08:56 Dördünji şem | |
DÖRDÜNJI ŞEM
Oýlanmalar
Otaglaryñ birinde dört sany şem sessizje ýanyp dur... Birinji şem: - Men - parahatçylyk! - diýdi. - Ýöne hiç kim meniñ dowamly ýanyp durup, töweregime ýagty saçmagyma ýardam edenok... Kem-kemden sönüp barýan... Aýdyşy ýalam boldy. Söndi... * * * Ikinji şem: - Men akyl-paýhas we ylym-bilim - diýdi. - Adamlar garañkylygy saýlap alýarlar. Hiç kimiñ maña zerurlygy galmady... Ýanyp oturmagymyñam manysy ýok... Şeýdip, olam söndi gitdi... * * * Üçünji şem: - Men söýgi - diýdi. - Emma indi töweregime berjek güýjüm galmady. Adamlara söýgi gerek däl. Söýgüsizlik olara has gowy ýaly... Şemjagazyñ boýny buruldy, öçügsileşdi we ahyrynda sessizje söndi... * * * Şol wagt bir çagajyk üç şemiñ öçenini görüp aglady... Dördünji şem köşeşdiriji sesi bilen çagajygy diñdirjek boldy: - Aglama, köşek, aglama... Gorkma, men ýanyp dursam, odum bilen beýlekileri täzeden ýakyp bolar we olaram ýagtylyk saçmaga dowam ederler... Maña UMYT diýýäler... * * * (Ýatdan çykmanka aýdaýyn, bu hekaýajygy çykanym Kemal Rastgeldi ugradypdy...) Şu günlerde iñ köp mätäçlik duýýan duýgymyz - umyt... Diñe şol sönende dünýämiz garalar... Garañkylyga boýun egmekden başga edibiljek zadymyz bolmaz... Hemme zat soñlanyp barýar, çagajyk bolsa durman aglaýar... Garaşylýan zat ýok... Ne aýdyñlyga, ne ýagtyylyga... * * * Ýöne bize aýdyñlyk lazym... Dördünji şem sönmesin... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.03.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |