17:34 Iýmlik sygyrlar... | |
IÝMLIK SYGYRLAR...
Oýlanmalar
Sygyrlar belli karara geldi... Obamyzyñ sygyrlary birnäçe ýyl mundan öñ dañlyp saklanmakdan gaçyp, tokaýda erkin durmuşda ýaşamaga başladylar. Erkin sygyrlar baradaky habarlar hiç könelmedi, wagtal-wagtal habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi durdy... Çünki sylagly-sarpaly... Kimlikli, kişilikli, asylly... Hem gadyrly... * * * Ýesirlikden gaçyp azatlygy saýlap aldylar... Boýunlaryna atylan nogta bilen idilmäge nägile boldular... Taýak bilen urla-urla dañylmaga garşy çykdylar... Hojaýynlarynyñ bolmagyny islänoklar... Olaryñ hojaýyny - azat erk-ygtyýarlary... "Hojaýyn olary agyla gabap, bir gujak saman, bir doýarlyk arpa berip peýdalanjak boldy, emma başarmady" diýip, obamyzyñ çaýhanalarynda gürrüñ edýärler... Sygyrlar tokaýyñ jümmüşinden, gözden daş, azat we özbaşdak ýaşap, adamlara "sygyrlaryñam nägileligi bar eken-ä!.." diýdirýärler... Eý söýgüli sygyrlar... Belentden belent mertebeli... hem çuññur hormatlanýan... * * * Beýleki sygyrlar iým bereniñ gapysynda hyzmatlaryna dowam edýärler... Ynanyñ, ýurdumyzda şugadar hapa-haşalyñ, kir-kimiriñ, şunça ogurlygyñ we parahorlugyñ ýaýramagynyñ düýp sebäbi şu iýmlik sygyrlardyr... Olarda ne prinsip bar, ne hukuk, ne kanun, ne düzgün-tertip, ne edep, ne ahlak bar... Hojaýynlary nämäni islese şo bolýar... Serediñ-ä! "Gyzyl Ýarymaý" ýaly, haýyr-sahawat fondlary ýaly, ýer titremeler üçin ýygnalýan pullar ýaly, dini guramalar ýaly, bilim ojaklary ýaly mukaddes guramalaram korrupsiýanyñ hapa batgasyna çümübilşine çümüpdir... Biz diñe agşamlaryna telewizoryñ öñünde oturyp, gözümiziñ agy-garasy guramalaryñ, edara-kärhanalaryñ korrupsiýanyñ masgaraçylygynda niçiksi çabalanýandyklaryny nebsiagyryjylyk bilen synlap oñaýýas... Çünki olaryñ agylyna gabalan iýmlik sygyrlary hojaýynlarynyñ talañçylygyna we ogurlyklaryna asla nägilelik bildirmeýärler... Nämäni isleseler şol... Bir doýarlyk iýmiñ hatyrasyna hojaýynlarynyñ trillionlarça urha-urluklaryna ýol açýarlar... * * * Men "azat sygyrlara" imrindim... Hormat goýmaga, sylaglanmaga mynasyp... Mertebeli sygyrlar... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |