12:38 Atbaýrak: Galtamanlar | |
GALTAMANLAR
Romanlar
Gaplaň baý öz döwrüniň Karunydy. Gapysynda iki gunan at bilen ady belli Gyrdäli gazygynda aýlanyp durdy. Baý binasyz dünýäniň menziline düşdi. Gapysyna galtaman ýygnap, nöker edinmegi ýüregine düwdi. Gaplaň baýyň kellesine agram salyp, oý edişine görä, galtamanlardan nöker ýygnamalydy. Malyny daşky galtaklardan goratmalydy. Alamana ibermelidi. Galtamanlardan hazynasyna hazyna goşjagyny bilýärdi. Ilçilik. Goýun bakyp, ekin ekip eklenç etmegi, güzeran dolamagy halamaýanlar-da tapylýardy. At, ýarag edinip alamançylyga atlansa, şol tetellileriň guşy uçýardy. Mele şolaryň hileidendi. Goýun sürüsine gije ogurlyga baranda ne çopan, ne goýun iti duýýardy. Goýnuň kellesin-ä ýere gömýär. Onsoň haýsy sürä degeni-de belli däl. Ogurlykda tutdurmaýar. El bilen tutulyp, göz bilen görülmänsoň, ol il-günden birjigem müýnürgänok. Ýöne halkam onuň ''Mele möjek'' lakamyny güne ýatyp almandygyna diýseň belet. Mele möjek özgelerden özüni mert hem-de gaýratly saýýardy. Onuň gözi meýdanda, iliň malyndady. Obada ýene-de bir tüýkesme bardy. Oňa Şally diýerdiler. Il ýatsa-da m, Şallynyň gözüne çüý kakylan ýaly. Onuň jyny towuklarda. Ketek ogrusy towugyň şorja etinden agzyny ýagjartmasa, ukusy tutanok. Oba aýallary: ''Ketege şagal düşünipdir'' diýip agzyny mäkämläp, oňa äpet daş söýärdiler. Şallynyň ýanynda beýle läheň daşlaryň weji ýokdur. Towuklaryň jyňkyny çykartman, ketekleriň düýbüni garaldýardy. Munuň iki aýakly şagalyň pişesidigini oba adamlary aňdylar. Jahyllar ony bilniksiz yzarlap ugradylar. Ahyry gapyllykda gapjadylar. Ogurlygynyň üstünden tutulan Şally şagaly it ýenjen ýaly etdiler. Şally şagal lakamy örüsini öz obasynyň çäginden çykardy. Indi goňşy obalaram towuklaryny garawsyz goýanokdylar. Şally ile ryswa boldy. Şonda-da öwrenen gylygyndan aňsat-aňsat el çekibilenokdy. Mele möjek bilen Şally şagalyň ot gorsaýandygy Gaplaň baýyň gulagyna ýeter durardy. Oňa geregi şo tetellidi. Gaplaň ilki Melä sataşdy. - Amanlykmy, Mele han! Saglykmy? - Amanlykdyr-da, saglykdyr-da, baý aga! - Bu günler näme käre güýmenýäň? - Gabat gelen mal-garany çilip ýörmeden başga kär ýokdur, baý aga! - Heý, ondanam bir köp bolarmy? Bir gün ele düşersiň weli, agzyňy gan ýalan ganjyga döndärler. - Onçasyny göribiris, baý aga! - Bu zatlaň ozal görle-görle gelnişipdir. Men saňa güýmenjelik iş tapaýyn. - Baý-boý, baý aga! Sen çopan bol, çoluk bol diýersiň. Başga näme etmeli işiňiz bardyr diýýäň! - Beý diýme, Mele han! Nädersiň Gyrdälä agtaryp, egnine onatar(?) gysdyrasam. - Bäh... bäh... bäh! Maňa beýle bagt nirede ýetdiripdir! - Beýle däldir, Meläm! Agzymdan çykdy-ediler. Men gowy görýän adamlamyň köpüsine serpaý -da ýapdym. Olary atada atardym. Seni-de şolardan kem göremok. Seň ýöne-möne ýigit däldigiňi kesäňden synlap, aňyp ýördüm. Möjek lakamy dakynanyň ýöne ýerden dälligini bilmeýänmikä diýme. Lakam mertligiň alamatydyr. - Baý aga, hamana berdim Gyrdälini, gysdyrdyň arka onatary. Ondan soň, men näme etmeli ýigitleri ýygnap, haramylardan mal-garany goramaly. Çopanlaň arasynda bolup, gyrkylmadyk çebşiň meleje çorbasy bilen silkme gyzyň ýahnasyny iýip ýörmek, keýpi kökläp, şikara çykmak. - Bä, baý aga! Sen-ä meni ölmänkäm jennete eltjeg-ow! Onda meniň tüýs bagtymyň çüwdügi bolar! - Eýse näme, bagt diýenleri çal oýnan ýalydyr-la. Çüwse çüwer oturyberer. Mertligiňi bilip, bagt guşuny depäňde gonduraýyn diýýän. - Eger aýdyşyň ýaly etseň, näme işiň bolsa bitirmesem, köpeý ogly boldugym bolsun. - Al, eli! Gollar garpyşdy. Penjäniň üstüne penje uruldy. Eller mäkäm gysyldy. Wadalaşyldy. Indi ajalyň girdabyna düşseň-de, wadadan dänmeli däldi. - Meläm, nöker toplamak sen bilen, ata agtaryp, arkasyna ýarag dakmak meniň bilen. - Bolýa, baý aga, özüm ýaly garadan gaýtmazlary hökman taparyn. - Men Şally hakynda-da eşidýän. O-da seň ýaly mert ýigit bolmaly. Ilki şony ýanyňa al! Mele Şallynyň ýaşaýan obasyna gitdi. Oba ýetmänkä, Şally sataşdy. Salamlaşdy. - Ýeri, kärdeş, taplaň niçik? - At ýalydyr, Mele dost! - Eşek ýaly mürrelip ýörmeseň bolar. Eneden mürrelmek üçin dogulan däldiris dost. Mele Şallyny göz mizanyna saldy. Möýüň hininde ýatan ýaly görünýän kiçijik alaja göz içiňden geçip barýar. Hyňranýan itiň seňrigini ýatladýan hyrsyz ýüzi garpyşmaga, islendik ýeriňden azy urmaga taýyn. Tokmak kimin gollar depäňden inerli görünýär. Tüňňerip duran öküz geriş, ýükden gaýdarly däl. Oňa şagal diýilmän ''syrtlan'' diýilse-de, gelişmän durjak däl eken. Lakam lakam bolýar-da, panydan bakyýa gidilende-de ol adyň yzyndan galmaýar. - Dost, bagtymyz getirip, gurdumyz gündiz uwlandyr. ''Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna'' bolandyr. - Aýtsaň-aýt! Näme habar bar? - Düýn Gaplaň baýa sataşdym. Ilk-ä oýnaýamyka diýdim. Görsem gara çyny eken. ''Malymy gorar ýaly sen ýaly mert ýigitler gerek'' diýdi. Seni, maňa özüň tap diýip tabşyrdy. Meniň-de seň gözlegiňe çykyp gelşim. Sen-de aňsat sataşdyň. Enşalla. Işimiz şowuna bolsa gerek. Ikimiziň ýatan bagtymyz oýandy. Hemme zat öz-özünden gelşip barýar. Mele öz hemşeresine baýyň wadasyny ýekän-ýekän aýdyşdyrdy. Şallynyň özüne taý boljagyny ol bilýärdi. Öz daşky sypatlaryny deňeşdirdi. Ýürekde gopýan harasat heniz birek-birege aýan däldi. Ol syr ýowuz günde atylmalydy. Şally ketege suw sepeläp, towuk ogurlamakdan dynjagyny göz öňüne getirip, iki egninden ýeňil dem aldy. Olar birleşip, Gaplaň baýyň garşysynda sömeldiler. Baý edil aýdyşy ýaly etdi. Meläni Gyrdälä atardy. Şalla alaşa berdi. Tüýkesmeleriň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Baýyň öwgüli sözleri nökerleriň göreçlerine gan öýdi. Çebişiň çekdirmesi, küremez çal, petir çörek göreçlerine dürtdi. Gözleri gyzardy, elleri gijeýärdi. Aram-aram ýol kesmäge başladylar. Ýek-tük ýolagçyny taladylar, janlaryna kast edip, ellerini gana buladylar. Egri ýoldan yza ser salman geçdi. Ikisi tirkeşip oba-oba aýlandylar. On-onki zannyýaman tapyldy. Iň kemallysy Temek tilkidi. Ol her hili öwrümlerden aňsat baş çykarýardy. Tilkiniň müň sapalagyny sapak edinýärdi. Onuň hilegärligi bu jelagaýlaryň tilkilerini gaýra tesdirýärdi. Galtamanlar ganly penjelerini çar ýana urdular. Baý ilki oljalaryny olaryň özlerine bagyşlady. Soň-soňlar ýuwaş-ýuwaşdan, üçden birini aldy. At-ýaragyň bahasyny iki essä golaý üzlüşmelidi. Gapysynda mugtuna ýallanokdy. Gökleňdir kürtleriň iki-ýeke obalaryny taladylar, çopan-çolugy soýdular. Malyny sürdüler. Käbirleriniň bagryny daglap, balalaryny bazara saldylar. Iki-ýeke oturan öýleri çapanlary üçin asla garaw görmediler. Edenleri öňlerinden geçip duransoň, has gylawlanýardylar. Mele özüni nökerbaşy atlandyrdy. Galtamanlar ene-atadan geçdiler, olaram bulardan. Ene-atanyň sözi derege alynmady. Göwün köşgi berbat edildi. Ara çäk-çäk boldy. Mele möjek, atasynyň nähoşlanyndan habarlydy. Halka atasyny soramaga geldi diýdirmekçidi. Ýöne ony diýjek ýekeje adam-da ýokdy. Özüni özi aldamasa, başgalary ynandyrdyp boljak däldi. Onatary arkasyna oklap, oba ugrady. Onuň ene-atasyny göreşi gelip, ýüregi üzülip baranokdy. Özüne ýeten derejäni deň-duşlaryna görkezesi gelýärdi. Gyrdälä atlanany bäri ýeldirgemese-de, bäri ýany boldy. Obanyň çetine gelende aty çekeräk tutdy. Bedew keýerjekläp barýardy. Adamlaryň ikiläp, üçläp seredýänini gören Mele galtaman özüni şanyň nökeri kimin duýdy. Atasynyň gapysynda düşdi. Salam berip öýe girdi. Ne eneden, ne atadan seda çykdy. Taňry salamy ýel ugruna gitdi. Meläniň göwni bir ýalydy. Onatary şatärime gysdyrdy. Ojakbaşyň gonjuna geçip oturdy. Ýüzüne sereden bolmady, öýüň içi ýas ýeri kimin dym-dyrslyk. Siňegiň wyzzyldysyndan özge ses eşidilenokdy. Ahyry Mele galtamanyň özi saklanyp bilmedi: - Men-ä siz diýip gelýän. Siz bolsaňyz ýüzüňiz buz ýaly edip otyrsyňyz. - Biz diýip gelen bolsaň, yzyňy ýel pozmaka ugra. - Eje, bi näme diydigiň?! Kowdugyňmy? - Sen özüňi özüň kowansyň. Gepiňi köpeltme-de, basymrak şu ýerden gümüňi çek. - Näme boldy eje? Näme boldy? Düşündir ahyry! - Näme bolanyny ilden sora! - Iliň agzyny ýygyp bolmaz-a, eje! Ýassyga başy ýany ýeten atasynyň gahary agzyndan ot bolup syçrady: - Ilden soraşmak nämä gerek? Öz namysyňdan, ynsabyňdan hasap tut. Mert ýigitler iliň, ýurduň täsibini çekýär, sen, binamys, pedernälet, öz iliňi, halkyňy çapýaň. Kowum-gardaş, ulug-ili tanamadyň. - Däde, men iliň ar-namysyny, mal-garasyny gorajak bolup ata çykdym. - Il diýýäniň goturmy? Küren obaň ganyny sorup otyr. Oňa kaýyl gelmän. Galtaklary alamana ugratdy. Siz, haramzadalar onuň gaznasynyň üstüne gazna goşduňyz. Garyp-pukaralaryň malyny sürüp getirdiňiz. Zadyny syryp aldyňyz. Harama öwrüldiňiz. Pukara bendeleriň bagryna gan öýdüňiz. Ýetim-ýesir etdiňiz. Zalymlyga ýetdiňiz. Indi sen adam däl-de, ýyrtyjy wagşysyň. Kellekeserlikden dänmejegiňi bilýän, Janymy ýakyp, derdimiň üstüne dert goýanyň üçin aýdýan, iliň mal-garasy bilen näme işiň bar? Mal gazanyşdyňmy? Çaga-çuga bilen nä işiň bar, ýetim-ýesir edip ýörsüň?! Heý, sende rehim-şepagat ýokmy?! Ýüregiň daşdanmy, deýýus? ''Bir eneden akda dogar, gara-da''. Kime çekeniňi bilmedim. Içim-bagrym-a ýakdyň-da! Ile çykarlygym galmady. - Baý maňa at berdi. Ýarag berdi. Iýmä-içmä zar bolamak. Baý näme diýse diýenini edýäň. - Merez iýip, zäher içen bolsaň gowy bolardy. Baý öl diýse, öljekmi? Bir gün bagryňdan gyzgyn gülle parran geçer. Şonda bilmeseň, häzir bilmersiň. - Meni halamaýan bolmasaňyz, gaýdyp görünmerin. - Görmejegim sen. Halamag-a bärde dursun, seni itden beter ýigrenýän. Oturan ýeriň çökmäkä, tur-da gümüňi çek. Gaýdyp şu gapydan ätlagama. Gaýdyp gara berseň elim bilen böwrüňi garaldaryn. Häziriň özünde tur! Gümiňi çek! - Turmaly bolsa, turdugymyz bolsun! Ol iki-ýeke basyp, öýden çykdy. Gyrdäliniň ýalyny ýassandy. Beýleki galtamanlar-da ene-atasyndan, dogan-garyndaşlaryndan Mele möjegiňkiden kem gargyş eşitmediler. Bellenen ýere ýygnandylar. Galtamanbaşy nökerleri, at-ýaraglary gözden geçirdi. Pir ''Lahowla - billäni'' okady: ''Kadyr möwlamyň özi kuwwat bersin! Hak öz penasynda aman saklasyn! Hudaýtagala ynsanyň howandarydyr. Ýaradana sygynyň. Ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz hak bolsun. Ämin!'' Ahun ak pata berdi. Eller eňege ýetdi. Ahunyň patasy beladan-beterden, howpdan-hatardan gorap, oljasynyň oňmagyna hemaýat berýän ýalydy. ''Ak pata-da'' mugtuna eçilinmeýärdi. Alaman oljasyndan el garma kömek ederdi. Aklyga düşen mallary, harytlary tümene, teňňä öwrüp, ahuna gowşurýardylar. Bu gizlindi. Galtamanlar serhedini belläp, alamana ugradylar. Seýsi ýeten Gyrdäli, kellesini kä etege, kä ýokary atyp, galtaman başydan jylaw soraýardy. Şo barmana Etrek jülgesine indiler. At başyny boşatdylar. Jülge atyň islän meýdanydy. Gyrdäli gitdigiçe arany açýardy. Etrek derýasynyň ýakasyna ýetildi. Beýlekiler-de geldiler. At toýnagynyň tozany tilki guýruk bolup, ho-o-ol yzda galdy. Galtamanbaşy nökerleriň öňünde aty yzda galdy. Galtamanbaşy nökerleriň öňünde aty bir eýlä, bir beýlä öwürýärdi. Telpegini eline alyp silkişdirdi. Selçeň pişik murtuny sypalaşdyrdy. Ujuny burup, jaýtartdy. - Şu ýerde çaý-suw içmeli. Etmeli işleri anyklamaly. Atdan düşüň! Üçerläp goýberiň! Şally derrew çaýyň ugruna düş! Nökerbaşynyň aşagyna keçe düşeldi. Eýere tirsegini berip, ýanyn gyşardy. Ol özüniň demi dagýarmyka diýýärdi. Permanlary gyly gyşardylman berjaý kylyndy. Misden ýasalan tüňçesine bir gysym gök çaý atyp, öňünde goýdular. Mele galtaman her bir talabyny basym ýerine ýetirmeklerini nökerlerden rehimsiz talap ederdi. Ekleýän, saklaýan özüdi. Özüne galtamanbaşy diýilse, hyýrsyz ýüzüni çala ýylgyrdardy. - Şu gezek örini has uzaga-da çekmeli. Kürtlere aralaşmaly. Üç-dört öýli oba tapsak, öňünçä gözegçilik etmeli. Hemme zady anyklarys. Soň amatly pursaty peýläp, oba döküleris. Gowy zat görseňiz, garbap alyň! Oglan-gyz göreniňizden at öňüne basyň! Kimde-kim gowşak gymyldap, sähelçe rehim etse, şoň enesini ters bakdyraryn - diýip, ol zemzen haýbatyny atdy. Nökerlerden seda çykmady. Nökerbaşyny Şally köşetmelidi. - Hatyrjem bolgun, nökerbaşy! Özüňden kem gymyldasak atamyzyň döli bolmadygymyzdyr. - Daglar hakyň nazarynyň siňen ýeri. Jeňňellik. Dereleri çeşmelik. Arça, toraňňy, garadülen ýaşyl begresli daglaryň her deresi öňler bölek-bölek obalydy. Adamlar gatyr bilen kürt agajyny daşaýardylar. Öý ýasap satýardylar. Mele galtaman bu ýerlere beletdi. Gün naýzasyny ýere uranda Gökjäniň dagyna ýarmaşyp ugradylar. Ozallar bu ýerlerde ýomutlar bilen kürtler ýanaşyk oturardy. Saba bilen ol ýerlere ser salyndy. Oba-gara ýok. Gum-guklukdy. Galtamanlardan gaçyp, kürtüň dagyny göçüpdirler. Mele galtak haýran galdy. ''Awuny'' kürtüň dagyndan gözlemese, başga çäre ýokdy. Emma ol ýerler howpludy. - Nökerler, ugur kürtüň dagyna! Gije şöwür çekip tä buky ýere barýan ak gitmeli. Aýdylan ýere ýetip, gije ýary jeňňellikde goş ýazdyryldy. Şallynyň ýanyna iki adam goşulyp, gözegçilige iberildi. Bularderäniň oňurgasyny syrdylar. Daň tilki guýruk bolup, agaryp ugrady. Deräniň içinde yşyk göründi. Şally yzyna öwrüldi. Nökerbaşy, deräniň içinde oba bar. - Ho-o-op, ýagşy! Gözegçiligi güýçlendirmeli. Adam sanyny bilmeli. Adamlar işsiz ýatmaz. Möjek bilen Şagalyň göreji göni öýlere dikildi. Her gapyda birki gatyr diýäýmeseň, başga mal-gara görünmedi. Mele möjek bu obanyň garyp obadygyny aňlady. Indi etjek işini bilýär. Öwrenişen käri. Gatyrlar palanlandy. Goş-golaňlar ýüklendi. Oba adamlary tirkeşip dere bilen ýokarlygyna ugradylar. Mele galtaman olaryň ýatyrlaýyn gidýändigini hereketlerinden aňdy. - Şally, tizräk bar! Atlary taýynlasynlar. Bi ýerden dik aşak inip boljak däl. Deräň eteginden girmeli. Oňa çenli oba adamlary arany açar. Şally oýa ylgady. Nökerler jemlendi. ''Hä-ä-ä, öz-ä ugruna bolmaly, gurbany gitdigim ahun kakaň ak patasy hakyky bolmaly. Elbetde, bi öýler çagasyz-a däldir. Bir oglan bilen bir gyz ellesem bolany. Baýlara gyrnak-da gerek, gul-da gerek. Haýsy diýse tapylsyn dursun''. Mele galtaman Gyrdälä atlandy. Nökerlere göz aýlady. Gorky edýäni ýokdy. - Deräň agzyndan girmeli. Oba dökülmeli. Alan oljaňyz özüňiziňki. Şally, gözüň oglanda bolsun! Men gyz ellärin. Gyz gerek diýene gyz, oglan gerek diýene oglan bereris. Ikisini bile çatyp, neberelerini köpeldýän baýlar-da bolýar. Bize köpräk girdeji gerek. Tizräk mal-gara köpeltmeli. Galtamanlar tüpeňlerini öňlerine basyp, oba okduryldylar. Daşarda güýmenip ýören orta ýaşly aýal bulary gördi. - Wa-a-aý doganlar oba ýagy döküldi! Çaga-çugany ýüküň aňyrsynda gizleşdiriň! Eliňize tapan-tupan zatlaryňyzy alyň! Soňky demiňize çenli gidişiň! Bu nejisler hökman oglan-uşak alar. Başga alar ýaly ajarly zadymyz ýog-a. Diňe çagalara berk boluň! Gorkmaň ýagy diýenleri gorkdugyňçaň beterlär. Ahy-nalaňyza rehim edermikä diýmäň. Wah, gijelikde bolmady-da. Çagalar pytrap gaçşalar, tapmasalar-da, tapmazdylar-da. Galtamanlar oba döküldiler. Mele galtaman tüpeňiň gundagy bilen daňylgy gapyny urandan, öýden tüpeň göçdi. Boş geçdi. Mele gapydan gyýak durupdy. Galtaman kürsäp içeri girdi. Naçar ikinji gezek atmaga ýetişmedi. Elinden ýarag gitdi. Ýeňsesine tüpeňiň gundagy jaýdar degdi. Ýere ýazyldy. Garadolan taýaklaryň tüpeňler bilen çaknyşan sesi, zenanlaryň ahy-nalasy, galtamanlaryň haýbaty öýleriň içini ala-zenzelä öwürdi. Taýaklar gaňrylyp alyndy. Möýüň hini ýaly niller gezeldi. Öý goşlary agdar-düňder edildi. Göwne ýarany alyndy. Mele möjek ýüki ýykdy. Ine, görse, on-onki ýaşly, ýüzük has ýaly gyzjagaz titräp ýatyr. Onuň Mele möjegiň eýmenç gözüne hyýrsyz ýüzüne gözi düşdi: - Wa-a-aý, eje jan! Gormkýa-a-an! Ganhor gyzjagazyň ýagyrnysyndan penjeläp, ýüküň aňyrsyndan sogrup aldy-da, gapa ýöneldi. Balasyny elden giderip barýan ene bagryny dilip bagyrýardy. Nalaýardy. Nalyş edýärdi. Ýetişibildiginden galtamanbaşyny saýgylaýardy. Gyzjagaz haramyň sakgalyny ütere getirdi. Ýüzüni pişik dyrnaçaklan ýaly etdi. - Temek, tiziräk gymylda! Me, tut! Ol gyzjagazy top oklan ýaly zyňyp goýberdi. Soňra güýjünde baryny edip, naçar enäniň gursagyna depdi. Biçäre honda zyňlyp düşdi. Talaňçy daş çykdy. Gyrdälä atlandy. Gyzjagazy öňüne basdy. Töweregine seretse. Şally öňi oglanly aty gorduryp barýar. Neressejikler tora düşen keýik owlagy kimin urunýardylar. El-aýaklaryny bulaýardylar. Hiç kimden delalat ýok. Möjek ''Hä-ä, tulajyk, gözüň nämeler görerkä'' diýip, näzijek göwräni öňüne çekdi. Her ýerinden-her ýerinden penjeledi. Gyzjagaz ykbalyny bire baglady. Mele möjek aty depgiläp, gamçy çaldy. Gyrdälä okduryldy. Yzyndan gülle ýetmese, dört aýaklynyň oňa bäs gelip biljegi ýokdy. Ketege girip ýören ''Şagal-da'' ýetişibildiginden aty gamça basdy. Ara açyldy. Gyzy ''möjrgiň'', oglany ''şagalyň'' arkasyna saradylar. Neresse çagajyklar töňňä jyzarlanan ýalydylar. Gymyldap bilenokdylar. Olaryň çirkin sesi gulagyňy edip bilenokdylar. Olaryň çirkin sesi gulagyňy edip barýardy. Görgülijik, ýere indi kim rehim etsin?! Galtamanlar atlary goragyna salyp barýardylar. Mele möjek Gyrdäliniň omzuny ýygy-ýygydan elleýärdi. At göwsi garaldy. Janawar kellesini häli-şindi aşak basyp, jylaw dileýärdi. Başy boşan Gyrdäli, eýýäm gara görnüm özüni saýlady. Maýsa çaýyrlyja oýda düşüp, atlary duşakladylar. Çaý gaýnatdylar. Çaý bilen gaty-guty çöregi it gemrişini edip gemirdiler. Mele möjek alnan oljalary bir çetinden gözden geçirdi. Içinde meňki bolsuny ýokdy. Galtamanbaşy muny oba gözi düşen badyna aňypdy. Oba garypdy. Şonuň üçin ''Alladan oljaňyz özüňiziňki'' diýipdi. Nökerbaşyna bahana tapyldy. Nökerler bilen awusyny pürkesi geldi. - Ine, görýäňizmi, alamanyň ýoly bir bolsa-da, rysgynyň aýrydygyny, Heý, munuň içinde meňki diýip alarasy barmy? Nebit guýup, otlamasaň-a başga zada ýarajak däl. Haý, nan ýagylary! Bi oljaňyz bir gün ýallanyma degjek däl. - Oňly zatlary ýok ekeni, nökerbaşy! - Goýsan-aýt. Temek! Heý, zatsyz-da adam başardy? Ýuka ýüreklik etdik diý-de gutar-da. Özüňiz bilen deň bolsam, köpüňizi ýeke oka düzamaly. Nökerleriň sesine suw sepilen ýaly boldy. Mele möjekden pişik kimin gorkýardylar. Sähelçe söz aýtsaň, janyňy jähenneme iberse iberibermelidi. Ykballary onuň elindedi. Meläniň-de gözünden gan damýardy. Olaryň ganyny sorajak-da ýokdy. ''Gassaba ýag gaýgy, geçä jan''. Gara gözli çagajyklar ak süýt beren enelerini zarladylar. Eňremekden ýaňa sesleri gyryldy. Diňe gözlerinden düwme-düwme ýaş togalanyp, näzijek ýaňaklardan syrygyp, gara ýere siňýärdi. Neressejikleriň iki gözünden özge zada güýji ýetenokdy. Ene-atadan, mähriban mekandan baky jyda düşendiklerinden nalaýardylar. Eneleriniň ýürek tarlary üzülip, gözýaşlary bokurdaklaryna tegek bolupdy. Öňlerinde keserlip duran zorluklary, zulumlary pikir eleginden süzüp, tükedip bilenokdylar. Mele galtak esli girdeji girjegine iki bolubilmän otyrdy. Daşyndan gaty hyýrsyz görünse-de, içi gülýärdi. Keýpi kökdi. Oglanjygyň ýüzi gam-gussadan ýaňa gara ötdi. Gözlerinde ýigrenç ody lowlaýardy. Ol agydan, gaýgydan peýda çykmajagyny indi saýgaryp ugrapdy. Galtamanbaşy töweregine haýbatly nazar aýlady. Göreçler bir-birine naýza gezedi. Oglanjygyň görejinden ýigrenç gatyşykly gazap ok bolup atylýardy. ''Ölmesem, namys astyndan çykaryn'' diýýärdi. Ýaşajyk göreçde ýanan ody nazary kaklyşanda Meläniň daş ýüregi, süňňi syzlap gidýärdi. - He-e-eý, güjük, adyň näme? Kimiň ogly? Näçe ýaşyňda? Jogap ber? Ejeň ady näme? Jogap ýerine goşa nil gezeldi. Gaşlar çytyldy. Içiniň oduny çabradasy geldi. ''Ýeriň däldir ak taýaklarydy''. - Şally, bulaň hersine bir döwüm çörek okla! Şally bendejikleriň her haýsyna el ýaly çörek berdi. Neressejikler çöregiň duzuny dadyp, maňlaýlaryna degirdiler. Duzy hormatlap, daşyň üstünde goýdular. Dadan dyrnak ýaly çöreklerini ýuwduna-ýuwduna bokurdaklaryndan zordan geçirdiler. Galtamanlar ýola düşdüler. Nökerbaşy: ''Arslan baýa eltsemmikäm, Gaplaň baýa. Aý, näme bolsa-da, Gaplaň baýa elteýin. Baý bar, Ahun kaka bar, degerli maslahat bererler-dä'' diýip, içini hümledip barýardy. Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Oba golaý gelenlerinden asmana tüpeň atdylar. Oljalaryndan oňandygyny buşladylar. Gaplaň baý daş çykdy. Talaňçylar atdan düşdüler. - Salaemaleýkim, baý aga! - Waleýkimessalam! Sag-aman geldiňmi. Mele batyr! - Şükür, hudaýa, aman-sag geldik. - Aw ganly-da? Başyň tükelmi? - Ýaşyň uzyn. Başymyz tükeldir, baý aga! Adymyz dag aşypdyr. Töweregimizden gelen bolmady. - Haý, berekella! Ýigidiň gideni görünmez, geleni görner. Tüweleme, näzijek zatlary-da elläpsiňiz. - Nesip edenden ellenendir. - Olary öýe elt! Ýüz-gözlerini oduň yşygyna göreýin. Nähilije zatlarka? Kör, ker dagy bolamasyn. Nökerleriňi çadyrda goýda, özüň öýe gir! Çaý-suw iç. Dynjyňy alarça bolupsyň. Munuň ýaly janly olja getirseň, sylag etmeli bolar. Mele han! - Bolýa, baý aga! Men ahun kaka bilen görşüp geleýin. Ol Magtym ahunyň gapysyndan girip, eda bilen salam berdi: - Salawmaleýkum, ahun kaka! - Waleýkimessalam! Aman-sag geldiňmi, Mele batyr! - Şükür hudaýa. Sag-salamat geldik, ahun kaka! - Gelersiňiz, enşalla gelersiňiz. Siz gideliňiz, bäş wagt namazyň yzyndan. Kadyr möwlamdan dilegim siziň saglygyňyz boldy. - Taňryýalkasyn, ahun kaka! Senden ak pata alyp gidemde, gorky-ürki ýadyma düşenok. Oljam oňýar. Ak pataň aklygyny gaýgyrmaryn, ahun kaka! - Senden tamam köpdür. Mele han! Mele galtaman baýyň öýüne bardy. Nökerler garynlaryny mazaly ýasyladylar. Gapydaky çadyrda gyşaran batlaryna süýji uka gitdiler. Ençe wagt ýumulmadyk gözler hezil etdi. Horruldy çadyry göçürere getirýärdi. Öýde ahun. Gaplaň baý, Mele galtaman iki çaga, aýallar otyrdylar. - Hany onda, Mele batyr, iýen-içeniň özüňki, gören-eşidenleriňden habar ber-dä? - Şu gezek iş beter oňuna düşdi. Kürtleň garyp obasyna gabat geldik. Öýlerinde meňki bolsun diýere zatlary ýok. Onsoň çagalaryny aldyk-da, gaýdyberdik. - Ine, şu oturanjyklar zat-da, başga näme gerek? Meň-ä ogul ýerine - oglum, gyz ýerine gyzym bar. Arslan baý alsa gerek. Soň meň paýymy, ahunyň pata paýyny gowşurarsyň. Ine, wessalam, iş tamam. - Mele batyr, ýaradan hakyň özi her kimiň rysgyny birzada ýazýandyr. Men rysgymy ylyma ýazan bolsa, seniňki alamançylyga ýazandyr. Kadyr Möwlamyň ýazany şo adam üçin halaldyr. Garamaýaklar alamançylara günä sürtjek bolýarlar. O Alladan daş düşmekdir. Olaň gepine gulak gabardyjy bolma! Onsoňam alamançylyga özüň ýaly baryp ýatan batyr, mert ýigitler baş urýandyr. Olar janlaryny orta atyp gidýärler. Ajal okuna barýarlar. Olja resul hakyňyzdyr. Berilýän ak pata, ýüregiň bilen ynanmalydyr. Şonda beladan-beterden, howpdan-hatardan hakyň özi gorar. - Men, ahun kaka, seň pataňa janym-tenim bilen ynanýan. - Ine, munyň bolar. Töwerek - daşyňdan geljek bolmaz. Indiden beýläk uzak menziller söküp ýörme-de, golaý-goltumdaky gökleň, japarbaýlardan rysgyňy arabergin. Seň at-owazyň ençe ýere eşidilendir. Olaň janlaryna degmeseň bolar. Mal garadan geçendirler. Meň sözümden çykmasaň, asla hor bolmarsyň, Mele han! - Ahun kaka, ertesi saba bilen oglany, gyzjagazy alyp, Arslan baýa baka ugradylar. Arslan baý olara esli tylla, tümen, riýal, teňňe berdi. Gaplaň baý bilenem hasaplaşdy. Ak pataň aklygyna ep-esli tylla ahunyň öňüne döküldi. Gaplaň baý täze el açmaga ymtylýardy. - Mele batyr, ahun üçümiz otyrys. Arada del adam ýok. Men öz hyýalymy orta atasym gelýär. Şu ýerde bolan gürrüň şu ýerde galsyn! Öňem agzap goýupdyk. Indi belli netije çykaraýlyň! - Menden-ä hiç kim ýeke agyz söz eşitmez. Agzymyň hakyky eýesidirin, baý aga! - Bilmän-ä duramok. ''Dil bela - diş gala'' diýenleri-de bar. - Başyma her hili iş düşse-de sizi ara sokman. ''Öz eden işim - dökülsin dişim'' diýýänlerdendirin, baý aga! - Onda gulak as! Daşyňy gorajagym-a ikuçly däl. Alan oljaňy özüm ýerläp bereýin. Ýokarsy Tejen. Aşagy Baky. Gaýrasy Hywa, ilersi Eýrandan çykartmak meň bilen. Ondan başga-da söwdegärdir täjirleriň ýylyň-ýylyna üstüme dökülip duranyny öz gözüň bilen görýäň! - Hawa, hawa, hut gözüm bilen gördüm. Göremok diýip biljek däl. Ata çykaryp, arkama ýarag gyssyranyňy unutman. Şo ýagşylygyň meni mally-garaly etdi. Eden ýagşylygyň aşagyndan çykdym diýsem boljak. Gaznaňa gazna goşdum. Soňuny-da soň görübereris. Sen bilen arkalaşmaga men razy. Gaplaň bilen Möjek bir çukura tüýkürdiler. El berişdiler. Ahun şaýatlyk etdi. Mele galtaman täze menzile ýola rowana bolmagyň ugruna çykdy. Ýol saýyny tutdy. Ahunyň huzuryna geldi. Ahun ''Alhamy'', ''Lahowla-bilany'' okady. Güýz aýlary. Çopan-çoluklaryň elkin gezýän döwri. Dowarlar günaşa, belli-belli guýulardan, çeşmelerden ýakylýar. Muňa Mele galtaman belet. Ondan-oňa aňtap ýörmeli boljagyny bilýär. Boş guýynyň ýokdugyna-da göz ýetirýär. Her guýudan, çeşmeden birki süri suwlanýar. Deräniň içindäki guýa gözegçilik etdiler. Ine, görseler gara sakgally edenlek çopan başyny galdyrman ahyra suw guýýar. Goýny on-onki ýaşly oglan bölüp dur. Süri suwa ýakyldy. Dere başaşak çekdirildi. Goýun aýagynyň tozany burum-burum asmana galdy. Galtamanlar süriniň ýetjek ýerini nazara alyp ugradylar. Tozana gözegçilik edýärdiler. Süriniň örüsine barman eňilmeýändigi galtamanlara mälimdi. Süriniň örüsini çenek edip buky ýerde düşdüler. Atlary üçerläp goýberdiler. Nahar-nowa edindiler. Uka gitdiler. Öňde ukusyz gijeler garaşýardy. Gün naýzasy goja zemine uruberende Mele galtaman oýandy. - Şally. Tur-da nökerleri örüz! - Ýigitler, turuň! Temek, çaýyň ugruna düş! Beýläňiz atlary getiriň! Eýerläň! Iýmläň! Ýola taýýarlaň! Galtamanlar atlandylar. Mele möjek olara şeýle diýdi. - Meň aýtjak zadymy ýatda saklaň! Çopan goýny şamladyp gelende ot ýakýar. Şo wagt ýakynlaşmaly. Ýatjak ýerini bellemeli. Oduň yşygyna gözegçilik etmeli. Çaý-çörekden soň, çykarynar, ýerine geçer. Ýelkenini sypyrar. Guşagyny çözer. Arkaýyn gyşarar. Şally, şol wagt iki bolup çopany basyň! Elinden habardar boluň! Eli pyçaga ýetse, böwrüňizden suwlar. Biriňiz çolugy daňmaly. Biriňizde itleri goraň! Iti urup ýykmasaňyz. Guýrugyňyzy möjek çalan ýaly eder. Galanlaňyz atlary saklamaly, goýny bölmeli. Içinde ikerkeç bolmasa gije goýun ýöremez. - Arkaýyn bol-a, nökerbaşy, edil aýdyşyň ýaly ederis. Talaňçylar sürä golaýlaşdylar. Çopanyň hemme hereketi Meläniň çen edişi ýaly boldy. Itler duýdy. Hars urup üýrmäge başladylar. Çopanyň mazasy gaçdy. Ýüregine howsala düşdi. - Han ogul, itler-ä bir zat görýär. Gaty gulag-a bolmaly däl. Eger gatygulak bolsa, goýun ysyny alardy. Ürkerdi. ''Iki aýakly böri'' bolmagy ahmal. Eger şeýle bolsa mert bolgun! Gaýgyrmagyn. Çem gelen ýerini saýgylabergin. - Däde, men-ä süňňüme gorky aralaşdy. Süňňümi saklap bilemok. Bize bir zat boljak ýaly bolup dur. - Gorkma, han ogul! Başa gelenini göz görer. Haramylaň bize rehimi gelmez. Biliňde pyçak, eliňde taýak bolsun. On-onbäş ädim sowarak otur. Maňa ýapyşandan itleri küşgür. Sesiňi gaýgyrma. Itler arkalansyn. Çopan geýindi. Pyçagy biline urdy. Gola garadolan taýagy aldy. Garpyşmaga taýynlandy. Talaňçylaryň dördüsi birden okduryldy. Şallyny it garsa gujaklady. Iki itiň Şallyny pers ala etjegini çopan bilýärdi. Döşi gapak ýaly çopan Temegi nazarlap taýagyny bulady. Taýak taýak eňlen kelläni gyryp geçenden, nöker gaçmaly boldy. Elinde gamçydan başga, daýanara zady ýokdy. - Iti haýkyr, Haýdar! Ol kömege ýetişer. - Agdar, Agdar, ýet bas! Bas gara kapyry! Agdar arkadag. It eýýäm Haýdar bilen garakçynyň birini aldym berdime salyp ýördi. - Ha-a-aý, nökerbaşy, ýetişeweri! Itler dargadyp barýar. At saklaýanlardan beýlekileri ylgadýar. Mele iki bolup çopan bilen garpyşdylar. Pyçagy sogurmanka, gollar gaňryldy. Çoluk bagyrdadyp basyldy. Çopan-çolugyň taýagy özlerine ýagy boldy. Itler-de urgudan awunyp gaçmalaýardylar. - Dat däde, ýetişeweri! Golumy gaňryp döwüp barýarlar. Çopanyň gaharly, batly sesi itlere daýanç boldy. Uruldy-urulmady, parhy-ýok. Tutan ýerini goparýar. Ölinçä gaýdarly däl. Çopanyň diňe aýagy hereket edýärdi. At depen ýaly togalaýar. Haýry ýok. Ahyry daňyp taşladylar. Çolugy-da saradylar... Goşa getirip goýdular. Içi erkeçli ýüze golaý dowary öňlerine salyp yzlaryna öwrüldiler. Süriniň daşyny itler saklamaly boldy. Ýatagyna ýygnandy. Eýesiniň elini çözüp başarmady. Goýunbagy bilen düwülen düwün çözerli däldi. Galtamanlar daň saz berende düşlediler. Mele nökerlerine göz aýlady. Itler egin-eşiklerini çäk-çäk edipdir. Kimsiniň baldyry deşik-deşik. Kimsiniň oturýeri parçalanan. Iň agyr ýara Şalla düşüpdir. Abat ýeri ýok diýen ýaly. - Haý, nan ýagylary. Ýatyň indi uwlaşmaň. Size aýdyl-da itlerden habardar boluň diýip. ''Iki bolup bire degmez. Gözli bolup köre''. - Nökerbaşy on bir iti iki adama taý geljek. Tutan ýerini goparmany aýrylýan zat däl. Ýaralananyma razy boldum. Bokurdagymdan tutup silken bolsa näderdim. - Näderdim, näderdim. Ölerdiň. Maslygyň çöl ýerde galardy. Wessalam! Mydam ahun kakaň patasy daşyňa gala bolarmyka diýdiňmi? Ite dogaň ýöremeýänini bilmeýärmiň? Saňsar! Ýaş gidip barýar. Aty, ýaragy diýmeseň som-somalyk özleri. Şol günlerinden aç günleri köp. Dynuwsyz günler ukusyz gijeler, jahyllyk gylawyny mazaly aldy. Öýli - işikli bolmajaklaryna gözleri ýetdi. Garagaýgysy garynlary, meýitleri nirede galjak. Mydama işleriniň şowly bolmajagy-da belli. Ýarysyna çydam edibilmeýän Şallynyň kellesinde köwsarlaýan obalary şu heňleri galýardy. Nökerbaşynyň igenji gaýgy-aladanyň gerdişiniň üstüne gurşun goýýardy. Çuňňur guýa gaçanyny bilýär. Örümsiz guýydan çykyp bilmejegini aňýar. Nätmeli? Alaç ýok. Çydamaly. Beýleki nökerleriňde ýagdaýy şeýle. Yza çekilere ýol ýok. Mele möjekde olaryň başyna Ezraýyldan kem däl. Nökerbaşy, biz musulmançylygy unutmaýlyň! Kim zalym bolsa, şo kapyr bolýa diýip kän eşitdim. O bendeleri daňyp äpberdik. Heläk bolsalar biz gandar bolarys. Gökleňler-de bizde ganyny goýbermez, şerigatda-da gan ýerine gan almaga haklary bar. Oň üçin men ýanyma adam alyp, olaň el-aýaklaryny çözüp gaýdaýyn. Obasyna habar bermek üçin birki gün gerek. Oňa çenli biz, gör, nirelerden çykarys. - Şu akylyň-a ters däläý, Temek! Hanama öýlänräk boşatsaň, oňa çenli esli menzil aşarys. Gije-de ýoresek, öz ilimize bararys. Ondan soň, gökleň üstümize barabilse barsyn göreýin. Temek üç atly bolup yzyna at goýdy. Çopan goşuna bardylar. Daňylgylaryň başyna Temek tilkiň şir bahasy gelýärdi. Özüne batyr diýdirjek. - Hä, batyr, ýatyrmyň gözüňi pakraldyp. Bizi görseň pişige dönersiň. Indi hor-horuň ýatan bolsa kelemäňi çöwrüber. Gaýratyň bolsa at, nejis! At deýýus! Tüpeň çenemäni bilen atmany-da biler. Gurrumsak. - Bu gyjalatyň bilen-ä böwrüňi garaldamaly. Okuma dözemakda. - Garalt, haramzada! Kime geňeşýän! Guduzlan it. Çopanyň gahar-gazapdan ýaňa gyzaran nazary galtamanyň içinden parlap geçdi. Eli boşasa, geňeşe garaşarly däldi. Haýdaryň eli çözüldi. Galtamanlar atlanmaga howlukdy. Atlary gaçma basdylar. Itlerden-de arany açdylar. Agdar-da armanly galdy. - Han ogul, ölmesek bulardan arymyzy alarys. Sürini sanaýly. Nejisler näçerägini äkitdilerkä?! - Ýüzden gowrak goýun, dört erkeç kem geldi. - Haý, haramzadalar, edibilenini edipdir-ow. Haýdarym, sen oba habar ýetir. On-onki sany haramy ýüzden gowrak goýun bilen dört erkeji zorlap alyp gitdiler diýersiň. Sürini ýakyp, oba tarap çykaryň. Haýdar ýolda ýatdy. Oba barsa, baý ýok. Ol ertesi geldi. Malynyň talaňa düşenini eşiden baý gazaba mündi. Gahary içine sygman ýarylara gelýärdi. Dergazapdy. Ömründe towugyna tok diýilmedik baý talaňçylyga sezewar bolaryn diýip ýatsa-tursa kellesine gelmeýärdi. Kowgudan giç. Alamançylar eýýäm arany açdy. Gökleň baýyň gahary egsilerli däldi. Galtaklary ýygnap ata ataryp, ýarag berip, mal ýerine mal almasa ynjaljak däldi. Atabaý bilen gökleň tirelerini ýagyçylyga öwürdi. Mele galtaman talap alan malyny Şagadamda Bakuw söwdegärlerine satyp, esli harjy edindi. Japarbaýlara-da çapawulçylyk edýärdi. Japarbaý baýlary-da Sopy sallah ýalylary alamançylyga ugrukdyrdy. Garyp-gasarlaryň mallary halys köp talaňa düşdi. Içerki daşarky talaňçylar garyplary tozduryp barýar. Baýlara arzan işçi güýji köpelýär. Gökleň, ýomut ilatynyň ykbalyny ahun-mollalar, baýlar çözýärdi. Döwür ''Gün güýçliňkini, gowurga dişliniňki''. Gökleňlerden, kürtlerden, ýomutlardan biri-biriniň sürýän ýesirlerini yzyna almak üçin pul gerek. Garyp gasarlarda beýle harjy küje? Ýesir düşenler şol ýere ykbalyny bialaç baglamaly bolýar. Jebir-jepa çekýär. Başga çäre ýok. Mele galtaman kürtlerden alan ýasy gulak ala, eşek gulak goýunlardan, bili çörek, süýtli müjül goýunlardan bir süri dowar edindi. Özüni mazaly tutdy. Indi gaplaň baýy-da gaýgyranok. Çem gelse malyndan kakmalaýar. Niýeti Gaplaň baýa sogan dograp berjek däl. Bir gün ol Gaplaň baýa nökerleri bilen salama bardy. Nökerler çadyrda ýerleşýärdi. Özi baýyňkyda. Mele batyr ençe wagt gara bermediňle. Nirelerde otlap-suwladyň? - Otlap-suwlanmadyk ýer galan däldir, baý! - Gökleňlere çapawulçylyga gidipdiň-le, sag-aman geldiňmi? Olja dagy elläp bildiňmi? - Olja ellendi-de, bazara-da salyndy. - O nähili beýle bolýa. Hany, seň wadaň? - Wada, şahyň düýbüne edilendir, baý! - Weý-weý, sen näme därlediňmi? Wadadan dänmek imanyňdan dänmeg-ä. - Därledimmi, därlemedimmi, on-a bilemak. Ýöne seni doýrup bolmajagyn-a bildim, at - ýaragyň bahasyny bir wagt iki esse edip üzlüşdim. Onda-da doýup dolmadyň. Ölünçäň şu pany dünýede gözüň doýjak gümany ýok. Indi menden saňa hiç zat ýok. Malyňy-da özüň gora, gaznaňy-da. - Meniň-ä senden tamam kändi. Elim bilen öýli-işikli etjekdim. Bi bolşuň-a bolanak. - Öýli-işikli edip bolduň, baý! Indi salgyma çapman, öňkülerim besdir. Şu günden başlap, men seni tanamak, sen-de meni. Gorkmasaň-da sylama. - Beý diýme, Mele han, adam adama kyýamat magşar gününe çenli gerekdir. Men iki geplemegi halamaýan. Hany, nökerler, tizräk atlanyň! Biz-ä janymyzy orta oklap gazanmaly. Baý-da ýata paý bolmaly, köp iýseň gusmaly-da bolar. - Saklan. Mele han! Nämä gaharlanýaň düşünşeýli! - Ýuwaş-ýuwaşdan öz-özüň düşüner gidersiň. Mele möjek nökerlerini tirkäp, arkany açdy. Niýetine ýetdi. Tatar, gojuk, köçekleriň ýasan ýerlerinden baş baş öý aldy. Üzük, dürlük, serpik, tarp ýapar, täze gamyş, bolan, düzüsine deňiç satyn aldy. Indi eli uzadan ýerine ýetýär. Atabaý, Japarbaýlardan-a maşgala berilmejegini bilýär. Kellekeser talaňça kim jigerbendini dözsün?! Mele galtaman gazynyň süýjän ýerine gitmekçi. Ýola şaýlanýar. Syryny nökerlerine-de aýdanok. Kürt galtamanlary-da töwerek-daşyna, Etrek boýuna. Çendir iline, Narly dagyna ot gorsaýarlar. Ýollar howply. Nökerbaşy köpüni daşyna dolanjak bolsa-da gitmeli. Maşgala edinmeli. Kem zady-diňe gelinlik gyz. Daň saz bermegine sabyrsyz garaşýar. ''Ýaradan haka sygynaýyn. Ak pata diýmäýin'' diýip, içini gepledýärdi. Aýdan wagty geldi. Belet ýoluna ugrady. - Indi öňki däl. Biz ýaly saňsyraklap ýörenler köpeldi. Goşa getirip goýdular. Içi erkeçli ýüze golaý dowary öňlerine salyp yzlaryna öwrüldiler. Süriniň daşyny itler saklamaly boldy. Ýatagyna ýygnandy. Eýesiniň elini çözüp başarmady. Goýunbagy bilen düwülen düwün çözerli däldi. Galtamanlar daň saz berende düşlediler. Mele nökerlerine göz aýlady. Itler egin-eşiklerini çäk-çäk edipdir. Kimsiniň baldyry deşik-deşik. Kimsiniň oturýeri parçalanan. Iň agyr ýara Şalla düşüpdir. Abat ýeri ýok diýen ýaly. - Haý, nan ýagylary. Ýatyň indi uwlaşmaň. Size aýdyl-da itlerden habardar boluň diýip. ''Iki bolup bire degmez. Gözli bolup köre''. - Nökerbaşy on bir iti iki adama taý geljek. Tutan ýerini goparmany aýrylýan zat däl. Ýaralananyma razy boldum. Bokurdagymdan tutup silken bolsa näderdim. - Näderdim, näderdim. Ölerdiň. Maslygyň çöl ýerde galardy. Wessalam! Mydam ahun kakaň patasy daşyňa gala bolarmyka diýdiňmi? Ite dogaň ýöremeýänini bilmeýärmiň? Saňsar! Ýaş gidip barýar. Aty, ýaragy diýmeseň som-somalyk özleri. Şol günlerinden aç günleri köp. Dynuwsyz günler ukusyz gijeler, jahyllyk gylawyny mazaly aldy. Öýli - işikli bolmajaklaryna gözleri ýetdi. Garagaýgysy garynlary, meýitleri nirede galjak. Mydama işleriniň şowly bolmajagy-da belli. Ýarysyna çydam edibilmeýän Şallynyň kellesinde köwsarlaýan obalary şu heňleri galýardy. Nökerbaşynyň igenji gaýgy-aladanyň gerdişiniň üstüne gurşun goýýardy. Çuňňur guýa gaçanyny bilýär. Örümsiz guýydan çykyp bilmejegini aňýar. Nätmeli? Alaç ýok. Çydamaly. Beýleki nökerleriňde ýagdaýy şeýle. Yza çekilere ýol ýok. Mele möjekde olaryň başyna Ezraýyldan kem däl. Nökerbaşy, biz musulmançylygy unutmaýlyň! Kim zalym bolsa, şo kapyr bolýa diýip kän eşitdim. O bendeleri daňyp äpberdik. Heläk bolsalar biz gandar bolarys. Gökleňler-de bizde ganyny goýbermez, şerigatda-da gan ýerine gan almaga haklary bar. Oň üçin men ýanyma adam alyp, olaň el-aýaklaryny çözüp gaýdaýyn. Obasyna habar bermek üçin birki gün gerek. Oňa çenli biz, gör, nirelerden çykarys. - Şu akylyň-a ters däläý, Temek! Hanama öýlänräk boşatsaň, oňa çenli esli menzil aşarys. Gije-de ýoresek, öz ilimize bararys. Ondan soň, gökleň üstümize barabilse barsyn göreýin. Temek üç atly bolup yzyna at goýdy. Çopan goşuna bardylar. Daňylgylaryň başyna Temek tilkiň şir bahasy gelýärdi. Özüne batyr diýdirjek. - Hä, batyr, ýatyrmyň gözüňi pakraldyp. Bizi görseň pişige dönersiň. Indi hor-horuň ýatan bolsa kelemäňi çöwrüber. Gaýratyň bolsa at, nejis! At deýýus! Tüpeň çenemäni bilen atmany-da biler. Gurrumsak. - Bu gyjalatyň bilen-ä böwrüňi garaldamaly. Okuma dözemakda. - Garalt, haramzada! Kime geňeşýän! Guduzlan it. Çopanyň gahar-gazapdan ýaňa gyzaran nazary galtamanyň içinden parlap geçdi. Eli boşasa, geňeşe garaşarly däldi. Haýdaryň eli çözüldi. Galtamanlar atlanmaga howlukdy. Atlary gaçma basdylar. Itlerden-de arany açdylar. Agdar-da armanly galdy. - Han ogul, ölmesek bulardan arymyzy alarys. Sürini sanaýly. Nejisler näçerägini äkitdilerkä?! - Ýüzden gowrak goýun, dört erkeç kem geldi. - Haý, haramzadalar, edibilenini edipdir-ow. Haýdarym, sen oba habar ýetir. On-onki sany haramy ýüzden gowrak goýun bilen dört erkeji zorlap alyp gitdiler diýersiň. Sürini ýakyp, oba tarap çykaryň. Haýdar ýolda ýatdy. Oba barsa, baý ýok. Ol ertesi geldi. Malynyň talaňa düşenini eşiden baý gazaba mündi. Gahary içine sygman ýarylara gelýärdi. Dergazapdy. Ömründe towugyna tok diýilmedik baý talaňçylyga sezewar bolaryn diýip ýatsa-tursa kellesine gelmeýärdi. Kowgudan giç. Alamançylar eýýäm arany açdy. Gökleň baýyň gahary egsilerli däldi. Galtaklary ýygnap ata ataryp, ýarag berip, mal ýerine mal almasa ynjaljak däldi. Atabaý bilen gökleň tirelerini ýagyçylyga öwürdi. Mele galtaman talap alan malyny Şagadamda Bakuw söwdegärlerine satyp, esli harjy edindi. Japarbaýlara-da çapawulçylyk edýärdi. Japarbaý baýlary-da Sopy sallah ýalylary alamançylyga ugrukdyrdy. Garyp-gasarlaryň mallary halys köp talaňa düşdi. Içerki daşarky talaňçylar garyplary tozduryp barýar. Baýlara arzan işçi güýji köpelýär. Gökleň, ýomut ilatynyň ykbalyny ahun-mollalar, baýlar çözýärdi. Döwür ''Gün güýçliňkini, gowurga dişliniňki''. Gökleňlerden, kürtlerden, ýomutlardan biri-biriniň sürýän ýesirlerini yzyna almak üçin pul gerek. Garyp gasarlarda beýle harjy küje? Ýesir düşenler şol ýere ykbalyny bialaç baglamaly bolýar. Jebir-jepa çekýär. Başga çäre ýok. Mele galtaman kürtlerden alan ýasy gulak ala, eşek gulak goýunlardan, bili çörek, süýtli müjül goýunlardan bir süri dowar edindi. Özüni mazaly tutdy. Indi gaplaň baýy-da gaýgyranok. Çem gelse malyndan kakmalaýar. Niýeti Gaplaň baýa sogan dograp berjek däl. Bir gün ol Gaplaň baýa nökerleri bilen salama bardy. Nökerler çadyrda ýerleşýärdi. Özi baýyňkyda. Mele batyr ençe wagt gara bermediňle. Nirelerde otlap-suwladyň? - Otlap-suwlanmadyk ýer galan däldir, baý! - Gökleňlere çapawulçylyga gidipdiň-le, sag-aman geldiňmi? Olja dagy elläp bildiňmi? - Olja ellendi-de, bazara-da salyndy. - O nähili beýle bolýa. Hany, seň wadaň? - Wada, şahyň düýbüne edilendir, baý! - Weý-weý, sen näme därlediňmi? Wadadan dänmek imanyňdan dänmeg-ä. - Därledimmi, därlemedimmi, on-a bilemak. Ýöne seni doýrup bolmajagyn-a bildim, at - ýaragyň bahasyny bir wagt iki esse edip üzlüşdim. Onda-da doýup dolmadyň. Ölünçäň şu pany dünýede gözüň doýjak gümany ýok. Indi menden saňa hiç zat ýok. Malyňy-da özüň gora, gaznaňy-da. - Meniň-ä senden tamam kändi. Elim bilen öýli-işikli etjekdim. Bi bolşuň-a bolanak. - Öýli-işikli edip bolduň, baý! Indi salgyma çapman, öňkülerim besdir. Şu günden başlap, men seni tanamak, sen-de meni. Gorkmasaň-da sylama. - Beý diýme, Mele han, adam adama kyýamat magşar gününe çenli gerekdir. Men iki geplemegi halamaýan. Hany, nökerler, tizräk atlanyň! Biz-ä janymyzy orta oklap gazanmaly. Baý-da ýata paý bolmaly, köp iýseň gusmaly-da bolar. - Saklan. Mele han! Nämä gaharlanýaň düşünşeýli! - Ýuwaş-ýuwaşdan öz-özüň düşüner gidersiň. Mele möjek nökerlerini tirkäp, arkany açdy. Niýetine ýetdi. Tatar, gojuk, köçekleriň ýasan ýerlerinden baş baş öý aldy. Üzük, dürlük, serpik, tarp ýapar, täze gamyş, bolan, düzüsine deňiç satyn aldy. Indi eli uzadan ýerine ýetýär. Atabaý, Japarbaýlardan-a maşgala berilmejegini bilýär. Kellekeser talaňça kim jigerbendini dözsün?! Mele galtaman gazynyň süýjän ýerine gitmekçi. Ýola şaýlanýar. Syryny nökerlerine-de aýdanok. Kürt galtamanlary-da töwerek-daşyna, Etrek boýuna. Çendir iline, Narly dagyna ot gorsaýarlar. Ýollar howply. Nökerbaşy köpüni daşyna dolanjak bolsa-da gitmeli. Maşgala edinmeli. Kem zady-diňe gelinlik gyz. Daň saz bermegine sabyrsyz garaşýar. ''Ýaradan haka sygynaýyn. Ak pata diýmäýin'' diýip, içini gepledýärdi. Aýdan wagty geldi. Belet ýoluna ugrady. - Indi öňki däl. Biz ýaly saňsyraklap ýörenler köpeldi. Menziller howply. Muny sizden gizläp biljek däl. Gijesi-gündizi ýok. Mydama ähtibar bolmady. Bolmaz iş bolsa, ýoldaşlaryňyzy taşlasaňyz, menden gowulyga garaşmaň! Bi gezek diňe boýy ýeten gyz ellemeli. - Kadyr Möwlamyň özi goldasa, bir zady bolardaý, nökerbaşy! - Şally, sen arkaýynsyrama. ''Hudaýa ynansaň ynan, eşejigiňi bek duşa'', Hudaýa-da ynanmaly, janyňy-da goramaly. - ''Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar''. Diregimiz ýerde sen, ýokarda ýaradanyň özüdir. ''Arkaly köpek-gurt alar''. Seniň bar ýeriňde biziň almajak galamyz bolmaz. - Bize gala gerek däl. Ýetişen gyz gerek, gy-y-yz! - Nökerbaşy, nähili wagt dökülseň gawy bolarka? - Iň amatly wagt gije ýaryňdan soňdur. Obaň süýji uka giden wagty. Näme kän. Gyzly garyp oba kän. Olar töweregine habar edýänçä, biz Gürgen iline aşarys. Gürgen ýomutlarynyň üstüne kürtler basa bilmez. Kim bilýär pelek işini, yzymyzdan kowgy ýetse, amatly ýer eýelemeli. Ýatanyň üstüne turan gelse, näme boljagy belli däl. Eger gorkaklyk edip gaçsaňyz, yzyňyzdan gelýän kowga aw bolarsyňyz. At üstünde gaňrylyp atmak kyn bolar. - Haý, nökerbaşy, eliňde işlese işleýär, kelläň-de işleýä-row! - Bä, Şally, diliňe jaň kakylan ýal-aý sen, Öňňe nökerler aýdanyňy mäkäm diňläp, ýatda saklajak bolýar. Sen bolsaň, bi gulakdan girdi, o gulakdan çykdy etjek bolýaň-ow. Ölüm bilen garpyşmaly bolsaň-a bilersiň - Ajaly ýetmese, ölüm kär edip biler-maý. Ajalyň ýetse näme, sandygyň içinde bolsaň-da taparlar. - Ine, munyň dogry. Bi aýdanyň mertligiň alamaty. Ýöne hökman ätiýaçly bolmaly. - Ätiýajy elden bermeris, nökerbaşy! Al, ine oba döküldik. Tapan gyzyňy atyň öňüne basybermelimi? - Saýgarmaly, Şally. Erkekmi? Aýaly? Garrymy? Ýaşmy? Gyzmy? Gelinmi? Diňe gyz ellän, gy-yz! El gaýtarjak bolsalar, okuňyzy gaýgyrmaň! - Ine, munyň açyk gürrüň, nökerbaşy. Bilip bolmaz, iki-üç gyz ellesek, hemmesini özüň aljak bolmaweri! Bizi-de maşgalaly edasaň gawy boljak. Ýaş gidip barýar, ýaş, nökerbaşy! - Öňňesini boş goýsam-da, sen-ä boş goýman, Şally! - Şeýdeweri, nökerbaşy, ylahym ýaşyň uzyn bolsun! - Eliňize gyz düşdümi, derrew atyň öwüne basyp, deräň agzyna at goýuň! Men tüpeň turzaryn, şoňa çenli hemmäňiz ýetişiň! Galtamanlar Kürtüň dagyna ýetdiler, öňki derelerde oba-gara ýok. Obalar galtamanlardan çekilip, aňrylara aralaşypdyr. Alamançylar deräniň şiremi bilen barýarlar. Gizlinlikde gözegçilik edýärler. Ine, bäş öýli obajyk. Mele galtaman bilen Şally gözegçilige galdy. Galanlar buky ýeri eýeläp, atlary goýberdiler. Gözegçiler girip-çykýanlary sapladylar. Iki-üç adamdan köp däl. - Nökerbaşy, hal-ha, ojagaz sülgünjiklere seret! Wah, şolardan elläp bolsa, dünýede armanym galjak däl. - Nesip etse elläris, Şally! Hemme zat nesibe bagly. Biziň-de maňlaýmyza ýazylany bardyr-da. - Belkem, şeýle bolsun-da, nökerbaşy! Galtamanlar çaý içdiler. Dem-dynjyny aldylar. Meläniň jany aram tapdy. Obada erkek adamyň azdygyna göz ýetirdi. Gije ýarynda oba aralaşdylar. Kürsäp öýlere girdiler. Itler hars urýardy. Gykylykmy, gargyşmy, agymy, öýleriň içi-daşy ala basga döndi. Garyp oba. Birinde-de ýarag ýok. Iki adam näme edip bilsin! Ykballaryna kaýyl bolmaly boldular. Gygyryp giden üç gyzjagazyň sesi gulakdan gider ýaly däldi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |