13:37 Garajaoglanyñ ýaşan we gezen ýerleri | |
GARAJA OGLANYÑ ÝAŞAN WE GEZEN ÝERLERI
Edebi makalalar
1996-njy ýylyñ oktýabr aýynda "Balkan" gazetinde Orazmämmet Halymowyñ "Rowaýatdan gelen dessan" atly giñ göwrümli makalasy çap edildi. Şol makalada ömür menzilini Gürgen ýakasynda Etrek derýasynyń boýunda geçiren gürrüñçil, şahandaz, gözi batyl Şirmämmet ogly Abdyrahman aga bilen bolan söhbetdeşligi ýazga geçiripdir. Olaryñ arasynda bolan söhbetdeşligi öwran-öwran okadym. Ýetmişi arka atyp, segseni sermäp barýan adamlaryñ çagalyk ýyllarynda owlak-guzy bakmadygy ýok bolsa gerek. Owlak-guzynyñ yzynda gezip ýörkä: Garajaoglan owlak bakar, Owlagynyñ alny sakar, Göreşse baryny ýykar, Oglanlaryñ pälwanydyr. Owlak-guzy toplum gezer, Tapyşanda süri eñer, Aýdylşykda baryn ýeñer, Garajaoglan çyn bagşydyr. Owlak-guzy bakyşyndan, Aýdym-sazy has ýagşydyr-eý, Heý-heý-heý! - - diýen aýdymy-da aýtmadygy ýok bolsa gerek! (Men günbatar türkmen ilini nazarlaýaryn). Şol aýdymy 3-4 oglan bolup aýtsak-da, onu haýsy şahyr goşupdyr, kim hakynda aýdylypdye, ol barada nam-nyşan düşünje ýokdy. Bolup-da biljek däldi. Biz-ş şol döwürde çaga, ýaşulular-da Garajaoglan barada kelam agyz söz açyp bilmezdiler. Umuman Garajaoglanyñ şahyr, bagşy bolandygy hiç kime mälim däldi. Ol aýdym sanama saýylýardy. Söhbetdeşligiñ bir ýerinde Orazmämmet aga şeýle ýazýar: "Diñe likbez (çalasowat) bilimi bolan gözleri hem kör adam Garajaoglan şahyryñ goşgularyny aýdyp saýrap otyr. "Bu nä gudrat, nähili ýatkeşlik - haýran galaýmaly zehin!" diýip, haýran galyp, içimi hümledip oturdym. "Siz Garajaoglanyñ goşgusyny kimden öwrendiñiz?" diýip soradym. Ol: "Men Garajaoglanyñ goşgularyny onuñ neberelerinden bolan Saryja sopudan, has köprägini onuñ ogly Täçmämmetden öwrendim. Olar, hakykatdan-da, Garajaoglanyñ nebereleri hasaplanýarlar. Saryja sopy, ogly Täçmämmet ýomudyñ ak atabaý tiresiniñ sakawy neberelerinden hasaplanýar. Olarda Garajaoglanyñ goşgularynyñ ýazgylary-da bolupdyr. Şol ýazgylar esasynda şahyryñ goşgularyny ürç edip okapdyrlar, ýat tutupdyrlar. Ýöne ol ýazgylary dini kitaplar bilen bir hatarda 1937-nji ýylyñ gowgaly günlerinde çuwala salyp, ýere gömüpdirler. Şeýlelikde, ol ýazgylardan derek galmandyr. Goşgulary ýat tutanyñ biri-de Annatagan aga bolupdyr. Ol az-kem sowatly eken. Şu jelegaýlarda arçynlyk hem edipdir. Ol-da kalasy Söýünçden (Ataşdan) Garajaoglan barada köp gürrüñler eşidipdir. Söhbetdeşligiñ ýene bir ýerinde: "Men Abdyrahman Şirmämmet ogluny myhmançylyga çagyrdym. Meniñ öñki içimi hümledip eden pikirim nädogry bolup çykdy. Abdyrahman aga Hywa medresesinde okapdyr. Mollaçylyk derejesine ýetipdir. Ýöne özüniñ aýtmagyna görä, biedeplik edeni üçin Işanyñ nalyşyna galypdyr. Ýöne ýatkeşligi öñküsinden jem has beter artypdyr" diýlip bellenilýär. Makalada Orazmämmet aga Abdyrahman Şirmämmet ogly bilen söhbetdeşligi dowam etdirýär. Onuñ aýdanlaryny ýazga geçirýär. Garajaoglanyñ neberesi ok-ýaý ussasy sakawy Musa Begden gaýdýar. Garajaoglanyñ "Ilki içen suwum Dam-Dam çeşmesindendir" diýen sözleri dilden-dile geçip, biziñ döwrümize gelip ýetipdir. Biziñ bilýän Dam-Dam çeşmämiz Aladagyñ töwereginde bolmaly. Garajaoglan ýaş ýigitkä öz obasyndan Meñli atly bir gyzy söýüpdir. Gudaçylyga baranda, gyzy bermändirler. Sebäbi ol gyz mollanyñ gyzy, namazhon, aýagy mesili, Gurhan okap ýören gyzmyş. Gyzyñ dädesi kän bir garşylyk görkezip durmandyr. Emma ejesi dili şerebeli, yzgytsyz aýalmyş. Ol aýal baranlaryñ öñünde şert goýupdyr. Ol saz-söhbetiñ şeýtanyñ pişesidigini, Garajaoglanyñ bolsa işi şahyrçylyk, aýdym-saz. Eger-de Garajaoglan şahyrçylygyny, bagşyçylygyny goýup, mal baksa, onda sözleriniñ alynjakdygyny ýañzydypdyr. Bu söz Garajaoglana ýokuş degipdir. Ol özüniñ hiç haçan saz-söhbetden ýüz döndermejegini, elindäki dutary bilen il-uluslary aýlanyp çykjakdygyny aýdypdyr. Ol gyz goñşy obadan Garajaoglanyñ dosty saýylýan ýigide berlipdir. Garajaoglan özüniñ düşen bu ýagdaýyna gynanyp goşgy hem düzüpdir. Nähoşlaram aga-begler, Halym bilmez daglar indi. Duşman kibi dost garşymda, Zülplerini baglar indi. Däli men, ganman sözüme, Dost hanjar urdy özüme. O ýar bakmaýar ýüzüme, Ýas çekiljek çaglar indi. Pyrkat ody ýakdy janym, Perýatda geçdi zamanym, Ýaralandym, akar ganym, Garajaoglan aglar indi. Garajaoglan Garjabike diýen gyza duşýar. Ol gyzyñ garaýşy şahyryñ ýüregine täsir edýär. Duran ýerinde gyzyñ gözlerini wasp edip, aşakdaky goşgyny aýdyp berýär: Nädip wasp etmäýin soltanym seni, Gürjüstan iline deger gözleriñ. Bir bakyşda harap eýlär jahany, Alžir, Tunistine deger gözleriñ. Darykma söýgülim, diýilen söze, Ne gözel ýaraşar meñleriñ göze, Müsür, Arap, Yrak, Ýemen, Anize, Balh-u Badahşana deger gözleriñ. Emer idim lebleriniñ balyny, Tirer idim goýnundaky gülüni, Bosny, Stambuly, Türküñ ilini, Bütin Rum iline deger gözleriñ. Öpsem ýañaklaryñ, gutulsam ýasdan, Adam zelel görmez söýgüli dosdan, Alban, Çerkes, Kürt hem ol Arabystan, Bütin Türküstana deger gözleriñ. Garajaoglan diýr, seni wasp etmese, Bize al ýañakdan bir posa ýetse, Ýüz müñ şäher diýsem, gymmaty ýetse, Jemlesem jahana deger gözleriñ. Bularyñ dostlugy gün-günden artyp, söýgä öwrülip gidýär. Basym hem maksat-myradyna ýetýärler. Emma asuda durmuş uzaga çekmeýär. Obanyñ men diýen gerçek ýigitleri söweş ýaragyny edinmek üçin Eýrana, Yspyhan şäherine gidýärler. Olar bir täjiriniñkide myhman bolýarlar. Garajaoglanyñ özüniñ gulaga ýakymly, ýürege ýakyn aýdym-sazly bilen märekä hezil berýär. Täjiriñ Ajap atly ýalñyz gyzy Garajaoglana imrigýär. Garajaoglan onuñ şanyna goşgy goşýar. Gördüm bir gözeliñ sallanyşyny, Serwige meñzetdim dallar içinde. Derýa kenarynda, suwuñ ýüzünde, Guwlara meñzetdim, köller içinde. Ýöre, gözel, ýöre, ýoluñ basmazlar, Söýledip-de, şirin diliñ kesmezler. Ýary söýdüñ diýip, dardan asmazlar, Goý, men-de söýlesem diller içinde! Garajaoglan diýr işim zarmydyr, Yşk kemendi boýnumyza darmydyr, Ajap ýarym kibi gözel barmydyr, Hakyñ ýaratdygy güller içinde. Ajap gyz özüne goşgy goşulanyna monça bolýar. Ýöne Garajaoglanyñ ýurt aşyp gitmek teklibine, durmuş gurmak baradaky tagallasyna razyçylyk bermeýär. Şonda Garajaoglanyñ oña ýüzlenip goşgy aýdýar: Şol dergähden dönsün ýüzüm, Ölinçäm söýmesem seni. Gan aglasyn iki gözüm, Ölinçäm söýmesem seni. Myradyma hiç ýetmäýin, Hak didaryn men görmäýin. Gunça gülüñi tirmäýin, Ölinçäm söýmesem seni. Garajaoglan bor munda, Sen düşürdiñ meni derde. Mätäç olaýyn namarda, Ölinçäm söýmesem seni. Emma gyz şonda-da onuñ bilen ýurt aşyp gitmäge yrylmaýar. Öñ Meñlini elinden giderenine ökünip ýören Garajaoglan bu gyzy alyp gaçmagyñ kül-külüne düşýär. Dostlarynyñ kömegi bilen maksadyny amala aşyrýar. Gyzyñ kakasy Eýran şasyna arz edýär. Şalaryñ şasy Ajap gyzy yzyna alyp gaýtmagy buýurýar we nama ýazyp, Garajaoglana gyzyñ kakasynyñ öýüniñ öñünde torum nogtasyny kellesine ildirip, öz ykbalyny oña tabşyrmagy teklip edýär. Oba kethudasy we Garajaoglan tarapyndan talaplar ýerine ýetirilmeýär. Şol wagtlar bularyñ obasy Aladagyñ ilersinde, Garaganly oba diýen ýerde eken. Bu ýagdaýdan çykmak üçin obany kiçi Balkanyñ gaýrasyna göçürmegi maksat edýärler. Oba iki bölek bolup göçýär. Garajaoglanyñ syrgyny häzirki Gazanjyk etrabynyñ ýerleşýän oýuna göçüp barýar. Beýleki topar häzirki Akjaguýma stansiýasyna baryp ýerleşýär. Garajaoglanyñ şygyrlaryna, dilden-dile geçip gelen rowaýatlara salgynlansak, Garajaoglan Eýranda bolupdyr diýmäge delil bar. Ýokardaky teswirlemede Aladag, Garaganly diýen ýerler agzaldy. Gumdag şãheriniñ gündogaryndan ilerligine Alanyñ düzi uzalyp gidýär. Alanyñ düzi Garagum kanalynyñ geçirilen ýeri. Alanyñ düzüniñ gündogar tarapynda Aladag ýerleşýär. Aladagyñ golaý günbatarynda Görkli diýen bölek, owadan, togalak depe bar. Şol depäniñ ilersinde Garaganly diýen tep-tekiz meýdan bar. Ol ýerler gyşyna örän maýyl bolýar. Köneler ol jülgeleri mal üçin tüýnüksiz öý diýip hasaplardylar. Kiçi Balkan Gumdag şäheriniñ golaý gündogaryndady. - Garajaoglanyñ Türkiýä gitmegine näme sebäp bolduka? - diýen soraga köpler gyzyklanýan bolsa gerek. Elbetde, bu geñ waka. "Towşana - dogduk depe" diýen pähim bar. Towşan janawar dogduk depesinden daşlaşyp gitmeýär. Ömür menzili gutarandan soñ-da, dogduk depesinde jan berýär. Eger şeýle bolýan bolsa: "Garajaoglan näme üçin Watanyny, dogan-garyndaşyny, il-gününi taşlap, Türkiýe ýaly daş ýere gitdikä?" diýen sowal bialaç kelle taryna kakjagy ikuçsyzdyr. Munuñ-da özüne görä sebäbi bar. Aladagyñ töweregi mal üçin iñ amatly ýer. Gyşyna sowuk bolmaýar. Ýaz aýlary gülälekli meýdanlar türkmen halysyny ýadyña salýar. Gazanjyk etrabynyñ töweregi gyşyna sowuk, ýazyna köplenç gurak bolýar. Ýer-ýurdy üýtgedilende, ownuk mallar ýerlemeýär. Ýene-de makalanyñ ýazgylaryna geçeliñ. "Şol ýyllar (obanyñ göçüp gelen ýerleri) gyş gazaply gelip, olaryñ köp mallary gyrylýar, durmuşlary kynlaşýar, sowukdan zeýrenişýärler, göçen ýurtlarynyñ gowudygyny ýatlaýarlar, ahmyr çekýärler. Bu ýagdaýa düşmekligiñ sebäbini Garajaoglandan görýärler. Tötänlikde bu gürrüñleri eşiden Garajaoglanyñ obadaşlaryndan we ene-atasyndan göwni galýar. Garajaoglan ýurduny terk edip gitmegi ýüregine düwýär. Şol ýerde ol bu ýagdaýlae bilen baglanyşykly goşgy döredýär: Söwer ýarym saña diýerler Garja, Maña il-uluslar diýdi Garaja, Gazan oýly dagym köñlüme darja, Baş alyp owarra gideli, läläm. Bu bentde Gazanoýly dag agzalýar. Ir zamanlarda dag etegindäki çeşmäniñ akymy gazana meñzeýän oýa gelip guýýar. Kem-kemden uzak ýyllaryñ geçmegi bilen çeşmäniñ suwy kemelip başlaýar. Şondan soñ ýaşaýjylar Gazan diýmän Gazanjyk diýip at dakýarlar. Saklarym saý ildir, sakawy igdir, Etrekde Gökje dag, howasy çygdyr, Bitmez ýara salan naýzaly tygdyr, Baş alyp owarra gideli, läläm. Görmiýen ili bar, almanam diýrler, Gelin-gyzlary bar, behişti hüýrler, Mekan tutupdyrlar şol ýerde şirler, Baş alyp owarra gideli, läläm. Sakawy derýa bar, kenarynda sak, Şol ýerde ildeşler, baryjasy sag, Bize hem ýeter paý, şol ýere barsak, Baş alyp owarra gideli, läläm. Garajaoglan diýr bagrym paradyr, Gürbet ili mundan uzak aradyr, Täleýim ters geldi, günüm garadyr, Baş alyp owarra gideli, läläm. Garajaoglan başdaşyna garap-garap ýene bir goşgy aýdýar, şonda ol ýurduny terk etmeginiñ düýp sebäbini açyk beýan edýär: Eýran şasy bize nama gönderdi, Gam leşgerin üstümize dönderdi, Zalym pelek bizi ýakdy-ýandyrdy, Sowugy gowaga küllerimizi. Ilim münüp ýördi ol arap ata, Dürli nygmat çekilerdi il orta, Terk etsek ýurdumyz, berseler pata, Arap atly, beglu illerimizi. Gürbet ile baryp, gözlesek pena, Ganym ýetdirmedi eýgili güne. Terk etse ilini bir Meñli sona, Ýitirmäni gezsek dillerimizi. Garajaoglan diýr, dilimde sözüm, Aýagyñ tozuna togapdyr ýüzüm, Gyrylmyş perdesi çalmaýar sazym, Gam-laýa batyryp günlerimizi. Garajaoglan özüniñ iki aýaly bilen Türkiýäniñ Sakawy derýasynyñ boýunda ýaşaýan ildeşleriniñ Barsak diýen obasyna baryp, şol ýerde ýurt alýar. Ol, obama-oba, şäherme-şäher aýlanup, saz-söhbet bilen meşgul bolýar. Bir gün ony dul aýal toýa çagyryar. Şol toýda Garajaoglan ýedi gije-gündiz aýdym aýdýar. Dul aýal özüniñ ony halaýandygyny aýdýar. Sözüniñ arasynda Garajaoglanyñ ýalñyz kemçiliginiñ bardygyny, ýagny garaýagyzdygyny ýañzydýar. Şonda Garajaoglan özüniñ "Gara dälmidir" diýen meşhur şygryny döredýär. Maña gara diýen gelin, Gözleriñ gara dälmidir! Özüni söýdüren gelin, Gaşlaryñ gara dälmidir! Gözel men seni islärin, Gül bilen seni beslärin, Aý ýüzüñi höweslärin, Zülpleriñ gara dälmidir. Boýuñ uzyn, biliñ inçe, Ýañaklaryñ olmuş gunça, Gözle, göwse düşen saça, Örümi gara dälmidir! Utanar men, akar derim, Görküñ taý ýokdur, perim, Iñ owadan gören ýerim, Saçlaryñ gara dälmidir. Maña gara diýip ýörme, Möwlam ýaratmyş, har görme, Ala göze syýa sürme, Çekilen gara dälmidir. Garajaoglan enşalla, Görenler diýsin "Eý, Alla!" Ol gara donly Beýtulla, Örtüsi gara dälmidir! Garajaoglan ony özüne üçünji aýal edip nikalap alýar. Garajaoglan olaryñ şanyna goşgular goşup, göwünlerini hoşlap, agyzlaryny alartman ýaşapdyr. Gyrmyzy Şeýda bilbil geldi, gondy çemene, Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy. Bal akyp dur saýrak dilli lebinden, Alma kimin ýaňaklary gyrmyzy. Meniň ýarym hem soltandyr, hem handyr, Datly janym ol gözele gurbandyr, Hünji däldir, sadap däldir, merjendir, Ak golunda golbaglary gyrmyzy. Bakjamyza üç gül ekdim, bitäýse, Jak-jaklap teýinden bilbil ötäýse, Meniň kazam senden owal ýetäýse, Mazaryma dikdikleri gyrmyzy. Üç ýyl oldy şu daglary aşaly, Bäş ýyl boldy, gyz, söwdaňa düşeli, Galk, gideli, biziň oda düşeli, Başdan-aýak düşekleriñ gyrmyzy. Garajaoglan diýr, gelgin ýanyma, Saňa degen kaza degsin janyma, Meni öldür, bas elleriñ ganyma, Diýsinlerki barmaklary gyrmyzy. Garajaoglan bir gezek köp ýurtlara aýlanyp gelende ilki bilen eýranly aýaly garşylapdyr. Şonda ýerinde şu goşgyny aýdypdyr. Ýör, gideli, söwer ýarym, bakjaga, Täze gülden gül doldura gujaga, Ýar lybasy sygmaz ençe bukjaga, Ajap söwdügimiñ deñi barmydyr! Içer badasyny al pyýalada, Ölinçäm söýer men ýalan dünýäde, Garamanda, Kaýsaryda, Konýada, Ajap söwdügimiñ deñi barmydyr! Bardym mollasyna, kitabyn okar, Girdik bakjasyna, bilbil ah çeker, Ne Stambul galdy, ne Diýarbekir, Ajap söwdügimiñ deñi barmydyr! Üç sany sonam bar kölde, bulakda, Altyn ysyrgasy oýnar gulakda, Jenneti aglada, gökde, melekde Ajap söwdügimiñ deñi barmydyr! Garajaoglan diýr bardygym ýerde, Ýandy jigerjigim durdugym ýerde, Ysmaýyly gurban berdigi ýerde, Ajap söwdügimiñ deñi barmydyr! Garajaoglanyñ türkmen aýaly degişgen bolupdyr. Ol sen Ajap ýaryña üýtgeşik gowu goşgy aýdypsyñ, biz bolsak seniñ gözüñize görünemzogam diýip, añyrsyna bakan kişi bolup oturypdyr. Garajaoglan: "Eý, näzli sonam, seni taryplamaga bizde söz kändir!" diýip, oña ýüzlenip bir goşgyny peşgeş beripdir: Geçen gün garşydan çykdyñ ýel kibi, Baglarda açylan gunça gül kibi, Men-de, sen-de dertlidiris il kibi, Näzli sonam, han aslyýa meñzärsiñ. Dön bäri, dön bäri, ýüzüñ göreýin, Ýanymda ne olsa saña bereýin, Al ýañaklaryña gurban olaýyn, Näzli sonam, han aslyýa meñzärsiñ. Egrem-egrem gaşlaryñy egme sen, Çöşlärin men ýar göwsüniñ düwmesin, Topla zülpleriñi, ýere degmesin, Näzli sonam, han aslyýa meñzärsiñ. Gider-gider, bir inçejik ýoly bar, Ýar ne geýse, bir inçejik bili bar, Näzli ýaryñ ýañagynda güli bar, Näzli sonam, han aslyýa meñzärsiñ. Garajaoglan diýr, sözüñ dogrusy, Gara gaşlarynyñ aý dek egrisi. Gözleri sürmeli jeren balasy, Näzli sonam, han aslyýa meñzärsiñ. Garajaoglanyñ günleri şady-horramlykda geçse-de, aram-aram, wagtal-wagtal ol Ata Watanyny ýatlap gezýär. "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýylan ölinçä aglar" diýilişi ýaly, Garajaoglan gitdigiçe Watany küýsäp ugraýar. Ol özüniñ bu duýgularyny ençeme goşgularynda beýan edýär. Galkdy däli köñül, isteýip ýurdy, Gel, diýdi, gideli biziñ illere. Gözüm ýaşly ýer ýüzüni büredi, Sil oldy, gideli biziñ illere. Gözüm ýaşly ýer ýüzüne saçyldy, Bahar geldi, ýaýla ýoly açyldy, Ýyly ösdi, garyñ suwy saçyldy, Ýol oldy, gideli biziñ illere. Kowum-gardaş bir meýdana düýrüldi, Söwdügim, sen meni öldi diý indi, Kitaba gözledim, ýollar göründi, Gel diýdi, gideli biziñ illere. Şahy sesiñ dilberleriñ daýzasy, Gözüme görünmez dünýäñ barysy, Şindi biziñ iliñ gara-çalysy, Gül oldy, gideli biziñ illere. Garajaoglan diýr, geler ýazlary, Ýarym, kime edýäñ sen bu näzleri, Enäniñ, atanyñ gaty sözleri Bal oldy, gideli biziñ illere. Watana dolanmak hyjuwy Garajaoglanda möwç urupdyr, ol ýigit wagtynda gezen ýerlerini ýatlap, goşgular düzüpdir: Kemen derededir Ýollynyñ oýy, Dabarasyn dagdan aşyrar toýy, Ak beden, giñ gujak, uzyndyr boýy, Köñlüm arzuw edýär, nigärim seni. Ak owa, Sak gaýa, Musañ gädigi, Daşa çydam etmez tebrik ädigi, Ýüz-gözünden görner gyrnak däldigi, Köñlüm arzuw edýär, nigärim seni. Uzakda Çandybil, Gyzyljaderäm, Akja derä ýaýrap gitdi neberäm, Garajaoglan biçäreýem, neýlärem, Köñlüm arzuw edýär, diýarym seni. Garajaoglanyñ ýaşan we gezen ýerlerine öwrüm bereliñ! Musañ gädigi Gyzylarbat etrabynyñ Paraw obasyndan 10-12 kilometr günorta tarapynda Küren dagyñ bilini kesip, ýoluñ bir ganaty Çaldagyñ üstünden geçip, Öýleguşluk diýen oba barýar. Öýleguşlugyñ günbatar tarapyndan, Ýalawaç dagynyñ günortasynda Diwan, Kemen diýen uzyn dereleriñ başy başlanýar. Ol dereler Gyzyletrek etrabynyñ Madaw obasynyñ gündogaryna aralaşýar. Kemen deresinde Ýollynyñ oýy, Ýandakly, Daşly gowak diýen ady belli ýerleri bar. Garajaoglanyñ şygrynda Gyzylja, Akja dereleriñ ady tutulýar. Ýokarda Aladagyñ ýerleşýän ýerini aýdypdyk. Aladagyñ günortasynda Gyzylja diýen dere ýerleşýär. Demirgazygynda Akja diýen dere ýerleşýär. Ol derelere tebigy bolşuna görä at dakylandygyny ýüregiñ syzyp dur. Gyzylja dere gyzyllyk ýer, Akja deräniñ başy, agymtyl çal kiçiräk dagdan başlanýar. Deräniñ boýdan-başy-da şeýleräk. Bekeýbent (häzirki ady Bekibent) Aladagyñ gaýra tarapyndaky suw ýatak. Ýagyş güýçli ýagyp Bekibendi doldursa, dört-bäş aý mal-garany ýakýar. Garajaoglanyñ Watana dolanyp gelmek arzuwy hasyl bolmandyr. Türkiýede ýüz ýaşynda aradan çykypdyr. Ol öz ömri barada "Ýandyrdyñ meni" diýen goşgusynyñ soñky setirlerinde aýdypdyr. Segsenimde ömür perman ýazyldy, Togsanymda gan damarym üzüldi, Ýüz ýaşymda agzalarym çözüldi, Bir ýazyksyz çaga dönderdiñ meni. Garajaoglan diýr, ýakdyñ-ýandyrdyñ, Ajal şerabyny berdiñ gandyrdyñ, Emr eýlediñ Ezraýyly gönderdiñ, Asla dogmadyga dönderdiñ meni. Adam pahyr sanalgysy gutaryberende, hata boljagyny duýýar diýip, köne ýaşululardan wagtal-wagtal eşiderdik. Garaoglanyñ "Ýandyrdy meni" diýen goşgusynda-da ýalançy dünýä bilen hoşlaşýan ýaly bolup göwnüñe gelýär. Ýene bir zat ýadyña düşýär. Ýaşynyñ soñuna çenli goşgy ýazan ýaly bolup dur. "Barylmadyk illerde eşidilmedik gep ýatyr" diýlişi yaly, il arasyna aralaşyberseñ, onuñ goşgulary gabat geljek ýaly bolup dur. Şu makalanyñ hamyrmaýasyny atyp, ýugrumyny ýetiren Orazmämmet aga tüýs ýürekden minnetdarlyk bildiresim gelýär. Maña bolsa diñe makalany teswirlemek galdy. Orazmämmet aganyñ nusga alarlyk goşgulary käýarym "Balkan" gazetinde çap edilýär. Ol öz goşgularynda öwüt-nesihat, edep-ekram, pähim-paýhas, yslam dinini ündemek ýaly oýlanmalary öñe sürýär. Goşgulary oýlanmaga mejbur edýär. Bir gezek Balkan welaýatynyñ şahyrlarynyñ duşuşygynda Orazmämmet aga bilen tanyşmak miýesser etdi. Az-owlak gürrüñdeş boldum. Gysga sözli, çuñ manyly geplemegi başarýan adam. Döredijilik yzygiderli dowam etse, endik edinseñ, erkiñe goýup-da bolanok. Bäş-on gün bir zat ýazyp-pozmasañ bir zadyñ kem ýaly bolup dur. Göwnüme bolmasa, Orazmämmet aga dek ýatmaly adamyñ hilinden däl ýaly. Belkem Orazmämmet aga romandyr powest, goşgulardyr poema ýazmaly ýaşuly. Eger şeýle bolsa, gazetdir žurnallara ýazýane eserlerini hödürlese, okyjynyñ ýüreginden gopjagyny häli-şindi oýlanýaryn, tama edýärin. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |