02:36 Atatürke nälet, şeýlemi? | |
ATATÜRKE NÄLET, ŞEÝLEMI?
Publisistika
Köşgüñ şeýhulyslamy Mustapa Sabri. Iñlisleriñ sarykly oýunjagy. Sewr şertnamasynyñ baglaşylmagy üçin elinden gelenini etdi. "Iñlis dostlary" ("İngiliz Muhipleri Cemiyeti") jemgyýetçilik guramasyny döredenleriñ biri. Anadoludaky halk azat-edijilik hereketini togtatmak üçin iñlisleriñ taslan "Yslam ýaşylbaşy" ("İslam Teali Cemiyeti") guramasyny esaslandyryjylaryñ biri. Milli halk hereketini ("Kuvayi Milliye") ýek ýigrenýärdi. “Mustapa Kemal we onuñ Ankara hökümeti gabhadyr” diýýärdi. “Guduzlan garakçylar, ganhorlar” diýýärdi. “Eý, Alladan gorkmaýan, eý, pygamberden utanmaýan mahluklar” diýip gygyrýardy. “Bularyñ dinsizlik derejesini söz bilen aýdyp-goýar ýaly däl, Jenaby-Hakyñ gazaby we näleti bularyñ üstüne insin” diýip gargynýardy. Milli azat-edijilik göreşiniñ belent ruhuny bozmak üçin elinden gelen şeri gaýgyrmaýardy. “Iñlisleriñ, fransuzlaryñ we beýleki döwletleriñ iki köpüklik Mustapa Kemalyñ güýçleriniñ zarbasyna boýun egip Stambuldan çykyp gitjekdigine diñe kemalist türk akly ynanyp biler” diýýärdi. “Greklere kän ýitgi çekdirmek biziñ üçin haýyrly we bähbitli bolmaz, iñlisleriñ gahary geler, Iñlis ýaly sarsmaz döwlete garşy hiç hili ýeñiş gazanma ähtimallygy ýokdur” diýýärdi. “Grek goşuny halyfyñ goşunydyr, asyl kellesi goparylmaly mahlukat Ankarada otyr” diýip gygyrýardy. “Eýý esgerler, Mustapa Kemalyñ bikanun emirlerine uýmagyñyzy bes ediñ, bularyñ göwrelerini düýp-teýkary bilen dünýäden ýok etmek adamzat üçin, musulmanlyk üçin parza öwrüldi, siziñ bu haýynlara ytagatyñyz metjitlerimizi-mabetlerimizi harap eýlär, bu zalymlaryñ, bu jandarlaryñ yzyna düşeniñiz bes indi, patyşamyz-halyfymyz bolan onuñ alyhezretleriniñ merhemetli gujagy size gerilendir, Allany, pygamberini söýen gelsin bu tarapa!” diýýärdi. Ol şu ruhy ahwaly bilenem Mustapa Kemal hakyndaky ölüm fetwasyny ýazdy. “Mustapa Kemala garşy söweşmek wajypdy.” Munuñ bilenem çäklenmedi… "Kuwaýy Milliýäniñ" tarapyna geçen Denizli, Isparta, Uşak, Antalýa, Sinop müftülerini wezipesinden boşatdy, Ankara müftüsi Börekçizada Ryfat üçin ölüm permanyny çykardy. Izmirdäki Grek Ýokary komissarlygyna teklibini berdi: “Mustapa Kemalyñ penjesinden gutulmak üçin Günbatar Anadoluda siziñ gözegçiligiñizde awtonom hökümet guralyñ” diýdi. Azat-edijilik urşumyz şanly ýeñiş bilen gutaranda, iñlis gämisine münüp Gresiýa gaçdy. Afinyda gazet çykardy. Çykarýan gazetinde “Allanyñ huzurynda türklükden ýüz öwürýärin. Toba, ýa Rebbim, toba edýärin türklügime, meni türk milletinden saýma” diýip, makala ýazdy. “Elimden gelse bütin türki halklary araplaşdyrardym, bularyñ wagtynda araplaşmandyklaryna janym ýanýar” diýip ýazdy. Halyflygyñ gaýtadan gurulmagy üçin Rim papasyna hat ugratdy, yslamyñ adyndan Watikandan haraý isledi. Gresiýadan kowuldy. Saud Arabystanyna geçdi, iñ soñunda Müsüre ýerleşdi, şol ýerde ölýänçä Türkiýe respublikasynyñ garşysyna hereket etdi. * * * Köşgüñ şeýhulyslamy Dürrizada Abdylla. Mustapa Kemal hakyndaky ölüm fetwasyny çykaran adam. Bary-ýogy üç aý ýigrimi bäş gün şeýhulyslamlyk etdi, şu gysga wagtda ol, hem ölüm fetwasyny çykaryp, hem Sewr şertnamasyna razylyk berip, watana dönüklik etmekde öñüne adam geçirmedi. Ýek ýigrenýäni "Kuwaýy Milliýedi". “Jenaby-Hakyñ näleti bularyñ depesinden insin” diýip gargynýardy. Azat-edijilik urşumyz ýeñiş bilen tamamlananda, iñlis gämisine münüp Gresiýa gaçdy, emma, Afiny ony gapysyndanam ätdirmedi. Ýalbaryp-ýakaryp Hyjaz patyşasynyñ hemaýatyna girdi, şol ýerde-de öldi. * * * Bu şeýhulyslamlar Mustapa Kemala nälet okaýarkalar, watanymyzda nämeler bolup geçýärdi? Stambul kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Çanakkale bogazy kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Trakýa kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Izmirden başlanýan ähli Egeý deñziniñ kenarýakalary kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Antep, Maraş, Urfa, Adana kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Antep şeýle bir agyr gabaw astyna alnypdy welin, aýal-gyzlarymyz zerdaly (erigiñ bir sorty) şäniklerini döwüp-owradyp, kepekden edilen hamyra goşup çörek bişirerdiler, açlykdan pişikleri iýmäge mejbur bolupdylar. Kars, Igdir, Ardahan kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Antalýa, Mersin, Hataý kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Bursa, Izmit, Zonguldak, Eskişehir, Burdur kese ýerli basybalyjylaryñ elindedi. Topraklarymyzyñ bir çetinde Pontus döwletini, ýene bir çetinde Ermenistany, galan böleginde Kürdüstany gurmagy meýilleşdirýärdiler. Britaniýadan pul alýan patyşanyñ nökerlerine garşy Çapanoglunda, Koçgiride, Anzawurda, ýurduñ çar künjeginde tolgunşyklar bolup geçýärdi. Stambul köçelerinde iñlis, fransuz, italýan, amerikan, grek, alžirli, marokkoly, hindistanly, hatda ýaponiýaly esgerler patrulçylyk çekýärdi. On ýaşlyja gyzjagazlarymyzyñ namysyna degýärdiler. Iki ýaşlyja bäbeklerimizi tüpeñiñ ujundaky süngi pyçagyñ (ştyk-nož) ujuna sünjüp, köçeme-köçe aýlaýardylar. Bäbeklerini emdirmesin diýip, täze çaga dogran enelerimiziñ göwüsleriniñ ujuny kesýärdiler. Başyndan geçiren horluklaryndan ýaña aklyndan azaşan aýallarymyz bardy. Başyndan geçiren horluklaryndan ýaña öz şirin janlaryna kast eden juwan gyzlarymyz bardy. Serediñ, anyk adres bereýin: Bursa Osmangazyda çaga-çugalardyr aýal-ebtat bilep bile togsan ýedi adamy metjide gabap oda beripdiler, biçäre adamlary diriligine oda ýakypdylar, penjirelerdäki gözeneklerde garaköýük bolan neresse çagalaryñ el yzlary galypdy... Izmiriñ Bergama raýonynda iki ýüzden gowrak ildeşimizi ullakan çukura gapgaryp, oka tutup, soñam meýitlerine benzin döküp otlapdylar. Aýdynyñ Söke raýonynda elli ýedi ildeşimizi guýa üst-üste oklap öldüripdiler. Ýokarda agzan faktlarymy tassyklaýan on müñlerçe resmi material, fotosuratlar bar. Kurany-Kerimi bölekläp, sahypalaryny ýeke-ýeke poh-püsülli çukurlara atýardylar, adamlarymyz mukaddes kitabymyzyñ sahypalaryny çukurdan çykaryp, ýuwup-arassalap, gözleri ýaşly bagry-girýan halda ýere gömýärdiler. Çanakkalede şehitliklerimiziñ üstüne buşugýardylar. * * * Başga nämeler bolup geçdi? Bulary grek žurnalisti Tasos Kostopulos kitabynda gürrüñ berýär… “Uşak sebitlerindäki bir obada türk aýal-gyzlary, çagalar we garry-gurtylar bir metjide toplanypdy. Biziñ esgerlerimiz daş-töwerekden ot ýygnadylar, soñra ýygnan otlaryny ýakyp, metjidiñ penjiresinden içeri zyñdylar. Adamlar tüssä boglup daşaryk ylgaşýardylar. Şol wagt biziñ haramzadalarymyz aýal-gyzlara we çagalara göýä türgenleşik-atyş tagtasydyr öýtmän, atyp başladylar.” “Jaýa girdim. Öli türk gojasynyñ jesediniñ üstünden ätlemeli boldum. Ona golaý esgerimiz bir türk gyzynyñ köýnegini ýokary galdyrdyp, zor bilen oña tans etdirýärdiler. Olar meni görüp, "gel, senem mazasyny dat" diýdiler. "Siziñ munyñyz utanç dälmi? Aýypdyr bu!" diýdim. Muny eşden türk gyzy ylgap ýanyma geldi, aýaklarymy gujaklap menden kömek sorady. Esgerlere ýalbardym, "biçäre zenana beýtmäñ" diýdim. Gäbazan esgerleriñ biri tüpeñiniñ süngi pyçagyny somlap, üstüme gaýtdy. Gaçmaga mejbur boldum. Gyzyñ dady-perýady ölýänçäm gulagymda ýañlandy durdy.” “Aýrylmaly bolan her ýerimizi oda berýärdik. Aýylganç manzara. Berilen görkezme şeýle. "Nämäni özüñiz bilen äkidip bilmeseñiz, ýakyñ!"... Onlarça obada garry-gurtylar, hassalar, maýyp-müjrüpler, çagalar näme boldy, belli däl...” “Oba girdik. Ýaş gyzlary ene-atalarynyñ gözleriniñ alnynda zorladylar. Esgerlerimiz şol gije talap alan ýüpek ýorganlarynda ýatdylar.” “Türkler gorkularyna aýal-gyzlaryny gonamçylyklarda gizläpdiler. Iki esgeriñ zorlamaga synanşan bir ýaş gyzy halas etdim. Ejesi ylgap gelip, ellerimi ogşamaga başlady. Garabagyr enäniñ beýleräginde onuñ iki ýaş gyzy ölüp ýatyrdy.” “Birdenkä özümi bir gojanyñ öñünde gördüm. Käbirleriniñ yza çekip, damagy çalnan sygyrlar ýaly çabalanyp ölýän çagy... oña edip biljek iñ gowy kömegim - ony haýal etmän bir demde öldürmekdi. Oba oda berildi.” * * * Başga nämeler bolup geçýärdi? Bulary fransuz zenan žurnalisti Berta Gaulisiñ galamyndan okañ… “Grek yza tesmesiniñ pidasy Sögütdedim. Sögüt Bursa golaý ýer. Harabalyga öwrülipdir. Uruşda ýeñlip yza çekilmäge başlanlarynda, şular ýaly ýagdaýlar üçin ýörite taýýarlanan goşun bölümleri tarapyndan ýakyp-ýandyrylyp, weýran edilipdir. Ep-esli mukdarda dinamit, ýangyn bombasyny we partlaýjy karteçleri ulanypdyrlar.” “Uruşda ýesir düşen grek ofiserleri bu weýrançylygyñ iñlis ofiserleriniñ gönüden-göni görkezmesi we direktiwasy astynda edilendigini aýtdylar. Obanyñ eşraflary (mülkdarlary) hem bu gabahatlygyñ iñlisleriñ görkezmesi bilen edilendigini gürrüñ berdiler.” “Ýykylan binalaryñ astynda adamlaryñ jesetleri galypdyr. Yslanan jesetlerden çykýan ýakymsyz ysyñ ýanynda söweş meýdanynyñ dymjyklygy dagy hiç zatdy.” “Agşamyñ garañkysy üstümize çökdi. Ýanan öýleriñ depesine gonan baýguşlaryñ sesi eşdilýär. Agaçlar ýanyp kömüre öwrülipdiŗ.” “Metjitleriñ hemmesi ýykylypdyr.” “Maddi zyýan ummasyz, grekler eline ilen zady alyp gidipdirler. Emma talanan dükanlardan has beteri, öýler ýakylypdyr we aýal-gyzlaryñ, garrylaryñ, çagalaryñ namysy depgilenipdir. Bular Aýdynda edilenleriñ bire-bir gaýtalanmasy.” “Ärtogrul Gazynyñ kümmedinde durun. Musulmanlaryñ mukaddea saýyp zyýarat edýän ýerleriniñ biri… Dürli görnüşde hapa-hupa sürtülipdir, weýran edilipdir. Kümmediñ gapysy bilen içindäki granit lahadyñ gapagy açylypdyr.” “Bilejikde ymgyr uly pajygaly wakalar bolup geçipdir. Bu ýerleriñ ilatyndan diri galanlar näme etjeklerini bilenoklar. Zorlanman galan ýaş gyz ýa-da aýal ýok. Bilejik ylla Pompeý ýaly. Basan ýeriñ kül, ys-kok we gurum...” * * * Hawa... Köşgüñ şeýhulyslamlary Mustapa Kemala "nälet" okaýarkalar, ynha, ýurdumyzda şeýle zatlar bolup bolup geçýärdi. Indi seredip görýäs welin… Atatürkiñ adyny hutbalardan aýran, Çanakkale ýeñşinde, 19-njy maýda, 23-nji aprelde, 30-njy awgustda, 29-njy oktýabrda Atatürki ýok hasaplan, 10-njy noýabr hutbasynda ýeke gezek "Elham" okamadyk Din işleri ministri… Aýasofýanyñ münberine çykyp, bu topraklarda täzeden azan okalmagyna sebäp bolan Atatürke "nälet" okaýar. Gahryman halkymyzyñ milli göreşi, azatlygy, garaşsyzlygy, demokratiýasy we respublika taryhy kesgitleýji ýolaýyrtdyr… Ýa Mustapa Sabrileriñ tarapyndasyñ, ýa-da "Kuwaýy Milliýäniñ". Atatürke "nälet" okama gadyrbilmezligini görkezen Din işleri ministri... ol hem edil özi ýaly Atatürke nälet okan Mustapa Sabrileriñ, Dürrizadalaryñ ruhy mirasçydyr! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 26.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||