11:32 Her gün içimizde ojaklar opurylýar... | |
HER GÜN IÇIMIZDE OJAKLAR OPURYLÝAR...
Oýlanmalar
Şu gün asmanda ýeke guş görmedim. Göýä bugenwilleýa gülüniñ açmanyna müñ ýyl bolan ýaly... Wagtyndan öñ ýapragyny döküpdir... Iñ halaýan zadym - güýzde agaçlaryñ sap-sary bolup durmagy... Köçe süpürýänleriñ, zibil toplaýjylaryñ elinden ýapraklary alyp, şahasyna goýaýasym gelýär... * * * Ýyldyzlar öñküsi ýaly däl... Çopan ýyldyzy piropatronlara döz gelip bilmedi... Çagalar uly aýyny görüp bilmediler... Terezi aýnaly binanyñ añyrsynda galdy... Sumat bolan ýyldyzlary ýekän-ýekän tutup, "gitmäñ!" diýesim gelýär... * * * Nämüçin hiç kimiñ keýpi ýok?.. Nämüçin seýilgählerde ýaş oglan-gyzlar hiç kimden çekinmän el-ele berip, oturyp bilenoklar?.. Nämüçin Mustapa eliñi degirseñ aglajak bolup dur... Nämüçin ene-atalaryñ gözleri nemli... "Aglamañ" diýip baýdak bilen gözýaşlaryny sylasym gelýär... * * * Ogrular doýanok, gadyrdan... Günde biraz-owlak ogurlaýarlar dünýämizi... Seýilgähler, bag-bakjalar, zapowednikler, tokaýlar, aýlaglar... Ýatlamalarymyz.... Bir bag-bakja ýa-da köne diwar bolanynyñ tapawudy näme... Ýatlamalarymyzy, geçmişimizi ogurlapdyrlar... * * * Aslynda opurylan magdan ojaklary biziñ öz içimizde... Her gün çuñ guýulara sallanyp, kysmatymyzy çykarýas... Maksadymyz başymyzyñ dikligi... Mañlaýymyzyñ deri... Gözümiziñ nury... Buýsançly ömür... Derdimiz bir owurtlyk bagt üçin... * * * Ine, haçanda bir magdan ojagy çökse, göz öñüme gelýän zat... Ol hemmämiziñ hekaýasy... Ol ahy-nalalar ýat däl... Haçanda alyslarda bir ýerde sirenalar gygyrsa... Ylgap ýere süýnüp... üstümi gum bilen örtesim gelýär... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.11.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |