03:29 Heziller bererdi | |
HEZILLER BERERDI
Aýdym-saz sungaty
Garrylykdan erbet kesel ýok eken. Ondan sag-aman gutuljak gümanyñ bolmaýar. Garrylyk derdine derman-da tapylmaýar. Ýetjek pellehanañ-da garasy görnüp dur. Sag-aman gydyrdanyp ýörseñ, keseliñi soraýany-da tapmak çetin. Gojalygyñ bir-ýarym gowy tarapy-da bar. Ol-da, ýassy mahaly gyşaryp üstüñe ýorgan çekýärsiñ. Geçen ömür ýoluñy külterleýärsiñ. Hasaplaýarsyñ. Ep-esli ýaşan ýaly bolýarsyñ. Birentek ýyllar yzyñda galypdyr. Muña şükür edýärsiñ. Ýöne albaý bulap, salgym atyp, gaçyp barýam ýalançy dünýä ser salanyñda, adam ömri bir çugdam bolup, penjeli gysymyña sygaýjak ýaly bolup görünýär. Şeýle pikirler gije ýaryna çenli enter-pelegiñi çykarýar. Hemme pikiri syryp-süpürip, bir ýana süýşürýärsiñ. Ýene şol çagalyk döwür kelle tarynda öwrüm berýär. Şol döwürde ne gaýgy bar, ne-de gam. Ynsanyñ gaýtalanmajak ömri. Hoşlaşyp gol bulap giden, öwrülmejek bady-saba döwri. Oýnap ýörensiñ, birden kaklyşarsyñ, ýene öñki-öñkülikdir. Bile oýnap başlarsyñ. Ynsanyñ çagalyk döwrüni Allatagala-sa söýermiş. Olar pany dünýäniñ ak guşy. Şonuñ üçin Ýaradan Biribar ynsany özüne kybapdaş edip dünýä inderýär diýilýär. Hudaýyñ emrine kaúyl bolup, hiç bir adamdan öýke-kinesiz, sanalgyñ gutarynça dogan ýaly bolup ýaşamak her bir ynsanyñ borjy hasaplanýar. Deñ-duşlaryñ syratlary, ýüz keşbi göz öñünde gaýmalaşyp dur. Ýatlamalary ýadyña salan gijäñ gözüñe çüý kakylan ýaly bolýar. Şeýle deñ-duşlaryñ biri-de Hojadurdy (ýörgünli ady Gaja bagşy -T.Ü.) Ataguly ogludyr. Gaja bilen çaga wagtymyz çatylan ýaly her gün bileje oýnardyk. Şol ýyllar biz Gyzylarbat şäheriniñ ilersinde kebezläp oturan obasynda ýaşaýardyk. Has takygy Gulmaç oba sowetiniñ Çalsuw obasyndadyk. Şol obada 1936-njy ýylda birinji klasa barypdyk. Çaga-çuga bolýar. Sapagy işip, dutaryñ kirşini eden bolardyk. Gamaga gulak ýasap, sapakdan kirşi dokardyk. Elimize alyp taryna kakardyk. Çalaja tirñildi sesi eşidilerdi. Şoña-da monça bolup aýdym aýdan bolardyk. Şeýdip çaga göwnümizi aldar ýörerdik. Soñra kolhozlar birikdirildi. Obalar göçürilip demir ýoluñ golaýyna ýygnaldy. Gazaply aldym-berdimli uruş başlandy. Şol agyr ýyllarda Uşak (häzirki Isgender) obasynda Gaja bagşy bilen bir obada ýaşamaklyk miýesser etdi. Häzir-bu güne çenli ýadymda, bir ýerden gapagynyñ ýarysy ýok, perdesi syrylan, gulaksyz dutar elime düşdi. Oña sapakdan perde etdim. Garaz, tirñildäp sesi eşidildi. Ilki "Garybym", "Sen-sen", "Gynnan gyz gelýär" ýaly aýdymlaryñ heñlerini çala-çuka tiññirdetdim. Gaja pahyryñ başyna halypasyradym. O bendä bagşyçylyk berlen eken. Soñra özbaşyna köneje dutarly boldy. Öz aýdymyny özi kowmagy başardy. Saz ugrunda mende ösüş bolmady. Şol üç-dört aýdymyñ sazyny çalan boldum ýördüm. Olary çalşym-da ýabugorludy. Perdeleriñ etekleeine insem, ýokarsyna çykmam gaýgydy. Gaja bagşy Uşak obasyna, golaý-goltum ýerlere özüni bagşy hökmünde tiz tanatdy. Ýuwaş-ýuwaşdan örüsi giñedi. Gazanjyk, Gyzylarbat etraplaryna, Gumdag, Nebitdag şäherlerine hakyky Gaja bagşy ady ýaýrady. Toýda-tomaşada aýdym aýdan wagty maña gabatlaşsa: "Ine, meniñ halypam!" diýip degmelärdi. Men weli dil ýaryp bilmäni, başymy aşak basardym. Saz ugrundan boş çykanyma içimden ökünerdim. O döwürde on-onbäş aýdymy gowy ýerine ýetireniñ bilen bagşy diýilmezdi. Haçan-da ilkagşamdan täz dañ saz berýänçä aýdym aýdyp, aýdymyñ bir ýarymy bolaýmasa, başgasyny gaýtalaman aýtsa, şoña bagşy diýilerdi. Men 1950-nji ýylyñ aprel aýyndan 1954-nji ýylyñ noýabr aýyna çenli harby gullukda boldum. Gaja pakyr ýygy-ýygydan hat ýazýardy. Hatlarynyñ birinde kolhoza degişli "Garaja" diýen atyñ noýabr aýynda geçirilýän baýramçylykda uly baýrak alandygyny ýazypdyr. Şol atyñ şanyna goşgy ýazmagy menden sorapdyr. Ol ata öz ýanymdan "Garaguş" adyny dakyp: Meýdana gireñde alaja gözüñ Mert ýigidi ýada salar Garaguş - diýen ýaly setirler bilen tarypyny ýetiripdim. Gaja bagşy şol goşgyny dile getirip, "Garaguşuñ" üstünde oba arasyna aýlanyp aýdandygyny häzir - bu güne çenli Isgender obasynyñ ýaşululary ýatlaýarlar. Elbetde, Gaja bagşyny ýatlanlar, ýatlaýanlar azlyk etjek däl. Täçdurdy Durdynazarow (ýatan ýeri ýagty bolsun!) Gazanjykda raýkomyñ birinji sekretary bolup işlän ýyllarynda "ýokardan" myhmanlar gelende, diñe Gaja bagşyny çagyryp, aýdym aýtdyrar eken. Gaja bagşy toýda aýdym aýdanda, tutulan mata-marlakdan, puldan bir manat-da almazdy. Puluñ daşyny dañyp, toý ýere gatanç bererdi. Özi-de ýalñyz dutar bilen bir özi danyşardy. Sözümizi delillendirmek üçin ýene bir ýatlamany tymsal alalyñ. Golaýda gumdagly baýry mugallum, il arasynyñ abraýly ýaşulularynyñ biri Nepes Nasyrow şeýle gürrüñ berdi: "Men nowbahar oglumy öýerenimde, Gaja bagşyny toýa çagyrdym. Bende dañ atýança aýdym aýdyp, heziller berdi. Deri egnindäki penjeginiñ daşyna çykdy gitdi. Aýdymy soñlady. Öñündäki il-günüñ tutan mata-marlagy, puly durşuna düwünçege düwdi. Özi bir çargat alyp, mañlaýyna sylyp: "Nepes aga, toýuña gatanç!" diýip, öñüme oklady. Ugrubir myhman öýüne ugraberdi. Öñüne geçip: "Gaja han, uzynly gije köp azap çekdiñ, özüñe nesip etsin!" diýip, ýalbarma kemini goýmadym. Ol: "Ak göwün bilen berlen toý gatanjyjy almasañ, gelşiksiz bolar" diýdi. Onuñ ugrubir gitmeginiñ sebäbi-de şoldy. Aramyzda galsa, köpçülik bolup toý baýraklaryny aldyrjagymyzy añlaýardy. "Ýatan ýeri ýagty bolsun, iman baýlygyny bersin!" diýip, her ýadyma düşende, Allatagaladan dileg edýärin!" diýip, Nepes aga sözüni soñlady. Gaja radio fonduna aýdymlaryny ýazdyraýynam diýmedi. Bardy-geldi aýdymlaryny ýazdyran bolsa, hezil edip diñlärdik. Şeýle-de bolsa bagşyny diñlänleriñ gulagyna owazy ýañlanyp durandyr. Haçan-da ony ýatlanyñda, şeýle bolýandyr. Gaja bagşyny ýagşylykda ýatlaýanlar örän köp. Ýagşy kişini ýatlamaklyk aýatdaky tanaýan adamlara parz hasaplanýar. Imanyñ hemra, ýatan ýeriñ ýagty bolsun, Hojadurdy!" Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |