem gulagymdan gidenok. O janawara ýüregim awap dur. Naragyz, Laçyn üçüsi döwürdi. Ýatyp tursalar-da, dost adam ýaly bile ýatyp turardylar. Daşyndan özüm haýran galardym. At bilen itiň diňe dile geplänok. Başga hemme zady aňýar. Ol baky aýra düşenini aňyp, al-asmana bökdi, urundy, kişňeýe-kişňeýe ala-zenzele edip gitdi. Dorburnak gideli bäri Naragyzdyr Laçyn-da ot- iýmini iýmäni, suwuny içmäni ýüzüni sallaşyp dur. Şu zatlar jigerimi girýan etdi. - Sen-ä birki gün gynanarsyň. Soň unudarsyň. Eger satylmasa men ömrüm ötünçä gynanyp gezmeli bolardym. Bilip bolýardy, seýsi üstünden düşüp, Naragyz, Laçyn bilen toýda goşulyşsa, oda çykaýsa, men nähili güne galmaly bolaryn. Meň atym bilen seýsime bi töwerekde taý tapylmasyn. Ine maňa gerek zat. - Näbileýin, baý, edip ýören işlerimiziň-ä telek ýeri kändir. - Nämesi telek bolýamyş. Eýesi sat diýipdir. Satdyk. Daşa sataly, ýakyna sataly, o öz işimiz-ä. Satdyk. Puluny maşgalasyna gowşurdyk. Wessalam! Iş tamam. Indi näme gep-gürrüňi bolup biler. - Ýalançylara o dünýede näme garaşýarka? - Ony men näbileýin. Her kim öz gabrynda görünmeli bolar-da. Ahun bar-a. Şondan sorasaň, giňräk edip düşündirer. Beter soňunyda saýgarjak bolup ýörmeli däldir. ''Sag saýgarýança, däli ogluny iki öýär'' diýipdirler. Ýöne sen aýt, Mämmet Aly bu ýyl gelermikä? - Olar-da geler, baý! Tüweleme, seňki ugruna! Tanapyňy Kadyr Möwlamyň özüniň çekýändigi mese-mälim bolup dur. - Özler-ä mydama ýazyň soňky aýlary gelýändirler. Basymrak el boşadasag-a gowy boljak. Mämmet Alyda köp garasdyrmady. Nökerleri bilen geldi. Sekiz ýüze golaý ownuk dowar aldy. Söwdada kemsiz utuldy. Ine, şeýdip baýyň hazynasy ýyl-ýyldan agralýardy. Indi bol-bol, Gaplaň baý bol! Ikindinara eginalma donly, ýeke -ýeke basyp obanyň arasynda eýläk-beýläk gezim etmäge başlady. Kyrk sakanlakly dünýäň syryndan bihabardy. Kyýamat şemalynyň üstünden ösjekdigi ýadyna-da düşenokdy. Iliň göz terezisine pirdir sopular, garypdyr-baýlar, namartlardyr mertler, daşýürek galtamanlar-da salynýar. Il-günüň terezisine düşenler barada obadan-oba gürrüň ýaýraýar. Olaryň köpüsi iliň diline uzak wagtlap sena bolýardy. Şol terezä düşenleriň-de biri Gaplaň baýdy. Gaplaň ýaşlygyndan atasy Ýolbarsdan egri ýoly kemsiz öwrenipdi. Nebsiň şaglatdy. Dünýäni tutjak boldy. Karun bolasy geldi. Her sürüden satyljak iki ýüz goýny mugt bakdyrdy. Ýylky, düýe çopanlarynyň hakyny ýyl-ýyldan kemdi, Garyp-gasarlar başga ýerde eklenç tapmany üçin baýyň talaňçylygyna kanagat ederdiler. Gaplaň baýa çopan-çolugyň zähmeti daşardan arzan hazyna bolsa, içerden olaryň maşgalalary, ýetim-ýesirler ýylyň-ýylyna tükeniksiz girdeji bererdiler. Ol nebsiň ýer-ýesiridi. Garyp güni görmändi. Pany dünýäniň iki gapysynyň bardygyndan bihabardy. Tä ajal okuna nyşana bolýança, pyssy-pujurlykdan, zannyýamanlykdan, haramylykdan gaýtmajagy uly il bilýärdi. Ýöne gol doly döwleti, hazynasy birentek günäsiniň üstüni barýardy. Ýamany ýagşy-da edip bilýärdi. Gaplaň baý gündizine oba arasynda abşanaklap gezmesini artdyrdy. Kä gijeler kellesi howalanyp, tüýsüni artdyrdy. Kä gijeler kellesi howalanyp, tüýsüni üýtgetdi. Bir gün Bikäniň gapysyndan gözlemegi ýüregine düwdi. Bike inçeden gelen gelşikli, ak ýüzli, eli işli, zähmete bekän naçardy. Ýaşylbaş Sona baýyň öňräkden bäri göwni gidýärdi. Ýöne öýüne barmaga Bikeden çekinmän duranokdy. Ahyry birki goşawuç teňňäni ýaglyga düwdi. Jübüsine saldy. Ýüregini daş baglap, Bikäniň gapysyna bardy. - Amanlykmy, Bike, saglykmy? Sag-aman otyrmyň? Baý töre geçdi oturyberdi. Muňa gel, git diýen bolmady. Bikäniň gahary daşyna çykdy. Ýüzüni buza dönderdi. Baýyň tüýsüniň bozukdygyny ozaldan aňýardy. Utançdan rysgalsyz baý hiç zady göwnüne almady. - Bike, oňşugyň nähili? Meniň janym sag bolsa, hiç wagt oňşugy gaýgy etmegin! Gara ýerden seda çykdy. Bike dem syzmady. Gyýma gaşlar çytyldy. Nazaryny goşa nil kimin baýa gezeledi. Baý çekinmedi. Ýürek matlabyny aýtmalydy. Düwünçege ymtylar tamasy bardy. - Baýram-da ýylda birki gezekden köp gelip bilenak. Dulsyrasaň-da dulsyraýansyň?! Şoruň-a ýatyryp bererdim. Düwünçek Bikäniň öňüne gürläp düşdi. Ýaş gelniň dyňzap gelen gahary beýnisine urdy. Ol maýa duluç kimin tarsa ýerinden turdy. - Aýal doganyň şoruny ýatyr. Ýeke gyzyň şoruny ýatyr. Çyk öýden, nejis gotur. Tapdyň-a ýerde ýatan naçary! Baýyň düwünçegi özüne ýagy boldy. Maňlaýyny top ýaly çişirdi. Rejäniň geň däldigini aňan Gaplaňyň badyhowalygyndan nam-nyşan galmady. Gelen yzyny ýel bozmanka süzüberdi. Aýtjak sözleri bogazyna tegek boldy. Öwrülip habar aýdaýsa, oňlugyň üstünden barmajagyny bada-bat duýdy. Gijede-girimde gara beräýseň, şu pyçagy böwrüňe gazyk kakan ýaly ederin. Haram nejis! Gelniň aýgytly hereketinden baýyň baýyň howy basyldy. Öýüne ýumlukdy. Bike bu wakany sandygynda gizledi. Eger ol il içinde ýaýrasa, her kim bir hili düşünjek. Baýramyň göwün tarynyň üzülmegi ähtimal. Bikäniň gaýnan gahary wagty bilen sowamady. - Haý, päli azan gotur. Ýüzüni towuk çokjalan garpyzyň paçagy ýaly edip, utanç-haýany-da bilenok. Bagtyň getirdi. Diliň damagyňa dykyldy. Uzalsa, ýel berlen ýaýyk ýaly garnyňy silkjeldim. Haram, nejis! Ogryň ýadyna ogry, lolyň ýadyna loly düşürlerini edýär-ow. Şu gözýetimde adamsyna biwepalyk edýän naçaryň ýokdugyny-da bilýändir. Baýlygyny göterip bilmäni her hili bolan bolýar. Gaznaň haçan-da bolsa, başyňy iýer. Adamsyna biwepalyk edeniň, dowzaha duçar boljagyny bilmeýän zenan barmy? Baýramyň wepasy maňa, meniň wepam Baýrama göwün gaznasy. Zenanlaň wepasy çopan-çoluga güýç, guwanç, bagt ahyry. Olaň bagtyny ýatyranyňdan öleniň gowy. Bikäniň gahary gaçarly däldi. Içini gepletdigiçe ýüregi çişýärdi. Gahary ýuwutmaly boldy. ''Gaplaň dil ýetiripdir'' diýdiresi gelenokdy. Wakadan gan ysy gelýärdi. Gadymy wagtda bir gelin aýagyny egri basyp, ärine biwepalyk edipdir. Adamsy duýup, saçyny kesip, atasy öýüne eltipdir. Atasy, doganlary namys edip, öýden çykyp bilmändirler. Atasy gyzyny paralap, ýedi ýoluň ugrunda jaýlapdyr. Ahunlar bu wakany toýda-da ýasda-da aýdýardylar, ahunlaryň welin aýala dil, el ýetireni öldürseň-de gandar bolmaýaň diýen sözi iliň aňyna mazaly ornaşypdy. Waka Bikäniň öýünden çykmady. Gaplaň baýyň paltasy daşa degdi. Şo ýana bakyp-da bilmedi. ''Bike Baýrama aýdarmyka?'' diýen içgepletmesi böwrüni bükgüldetdi ýördi. Dowamy bar >> | |
|
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |