20:50 Men bu ýylmanaklara ynanýaryn... | |
MEN BU ÝYLMANAKLARA YNANÝARYN...
Publisistika
Biziñ illerde taryhy ýylmanaklyk (ikiýüzlilik) ýazýar... 27-nji maý... Millionlarça saýlawçysy, bir süri intelligensiýasy, bir topar habar beriş serişdesi bardy... Menderes asylanda hiç kimse kellesini galdyryp: - Nämüçin asýañyz? - diýip bilmedi... Tegelek ýarym asyrdan soñ hasabyny sorajak bolýarlar. Utanman-uýalman... * * * 12-nji sentýabr... Hemmeler "ewrençi" bolupdy... Kenan Ewrene tegelek üç müñ hormat nyşany, baýrak, minnetdarlyk haty, orden-medal, hormatly at berildi... Goýmaga ýer tapmady, gaýyga ýükläp, gizlinlik bilen deñize atdy... Köçelere, meýdanlara, mekdeplere adyny dakdylar. "Guşuñ suratyny" çekdi, görgüsiz 50 million çykardyp, "Gäminiñ suraty" diýip satyn aldy, asyp goýdy... 33 ýyl geçensoñ... Syrkaw we togsan ýaşyna gelen Ewrene "Suda gözenekde getirilip, hasaby soralsyn" diýip gygyryşýarlar... * * * Atatürke dil ýetirmek kimiñ hetdine? Emma Atatürke we Inönä "alkaş" diýende... Çapak çarpdylar.... * * * Ine... Ahmet Kaýa hadysasy.... Sungat dünýäsiniñ ýylmanaklygyny şundan gowy añladyp boljakmy diý?.. 13 ýyl geçensoñ aglamaga başladylar... Premýer-ministr “Ah, Ahmet Kaýa, ah, şumat şu ýerde bolsa bolmyýamy?" diýen badyna... 13 ýyllap gözýaşyñy nädip, nirde sakladyñ, ýallakçy?.. Surat orta çykdy welin... Ahmet Kaýany jyrraldyp kowalanlar, şindi ymamyñ "kürt açylymyny" goldaýanlar... Birem şol gije çykyp, Onunjy ýyl gimnini aýdypdyrlar... Nätdi?... * * * Geniñde bar, goçum... Dönüksiñ... Ýylmanak... * * * Erte şumatky häkimiýetiñ arabasy jygyldap ugranda görersiñiz... Töweregiñizdäki müñlerçe çalabaşygowşan intelligent, döredijilik we sungat işgäri, mediýa başlyk we ş.m... Eger “yzagalaklyk howpuny başymyzdan sowduk” diýip gygyryşmasalar, ýüzüme tüýküräýiñ... Ine, şoñ üçinem... Gorkma... Islendik pursatda islendik zat üýtgäbilýär... Men bu ýylmanaklara ynanýaryn... Bekir JOŞKUN. "CUMHURIYET" gazeti, 21.11.2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |