15:36 Bir arassa adam tapdyk... | |
BIR ARASSA ADAM TAPDYK...
Oýlanmalar
Çagalar gardan adam ýasadylar... Başyna taññyr geýdirdiler, burnuna käşir, gözlerine kömür goýdular... Adam pahyr birhili oña salam beriberesiñ gelip dur: "Saglygyñyzy isleýän, agam..." * * * Çagalar gardan adam ýasadylar... Şäher ap-ak... Geçen ýyl soñky gezek gar ýagany bäri şäheri birinji gezek şeýle arassa, şeýle kir-kimirsiz, şeýle ak ýagdaýda görýärin... Gar 17 ýylymyñ ähli bimazalygyny örtdi... Ümür-dumandan ýaña peýdakeş ogrularyñ aýnaly betnyşan binalary görenok... Bikanun gurulýan jaýlar nirädir bir ýerlere sumat boldy... Demir-betonlar, kranlar häzir ak garyñ aşagynda galdy... Seretdigiñçe seredesiñ gelýär. Diñe ak reñk görünýär... * * * Ministrlikler massiwindäki beýik binalar... Olaram ap-ak bolupdyr... Içinde hapa işleriñ edilýän, dek häzir sowukdan titreýän garyp çagalaryñ, syrkaw adamlaryñ, hossarsyz galanlaryñ, mätäçleriñ adam kimin ýaşamaga bolan hak-hukuklarynyñ ogurlanýan hapa binalary... Hemmesi ap-ak... Hamana şunça ogurlygy, talañçylygy, urha-urlugy, hapalygy men eden ýaly... Häzir dyrnagyñ ujy ýaly-da hapa ýok... Tegmilem ýok... Sag bol, gar!.. * * * Çagalar gardan adam ýasadylar... Ýurt şeýle bir ýagdaýa geldi welin, ýylda bir gezegem bolsa, kir-kimirsiz, tegmilsiz adam görmäge zar bolupdyr... Hernä, ýylda bir gezegem bolsa, halkyñ gözüniñ içine seredip ýalan sözlemeýän, ogurlamaýan, gyrp-çyrp etmeýän... ap-ak bir adamymyz bolýan eken, höwri köp bolsun... * * * Dogrusyny aýtmaly bolsa, şeýle arassa adam görmänimize esli wagt bolandyr... Gözlerimiz kän wagt bäri bular ýaly arassa adamy görmäge zar bolup gidipdir... Adam pahyr onuñ ýanyna baryp: "Agam, salawmaleýkim!.." diýäýesiñ gelýär... Hapa adamlar halkymyzyñ dünýäsini garaltdylar... Ine, görüñ, çagalar öz arassa adamlaryny ýasaýarlar... Ine, ol, häzirem dur... Ne kiri bar, ne kimiri... Çagalar gardan adam ýasadylar... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.02.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |