10:34 Eşekler nämüçin eşek?.. | |
EŞEKLER NÄMÜÇIN EŞEK?..
Oýlanmalar
Jogap tapmasañyz tebigata göz aýlañ... Tebigat size hakykaty aýdyp berer... Tebigat prinsipialdyr... Dürsdür... Jöwen ekeniñizde asla hyýar çykaryp bermez... * * * Keýikler... arylar... balyklar... Möjeg-ä möjekdir, guşam - guş... Näme bolup doglan bolsañ - şo bolubam ýaşarsyñ... Ne-hä belkanyñ tüýsünde guş bar, ne-de möjegiñ tüýsünde şagal... * * * Tebigat size asla ýalan sözlemeýär... Oduñ ýakýandygyny, garyñ doñdurýandygyny, tikeniñ batýandygyny, batgalygyñ ýuwdýandygyny, ýagyşyñ ezýändigini bilýäñiz... Tebigat mertdir... * * * Tebigat akyllydyr... Romaşka sowukda güllemeýär... Derekler baharyñ gelerine garaşýar... Ne balyklar gury ýerde gezjek bolýar, ne garlawaçlar gyşda demirgazyga, ne-de leglek yssy howada günorta uçýar... Durnalar iñ akyllylarynyñ yzyna düzülip, belki-de, heniz görmedik belent-belent daglaryny aşyp, jülgeleri, deñizleri geçip, adam oglunyñ kompassyz, kartasyz tapyp bilmejek ýaşyl ýaýlalaryny ýalñyşman-zat etmän tapýarlar... Iñ öñdäki akylly durnanyñ yzy bilen... Tebigatda hiç bir janly-jandar iñ akylsyzynyñ yzyna düşmeýär... * * * Tebigat barlyşyksyzdyr... Ne derýalar daglara ýeñilýär, ne agaçlar şemala... Ýyldyrym çakmalymy - çakýar... Ýer ýarylmalymy - ýarylýar... Harasat gopmalymy - gopýar... * * * Tebigatda güýçli bolmagyñ buýsanjy bar... Başy garly dag, ýolbars, bürgüt... Ýa bir delfin, ýa bir çekirtge... Garynja-da öz güýjüni erkinliginden alýar... * * * "Hany, eşekler bu ýazgynyñ niresinde?" diýmegiñiz mümkin... Menem şony diýýän-dä... Hany munuñ eşegi?.. Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.07.2014 ý. | |
|