23:31 Tümlügiñ penjesindäki çagalar... | |
TÜMLÜGIÑ PENJESINDÄKI ÇAGALAR...
Oýlanmalar
Özüñizi dem salymlyk Gazzedäki çagajygyñ ýerine goýup görüñ... Uzak gije öýüñiziñ üstünde aýlanyp-dolanyp ýören ýüregedüşgüç sesli uçarmansyz istrebiteller, gapdal köçäñizde siziñ bilen oýnaýan çaganyñ öýüne düşen bomba, sirena sesleri, dady-perýatlar, ýumrulan diwarlar, tüsse-tozan, adam etiniñ ysy... * * * Yrakda, Siriýada, Müsürde, Ýemende ýa-da Gazzede... Tapawudy ýok... Yslam geografiýasynyñ haýsydyr bir ýerinde çaga bolsañyz.... Gijeleriñiz şular ýaly geçer... * * * Olaryñ ähli şowsuzlyklary şeýle jemgyýetlerde doglan çagalar bolmagy... Dünýäniñ başga ýerlerinde doglan çagalardan bar tapawudy şo... Neresse çaga ertesi irden haýsy eliniñ bolmajagyny, haýsy aýagynyñ kesiljegini ýa-da harabalyklaryñ arasynda ene-atasyz ýeke özi aglap oýanjagyny bilmeýär... * * * Olar dünýäniñ iñ baý nebit ýataklarynyñ üstünde gözýaş we gan kölünde ýaşaýan adamlaryñ çagalary... Altyn çaýylan uçarlara münýän emirler, şeýhler, hökümdarlar, diktatorlar tarapyndan dolandyrylýan gullaryñ balajyklary... Sungat, tehnologiýa, ylym-bilim, döredijilik ukyplary "haramlar", "halallar" arkaly ellerinden alynypdyr... Gözüni hurafalar kör edipdir, aklyny din darbazlary ogurlapdyr... "Bütin dünýä ösüp-özgerýärkä, musulmanlar nämüçin biri-biriniñ kellesini top еdip oýnaýar" diýip soramaýan halklaryñ çagalary... Ir säher ýa oýanarlar, ýa oýanmazlar... * * * Ine... Ýeke ýurt bardy şol sebitde: çagalary ir säher bilen mähir-muhabbet, hormat-sylag, agzybirlik, parahatlyk antyny gaýtalap okuw sapaklaryna başlaýan, zamanabaplyk umytlaryna beslenen demokratik Türkiýe respublikasy... Ýobazyñ (dinçi yñdarmanyñ) şol tümlüge itekläp, ýykmak isleýän Mustapa Kemalyñ dünýewi döwleti... * * * Sözüm size… Ýurdumyñ ene-atalary: Gazzäniñ garagöz çagajyklaryna ýüregiñiz gyýylýan bolsa, şu gije çagalaryñyz uklap ýatyrka, olaryñ saçlaryndan ogşañ... Nobat bu topraklara gelmänkä... Dinçi yñdarmalara bermäñ, beräýmäñ çagalaryñyzy şolañ eline... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.07.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||