08:17 Atguýruk | |
ATGUÝRUK
Oýlanmalar
Men atguýruk saçyny gowy görýärin... Utanmasam gañrylyp-gañrylyp yzyndan seredip galýaryn… Daýzam näsaglapdy, şol gün telefonda “Meniñ ýagdaýym gowy däl… Gel, seni bir göreýin, birem ejeñden galan ýadygärlik zatlar bar, näçe ýyllap sakladym, indi sen sakla” diýipdi… Žurnalistlige başlan ýyllarymdy… Faraby Çewre sokakda Patma daýzam hassa düşeginden galkyp; maña şol üç ýadygärligi beripdi: biri atyr çüýşesidi, içindäki atyr boşap gidipdi, düýbünde diñe goñras yz, üstünde solgun “Altın damla” etiketkasy… Gyzyl daşly Kuranyñ şekilinde - haşamlanan bezegleri bardy, daýzam “Muny ejeñ edipdi” diýdi… Birem eliñ aýasynyñ ululugynda aýna... fotapparatyñ ýañy çykan wagtlarynda düşürilen reñksiz surat... Fotosuratçynyñ abzallary üç aýagynyñ üstünde we yzynda ullakan gara haltasy bolan sandyk ýaly närsemiş... Surata ýagty düşäýmesin diýip, fotosuratçy kellesini şol haltanyñ içine sokup, aýnadan şekili ýerleşdirip, suraty düşürermiş. Surat diýeniñ - üstüne ýagtylyga çydamly gurşun guýlanmy, nämemi, el ýaly şol aýna... Daýzam “Sen o wagtlar ümbilmez çagadyñ, ejeñi bilýänem dälsiñ, belki-de, häzir ony birinji gezek görersiñ” diýipdi… Redaksiýa geldim-de, garañky otaglaryñ birine sümüldim... Köne suratlar üçin ulanylýan agrandizor (фотoувеличитель) aýnany goýup, ak kartda heniz görmedik ýüzümiñ görünmegine garaşypdym... Bir owadan aýalyñ keşbi çykypdy... Daýzam “Eneñ ölmezden öñ saçyny hemişe atguýruk edip bogardy, senem ondan aslyşar durardyñ” diýipdi… Mundan birnäçe gün gazetlerde kesilen atguýruk saçyny görenimde, gözlerim gapylara gelipdi... Dikiliniñ kenarlarynda çägäniñ ýüzünde ýatan saç owgan bosgunlary bilen gelen gyzjagazyñ saçydy… Bosgunlar deñize çykanda we megerem, deñize batjak bolanlarynda, suw dartyp agyrlyk bermesin diýip, kiçijik gyzjagazyñ atguýruk edip boglan saçy kesilip zyñlan bolmaly... Saçyñ sary tokalaryna çenli durdy... Ýazykly adamzadyñ bu boluşdan utanyp-utanmaýandygyny ýadyma-da salmadym... Şol sary tokaly atguýruk saçy birnäçe gün bäri gözümiñ öñünden gidenok... Täze ýylyñ birinji gijesinde diñe şuny arzuw etdim: kiçijik gyzjagazyñ saçlary uzasyn, saryja saçlaryna tokasyny gaýtadan dakmaly bolsun-da, hernä... Bekir JOŞKUN. 03.01.2016 ý, "SÖZCÜ" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |