16:10 Ätiýaçly adam | |
ÄTIÝAÇLY ADAM
Goşgular
Elleşse, elini sabynlap ýuwýar, Kesel geçerinden edýär howatyr. "Saklan, saçymy tiz agardar!" diýýär, Dellek sepjek bolsa saçyna atyr. Horaz deý wepaly endigine ol: Belli wagtda turýar, Belli wagt ýatýar. Eýesiz it gabat gelse ýolunda, Ýarmagy ähtimal, öwrülip ötýär. Ertir-agşam sagat tutup sanaýar, Ýüreginiñ näçe gezek urşuny. Ynjalanok barlatmasa tiz-tizden Gözleriniñ neneñ-niçik görşüni. Hiç haçan gowrulan zady iýmeýär, Siñdirmesi añsat zatlary iýýär. Emeli süýümden eşik geýmeýär, Nah matadan elin tikdirip geýýär. Ne aşa gynanar, ne aşa güler, Ätiýaçlylygyna hemmeler kaýyl. "Bu zaññary nädip aparyp bolar?!" Ençe ýyldyr kelle döwýär Ezraýyl. ■ SADALYK Çylşyrymly ýazjak bolup, Pikre münýäs, bat alyp. Oba gyzy ýaljak bolup, Yzda galýar sadalyk. Pelsepeden ýüklenmegiñ Bar ýeke-täk emeli. Sokratdan şu güne çenli Kän kitaby "emmeli". Onsoñ kelle gazanyñfa Alanjañy bişirip, Ulanyber ýazanyñda, Pikri-pikre çigşirip. Şeýle bir kändir düwünjik, Aklyñ çatsa, çöşle-dä! Düşmese kelle- düwünçek, Oka başdan başla-da! Bu gezegem añ ýetirip, Eýgermeseñiz eger. Aglañ siz, aglañ oturyp, Kemakylsyñyz meger. Derrew gözñüziñ alnynda Arşa göterler şahyr. Bu günki adam añyndan Belentde ýazýar ahyr! Şygyrlaryna düşnülmän, Ýörer abraý-at alyp. Ýöne men bir zady bilýän: Belentlikdir sadalyk! Ýiti zehin gerek serde Çür başyna çykmaga. Çylşyrymlylyk - bir perde Körzehinler bukmaga! Şahyr bolsañ sen derekli, Sada ýaz, ýazylýarka. Çylşyrymlyk gerekmi, Beýik sadalyk barka?! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |