19:09 Ýaraly duýgular | |
ÝARALY DUÝGULAR
Oýlanmalar
Swetofor ýaşyl yşygyny ýakanda geçesim gelenok... Bilgeşleýin... * * * Hümürdäp aýdylan aýdymlar ýarpy galýar... Bilgeşleýin ýoýup aýdýan... Skripkamyñ sesi-de öñküsi ýaly däl... * * * Öñler ýekşenbe günleri tebigat, daş-töwerek, it-pişikler, guşlar, delfinler, deñiz, gury ýer, köl, dereler hakda ýazardym... Köp wagt bäri gezek ýetenok... Syýasy partlamalar şeýle bir gazaply bolýar welin, ýüreklerimiz ürken serçeler ýaly aýnalara urla-urla çyrpynýas... Şygyrlar manysyzlaşdy... Bilgeşleýin başy bilen ortasyny ýatdan çykarýan... * * * Hiç kimse öñküsi ýaly gülenok... "Saýrylaşdyrma" ýalany astynda saýrylaşdyrlan kimliklerimiz ýüzümizde şatlyk uçganaklarynyñ ýerine yzgytsyz şekiljikleri döredýär... Gussa bar roýumyzda... Salamlarymyz ürkek... Sowallarym düýrükdiriji... Bakyşlarymyz nemli... * * * Men okyjylarymy uzakdan gelişlerinden tanaýan... Göz göz kaklyşanda, bir-birimiziñ doglan wagtyny bilýän ýaly hamala... Entek ýüzüni görmedik "öýdäkilerimiziñ" hal-ahwalyny soraşýarys... Bir köçede ylgan ýaly bir günde, bir wagtda, setirleriñ arasynda ýa-da iki setirlik bellikde biri-birimiziñ ganaýan dyzyny gujaklaýas... Gujaklaýas... Soñky günlerde biri-birimizden gözümizi sowýas... Bir seredýäs, aglan ekenik... Soñra bir-birimiziñ aýasyna galdyran ýekeje parça umydy ýüreklerimize basa-basa hoşlaşyp arany açýas… * * * Kämahal dünýä suw-sil, ýagyş, palçyk, harasat bolsa-da, "Howa nähili gowy" diýýän... Bilgeşleýin... Sizem diýiñ... Ýaraly duýgularyñyzy saramak lazym... * * * Näme etjek bolýañyz?.. Her jemgyýetiñ özüne meñzeşini tapyp-tapyşdyrýandygy nädereje dogry bolýan bolsa... Tebigatyñ bize ýalan sözlemeýändigi-de gümansyz hakykat... Hatyrjem boluñ... Ol bahar hökman geler... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.04.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |