21:31 Ata öwüdinden kemal tapan Atilla | |
ATA ÖWÜDINDEN KEMAL TAPAN ATILLA
Taryhy makalalar
Taryhda asly oguz bolup, V asyrda Hun şalygyny döreden Atilla on iki ýaşynda kakasy Manzal (rus, ýewropa çeşmelerinde Atillanyň kakasyna Mundzuk diýilýär. Man adam, zal çal-ak diýmek bolup, Manzal ak, çal adam diýmekdir. D.Ý.) bilen awa çykýarlar, olaryň awy ganly (aw ganly diýmek, awy oňan, şowuna bolan diýmegi aňladýar. D.Ý.) bolup, dynç alyp otyrkalar, duýdansyz on bäşe golaý ýagy dökülip, Manzaly öldürdim edip gidýärler. Ýaşajyk Atilla haýsydyr bir buky ýerde gizlenip galmagy başarypdyr. Ýagy gidenden soňra, Atilla ölüm ýassygynda ýatan kakasyndan: “Ata meniň durmuşyma sapak bolar ýaly öwüt ber” diýip ýüzlenipdir. Men Manzalyň Atilla beren şol öwüdini şygra geçirdim. Ynha, ol: Peder aslymyz Oguzdyr, Egmegil hiç kese başy. Tutgul sözlerim wagyzdyr, Gaç, etmegil haram işi. Häzir kowmuňa diýrler Hun, Durmuşda bolma gury san, Ýöne dökmegil nähak gan, Ar üçin gaýgyrma başy. Umyt beren ýeke dikrar, Hiç wagt köýmesin namys-ar, Haýyr işe Taňrymyz ýar, Bihuda geçirme ýaşy. Arym alyp, ýumdur gözüm. Budur meniň soňky sözüm: Baş bol, mertdir Oguz yzym, Ilki depin etgil läşi. Atilla kakasy Manzala duşmandan aryny aljagyna kasam edip, Oguz iline baş boljagynam wada berip, kakasynyň açyk gözüni ýumduryp, kyblasyny duşman peýkamyndan aradan çykan ýerinde jaýlap bolýar welin, ony iki sany garakçy tutup, olar onuň dyza çökmegini talap edýärler. Şu pursat Atillanyň kakasynyň “Egmegil hiç kese başy” diýen öwüdi ýadyna düşýär. Özüne “Dyza çök” diýen iki atlyň ýanyna gelip, ol dyza çökjek ýaly eglip çaltlyk bilen ýerden gum alyp, ýetginjek oglany dyza çökerip, daňyp alyp gidip, gul edip satjakdyklaryna monça bolup, hiç hili garaw görjekdikleri hakynda oýlanman duran garakçylaryň dogumlysynyň ýüzüne alan gumyny sepýär. Bu oslanmadyk hadysa at çarpaýa galyp, deňagramlygyny saklap bilmedik garakçyny bulap ýere urýar. Çalasynlyk bilen Atilla ýerde ýazylyp ýatan garakçynyň atyna münüp gaçyp sypýar. Atilla ata wesýetin tutup, hiç kese baş egmän, şol wagt Hun atlandyrylan Oguz iline baş bolup, Aziýanyň Ýewropanyň çatrygynda Hun şalygyny döredip, bu beýik serkerde Wizatiýa imperiýasyndan hem çozmazlyga söz berip, paç alypdyr. Atilla 453-nji ýylda agzyndan-burnundan gan gidip aradan çykypdyr. Onuň ölümi hakynda dürli maglumat bar. Ýöne bir zat belli: Manzalyň çagalarynyň içinde umyt eden ogly Atilla kakasynyň “Egmegil hiç kese başy” hem “Baş bol, mertdir Oguz yzym” diýen pähimine uýup, oguzlaryň deňli-derejeli halkdygyny Ýewropalylara subut edipdir. Atillanyň döwürdeşi Rim Papasy Lew gaýduwsyz bu Oguz-Hun serkerdesiniň Italiýadan basyp alan ýerlerini yzyna almaga arada durup, gepleşik geçirip agyr paç töläp, Atilladan 452-nji ýylda şol ýerleri yzyna alypdyrlar. Atilla: “Kakamyň soňky deminde beren öwütleri meniň beýik şa bolmagyma sebäp boldy” diýer ekeni. Atilla aradan çykandan soňra, onuň şalygy tizara dargaýar. Ýöne Atillanyň gaýduwsyzlygy barada Skandinaw ýurtlarynda, nemeslerde, wengerlerde eposdyr rowaýatlar häzirem bar, sebäbi mertler hiç haçan ölmeýärler ahyry. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |