18:43

Aýallar gülmeýär...

Oýlanmalar
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 353 | Добавил: Gökböri | Теги: Bekir Joşkun | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
1
1 Ependi  
284
Hemmämiz bir Türkmen bolup, "Hawwa, örän dogry!" diýjek welin, bu ýazgy türklere degişli öýdýän.
Mümkin başgadyr. Ýöne, ýazyjy dogry aýdypdyr. Ol-a millet eken, diniň başga bolanda-da uruş diýlen zat aýallary güldürmeýär. Hemme zadyň yzasyny çekýän ýene şolar.

0
6 Hekaya10  
1415
Aýdylýanlar diňe türk üçin däl, dünýä adamzat milleti üçin aýdylan. Eger türk üçin bolmaly bolsa terjimeçi belkäm türkçe ýazgylaryny türkçe paýlaşardy. Meniň pikirimçe şu teswiriň artykmaç we dereksiz...

1
2 Beauty_boy  
1420
Ayallar gynanjyny-da, begenjini-de göz ýaş bilen ýüze çykarýar. Belki, şonuň üçinem olara ejiz, naçar ýaly sözler ulanylýandyr.

-1
3 Garadag  
128
У войны не женское лицо

0
4 Bagabat  
43
Swetlana Aleksiýewiç "Urşuň ýüzi zenan däl" («У войны не женское лицо»), çeper-dokumental eser, 1985-nji ýylda neşir edilen, soň şo boýunça dokumental filmem düşürilipdi.
Halamog-aý, şu aýalyň döredijiligini.
Nämüçin?
Adamlar barada gaty gödek, ýigrenji hakykaty ýazýar.
Hasam şu kitabyndaky bir epizodyny ýigrendim - belorus tokaýlarynda faşistlerden gizlenip ýören eneleriň biri, batgada öz çagasyny yzyny üzmän aglap, iýmäge bir zat sorap durandygy üçin eli bilen gark edýär. Onsoň onuň Ýuleçka atly beýleki gyzam ejesine ýalbarýar: "Юлечка просила: “Мамочка, ты меня не топи. ... Я больше есточки просить у тебя не буду...".
Ýigrenmek ýigrendim-aý, şuny ýazany üçin...
Näme biz bilemzokmy, adamyň haýwandan azan mahlukdygyny?
Onuň tutuş taryhy öz-özüne garşy, öz haýwany başlangyçlaryna garşy göreşden ybarat. Edebiýat bilen sungatam onuň haýwanlykdan başlanyp adamlyga barýan ýolunda, Mukaddes Kitaplar bilen bir hatarda, şol öz-özüne, özüniň ýyrtyjy tebigatyna garşy göreşde birinji ýaraglary. Onsoň şol ýaraglaram şahsy bähbidiňden, haýsam bolsa kelläňe depen ynançlaryňdan ýa-da adamlary şok ýagdaýyna salyp, ýeňil şöhrat gazanmak maksadyndan we ş.m. ugur alyp, oňa dönüklik etdirseň nähili bolar?
Näme biz bilemzokmy, Leningrad blokadasynda adamlaň açlykdan ýaňa aňkasynyň aşyp biri-birini iýendiklerini, öz çagalaryny halas etmegiň hatyrasyna goňşusynyň çagasyny bişirip berendigini ýa-da 1921-nji ýylyň açlygynda Tambowly daýhanlaryň maşgalasynda galan çagalaryny halas etmek üçin körpejesini olara owkat edinendiklerini ýa-da Gulagyň elhençliklerini, ýa-da gum içinde gaçyp barýan bosgun eneleň halys ysgyndan düşüp, başlaryny gutarmak üçin çagalaryny taşlap gidendiklerini...
Adam - mahluk.
Ýöne, edebiýatam, sungatam, dinem ony şol mahluklykdan halas etmegiň esasy serişdeleriniň biri.
Onsoň şonam haýsam bolsa bir maksat bilen şeýtseň nähili bolar?
Bu dönüklik däl-de näme dagy?
Elbetde, çeper hakykaty bägülreňk, ýalan-ýaşryk düýşe öwürmeli diýemok.
Edebiýatam, sungatam, dinem - adama adam bolmagyň nähilidigini görkezmeli.
"Amerika, Amerika" diýýäs, hamana şo taýda hemme zat diňe pul bilen ölçelýämiş...
Seredeliň, göreliň, Golliwudyň düşürýän kinolaryny, diňe "pul" diýip öljek amerikan ýazyjylarynyň ýazýan eserlerini - Marweliň blokbasterleri bolsun, sorganyň ynsan gyzjagaza söýgüsi bolsun, haýsydyr bir ýok dünýäň dokuz patyşalygynda, tagt oýunlarydyr Aždarlaň Enesi - Khalissa hakda fentezi film bolsun, nähili hapaçylyk görkezselerem, ahyrynda ündeýänleri: "Ýagşylyk ýeňýär! Şoň üçinem ýagşy boluň, adam boluň!"-dyr.
Hemmesinde diýjek däl. Zibilem azlyk etmeýär. Ýöne adybelli, meşhur eserleri şoň ýalydyr.

0
5 Hekaya10  
1415
Bir döwürler Amazonkaly zenanlaram uruşýardylar. Belki biz bu zatlaryň anygyna-şänigine ýetmeris...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]